20:09 Hat | |
HAT
Harplar el tutuşdy, a sözler bolsa "Men-de-men" boluşyp gopgun döredýär. Sözlemlere näme diýjek diýsene, Bir-birine gyýa bakyp seredýär. Özgelere öz bagtyny bagş etjek Ynsan üçin näme sözler ýazsamkam? Bu süýji gijede, sen bir bilsediň, Maňa ýoldaş boldy asuda asman. Hakydama çozuş edip ýatlama, Meni ýene hyýallara çykarýar. Ynanýaňmy, häzir ýoly külterläp, Ikimiz şol öňki ýodadan barýas. Gözleriňde gussa däl-de, nusga bar — Okap bilýän siňe-siňe seretsem. Sen aglama, eger aglaýaňda-da, Bagt ýaşlaň doňan buzy eretsin! Meniň güýjüm ýetjek ýeke dilegim: Janyň-a sag bolsun, bolsun hoşbagtyň. Arasynda jaň edip dur, işlerňi Gyra goýup, dynç alaňda boş wagtyň. 28.08.2018 ý. Gülnar GELDIMYRADOWA. | |
|
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |