00:19

Oba dañy / powest

OBA DAÑY

■ Dostum Allaýar Ökdir ogluna  bagyşlanylan bu eseriñ wakasy ellinji ýyllaryň başynda uzak nohur obalarynyň birinde bolup geçýär.

Ata burun dynç alyşa çykaly bäri, aradan üç ýyl ötüpdi. Ol hüýt gara, kepje sakgalynda ýaňy iki-ýeke ak görnüp ugran adamdy. Uzynly gün wagtyny özi ýaly adamlar bilen oba dükanynyň belent jaýynyň kölegesinde oturyp geçirýärdi. Eti agralyp, aýagyna agyry inen Ata burun häzirem şol ýerden turup ugrapdy. Şol wagtam töweregine garanjaklap barýan gyzyna gözi düşüp, yzyndan gygyrdy:
-- Näzmeňli, gaýt yzyňa!
-- Kaka, men joram Aýgüllere…
-- Ýok, bolmaz, dolan diýdimmi, dolan!
Ata burun gyzyna gözüni alartdy, gaýdyp başga zat diýmedi. Öýüne-de gyzynyň yzýany bilen geldi. Donuny çykaryp, töre oklady.
 -- Näzmeňli, bar bir çäýnek çaý demläp gel. Soňundan iki agyz gürrüňimem bar.
Näzmeňli çaý gaýnatmak bilen gümrady. Ol ilki ojakda ot ýakyp, soňam suwly tüňçäni oturtdy, içini gepletdi: ˝Joramlara-da goýberjek dälmikä! Men-ä tüýs tussaga dönüpdirin˝. Näzmeňli çaýyň gaýnaryna garaşyp, ýene-de  pikire çümdi. Nygmadyň ˝Durmuşyň oýny köpdür˝ diýen sözleri şobada onuň kellesine geldi. Onuň bilen hyýalynda duşuşdy. ˝Sen mamla ekeniň. Durmuşyň oýnam köp, oňa düşünmegem kyn.Ýogsa-da joram Aýgül sygyr fermasyna sagymçy bolup işe girdi. Ol işlärem. Emma welin men… ýok, meniňem bu hakda kakam bilen hut häziriň özünde gürleşmegim gerek".
-- Çaýyňa näme boldy?
Näzmeňli kakasynyň çasly çykan sesine syçrap ýerinden galdy.
-- Häzir, kaka...
Çaý üçin goýlan suw gaýnap, esli dökülen eken. Näzmeňli demlän çaýyny getirip, kakasynyň öňünde goýdy, soňam onuň geplärine garaşdy. Ol hiç mahal kakasynyň ýüzüni häzirkisi ýaly siňňin synlap görmändi. Häzirki pursat öňünde oturan bu goja göýä atasy däl ýalydy. Ýüz-gözünden atalyk mähri uçana meňzeýärdi. Ata burun käsesine guýan çaýyndan  birki owurtlady-da, agzyny şukguldatdy:
 -- Näme diýsene, gyzym! Ataň öz gyzyna ýamanlygy ýokdur, bir zat diýdimmi, edäýmeli borsuň! Onsoňam, ata-enäniň sargydy ogul-gyz üçin kanundyr.
Kakasynyň hemleli sesinden ýaňa Näzmeňliniň ýaňaklary gyzardy, endamyna sowuk der indi. Ol häzir kakasynyň ýüzüne garap otursa-da, bar pikiri, bar durky bilen  uzaklardady. Birdenem ol huşuna aýlandy, bir zat syzan ýaly boldy, ýüzüne ynjy alamaty çaýylyp gitdi.
-- Gyzym, tüweleme, onunjyny gutardyň, orta bilim aldyň. Indi ejeňem, menem işe ýarajak däl. Işe giräýseň, neneň görýäň?
-- Işe?!
-- Hawa, hawa, işe! Ýa kyn gördüňmi? – Ol gözlerini çalgylady.
-- Ýok, kaka,. Bikär oturyp günüňi ötürip bolar öýdemok. Bu hakda özümem size geňeş saljakdym – diýip, jogap gaýtardy. Ol öz içinden eýýäm öwrüp ýetişen başga pikirlerine puşman etdi. Turup kakasyny gujaklasy geldi. Ejap etdi, ýaýdandy.
Ata burun şol agşamyň özi sözüni geçirdip bilýän bir adamyňka gitmegi müwessa bildi.        Ol baranda ferma müdiri içinii gepledip, çugutdyryp otyrdy.
-- Ä-hä, ˝Garry gelse aşamyşyn, ýigit gelse işemişin˝. Geliň, geçiň, hoş gördük. Ene, çaý-naharyň bilen bolaweri. Myhman geldi! – Ol ernini ýyrşartdy. Soňam ýerinden turup, hažžygyň arkasyny ýatladýan ýarçykly, tagaşyksyz elleri bilen ikelläp görüşdi. Hal-ahwal soraşyldy. Galpak hemişeki edähedine görä gürrüňiniň agramyny nakyllara ýükledi. --˝Myhman ataňdan uly˝ diýipdirler, Ata aga! Töre geçiň, jaýlaşykly oturyň!
Öý eýesi myhmana çaý içmäge mürähet etdi.
        -- Işläp ýörseň, ýene ganymat ekeni. Aýyň-günüň geçeninem bilmän galýarsyň. Indi welin…Bolýa-da, dynç almadan bir zeýrenmäýin. Birsalym gümür-ýamyr edeýin diýip gaýdyberendirin ýanyňa – diýip, Ata burun ýassyga gyşardy.
          Galpak onuň öňüni gabsap ýetişdi.
         -- Şeýdip gelip dursaňyz, kemem däl, Ata aga!
           Sähel salymyň içinde saçagyň üsti naz-nygmatdan doldy. Olar gürrüňlerini çaý başynda dowam etdirdiler.
         -- Obadan şähere okuw diýip, baý, gidýäler-ow!
             Ferma müdiri gürrüňi başga ýaana sowdum etdi.Emma Ata burun okuwdan daşlaşmady.
         -- Gidibersinler. Arada meni-de kantura çagyrdylar. Daşyma geçip, baý, aljyratmak aljyratdylar-ow. Şonda-da eňek beren däldirin. ˝Heý-de mundan öň gyz maşgalanyň okuwa gidýäni bolupmy diýdim, hanha ýol, ketdeleriň öz gyzlary gidibersin˝ diýdim. Şodur-da şodur, gaýdyp meni idemediler.
        -- Berekella, Ata aga, tüýs oňaraýypsyňyz. ˝Aýal okap kazy bolmaz, köpek ýüwrüp tazy˝ diýip, köneleriň gürrüňi bar. Ýene iki-üç ýyldan gelip, ˝ýeriňi boşat, agam˝ diýäýerler öýdüp, şu günlerden howatyrlanýas.
        -- Baranlarynda-da girip bilesleri ýok-la! Ýeri, şu Gülnaryň ogly bardyr-la, Nygmatmy, Nagmatmy-aý şol?! Şu-da çaga okatmagyň okuwyna gidenmişin-dä! Ýeri, onsuzam obada mollumsyrap, hondan bärsi bolan bolşup ýörenler gyt dälle. – Ata burun boşan käsesini öňe süýşürdi. Öý eýesi myhmana çaý guýdy.
        -- Ras aýdýaňyz Ata aga! Töre pahyryň öz-ä erbet adamam däldi. Gülnar oňa oňly gün görkezmändi. Hernä, o heresse frontdan gaýdyp gelmedi.
        Ata burun gürrüňini dowam etdirdi.
         -- Wah, onuň yzy ýitdi-le. – Ol kellesini ahmyrly ýaýkady. Çaý-nahardan boldum eden Ata burun ýerinden gozganjyrady. Soňam ýuwdunyp gepledi. – Galpak jan, seniň bilen bir kiçijik işjagazymam bardy.
          -- Aýdyberiň, çekinmäň! Eger menden bitmeli işiňiz bolsa biter, agam.
          Ata burun hüjüme geçdi.
           --Taňryýalkasyn, taňryýalkasyn.Tamamam şeýledir.Ynhalykga, sen ferma müdiri. Eliň uzadan ýeriňe ýetýär. Onsoň her-hal ikimiz gatnaşykda bolsak, ata agaňam hor etmejegiňi bilip durun men.
          Galpak munuň ýaramsaklyk bilen aýdylaanlygyny aňdy, onuň yzyny ýetirdi.
       -- Hawa, hawa, ˝Bal tutan barmagyny ýalar˝ diýilýän sözem bar ahyry! Mundan öňem barjamly adamdyryn. Küpür gepledigim däl. Il-günüň iýmäge nan tapmadyk mahallaram, hudaýa müňde bir şükür, şu öýüň suprasynyň nansyz, mezilliginiň pes güni bolan däldir. – Galpak soňam nämedir bir zatlary aýdyşdyrdy. Könäni ýatlady, özüni öwdi. Gerekli-gerekmesiz zatlardanam söz açyp, güpüledi. Ata burun içini gepletdi. ˝Saňa pisindim-ä oturanok, özüni öweniň tanapy galapyn çüýrük˝ bolýandyr. Ata burun Galpaga çiňerildi:
         -- Kelläme bir pikir geldi. Ýöne ony ikimizden başga hiç kes bilmeli däl! – Ol gözlerini töwerege gezdirdi, ýassygy ykjam tirsekledi.      
         -- Ata aga, äşgärräk aýtsaňyzlaň! Ýaňy aýtdym-a men, çekinmäň diýip…
         -- Aýtsam, gyzym Näzmeňlini ferma sagymçy edip ýerleşdiräýsek, neneň görýäň? Garşy däl gerek?
         -- Ajap bolar! Tüýs maňa geregi-de şeýle işgär… -- Ol gürrüňiniň tonuny düzeltmäge ýetişdi. – Işine ezber gelin-gyzlar. 
         Galpak awy şowly bolan balykçy dek loh-loh edip, keýpihon güldi.
          Ata burun gaharlanjak ýaly etdi, egnini gysdy. Ele alan käsesindäki sowap ýetişmedik çaýyny işdämenlik bilen demine dartdy. Gözleri ýaşardy. Taýly gezek owurdyny çişirdi.
         -- Hak-heşdegi, pul-püçegi näçeräk bolar? Şony aýt, inim? – diýip, Ata burun ferma müdirine kesgin sowal berdi.
         -- Baýry sagymçylaryňkydan pes bolmaz. Kolhozyň berýän ketenisidir mata-marlyklaryndanam galmaz, ýetenje paýyny alar durar. Ony hor etmen, Ata aga! – Galpagyň sesi gaty çykdy.   
          -- Başga näme?
          -- Başgamy, aý, öz eliňde-dä, kime näme emleseň emläbermeli.
          -- Diňe şujagaz zatlar bormy?! – Ata burun şuindan soň durşy bilen gulaga öwrülene çalym etdi.
           -- ˝Tamda gulak bar˝ diýlen bir söz bar. – Ol şondan soň gürrüňini ýuwaşatdy: -- Pylança sygry artyk sagýa diýip, goşmaça hakdyr baýragam berip bilerin. Ine, enem görgülä özüň belet ahyry. Öý işlerine mübteladyr, öýden gapa çykyp bilýän däldir. Çykaýanda-da, pu işe ýarajak adam däl-how! Şuňa-da on dört sygyr sagýa diýip hak alýas, kämahallar goşmaça baýragam beräýýäs. O tüki, agzan harytlarymam gelip dur! – Ol şyg-şyg güldi.
            -- Ine, munyň aýry gep. Şeýdip eçiliberseň-ä işiňe ertiriň özünde iberjek. Goltgy berer diýseň, ejesinem ýanyna goşjak… -- Ata burun ferma müdirine söýünçli seretdi, gözleri şöhlelenip gitdi. Soňam ondan göwnühoş bolup, öýüne geldi. Süýji-süýji arzuwlara çümüp, uka gitdi.
                                                     * * *
        Ýusup dasýysynyň iýnji beren ýabysyny münerdi. Indi onuň ýanynda aşaky obanyň gazet-žurnallaryny paýlamagyň hem kynlygy ýokdy. Häli-şindi oba arasyndady.
         Ýusup häzir Näzmeňlilere geldi. Ol bu gezegem Näzmeňliň keşbinden ˝ Nygmatdan hat ýokmy?˝ diýen şol bir soragly jümläni okan ýaly:
          -- Bar, bar, ýöne, hiç kes göräýmesin, seresap bol – diýip, ýuwaşja dillendi-de, içi hatly gazeti Näzmeňliniň eline tutdurdy. Soňam çykyp gitdi.
        ˝ Salam, Näzmeňli. Men Aşgabatda. Sag-gurgun. Oglanlar bilenem dostlaşdym. Ýakyn dostlarymyň birine Baýram diýýärler. Onuň bilen umumy ýatak jaýynda-da bir otagda ýaşaýas. Men oňa sen barada hem aýtdym. Okuwa-da başladyk.
        Näzmeňli, telek iş edäýdimmikäm diýýän. Senem alyp gaýdybermeli ekenim. Okuwly meseläňe kakaň garşy boljagyny men öňem aňýardym. Hiç bolmanda, seniň ýanyňa ýoldaş bolup, okarman gyzlaryň birküç sanysy goşulan bolsady… Ata-enäni göwnetmän, hiç bir işe baş goşmaly däl. Görübiýris. Okuwa garrama ýok. Geljek ýylam giç bolmaz.
         Näzmeňli, neneň öz ýagdaýyň? Ynan, seni juda göresim gelýär. Her gün düýşüme girýäň. Saglygyň we oba täzeligi hakynda ýazyp dur.
                                                                                                                   
                                                                                    Hoş. Nygmat˝.
         Näzmeňli haty alyp bagryna basdy.
         Ol işe  jorasy bilen gatnardy. Aýgül açyk, şadyýan, alçak gyzdy. Degişmäni halardy. Näzmeňliniň gözüniň gytagy bilen  her demde Nygmady synlaýandygyny, olaryň biri-birini ýürekden halaýandygyny okan çaglary-da aňypdy. Muňa öz ýanyndan guwanyp gezipdi. Gözlerinde olara bolan umyt  uçguny ýylpyldaýardy. Ine, häzirem olar ikiçäk gürleşip otyrdylar.
       -- Näme diýsene, jora. – Aýgül bir möhüm zady aýtjak bolýan ýaly tolgundy. – Düýn Galpak kakam bilen gürleşipdir. Özem näme hakda diýsene!
       -- Näme hakda?
       -- Öňi bilen-ä gyzyň iş hakyny artdyryp ýazdyraýyn. Kolhozyň berjek baýragynam ýygy-ýygydan alyp bereýin diýipdir.
       -- Aý, ýo-ga?.. Hany, göniňden gel.
       -- Çypbakaý çynym, duzjan kessin. Onsoňam gürrüňini meniň üstümden düşüräýmezmi? Hakyt, ýerçeken, maňa özi üçin söz aýdyp oturyberipdir.
        -- Akylyndan azaşdymyka, betnyşan! Toba-toba. – Näzmeňli elini ýakasyna ýetirdi. – Ýok, jora jan, seni onuň ýaly kezzaplaryň onusyna-da, ýüzüsine-de rowa görmen. Onsoňam Mekan…
        -- Mekanyma wepalydyryn. Ol basym gullukdan gelmeli. Durmuş toýuny onuň bilen bileje tutarys.
                                         * * *
          Nämesindendigini bilmedi, şu günler-ä ol adamsy Töre neressäni hemişekilerindenem kän ýatlaýardy. Ine, häzirem uruş başlanan ýyllarynda bolan bir waka ýadyna düşdi. Ol şo mahal adamsy Töre bilen şamlyk nahar edinýärdi.
       -- Gülnar, özüm ýaly ýigitleriň köpüsi fronta gitdi.
       -- Mähribanym, näme diýmekçi bolýaň? Ýa senem…
       -- Hawa, menem gidäýsem diýýän.
       -- Ýok, bolmaz, goýbermerin, zährimar urşuň başlanyna kän wagtam geçenok. Eýýäm Myrat kelte, Gurban kelje aýagyny, Çary Aky goluny aldyryp geldi. Niçesiniň öldi habary geldi. Gitmersiň, bolmaz. Gaýtalama…
      Ýaňagyndan syrygyp barýan ýaş damjalaryny süpürmekden ýaňa aşa öl bolan gyňajynyň ujy-da soňky akan gözýaşa tär edip bilmedi. Ýaş damjalary ýüzüniň ähli ýerine bulaşyp gitdi. Göz guwanjynyň, naçarynyň ýanynda aglap duranyna Töre hem bozuldy. Ol ýerinden towsup turdy.
        -- Janym-tenim, sen bir aglamasana, aglamak saňa ýaraşmaz. Senden gizlin zadym ýokdy. Birki günlükde fronta gitmäge arza beripdim. Saňa aýtmagyň ugruny tapmadym. Günämi öt! Bu gün şol arzam kanagatlandyryldy. Okuwçylarymy Myrat keltä tabşyrdym. Ol hem sowatly oglan. Dolanyp gelýänçäm ýoklugymy bildirmese gerek. Ertirem ugramaly… -- Ol goluny Gülnaryň boýnundan saldy.
       -- Ýok, Töre, men seni iberip bilmerin.
       -- Gülnarym, aýdýanyň näme? Gözýaşyň wagty däl. Munuň saňa we Nygmat jana agyr degjegini bilýän, nätjek ýaşaýan ýurduňa ölüm howpy abanýarka, men bu ýerde gol gowşuryp oturtyp bilmerin-ä. Ýekeje faşisti ýoklamak hem uly ýeňişdir.
          Ýalbaryp çyksa-da, zor bilen synanyşsa-da, Gülnaryňky boljak däldi. Töräni indi Watany goramak hyjuwy ymykly ýola salypdy.
           Daň atyberende Töre ýol şaýyny tutdy. Goňşy obalardan fronta ugradylýanlar gelen çagy Töre guş atýan kemanyna mübtela bolup, indem süýji ukuda ýatan perzendini öwran-öwran ogşady.
          -- Nygmat jan, oglum, kakaň gidýä, oýan. Kakaň bilen hoşlaş.
          -- Ýok, Gülnarym, degme, oýarma, goý ol meniň jeňe gidýän pursatymy görüp gaýga galmasyn.
           -- Ezizim, bar onda ýoluň ak bolsun. Sag gidip, aman gel. Biz saňa garaşarys.--Gülnar adamsynyň gujagyna doldy.
          -- Ine, munyň bolýa, gelin. Sabyrly bol. Men hökman gelerin, özem basym. Mert bol! – diýip, Gülnary berk gujaklady.
           Gülnar oba adamlary bilen fronta barýanlary Arçaly deräniň deňine çenli ugradyşdy. Mähirli dideler bir-birine soňky gezek kaklyşdy.Olar daşlaşanda bolsa Gülnar Töräniň ˝Nygmat jany hökman okatgyn!˝diýen sesini eşidip galdy…
        Eli gazet-žurnally poçtalon ýigit howla girdi. 
           -- Gülnar daýza, ogluňdan hat bar!
         Bu Ýusupdy. Gülnara gelen haty onuň haýyş etmegi bilen bu gezegem oňa özi okap berdi. Nygmadyň ýagdaýy bilen bile tanyşdy. 
            -- Taňryýalkasyn, oglum. Şular ýaly hatyňy tiz getireweri, balam. Otur, birje käse çaý içip git.
            -- Sag boluň, ýene bir gezek içäýerin. Ynha, men şu gazetdir hatlary paýlamaly. Olaryňam eýeleriniň gözleri ýolumdadyr. Näme kömek gerek bolsa aýdyň, boş mahalym aýlanaýaryn—diýdi.
             -- Kem zadym ýok. Sag bol. Eliň-ýüzüň dert görmesin, balam – diýip, Ýusup  çykyp gidensoňam, alkyş baryny aýtdy. Gülnar Ýusubyň ˝Ogluňdan hat bar!˝ diýen sesini eşidende, endamy tikenekläpdi…
       O mahal poçtalon Işanguly Şarlydy. Ol fronta-da ilkinjiler bilen meýletin gidipdi. Söweşleriň birinde agyr ýaralanyp, ýaraly golundan müdimilik jyda düşüpdi. Töre dagyny fronta ugradanlarynda Gülnara göwünlik berenem Işanguly Şarlydy.
         Poçtalon tüýleri çalaran eşegini bu günem  dikgirdedip hat paýlap ýördi. Ýüzugra Gülnar gelinleriňkä hem sowuldy.
           -- Adamyňdan hat bar, Gülnar gelin, Töreden hat bar.
          Gülnar elindäki işini taaşlap,  derrew derwezäniň alkymyna ýetdi.
           -- Me, alyň! Men aýtdym-a, hökman geler diýip…
          -- Sag boluň, dogan – diýip, ýaşmak aşagyndan eşidiler-eşidilmez pyşyrdan Gülnar bukjany aldy-da, öýe ýumlukdy.
         Işanguly Şarly frontdan gelen haty gowşurdygy derrew  şol ýerden gitmek bilen bilendi. Bu gezegem sen-men ýok, eşegini hyrra yzyna öwürdi-de, derwezeden daşlaşdy.
          Gülnar bu hatyň öz adamsyndan däldigini entek ony açmanka aňypdy. Onda şeýle jümleler bardy.
            ˝Gadyrly Gülnar  Töräýewa!
         … Adamyňyz Töre Myradowiçiň çozuş mahaly gahrymanlarça wepat bolandygyny Size gynanmak bilen habar berýäris.
                                                                             Polk komandiri … ˝

           -- Ýok, ýok, ýalan! Meniň Töräm diridir. Ol hökman geler – diýdi-de, Gülnar birdenem jynssyz ses etdi. Gözlerinden akan ýaş şaglap inen çeşme suwuna çalym etdi. Goňşy-golamlar-da gelip, Gülnaryň agysyna goşuldy. Bütin öýiu, tutuş howlyny agy sesi gaplap aldy. Şeýle şum habarlar diňe bir Gülnara däl, şol güni telim adama gowşup, öz ýerine ýetirmeli roluna aňryýany bilen eýeripdi.
      Bu ýagdaý ýaňy ýedi aşyny basmarlap barýan, akyly goýalmadyk Nygmadyň hem ýüregini gowzatdy. Ejesiniň perişan halyna gyýyldy. Ýöne her günki agysyna, goňşularynyň, obadaşlarynyň öýlerine gelip-gidişlerine düşünmedi. Bu barada ejesinden telim gaýta sorasa-da, takyk jogap almady.     
       Gülnar ˝Geçeniň geçdigi bolsun, indi beri şum habarlar gelmesin˝ diýip, içini gepşletdi. Soňam demir sandygyny açyp, ondan dört-bäş eplengi bukjany çykardy. Kagyzyň ýüzündäki hat saralyşypdy. Ony okamak mümkinem däldi. Bu on ýyl bäri ýalňyz perzendinden gizlenilip saklanylan hat bolmalydy. Bu hat onuň açylan bägülini solduran hatdy. Gülnar bu haty Işanguly poçtalonyň getirip giden gününden bäri saklaýardy. Kämahallar bolsa ol şo hata esedip, ýüregini mazaly gowzadardy.
       Gülnar ýene-de hata garaşýan terzde poçtalonyň ýoluna garady. Ol geljekki mugallym, ýalňyz dikrarynyň saglyk hatyna garaşýardy. Şol arzuw bilenem ýaşaýardy.
        Oglunyň Näzmeňli bilen halaşýanlygyndan Gülnar öňräkden habarlydy. Ýöne Näzmeňlini bererler öýdüp, tamasy ýokdy. Ata burnuň saljak galyňynyň ýarysyny-da bütin ömründe töläp bilmejegine gözi ýetip durdy. Ol häzir oglunyň haýyşy bilen olara söz aýdyp gaýdan çagyny biygtyýar ýatlady. Onuň göz öňünde Ata burnuň bedroý keşbi, gulagynda bolsa abyr-zabyry ýaňlandy:˝ Gülnar, akylyňdan azaşyp ýörmüň? Her kim öz deňini tapsa ýagşy.Bular ýaly işde öňüň-soňuň yzarlanýandyr…˝ Gülnar içini gepletdi. ˝… Her kim öz deňini tapsa ýagşy…. Ýeri, o näkesiň ilden-günden nämesi artykmyşyn…˝ Gülnaryň göz öňünde ör-gökden gelen Ata burun, özüne hoşamaý nazar bilen garaýan gyzy, onuň ejesi janlandy.
         Şol ýyl Näzmeňli üçin aýgytly ýyl boldy, olara dumly-duşdan söz aýdyjylar gelip ugrady.Olara garynja gatnawyny salanlaryň biri-de Galpagyň adamlary boldy. Gyz ähtinde durýardy.
         Galpak dört ýyl bilimli, kyrk-kyrk bäş ýaşlaryndaky, köseleç adamdy, paşygrak burunlydy, görk-görmekden paý berilmändi. Ummasyz mal-mülküne daýanyp, Näzmeňlini ele salmagyň küýüne düşüpdi. Gije-gündiz şol pikirdedi. 
         Galpak Artyk mollanyňka ikindin aralar geldi:
        -- Salawmaleýkim, molla aga!         
         Artyk molla namazyny okap gutarýança, Galpak oňa daş işikden garaşmaly boldy.
         -- Baleýkimessalam, geliber.
         -- Men-ä işlije gelendirin, mollam.
        Olar birsalym gürleşip oturdylar.
         -- Ony aýtmasaň-da, molla agaň bilipjik durandyr. Horlanýansyň.Ýanyňda ýassykdaşyň bolmasa, sallahlyk juda kyndyr. ˝Ýekelik hudaýa ýaraşar˝. – Artyk molla uludan demini alan boldy. – Belki, allanyň özi kömek edäýedi-dä! Göwnüňdäkini bir eşideli, çekinme-de aýdyp otur!                   
        -- Wah, mollam, şeýtsene, ugur salgy berseň, derdime em etseň, häziriň özünde bassyrmada daňylgy duran bag goýnumy alyp geleýin.
        -- Näsin aýdýaň, Galpak! Olar ýaly işiň birki goýun bilen düzeläýýän bolsa bolaýmajakmy?
       Galpak göwnünde beslän arzuwyny Artyk molla birin-birin gürrüň berdi.
        -- Be, öz-ä kyn işdir-ow, oglum.
        -- ˝Gassap garrasa-da, bir goýna güýji ýetermiş˝, mollam.
        -- Onyň-a dogrudyr, hany göreýin. Seniň üçin sahawatymy gaýgyrman. Ertir günortan çagy aýlanyp gör.
        Galpak köçä çykanda, köçäniň ugrunda ýatan çüýşe bölejiklerini günüň şöhleleri ýylpyldatýardy. Bu ýylpyldy onuň hem ýüz-gözüni bürşertdi. Galpak symgylt şöhleli bu ýylpyldydan goranjak bolup, kölegeleden elini gözüne ýetirdi. Şol çakam onuň deňinden Ýusup atly geçip gitdi. ˝Iki tarapa at salyp, şu gazan kelle, enesi ýalamadyk oglanjygam ýürege-bagra düşd-ow! Kakasy pahyr-a oňat adamdy welin, enesine çeken oguşýa˝. Ol içini gepledip, soňam batnyksyz gülüp goýberdi.
        Ýusup ony eşitmedi. Ýöne ol Galpagyň dodagyny müňküldetmän, bir çylkasyzyny atman geçmejegine beletdi.
         Ertesi ol üç goýun alyp, Artyk mollanyň işiginde peýda boldy.
        -- Salowmaleýkim, mollam!
         -- Waleýkimesselam, Galpak han, geldiňmi? – Ol namazyny okap bolansoň namazlygyny düýrläp, öýüň duluna söýäp goýdy. Howluda goýunlaryň mäleşýän sesini eşidip, gözleri jöwherlendi. Nepesi durlandy. – Gel, gir içeri. Geleniň gowy bolaýdy. Men sen barada Ata burun bilen ýörite oturyp, gürrüňdeş boldum. Rejesi ýaman däl, işimiz rowaçlanaýjak ýaly. Onuň bilen indi näçe ýyldyr bile oturyşyp-turuşýan, duz-tagam iýýän. Galyňyny agraltsaň bolany, onuň gözleri diňe şoňa açylýandyr. – Ol agzynda aş gatyklady. Soňam Galpagyň  egnine ýuwaşja kakdy-da, sesine nazym berip gürledi. – Öňem telim gaýta adam iberen ekeniň. Nämemişin, gyzy göwnemejek bolýamyşyn. Ata-da özdiýenlidir, diýenini etmese çagasyna-da hezil bermez.
       -- Wah, galyňyndan gaçamok. – Galpak ýerinden laňňa galdy. Bu gürrüňe güp ynandy, şatlandy. Gözüniň öňünde Näzmeňli gaýmalap ýören ýaly döndi. Erni halpardy. Onuň bu bolup durşy suwa gark bolup batrýan bir nebsewüriň eline ýumruk ýaly altynyň gabat gelip, şo pursat hem begenjinden ýaňa dünýäni unudyşyna meňzedi. Şoň üçin bolsa gerek, ˝Näzmeňlim, keýijegim˝ diýenini özi-de duýman galdy…
        Ýygnanyşyk Artyk mollanyň öýüne bellendi. Ata burun, Galpak irgözin geldi. Oba ýaşululylary-da kän garaşdyrmady. Içeriniň dymyk howasy bardy.
       -- Ata aga, nämüçin bu ýere keýwanyňyzy, Hatyjany getirmänsiňiz? Aslynda ol bu oturyşykdan habarlymy? – diýip, Artyk molla sorady.
       -- ˝Aýalda akyl bolmaz, eşekde sekil˝. – Ol sözünden soň börteşen galyň gabaklaryny galdyryp, öýüň içindäkilere gyýalap göz aýlady-da, sowan çaýyndan hopurdadyp owurtlady, nepesini durlady. – Bular ýaly oturyşykdyr ýygynçaklarda heleý akyly ulanylýan däldir. Könelerimiz ˝Eger bir zadyň dogrulygyny biljek bolsaň, aýaldan sora-da, onuň aýdanynyň tersine edäý˝ diýmänmi näme? Heleýden soralyp edilýän iş aňsat-aňsat başa-da barýan däldir – diýip, gödek jogap gaýtardy, akyl satdy.
       Ýogsam ýygnanyşykdan Näzmeňliň ejesi habarlydy. Ýöne ol bu ýere gelmäge üzül-kesil garşy bolupdy.
         Ata burnuň bu jogabyna mollanyň pakgylaç, etlek ýüzi çytylyp gitdi. Hiç kimdem ses-üýn çykmady. Ara düşen böwşeňligi ýene-de Artyk mollanyň özi bozdy. Ondan-mundan söz açyp, ahyry esasy meselä geçdi.
         -- Hawa, Ata, biziň bi üýşmegimiziň sebäbini-hä aňýan bolsaň gerek. Biz siziň bilen täzeden garyndaşlyk gatnaşygyny açmakçydyrys – diýip, gök çaýyň neşesiniň keýpini görüp oturan Artyk molla  çep eli bilen gytyk murtuny, gyrçuw sakgalyny çintikleşdirdi.
       -- Meniň razy bolanym ýeterlik däl.  Men size närazy gyzymy  zor bilen berip goýberip bilmerin-ä. Ýaş maşgalanyň bagtyny beýle-de bir ýatyrmak bolarmy?!
      -- Ýok, ýok. Ata, gyzyňyzyň bagty ýatman, gaýta bagty açylar. Onsoňam ˝Garra baran guýruk iýer, ýaşa baran -- ýumruk˝ diýip eşitmänmidiň. Ýag iýer, ýüpek geýer. Galpagyň özi hem gapyňyzda gul bolar. Gyzyňyzyň mätäçlik çekjek zady bolmaz – diýip, häliden bäri geplemän oturan, geçi sakgally ýaşuly söze goşuldy.
       -- Hawa, hawa, aýdýany ýaly gul bolaýyn – diýip, Galpak ýüzüni aşak saldy. Onuň bütin ömründe ýygralyk, çekinjeňlik häsiýeti ýokdy. Emma ol häzir düýbünden  başga adamdy, özüni ýaňy öýlenjek   ýigit ýaly ýygra görkezmäge çalyşýardy. Geplände saýhallylyk bilen gepleýärdi.
       -- Ýok, razylaşyp biljek däl! – Ata burun sowap giden çaýly käsesini ýerde goýdy. Çäýnekler birlaý boşapdy. Nahar iýlenden soň öý eýesi  galyň barada söz açdy welin, häliden bäri temegini göge tutup oturan Ata burnuň ýüzi ýagtylyp gitdi. Artyk molla Galpagyň adyndan gürläp, gymmat halat serpaý hem pul hödürledi. Emma Ata burun utulyp oýundan çykan adam ýaly, ortada goýlan pully düwünçegi pyzyp goýberdi. Burnuny myňňyldadyp, Artyk mollanyň üstüne hekgerdi. Gygyny pürkmäge çemelendi:
         -- Munyňyz bolmaz! Size hem hoz gerek, hem hozuň… -- Ol oturanlara azm urdy. Başyndaky silkme telpegini eline alyp, iki-ýeke ýerini kakyşdyran boldy, güýmendi. Hemmeler dymdylar. Artyk molla Galpagy hürsekledi-de, ýagdaýy mälim etdi. Ümsümligi Galpak bozdy.
         -- Gyzyň puly garyň suwuna deňelýändir, Ata aga! Ondan baýan ýokdur. – Ol bokurdagyny arçady. – Men ýene-de birneme pul goşup biljek.
          Ata burnuň ýüzi saldar alyp gitdi. Ol gerindi-de, elini süýnmegräk burnunyň aşagyna ýetirip, uludan pallady. Soňam: 
       -- Goý, siziň aýdanyňyz bolsun—diýip, Artyk mollanyň ýüzüne garap gepledi.
       -- Berekella, Galpak han, eçilip bildiň! – diýşip, ony oturanlar ýerli-ýerden gutladylar. Orta seçilen süýji-kökeden ýetdik paýlaryny alyp, turuşmak bilen boldular.
       Ata burun guş kimin ganat baglap öýüne ýetdi. Ony aýaly möňňürip garşylady.
        -- Sen nädip ýumruk ýaly perzendiňi Galpaga, nadan adama berjek? Iliň içine çykmak gerek dälmi? Heý, şo barada pikir etmediňmi? Ýa-da sen şoň toplan haram baýlygyna göz gyzdyrýaňmy?
         -- Tüket! Sesiňi çykarma-da ýat. Bu barada birine ýa bolmasa gyzyňa  duýduraýdygyň eşitmedim diýme, damagyňy tersine çalaryn!
        -- Gyz-a göwnemez. Eden işiňi seljerip ederler.
        -- Otur, senden zat soramok, kempir!
       Ata burnuň sesi has-da zarply çykdy. Ol soňam nämedir bir zatlary hüňürdäp-hüňürdäp, ahyry uka gitdi.
        ˝Eý, alla! Bolýan zatlara bir seret. Heý, akyla sygjak zatmy, bi?˝. Hatyja eje eliniň aýasyny taýly gezek maňlaýyna urdy. Yzyny üzmän aglady.
                                                      * * *
        Tokganyň hakyky ady Ogulhandy.
         Ýöne oňa ýaşlygyndan tokgaja, Tokga diýdiler. Soň-soň ol at  ýörgünli boldy. Emma ol näçe ýigrense-de, ýerlikli dakylan bu lakamy aýyrmagyň alajyny tapmady.
        Tokganyň Nygmada bolan garaýşy başgaçady. Ol Nygmady öz ýanyndan söýýärdi. Şonuň üçinem Näzmeňli bilen onuň arasyna tow düşürjek bolup ot-elekdi. Onuň päli dürs däldi. Özi-de keselbendräk gyzdy, häli-şindi içinde bir agyrynyň bardygyny ata-enesine ýaňzydardy. Ýarawsyzlygy sebäpli, okuwdan galýan günlerem bolupdy. Ýöne ata-enesi-de onuň bu sözüne kän bir pitiwa bermän ýördi. Ine, bir günem oba ˝etrap merkezinden ökde lukman gelipdir˝ diýen habar Altyn ejäniň gulagyna degdi. Adamsynyň çöldedigini peýläp, gyzyny şol lukmana görkezmäge gitdi.
        -- Gyzyňyzda gorkuly zat ýok. Köriçege azarlapdyr. Haýal etmän keselhana alyp baryň, sanlyja günden gutular – diýip, ol lukmandan kesgin jogap aldy.
       Haýran galan Altyn eje ýakasyny tutdy, bu işi adamsyna aýtmagyň welin takadasyny tapmady. Ony Annahan aganyň özi bir ýerden eşidip geldi. ˝Ýeri, näme aýdyp, näme diýjek. Heý-de boýy ýeten gyzyňy duhtorhanada ýatyryp… onuň tenine tyg urduryp… Ýa meniň garranlygymdan, sadalaçlygymdan peýdalanyljak bolunýarmyka? Ýok, ýok, men oňa dirikäm-ä ýol bermen˝.
        --Gyzyňy menden ijasyz lukmana görkezen groýlygyň üçin.. höküwmet bolmasa, walla, diriligiňe ýere gömäýmeli! Bar diýeli,oňa sen däl, menem göwnän ekenim-dä! Bu onsoň hemmäniň diline gondalaw berdigimiz dälmi?
        Äriniň kejeňege tutup durmagy, gyzynyň reňkiniň gözüne öçügsi görünmegi Altyn ejäni darykdyrdy. Ol adamsyna göwünlik bermek isledi. Başarmady.
       -- Ýeri, heleý, seň kelläň bir ýerinmdemi? Şun-erte biriniň gapysyndan ätlejek, ˝kişi maşgalasyny˝ öz eliň bilenjik… Aý, siz heleýlerde, sapsym namysam bolmaz, aram. – Annahan aga köşeşmedi. Ol hüňürdüsini artdyrdy. – Onsoň, köriçegesi aýrylan, ýarag urlan gyzyňy kim alsyn, ol kime derkar? Öňem içinde bir ýetmezi bar diýip, ulile jar etdiň. Ýa onuň ömri ötýänçä met-masgara bolup, törüňi alyp oturmagyny isleýäňmi? Hanha, goňşy obadan misil tut! Myrat Akyň uly gyzyny-da köriçege bahanalap ýarym ýyl töweregi duhtorhanada saklamadylarmy näme? Ana, ol, gyz halyna ˝hamyla bolupmyş˝ diýip, il arasynda uly gürrüň bar. Şeýle zatlary eşidibem… Hammyk-hummygyňy kemelt, heleý. Ata-babalarymyz lukman garasyny  görmändirler, köriçegeniň-hä  nämedigini-de bilmändirler. Ogulhanam  bagtyna gelenini görübir. Näme bolsa öýümizde bolsun.
       -- Atasy, nämeleri samrap dursuň. Myrat Akyň gyzyna dil ýetirme. Oňa hiç hili el degenok. Aýybam bolsa aýdaýyn. Ol hamyla däl-de, garny çiş, kesel. ˝Il agzyny ýygyp bolmaz, çelek agzyny bogup˝. Onsoňam, lukmanlaryň aýdýany ugrunda bardyr. Köriçege diýdimi, aýyrtmak gerek.
       -- Bes et, bu sözleriňi gaýdyp eşitmäýin. – Ol aýalyna golaý bardy. Depesinden goşa ýumruk indererli göründi.– Gyzyň saglygyny allatagaladan dileg et. Ahyrynda şol ýalkamasa, özge zadyň haýry ýokdur. Ogulhan jan enem pahyryň  ady dakylan. Onsoňam, teninde ýaragyň ýörärine onuň özem razy bolup durmaz. Näme bolsa, bagtymyzdan görübiýris, heleý. Ýaşlykda näme-nämeler bolmaýa. Ynha, özüňdem misil tut. Ýaşlygyňda barypýatan keselbentdiň.Başyň ýassykdan galmazdy. Hudaýa şükür, allatagalla seni maňa köp görmedi. Keselden saplandyň gitdiň. Allanäme, ýaşaýşymyz bar. – Ol şeýle diýdi-de, guraksy ýuwdundy. – Hawa, hawa, gyzyň saglygyny diläp, oňardygyňdan  goýun-geçi sadaka et. Meniň babam Mälik  sopy hem şeý diýerdi. Sadaka başyňdaky bela-beterden gorar diýerdi.  Pahyr ömri öiýänçä il-gününe ýagşylyk etdi. Elden gelen haýyr-sogabyny gaýgyrmady. O dünýäsi bolsun pahyryň…
      Annahan aga çygly gözlerini howlyň boş tarapyna dikdi. Altyn eje häliden bäri, ejiz towugy çokjak horaz kimin üstünde çöwjäp duran adamsynyň ýaşaran gözlerine gözi düşende, oňa düşünmedi. ˝Be, allajanlarym, bi ýaşynyň soňunda üýtgäp ýörmükän. ˝Aý, ˝Ölmeseň garrarsyň˝ diýleni-dä! Adam garradygyça ýüregem ýukalarmyşyn˝.
       Altyn eje bir adamsynyň ýüzüne garady, birem ýere. Ahyry uzak ýyllar bäri durmuşyň ajysyny-süýjüsini deň paýlaşyp gelýän adamsynyň garşysyna gitmek islemedi. Onuň pikiri bilen ylalaşmaly boldy…
         Tokga häzirem hemişekisi ýaly ferma gezelenç edip gaýtmagy ýüňregine düwdi. Ol hiç ýerde işlänokdy. ˝Gyzlar bilen gürleşerin, wagtym geçse bolany˝diýdi. Ilki baryp göreni hem Näzmeňli boldy. Ol eýýäm düýnki eşiden habaryny  üssesine üsse goşup, başga kişiniň ady bilen Nygmada hat ýollap ýetişipdi. Ol baranda  Näzmeňli sygyrlaryny sagyp, jaýyň kölegesinde çaý içýärdi.     
