23:51 «Eý, mekdebim, jana-jan...» | |
"EÝ, MEKDEBIM, JANA-JAN..."
Mugallym adyny tutandan soňra Garaja gulpagny tasadyp her ýan, Inçejik, näzijek ses bilen aýdym aýdardy ol: «Eý, mekdebim, jana-jan...» * * * Mekdep! Eziz mekdep! Mähriban mekdep! «Salam hatlarynyň» gözli şaýady, Syrly bakyşlaryň, kineli sözleň, Otsuz ýakyşlaryň, öýkeli gözleň, Hiňlenilen söýgi hakda aýdymlaň, Duýgulary syzdyrmaga ýaýdanlan Günleriň şaýady mähriban mekdep!.. Ömrümiň undulmaz sahaby bolup, Ýaşlygmyň bahary, sapasy bolup, Gözlerni görmäge bahana bolup, Günde howlugylan mähri kän mekdep! * * * Has ýagty görnerdi klasyň içi Çep ýaňagy meňli ýüzünden ýaňa. Sözünden ýüregmiň urşy tizlenip, Gözlem dokunardy gözünden ýaňa. Çalaja çytylsa gara gaşlary, Gatyja iňkise galardym şol gün. Özümden agtaryp sebäp — bahana, Özümi örtärdim, görünse solgun. Many tapjak bolup sähel gülşünden, Hereketin yzarlardym ýadaman. Şeýde-şeýde, dönüp galdym bialaç, Lowlap duran yşkdan ýanan adama... * * * Näzlidi... Nädeýin, näz bilen ätdi Kalbymyň pynhanja künjüni peýläp... Ýöne, ine, bir owadan ýaz güni Durmuşymyň ysgalmadyk ýaz gülün Bir ýerlere äkitdiler toý toýlap... 2012 ý. Sapa HOMMADOW. | |
|
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |