17:40

Men ýalňyşan bolsam, men şoňa kaýyl

MEN ÝALÑYŞAM BOLSAM, MEN ŞOÑA KAÝYL

Arada oturdyk bir dostum bile,
Meý içdik köp zatlar alyndy dile,
Sözümiz azaşdy, meý ara düşdi,
Edilýän söhbetler serhetden aşdy.

Bulgurlar doldular ýene bir ýola,
Ýürekdäki sözler doldular dile,
Iýilmeli tagam bala deňelip,
Gitdikçe garyşdy meý, zakgun bile.

Gep-gepe ulaşdy, yzy bulaşdy,
Şeýtan atly melgun arama düşdi,
Dostum bolsa demi demine ýetmän,
Ajy sözler bilen daşyma geçdi.

Wah,ol meý gepletdi, gepletdi ony,
Hany ol serhoş däl akyllar hany?
Barha gyjyt berdi meý atly melgun,
Içilýän bulgurlaň artdykça sany.

Indi onda baýlyk, wezipe barmyş,
Arkasynda goçak adamlar durmyş,
Men böwet bolýamyş onuň ýoluna,
Sebäp meniň dünýä garaýşym darmyş.

Nämüçin adamlaň gerdeni ýaly,
Agramy göterip bilmeýär injik,
Bu gün gör nirede onuň hyýaly,
Ol maňa mätäçdi, mätäçdi düýnjik.

Rus milletinde bar ajap nakyl,
Haýbat üçin, duşmana ilkinji topul,
Güýç asgyn geljegin duýan mahalyň,
Wagt utmak üçin yzyňa çekil.

Men hem şol nakyldan alyp manyny,
Barlamak isledim onuň janyny,
Diýdim:-Men büdüräp ýykylan çagym,
Seni dogan saýdym, ýanymda ýogum.

Şahyryň ýüregi ýuka bor çemli,
Mydama kineli, gözleri nemli.
Sen hem meni şeýdip ýenjip otursaň,
Neneň şygyrlarym çykmasyn gamly?

Birden hem ol meni bagryna basdy,
Ýaňagyny meniň ýaňagma gysdy.
Şol wagt ýüregim gysyldy mäkäm,
Men ýalňyşdymmykam, ýalňyşdymmykam?
Men oýlanyp biraz öwürdim pikir,
Men ýalňyşan bolsam Hudaýa şükür.
Şahyr huşuňa gel, essiňe aýyl,
Ýalňyşan men bolsam men şoňa kaýyl...
...Men müňkürlik eden günüm dostuma,
Goý, öýüm ýykylsyn meniň üstüme.

2000 ý.

Azat NURGELDIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 409 | Добавил: Azat_Nurgeldi | Теги: Azat Nurgeldiýew | Рейтинг: 3.0/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Hoşlanmakak aýtjaklarym / Goşgular - 08.01.2023
В горах / Goşgular - 12.02.2023
Abunaça / Goşgular - 16.01.2023
Başlyk hakynda ballada / Goşgular - 29.01.2023
Şol gün diýsene!.. / Goşgular - 07.01.2023
Päk asmanyň ýyldyzlary / Goşgular - 08.01.2023
On bäş ýara / Goşgular - 20.01.2023
Uýamyň toýunda aýtmak islänlerim / Goşgular - 06.01.2023
«Когда мы любим безотчётно…» / Goşgular - 10.02.2023
Janymyň aramy / Goşgular - 06.01.2023

Teswirleriň ählisi: 2
1
1 Мylayym  
83
Behh... Tüweleme! Söz ýok smile

1
2 Gumlygelin  
8
Men müñkürlik eden günüm dostuma,
Goý,öýüm ýykylsyn meniñ üstüme...Galamyñyz kütelmesin agam.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]