            Tokga gelip-gelmäşe aýnap başlady.
      -- Otyrmysyň, sagymçy gyz.
      -- Geliber, Tokga jan. Geleriňe gözüm dikip otyryn – diýip, Näzmeňli hem bälçiklik bilen gülümsiredi.
       -- Şeý diý-ä.  Ýeri, geljegimi näbildiň? Köpbilmişdigiň-ä öňdenem bilýän-le.
         Ol ýüzüni kese sowdy.
       -- Aý, ýaňy pişigimiz el-ýüzüni ýuwaýypdy-da!
       -- Heýlemi? Belkäm, çaýly käseňde-de gögerendirin.
      -- Ýok, çaýly käsede-hä gögermediň. Onsoňam her ýetene o bagt  ýetdirip durýamy näme? Onda gögerjekler…
      -- Ony gyz , senden soramok, soramarynam. – Ol derweze bakan ýöneldi. Birdenem süsüşip ýadan öküz ýaly, kürtdürip durdy. Yzyna  garap, siltenip gepledi. – Bilýäňmi, gyz. Täzelik bar.
      -- Ýer astynda ýylan gäwüşese, öz-ä, habarlysyň, jora jan, aýdyber! Iki gulagym sende.
      -- Hol gaýraky ýaşaýan Gülnaryň ogly bardyr-a?
      -- Nygmatmy?
      -- Hawa, şol. Eşidişime görä şäherli bir gyza öýlenýärmişin. Özem şeýle bir owadan, şeýle bir näzijek, obaň iň gözel gyzlaryna-da gaýra dur diýip biljek gyzmyşyn.
       -- Aý, ýog-a?
       -- Ony, şüýl oba getirjekmişin diýýänem bar.
       -- Wiý, Nygmadyň şäher gyzyna öýlense, onuň näme armany bar. Özüm-ä getiren dessine gutlaryn. Ýöne bu zatlar Tokga janyň soňky tapan hokgalaryndan bolaýmasa biridir.   
        -- Ýok, ol Tokga janyň  çykaram hokgasy däl, uly iliň gürrüňi.Ynansaň ynan, ynanmasaň tersine ynan!
       Tokga ýüzüni turşatdy. Bu gezekki synanyşygynyňam paşmanyna ökünen ýaly, derwezäni jarkyldadyp, çykyp gitdi…    
        Howa çyglydy.
        Muňa garamazdan, oba ilaty ýuka egin-eşik geýipdi. Näzmeňli fermadady. Nygmatdan gelen haty okap, hapa bolupdy. Onda özüni satdyranlygy, indi ähli arzuwlaryň puç bolanlygy hakynda gürrüň gidýärdi.  Muňa Näzmeňli diýseň gaharlandy, ol muny öz adyna sürtülen gara tegmil hasaplady. Jorasy Aýgüle-de ýagdaýy bolşy ýaly gürrüň berdi. Aýgül oňa göwünlik berip, şeýle diýdi:
       --˝Günäliň oduna bigünä ýanar˝ diýleni şuldur, jora jan. Beýle-de bir oglan bor eken-ow. Neneň şu sözleri ýazybildiň, neneň oňa eliň bardy.
       -- Bilmedim, joram. Men-ä gyz, nätjegimi…
       -- Sen, gowusy, özüň hakda, oňa bolan garaýşyň hakda ymykly oýlan-da, hat ýaz! Belki, ol kimdir biriniň gepine gidýändir. Diňe şeýtseň, derdiň ýeňlär, bolmasa…
       Näzmeňli jorasynyň maslahatyny makul bildi. Ýüregindäkisini kagyza geçirdi:
        ˝Salam hatyňa jogabym.
         Nygmat, iberen hatyň üçin şatlanandyr öýdýärmiň? Ýok, şatlygyma suw sepilene döndi, ol özüňe mälimdir. Sygryň dili ýaly kagyza neneň o sözleri çyrşap bildiň! Şu wagt, şu ýagdaýda seniňem gödek sözläp janymy ýakmagyň… Wah, Nygmat, men öz ýanymdan özümi gyzyla deňemän, seniň ýanyňda gyzyldanam gymmatmykam diýýärdim. Emma gyzyl-a beýle-de dursun, ýata suwdanam arzan ekenim. Kakamyň edýän gykylyk-gopguny etimden ötüp, süňňüme ornady. Şeýle durmuşda ýaşamagyň näme lezzeti bar. Häzir men edil çaşyň gözüne sereden ýaly, edenimi-goýanymy bilemok. Gijelerine samrap türýan. Saňa zarynlap, şu çaka çenli şeýle sözleri ýazmandym. Yraň atman, mert durupdym. Bu günki gün bolsa mertligimiň soňuna sogan ekýärsiň. Dört tarapymdan ýanjaýarlar. Ählisem Galpaga göwnemegimi isleýärler. Sözüm sözdür, şol bisyrata barmaryn. Şu ýagdaýda galman, ýaşlykdan ömür tanapym kesilse, şonda-da özümi bagtly saýardym.
          Nygmat, dogryňdan gel, şu zatlary öz akylyň bilen ýazdyňmy ýa… Bilip goý, öz janyňy bir ýakýarsyň, meňkini iki. Men çeýedirin, basjak ýerimi bilip basaryn. Her zat ederin, duzaga-ha düşmerin. Bilemok, ara nämeler düşüp ýör…
                                                                                                                     
                                                                                 Näzmeňli˝.
      Ata burun çaý başynda otyrka gyzyna ýüzlendi.
       -- Gyzym, her gün ferma gatnap halys ýadadyň. Birsellem dynjyňy al, ejeň öý işlerine kömekleş. Işlejek mahalyň iş tapylar, işe tükenme ýokdur!
     Näzmeňli küpürsäp ýerinden galdy. Kakasynyň beýle sypaýyçylykly, ýöne geň teklibi orta atanyna düşünmedi.
          -- Men… men kaka, işden aramok. Bizde sagymçy owaldan ýetenok.
          -- Tüket. Seniň bilen samahullaşmaga wagtym ýok. Işe salanam men, işden çykarýanam!
        Näzmeňli üstünden gaýnag suw dökülen ýaly, sesini çykarman oturdy. Olaryň arasynda başga gürrüň bolmady. Kakasy öýden çykyp giden soň, Näzmeňli ejesiniň ýanyna howlukdy.
       -- Eje jan, men-ä kakama nä döw çalyp ýörenini bilýän däldirin.
       -- Oňa menem düşünemok, gyzym. Men şu gün saňa barysyny aýtmagy, barybir, ýüregime berk düwüpdim. Kakaň seni Galpaga berdim edipdir.
        -- Näme-e-e?
       Näzmeňli özüni hylça ýere goýberdi. Ýüzi duw-ak boldy. Ejesi hereketsiz ýatan gyzynyň agzyna suw  tutdy.
         -- Balam, hany gözüňi bir aç!
        Hatyja eje gyzyna gaýgyly seretdi. Birbada aýdan sözüne puşman etdi. Haýhatly agyryly hassa kimin yňrandy. Gürlemäge ragbaty ýok ýaly duýuldy.
         -- Eje jan, käbäm,, muny öňräk aýtmaly ekeniň! Men, dogrudanam, satylypdyryn. Gapyl galypdyryn. Bagyşla, ezizim…
         Gyzyna Hatyja ejäniň haýpy geldi, ýüregi ezildi. Näzmeňliniň welin   şol bir aglap oturyşydy, gabaklary ýellenip gidipdi.        
         -- Kakaň baş goşup ýören işi çekip-çydardan agyr, gyzym. Men-ä muňa çydaman. Galpak diýilýän nejisi itden beter ýigrenýän.
          Özüne hossar tapynan Näzmeňli ejesine gysmyljyrady, ondan delalat isledi.
         -- Nygmat diýýäniň oňat ýigitdi. Göz öňümde ösüp ulaldy. Gylyk-häsiýetem bir ýigide degýändir. Ýöne kakaň olaryň sawçylarynyň yzyna it salyp kowup goýberdi ahyryn. Indem näme çäräm ýok, kakaň diýenine däl diýip bilemok, gyzym.
       -- Ýüregiňdäkini bildim, eje jan, maňa şol bolýa. Taňryýalkasyn, käbäm. Sen bir özüňi gynama. Görersiň, bary gowulyk bilen gutarar. Ýene-de bir aýdan Nygmat okuwyny gutaryp gelýär.
