08:07

Kakamyñ sowgady / hekaýa

KAKAMYŇ  SOWGADY

Hersi goşa ýumruk mysaly, şahalara agram salyp, Sumbar jülgesine bezeg berip oturan gandu-şekere gaýra dur diýýän enarlar ony göreniň agzyny suwjardardy. O mahallaram häzirkileri ýaly nar ähli hojalyklarda diýen ýaly ösdürilip  ýetişdirilýärdi. Onsoň nar bişdigi kimsi naryny az-azdan bazarlara äkidip satardy, kimsi-de duran ýerinde göz çaky bilen “pygammer söwdasy” diýäge-de, bazar bahasyndan has arzan nyrh kesip, üstüne gelen müşderä berip goýberedi.
Şol ýylyň hasyly diýseň bitginli geldi.  Kakam mellekdäki narlary dynç günlerinde şähere özüm äkitjek diýdi. Onsoň biz narlardan gowudan-gowusyny ýygyp, ony ýola saldyk. Özümizem onuň ýoluna garap, giden gününi barmak basyp sanadyk. Munuňam sebäbi bardy. Kakam biziň herimize şäherden nämedir bir zady sowgat getirerin diýip söz beripdi. Bu şeýle-de boldy. Aradan iki güni geçirip kakam gaýdyp geldi. Biz onuň ýuwnup, çaý-çöregini iýerine mähetdel getiren sowgatly torbasyny açaryna howlukdyk. Ol muny biziň ýüzümizden aňan borly. Gepiniň arasynda „Heriňiziň adyny tutup, sowgadam getirendirin“ diýdi.      
Biz o mahal bäş dogandyk. Menden soňky jigilerimiň ikisi hem ýaşdy, olary dürli oýnawaçlardyr süýji-köke  bilenem „aldamak“ boljakdy. Meniň bolsa özüme getirilen sowgadyň nämedigini biljek bolup içimi it ýyrtýardy. Dogrudanam ol sowgat nämekä? Tigirimem bar, egin-eşiklerimem kän. Bolsa-da, oýnawajyň dälligini-hä derhal aňdym. Sebäbi men Täze ýyl mekdebe okuwa gitmelidim. Onsoň hökman ol sowgadyň     mekdep bilen bagly bir zadyň bolup çykaýmagy gaty mümkindi. Ýogsa-da doganym Näzige aýdyşy ýaly, kakam maňa-da: „Seniň sowgadyňy indiki gezek getirin, dükanlara aýlanmaga wagtym bolmady“ diýermikä?
Ine-de meniň sowgadym. Ýalpyldap duran ädik. Uzynlygam injigiňe ýetip dur. Men ony dessine geýdim. Özüme laýyjak boldy oturyberdi. Ýogsa-da, kakam bu ädigiň  aýagyma laýyk geljegini nädip bildikän?  Kakam söwda gitmänkä, köwşümiň ölçegini alyp giden bolmaly. Ulular ýalňyşmaýarlar, „Ýedi ölçäp, bir kes“ edýärler, etjek-goýjak işlerini öňünden aňlaýarlar.
--Hany, oglum, iki-baka ýöräp görkez, göreýin bakaly!—diýip, kakam meniň ýöräp görkezmegimi isledi. Men bolsam öýüň içinde ylla garawullygyny çalyşmaga gelen esgerler ýaly aýaklarymy tarp-tarp edip, aňry-bäri ýöräp görkezdim.
--Tüweleme, enesi ädigi-hä özüne biçilen ýaly, şaplaşdy duruberdi. Indi-hä ogluň göni gulluga gidiberse-de boljak!—diýdi. Onýança ejemem:
 --Toýda tossun, balam! Kakaňa sag bolsun aýtdyňmy?—diýdi.
--Sag bol, kaka!—diýdim.
--Nesip etsin, güle-güle geýgin oglum!
Şol gün meniň şatlanaýşymy diýsene. Bir ýerde oturyp kararym ýokdy. Men ädigimi çykaryp goýamsoňam ony wagtal-wagtal elime alyp sypap-sypap görýärdim. Şol gün gije ýatamda-da ýanymdan aýyrmadym.Ertire çykdygym, dostlaryma-da görkezerin diýdim.
--Oglum ädigiňi tekjede ýygnapjyk goýaýyn, ynha, basym howa sowap, ýagyş-ýagmyr ýagar,  şonda geýäýersiň!—diýip, ejem elimden ädigi almakçy boldy. Men gyssanjyma:
--Ýok eje, ony men özüm goýaryn—diýdim.  Ejem meniň bilen ylalaşdymy ýa-da meniň ädigi bermejegimi aňdymy, bilmedim.
--Özüň gowy bilýäň!“ diýip, gaýdyp ädikli meseleden söz açmady.
Biz şol gün üç dogan bolup surata düşdük. Aýagymda bolsa kakamyň maňa sowgat getiren ädigi. Ondan bäri aradan elli ýyl töweregi wagt geçipdir. Men ol suraty häzirem eý görüp saklaýaryn. Ony wagtal-wagtal çagalarymdyr agtyjaklarym hem ellerine alyp görýärler.  Atalarynyň kakasyna getiren  sowgadyny synlamak agtyk-çowluklar üçin gör nähili hezil.

Goçy ANNASÄHEDOW.

Категория: Çagalar edebiýaty | Просмотров: 481 | Добавил: Нawеran | Теги: Goçy Annasähedow | Рейтинг: 1.0/1
Awtoryň başga makalalary

Çagalar edebiýaty bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]