08:12

Miniatýuralar

MINIATÝURALAR

• Gülküli nowellanyñ başlanyşy

A şäherinde ýaşaýan O, soñky täzelikleri eşidip be-e, diýdi, soñ bä-ä. Kä adamlaryñ soñky täzelikere A-daptasiýa geçişini görüp, be-e hem diýmedi, bä-ä hem. Ha-ha-ha. Gülki astynda düşen her belanyñ gorkunç belalygyny ýitirýänini düşünen O amerikaly atdaşy Henri O ýaly bir gülküli nowella başlady.

23.09.23. Daşoguz-Aşgabat. Garagum.

• Ejesinden öýkeleýän oglanjyk

Osmanjyk gün yrman ejesinden öýkeleýär. Kakasy türke gideli bäri onuñ häsiýeti hem üýtgän ýaly. Alty ýaşlydygyna garamazdan Osmanjyk öz deñ-duşlaryndan has düşünjeli. Belki şonuñ üçindir her gün ejesiniñ garşysyna gelip:
- Anne, sana küstüm- diýýär. - Babam senin yüzünden gitti.
Bir zatlara gümra bolup oturan ejesi körpesiniñ gaharlyja durşuny synlap, aýdýan sözlerine doly düşünmese-de:
- Türk kanal görüp, diliñem zaýalanyp barýar, balajygym - diýip howatyrlanýar. Soñam "küsmek" sözüniñ öýke bilen baglanyşyklydygy ýadyna düşürip:
- Maña küsme balam - diýdi. - Dädeñ saña köp pul ugradar işläbersin häli.
Emma Osmanjyk ejesiniñ sözlerini eşidenokdy, Çocuk kanalyndan täze multfilim başlapdy.

24.09.23. Garagum, Içoguz stansiýasy.

• Seni gowy görmeýän aýaly gowy görmek

Olar birki sagatlyk kireýine alan jaýlarynda. Ýumşak düşekde bir-birine seredip ýatyrlar. Söýgi babatda gönümel zenan özüne garap dymyp ýatan söýgüli erkeginiñ bijaý yrga häsiýetlerini añlap ugrapdy, emma ol söýýärdi. Erkegiñ gury söýgi üçin maşgalasyny taşlamajagyny hem gowy düşünýärdi. Zenana bu geregem däl.
Özüni juda bagty getiren hasaplaýan erkek, sesini çykarman özüne garap ýatan owadan zenanyñ aşa lezzetden süzülen gözlerine seredip ýatyşyna:
- Meni gowy görýäñmi - diýip dillendi.
Zenan hiç zat geplemän onuñ saçlaryny daraklady. Barmaklarynyñ üsti bilen ýüreginiñ ýylysyny söýýän erkegine ýetiresi geldi. Erkek ýene ýasama mähir, mylakat bilen pyşyrdady:
- Meni gowy görýäñmi?
Aýal ýalañaç bedenine ýukajyk ýorgan çekip:
- Ýok, gowy göremok - diýip, biperwaý aytdy. Erkegiñ keýpi bozuldy. Soñ zenan ýorgandan çykman dikelip, arkasyny diwara berip oturdy. Özüne ynjyly garap ýatan erkege:
- Sen bilýäñ-ä meñ ýakyndan gowy görmeýänimi, janym - diýip, mähirli ýylgyrdy.
Ýatalganyñ gapdalynda duran tumboçkanyñ üstünde äýnek ýatyrdy.

09.03.23. Moskwa. Klin.

• Agşamky ahwal

Ночь. Улица. Фонарь...
Блок.


Köçe.
Gije. Salpygulak it.
Fonaryñ astynda tukat ýigit. Ümsumlik. Salpygulak it yigide golaýlaýar, gözlerini oynadýar, guyrugyny bulaýar. Damja ýaşa çalymdaş it didelerinde mähir bar.
- Gözleriñ şol gyzyñky ýaly, ýasama näzden dop-doly, git, salaty it. Başymy agyrtma, derdim ýetik.
Ýigit barýar, ýolgyrada akyp ýatan salma bar. Añyrsynda miweleri bişen alma bag.
Alma. Alma diýselerem alman bilemok. Baga bir ädim ätdi. Yzynda salaty ganjyk.
Gözleri ýalbardy:
- Bu baga girme, hany çyk.
Ýigit aýak çekdi, garañkyda sermenip tirsek ýaly taýak tapdy. Saldy itden, çyñsamady janawar.
Bu baga bile girmeli gyz hakda küýlenen ýigit. Gyzyñ ruhuny taýaklap gitdi. Gyz ýigit üçin Howa ýalydy.

18.08.23. Mkr. Maýdanowa, Klin.

• Ýalñyzlar kafesi

Güýz ýagynly geldi. Süllümmaý säherli, damjyklaýan agşamly. Ýerde ýatan zer ýapraklar göz ýaşly mysaly.
Oglan kafede işläp başlady. Söýgülisi üçin uly ýumşak aýy gurjak alyp goýany hem haçandy. Doglan gün ýene bir hepdeden. Oglan sabyrsyz. Entegem kafeniñ hysyrdyly gündemi.
Kafeden irräk boşan oglan bu gün bagtyýar şadyýan. Saralan baglaryñ arasynda gyza garaşýar. Bir sagat, iki sagat, gyz gara berenok. Oglan pökgi aýysy bilen bagda ýalñyz. Gyz gelmedi. Telefonyny hem açmady hiç bolman. Oglan yzyna gaýtdy. Kafe gelişine bir gyra geçip oturdy. Hiç zat edesi gelenok. Kalbyñy gemrip barýan tukatlyk. Bir zat edip halas bolmaly, bu ahwaldan çykmaly. Kafe hemişeki ýaly köp adamly. Oglan tukat başyny galdyryp kafe gelip-gidýänleri synlaýar.
Honha köçä bakyp duran aýna diwaryñ düýbündäki stolda bir gyz otyr. Owadanja. Entek ýetginjek görünýär. Oglan onuñ ýanyna baryp, hiç zat diýmän söýgülisine berilmeli sowgady gyzyñ eline tutduryp, çykyp gidýär. Añk-tañk bolan gyz, hiç zat diýmägede ýetişmedi.
Bu epizody gapdaldan synlaýan kafeniñ hojaýyny öz işgärine gaty geñ galdy, hem gaharlandy.
- Nämedip ýör-eý, bi?!
Kafeniñ hojaýyny ertesi irden ertirlik edinip otyrka Yaponiyada yalniz adamlar kafe gelende garşysynda gurjak oturtýanlaryny internetden okady. Hem işgär ohlanyñ düynki hokgasynyñ ýöne ýere däldigini duýdy.
- Haý zaluwat ökde restorançy boljag-ow.
Oglanyñ ýumşak oýunjak sowgat eden eýjejik gyzy ertesi ýene kafe geldi. Maýyny tapyp bu ýerde işleýän oglany sorady. Oglanyñ işden çykyp gidendigini aýtdylar.
Gyz ýagyş damjalary syrygýan aýna diwara seredip dymdy.

20.06.23. Klin.

• Söýgi hakda goşgy sargydy

Şahyra söýgi hakda goşgy ýazyp bermegi sargyt etdiler. Pulunam gepleşdiler. Sargyt eden çalsaç kişi goşgy mundan ozal ýazylan söýgi goşgularyna hiç meñzemesin diýip ýañzytdy.
Şahyr oña düşundi. Beýle goşgy ýazmak üçin şoña görä söýüp gören bolmaly.
Ýöne söýgi diýilende bir ýaş ýigit şahyryñ göz öñüne geldi durdy.
Görmegeýdi ol ýigit, hem şahandaz şadyýandy. Nirä barsa baran ýeri ala ýaz. Gyzlaryñ içinde melek kibi päk,
ezizläp söýeni hem bardy.
Adamlar ol ýaş ýigidiñ şat ýylgyryp ýörşüne "Aý, bu bir aşyk bolan oglan-da, şonuñ üçin indi güler bi" diýerdiler.
Ýene biri: "Ýok, bu öñem diñe gülüp gezýärdi, aý şul-a ýatyrka-da ýylgyryp ýatýar öýdýän" diýip ýylgyrýardy.
Ynha, bir gün ýaş ýigidiñ söýenini, başga birine äre çykardylar. Ýigit bolsa şo günden soñ bir gezegem ýylgyrmady. Bir gezegem.
Gül ýüzüne külden perde çekilen ýaly bolaýdy asyl. Soñam syrkawlap, kän ýatman ýurduny täzeledi.
Şahyr söýgi hakda goşgy sargyt eden çal saçly kişini göz öñüne getirip oturşyna onuñ şol ýaşlykda ýylgyrmagy ýatdan çykaran ýigide çalymdaşlygy hakda oýlandy.

22.03.23. Moskwa.

• Gyzyl Gün

Horaz gygyrýar. Baý sesiniñ erbetdigini. Şerreññiz heleý bola. Sakgaly etden, burny polatdan... Şu sanawaç kellesinde köwsarlap hiç galanok.
Sakgaly etden, burny polatdan... doglan bolmaly sen bir bilýatdan. Ukynyñ arasynda kellesine gelýän kapyýa gyzyñ gülesi geldi. Horaz ýene gygyrdy. Gy-gy-gyyy...
- Gygyrma blýat. Turdum ine.
Daşarynyñ howasy ter. Bagyñ içinde ukudan çykyp bilmän oturan gyz agşamky meýlisi ýatlady. Aýylganç gaty saz, wiski, gyzyl çakyr. Gyz oglanlar. Wagyrdy, şowhun. Gyzyl köýnekli oglan. Muha diýdilermi. Kunglingus etýänçimiş masgara. Badabat halamadym ony. Şeýtan sypat diýdim ýogsa şeytany göremogam. Alla saklasyn, toba. Gyz bagyñ içindäki guýynyñ gyrasyndaky nowadan suw alyp ýañaklaryna çaldy. Buz ýaly eken. Estrogen mäzleri aktiwleşip giden erkekpisint gyz, ýerinden turup, errelip-çerrelip gerindi-de, hajathana ugrady.
- Indi gaýdyp şeyle oturyşmalara gitmerin, blýat.
Gyzyl horaz dik-depä galan gyzyl Güne garaman bogazyna sygdykdan gygyrdy... Gy-gy-gy-gyyyy...

21.08.23. Moskwa.

• Soñky sms-ler

Şatlanmakdan başga alajymyz ýok. Şatlanalyñ!
(internetden)


Gyz:
- Maña gaýdyp ýazma!
Oglan:
- Nämbolly?
Gyz:
- Ýazma! Bolany, hiç zat ýazma!
Oglan:
- Düşündirsene! Nâme bolly?
Gyz:
- Sebäbi sen samsyk! Ýazma maña gaýdyp.
Oglan:
- Ok!
Gyz:
- Ok diýibem ýazma.
Oglan:
- Bok!

06.07.23. Moskwa.

• Kofe. Keks. Kelläñi durlaýan

Wagonyñ dälizinde godurdawuk sesli biri iki ýana çapýar
- Kofee. Kkeks. Kkelläñi durlaýan. Hany ggeliññ!
Golaýlaýas. Dürli ýaşly ýolagçylar dar dälize çykyp oturýarlar durýarlar. Godurdawuk sesli ýene geldi:
- Kofee. Kkeks. Kkelläñi durlaýan. Hany ggeliññ! Ggeliñ!
Säheriñ çigregi. Ýolçylaryñ gyssanmaç geldi-geçer mesawalary. Dälizde oturan biri çişen göz owalaryny owkalap:
- Beh, biwara barýançak kelläni bulaşdyrjagow - diýip, tambur tarapdan görnen jerçä nägile seretdi.
- Kofee. Kkeks. Kkelläñi durlaýan.

24.09.23. Garagum çöli.

Sylapberdi MUHAMOW.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 276 | Добавил: sylapberdimuhamov | Теги: Sylapberdi Muhamow | Рейтинг: 4.5/4
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Deñizçiniñ aýdymy - 14.11.2023
Aw keýpi - 27.09.2023
Первая обида / рассказ - 18.07.2023
Kim günäkär? / hekaýa - 21.06.2023
Ýüpek jiltge / hekaýa - 06.01.2023
Pişekli adam / hekaýa - 12.08.2023
Meniň iň gowy dostum / hekaýa - 08.08.2023
Waý-faý ogrusy / henekli hekaýa - 13.05.2023
Bäbekhanada / hekaýa - 10.08.2023
Tragediýa / hekaýa - 16.08.2023

Teswirleriň ählisi: 5
0
1 Bagabat  
43
Birinjisi - bet. Birgiden assosiýasiýa döretmegi başardy. Näçe ösdürseň ösdüribermeli, absurd minimalizm proza meýdanynda özbaşyna "gökdirän" bolubiljek tapyndy ekeni.
Ikinjisi - durmuşy.
Üçünjisi - adaty.
Dördünjisi - gowy.
Bäşinjisi - adaty.
Altynjysy - has tragiki edip bolardy ýa-da içine has ýüregiňe çümýänje "neşder" goýup bolardy.
"Gyzyl Gün" - ajap.
Sekizinjisi - sms-ler-dä :-(.
Dokuzynjysy - Kofe! Keks! Kelläňi durlaýan...
Ýogsa-da Sylapberdi, kelläni näme durlaýar-aý?!
Durlanman geç-dä, bi :-)...

Pst: Ýazypwur, okapburaly.

0
2 Bagabat  
43
Suratdakam kupede düňderilip ýatyr welin, ýa ýol uzak-da, onuň özbaşyna "sakgaly etden, burny polatdan, doglan bolmalysy" ýok bolmaly "bläkden". Ýa-da ol ýadan bolmaly-da, ýakyndan görüp bilýänçi äýnegi gapdalyndaky stoljukda ýatan bolmaly. Ýa-da ol dünýeden öýkeläpdir: "meňkiň näme yzy ýok" diý...(...endir-dä, elbetde) :-).

0
3 sylapberdimuhamov  
1428
Sag boluň, Serdar aga!
Ýörite edýän bellikleriňiz üçin, taňryýalkasyn. Häzir-ä bilemok ýene alty-0edi aýdan dagy täze bir zatlar ýagny wakalar, ahwallar ýüz bermerse, dünýägaraý'şymyzda täzelikler, ýaňadanlyklar ýüz bermese durlanman lödere halynda durar-ow bu serler, kelllere)... Ýöne aslynda bu gowy dälmi näme bir tarapdan?!

0
4 Bagabat  
43
Bir dostum bar, haýsy gürrüňe başlasaň, ony hökman pula syrykdyrýar. (Ýöne, dogrusy, özi beýlebir harsydünýä-de däl-le. Bizden üýtgeşik alarman-ýolarmanlyk ýok onda-da :-)).
Mysal üçin: Gabatlaşýas. Hal-ahwaldan soň, endikli zeýrenjek bolmakçy bolýaň:
-Kelle agyrjak bolýar-aý... Maňlit burýosy başlapdymmy nämmi...
-Puluň ýokdur, şondan agyrýandyr. Puluň bolsa agyrmazdy.
-Äý edil beýle-de dä bolaýmasyn-laý-ow, dos, aýlygy düýn-öňňin aldyk däm-aý?!
-Alaňda nä? Nä sen "pul" diýlende aýlygy göz öňünde tutýaňmy? Haý günüňe ýanaýynyň-aý zaňňary-y-y...
-Heh,-diýýäňde, senem onuň teýenesine "biraççyk" gatyrganjak boljak bolýaň:-seň özüň onda "pul" diýeňde Billi Geýtsiň baňkdaky çotuny göz öňünde tutýansyň-ow. Bagyşla weli, druk, bizler-dä olaňky ýaly milarder gaýynata ýo...

Ýa-da, ýene bir mysal:

-Maşyn döwüld-äý...
-Puluň ýo:dur, şony bilýändir.
-Kim?
-Maşyn.
-Maşyn nä puluň ba:dygyny-ýokdugyny bilip, münjek bolaňda döwler ýaly heleýiňmi?
-Heh, tapawudy näme?

Ýa-da ýene biri:

-Ekinlere akmöjek düşdi. Halys ýöne hasylyny ýer bilen ýegsan edip barýar-ow! Şunça awy sepýäňem welin, gaýta ol möjejiklerem indi wäpçe nargoman bolup gidipdimmi nämemi, öňküler ýaly zäher pürkdügiň gyzyl-ýaýyrt bolup, tükgerip ýatmaň deregine, edil: "byratok, ýaňky sepeniňden ýene-däm ýo:m-aý? Ýaman ňowy degd-aý..." diýip myňňyldaýan ýaly, töweregiňde wyzzyldap, hyň berip ugraýarlar.
-Puluň ýokdur, şoň üçin ekiniňe akmöjek düşýändir. Puluň ýetdik bolsun-da, onsoňam bir ekiniňe möjek düşjek bolubam bir gösün bakaly! Nädeň ýöne, ol-a awy-zäherlemek ekeni, kisäň dolusynyň ysyny alan batlaryna seň tiplisaňa ýanaşman, kilemetr daşyndan aýlanyp geçip başlaberseler...

Onsoň bir sapar, ýagşy günleriň ýagşy oturyşyklarynyň birinde keýpimiziň ýagşy wagty ýaňky dostdan beýleki bir dostumyz gara çyny bilen sorady:
-Eý dos, näm-aý, sen haýsy gepiň gulagyny ýazdyrsaň, derrew onuň başyny pula garşy burup göwerip ýatyrsyň-laý?!
-Sebäbimi,-diýip, ol pul pelsepeçisi dostam, oňa şähdaçyk jogap gaýtardy:-adamzadyň oýlap tapan zatlarynyň içinde pul ýaly mähirli, pul ýaly ýakymly hiç zat ýokdur. Pul seni yssyda seleňleder, sowukda üşütmez. Kyn günüňde gardaşyň, şat günüňde ýoldaşyňdyr. Puluň barlygynda aýalyňdan mähir, çagalaňdan sylag-hormat, dogan-garyndaşlaryňdan saňa bolan sarpa, tanyş-bilişleriňden mylakat ýitmez. Asanyň-a hasam aňsat bolar, kynyňam dynnymça-da kynçylygy galmaz. Bolaýanda-da sen şojagaş-bujagaş müşgiljikligiň ýüküni edil Pyragy aýtmyş: "ýüke werziş boz eşek" kibi, duýmarsyňam...

Bu-da bir filosofiýa.
Aýdylypdyr-a: "dünýede näçe kelle bolsa, şonça-da kelesaňlyk bar" diýlip.
Diýmek, şol sebäplem, bu durmuşy kredoda, beýlekileriň arasy bilen, Ahmet Bekmyrat agamyzyň çopan söhbetdeşi aýtmyşlaýyn: "Degme ýagsyn!" :-).

0
5 sylapberdimuhamov  
1428
Osman aganyň "Her kellede han otyr" atly bir eseri bardy. Şol eser bilen adybir kitaby okap otyrkam her gezek Şükür bagşy filiminiň başynda Mämmetýar hanyň parasatly weziri Ýusubyň "Her tiräniň öz tentegi bar ahyry, han aga" diýýän sözleri ýadyma düşýärdi.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]