       -- Gyzym, gyzym. Giň ýeriň gürrüňini edýäň. Gowusy, sen ýüregiňdäkini  taşla, owarram et, takdyryňa kaýyl bol. Toýuň sähedi bellenen, bary-ýogy üç gündenem…
       Näzmeňlini agyr oýlar basmarlady. Uzak günüň agyr ýüküni gerdeninde göterip çykdy. Hiç bir ýerde oturmaga takat edip bilmedi. Ahyry eline bedre alyp, çeşmä ýola düşdi. Uýala-uýala Gülnar ejeňkä sowuldy. Olaryň gürrüňi uzaga çekdi.
                                                     * * *
       Baýram diýseň şatlanyp geldi.
        -- Bilýäňmi Nygmat, Serdar agam gelipdir. Bize kakadylan balykdan sowgatjygam getiripdir – diýip, gele-gelmäne buşlady.    
        -- Şeýlemi! Örän gowy.
        -- Özem maşynlyja.
        -- Maşynly? Näme, agaň maşynam barmydy?
        -- Hawa, bar. Men o barada saňa aýrtdym ahyry ˝Pobeda˝ diýip. 
        -- Aýdan bolmagyňam ahmal. Ýöne hakydamda ýok.
        -- Näme diýsene! Ertir dynç güni. Üç bolup gezeleneje giderismi?
        -- Gezelenjemi, gidäýmeli öz-ä.
        -- Töräýew Nygmat! – Kimdir biriniň zorruk çykan sesi Nygmady hyrra yza öwrülmäge mejbur etdi.
         -- Saňa telegramma bar!
         -- Telegramma, o nämäň telegrammasy?
         -- Öz-ä ˝gyssagly˝gowuşmaly diýlip ýazylan.
         -- Hany, al, göreli!
      Nygmady şagga der basdy. Eline telegrammany alyp,  ony içinden öwran-öwran okady. Birdenem içini gepletdi: ˝Ejeme bolmasyz bir zat…˝ Ol gözüne ýaş aýlady. Ýagdaýy aňan Baýram:
       -- Ine, görersiň, hemmesi gowulykdyr—diýip, oňa göwünlik berdi.
       -- Hernä seň diýeniň bolsun-da, gardaş.
       Nygmat uludan dem aldy. Köp eglenmänem ýolbaşçy mugallymyny telegramma bilen tanyş etdi.
        -- Eger-de, hemme zat oňatlyk bolsa, basym yzyňa dolanjak bol! – diýip, mugallym onuň gitmegine garşy bolmady.
       Şeýdibem olar üç bolup ýola düşdüler. Rulda oturan Serdardy. Ol maşyny ýokary tizlikde sürýärdi. Muny Nygmat haýyş edýärdi. Häzir Nygmadyň ýüz-gözünden, endamyndan burçak-burçak der akýardy.
        -- Ertir yzymyza dolanarys. Bu-da bir gezelenç bor-da. Şeýle dälmi? – diýip, Baýram gözüniň gytagy bilen Nygmadyň tukatlanan ýüzüne garady.
        -- Görmeli-dä! Häzire çenli öýden telegramma almandym. – Ol egnini ýygyrdy.
        -- Sen hiç zady gaýgy etme. Ejeň seni biçak göresi gelendir-de, gyssagly çagyrandyr. Wessalam! – diýip, Serdaram gürrüňe goşuldy. ˝Awrora˝ gutusyndan bir papirosy çykardy-da, ony ernine gysdyrdy. Ol bu ýerlere gezelenç guramaga, daglaryň depesine çykyp, ýörite seýil etmäge göwün ýüwürdýärdi.
      Dagly ýurduň howasy-da bir tüýsli. Ony hasam şäherliler tiz syzýar. Bu mahal ýaňy ösüp başlan armyt agaçlarynyň inçemik şahalary-da şemalyň ugruna ýuwaşja ygşyldaýardy. Şildiräp akýan çeşme suwundan teşneligini gandyrmaga gelen käkilikleň sürüsi hem suwuň gözbaşyndady. Nygmat dymmasyny  dowam etdirdi.  Asfaltlanan ýol kemterläp, maşynyň ýüzi daglyga, günbatarlyga barýan ýola düşdi. Serdaryň mundan aňry ýola beletligi ýokdy. Maşynyň tizligini öňküsinden kän ýuwaşatmaly boldy. Ýolaýrytda:
       -- Ýol-a ikä bölünendir, Nygmat – diýip, Serdaryň elini daldalamagy Nygmady ukudan oýandyran ýaly tisgindirip gitdi.
       -- Hä, çepiüdäkiden sürüber. Hanha, eňňit daglyk görünýä. Şol dagyň aňyrsy on-on bäş kilometrräk uzalyp gidýän çaýdyr. Ondan geçen ýeriň hem biziň obamyz, Armytly bolmaly – diýip, ýönekeý jogap gaýtardy. Serdar oturan ýerinden maşynyň ýüz görülýän aýnasyny esgi bilen süpürişdirdi. Ol beýle äpet, üstüňe abanyp oturan kert-kert gaýalary, saýaly armyt agaçlarynyň bol ýerini öň görmändi.
                                             * * *
     Howa hoştapdy.
     Ýazlyk bugdaý eýýäm orulypdy. Oba adamlary meýdanda galan samanyny mallaryna gyş oty üçin daşaýardylar. Gülnar eje hem eşeklije ýola düşüpdi. Onuň yzyndan atyny säpjedip Ýusup ýetdi.
     -- Gülnar daýza, ugur nirä?
     -- Boş oturmadan peýde ýok, Ýusup jan. Az-owlak saman getiräýin diýdim.
     -- Gülnar daýza, samanyňy özüm getireýin welin… siz öýüňize gaýdyň. Gyssagly gelmeli diýib-ä telegramma berdik. Onsoň, öýüňde oturmasaň gelşiksiz.
     -- Wah, huşum  gursun! Sen men garrydan aýyp görme. Kellä taýak degen adam ýaly öýden çykyp gaýdyberipdirin – diýdi-de, eşeginiň başyny yza öwürmek bilen boldy.
      Galpak toýuna üç gün öňünden başlapdy. Oňat bezelen baýtalyna atlanan Saltyk gyşyk bütin oba jar çekýärdi. ˝Ha-aw, adamlar, siziň hemmäňizi Galpak gelin toýuna çagyrýar, ha-aw! Hemmäňiz, uly-kiçiňiz Galpagyň toýuna barmaly!˝ diýen sesi zol gaýtalanyp durdy. Öýlere aýlanmak Sadap ejä tabşyryldy. Ol öýin-öýin girip çykýardy.
      Toý gyzypdy. Dört-bäş ýerde atarylan gazanlaryň lasyrdysy artypdy. Golaýda ýene-de birnäçe goýnuň aýaklary güýlünip durdy. Toýa gelenleriň öňünde saçak ýazylýardy, başga bir ýertde göreş tutulýardy. Oňa şowhun turzup duran oba adamlary tomaşa edýärdi. 
       Şu mahal Näzmeňli eline bedre alyp  çeşmä suwa ugrapdy. Bahanasy suwdy, gözleri Gülnar ejäniň howlusyndady. Hiç zada gözi ilmedi, diňe ojakda atarylan gazanyň aşagynda ýakylan oduň barha közürgeýändigi ünsüni çekdi. Myhmana garaşylýandyr diýip çaklady.
       Näzmeňliniň suwdan gelýänini gören goňşy aýallaryň biri elini ýakasyna ýetirdi. ˝Toba, tob-eý, essagpyrylla! Heý-de maly geçen, toýy tutulyp başlanan gyzam köçä çykarmy? Eline bedre alyp, suwa gidermi?  Adam ölmese, her haýsyny görjek ekeni-dä? Özüm durmuşa çykamda, üç günläp öýden çykman aglapdym. Allajanlarym o gyz nä üýtgäp ýörmükän?! Görgülijik, öz-ä ak sapaga dönüpdir˝…. Ol aýal Näzmeňliniň bolşuna nebsagyryjy terzde başyny ýaýkady.
      Näzmeňli otly köýnek geýene dönüpdi. Wagtal-wagtal oýa çümýärdi. ˝Ýetişäýsedi˝ diýip samraýardy. Nygmadyň gelip ýetişjegine şübhelenýärdi. Häzir onuň ýanyna boýdaş joralary topar gurap geldiler. Olaryň arasynda Tokga-da bardy.
       -- Näzmeňli, hälem seň göwnüňe ýalan ýalydyr, ertir agşam Galpak daýymyň aşyk oýnabermeli takyr kellesini dyzyndajyk goýup, onuň galkan ýaly gulajyklaryny elleriň bilen syparsyň!
         Ol Näzmeňlini söz bilen telim-telim jaýdar çüýledi. It ýylgyryşyny etdi, içýakgyç gülümsiredi. Näzmeňliniň hiç zat diýmän, dylçaran ýüzüni aşak salyp oturmagyna öz ýanyndan monça boldy. Göreşde özüni ýeňiji saýdy.
      Näzmeňliniň gany depesine urupdy. Tokganyň bokurdagyny çeýnäp, ganyny içesi geldi. Arman, wagty däldi. Şoňüçin onuň şerebeli sözlerine-de diňe aglamak bilen jogap gaýtardy. Gözlerinde dörän ýaş damjalaryaňagyna syrykdy.
     Gijöýländi.
      Ata burunlara-da toýdan iki gün öňinçä ýakyndan-daşdan myhmanlar gelipdi. Oba aýallarydyr gyzlaram bir öýi eýeläp otyrdy. Sesini çykarman, ýüzüni aşak salyp oturan Näzmeňlidi. Gyzlaryň biri oňa has golaý gelip:
      -- Näzmeňli, sen indi, dogrudanam…--diýip, pyşyrdabrak mölterildi. Ol Aýgüldi.
      -- Aýgül jan, başa gelenini görübermeli borun, şagala-ha şam bolasym gelenok.
       Ol sessiz aglap, gözýaş dökdi. Aýgül jorasyna göwünlik berjek boldy, başarmady. Gaýtam, olam özüne erk edip bilmän, aglady. Goňşy-golamlar hem gijäň birmahalynda dagady. Myhmanlar ýatmagyň aladasy bilen boldy. Her kim özi üçin amatly ýer tapyp, gyşarypdy. Näzmeňliniň gözlerine çiş kakylan dek, ýatmak küýünde-de ýokdy. Gözleri gara petikdedi. Hyýrsyzlanyp duran Galpak duýdansyz bir ýerden çykaýjak ýaly boldy durdy.
     Gijäň ýary geçipdi. Töwerekde gymyldy ýokdy.  Käsi hor çekýärdi. Ata burun hem turarly däldi. Onuň üçin häzirki uky goja aryň balyndanam süýjüdi.
      Ýerinden galan gyzyň ýüregi hüpbüldäp başlady, soň ol gürsüldäp-gürsüldäp urdy. Onuň şol mahalky gürsüldisi ýeňil taksiniň hasap nurbaty bilen deň urýan ýolagçynyň ýüregini ýada saldy. Bukjasyny ele alyp, gapa ýöneldi. Ol nirä gitmekçi bolýarka? Muny onuň özem bilenokdy. Arman, gapyny açmak ony agyr ýagdaýa saldy. Ylla öňünde Galpak duran ýalydy. Bu, elbetde, ˝gorkana goşa göründigidi˝. Ol baryp ýerinde gyşardy. Soňam bir synandy, şeýdibem daň atyp, töwerek ýagtyldy.
                                                * * *
       Ýusup Näzmeňliniň aladasy bilendi. Ol häzir oýunda utulyp barýan bir komandanyň baş trenerindenem beter tolgunýardy.Obadan dört-bäş kilometr çemesi uzaklykda güýmeň-süýmeň edip ýördi. Telim ýolagçylary garşylapdy. Uzakdan görünýän ýene bir maşynyň tozany onuň ünsüni özüne çekdi. Depä çykdy. ˝Bu myhmanlaram Galpagyň toýuna gelýän bolaýmasa˝ diýip, eşidiler-eşidilmez mydyrdady. Maşyn golaýrak gelip saklandy. Ondan ilki bolubam täzeje penjekli, ak köýnek, gara ýakabagly bir ýigit düşdi. Ýusup gözlerine ynanmady. Ol Nygmatdy.
         -- Ýusup! Näme habar? – Nygmadyň danagy doldy. Ýüzi duw-ak boldy.
         -- Bilýäňmi, Nygmat! Ertir Näzmeňlini çykarjak bolýarlar. Şoň üçribem men saňa telegramma beripdim.
         -- Oň üçin-ä azara-da galmaly däl ekeniň, dostum. Ol özüni satdyrypdyr ahyryn. Sözünden dänensoň… aý, onsoň menem ony unutdym.
       -- Beýle däl, Nygmat. Näzmeňlide jinnek ýalyjagam günä ýok. Ol betbagt öz satylanyndanam bihabar. Biz ony üç gün mundan owal eşitdik. Ol seni söýýär, şu ýerden başyny alyp gitse kaýyl.
       Baýram Nygmadyň derdi egsilendir öýtdi. Emma Nygmadyň göwresi yssytma tutan ýaly düýrügipdi.
      -- Häzir Näzmeňli näme hyýalda?
      -- Ýaňy görüp gaýtdym. Gözüniň ýaşy kepänok. Gülnar ejä-de  habar beren onuň özi. Işindenem çykarypdyrlar. Ol seniň basymdak geleriňe garaşýar. – Ýusup soňky sözlerini janygyp aýtdy. – Häzir men Näzmeňlä seniň geleniňi aýdaryn. Öz münýänje atymam howlyňyzda daňylgy durandyr. Kim bilýär, demir ýol ýakasyna aşmakçy bolsaňyz gerek bolar öýdüpdim. Indem sen garaňky mazaly gatyşýança şu ýerde garaş. Soňam öýüňize bar, käbäň bilen hal-ahwal soraş. Onýança menem bararyn.
       -- Beýle bolsa, biz seniň aýdyşyň ýaly ederis. Näzmeňlinem hökman görmeli bolarys – diýip, bu gezek Baýram Nygmatdanam öňürtdi. Ony Serdaram oňlady.
       Olar gijara öýlerine geldiler. Çaý başynda gürrüňlrşip esli oturdylar.
          -- Biri geläýdi öýdýän. – Gülnar eje gapa ýöneldi. Bu gelen Ýusupdy. Ol içerik girip-girmänkä, demi-demine ýetmän sojady.
         -- Nygmat, Nygmat, bu bolýan zatlara sered-ä – diýip, bir demde ähli zady aýtjak boldy.
         -- Näme bolupdyr, Ýusup! Näme habar, eýgilikmi?!
         -- Isle eýgilik bil, isle-de däl. Näzmeňli gaçypdyr.
         -- Näzmeňli gaçypdyr!
         -- Hawa, Näzmeňli ýok, walla, ynanjagam däldim, kakasam, ejesem ot-elek bolşup ýörler.
          -- Nirä gidip biler?
          Nygmadyň bu sowalyna her kim özüçe jogap gözledi.
           -- Ol özüni heläklän bolup ýörmesin.
           -- Ýok, Nygmat, ol namartlar-a öýdemok. Belki, şähere gidendir. 
           -- Şähere? Ol şäheri nirede görüpdir? Nädip gidipdir, kim bilen? Saňa-da gitjegini aýtmandyr.
Nygmat Ýusubyň öňünde birgiden sowaly  keserdip goýdy. Hälem bu ara ejesiniň goşulanyny görüp, käbir zatlary soramaga çekindi.
            -- Oglum, sen Ýusup janyň aýdýanyna ˝hä˝ diýäý. Näzmeňli erjel, edenli gyzdyr, öz başyny özi çararça bolandyr. Ynha, görersiň, bir ýol tapar.
            -- Şeýle dostuň bolar-da zadyň gaýgysyny ederlermi, Nygmat. Ýusup seniň hakyky dostuň ekeni – diýip, Serdar mys-mys güldi.
          Olar turuşmak bilen boldular. Nygmat ejesine garap:
          -- Eje jan, käbäm, alada galyp oturma. Biz Näzmeňlini hökman taparys. Ony hiç kese bermeris. Ondan ýaňa arkaýyn bolaý – diýdi.
          -- ˝Gaçanam alla diýer, kowanam˝. Işiňizi alla oňarsyn, oglum. Şu musalladyň elinden sypan bolsa, başga zadyň alajy bor. Bagtyňyz açyk bolsun, balalarym. – Gülnar eje olary begençden ýaňa ýaşaran gözleri bilen derwezä çenli ugratdy.
                                                        * * *
      Toý ýerindäki otlukly hereket daň atanyndan başlanypdy. ˝Gyz ýok!˝habary hem tiz ýaýrady. Ulili haýran galdyran bu habar dälilik hetdine ýeten Galpagy hasam dergazap etdi. Özüniň näme edenini, näme goýanyny bilenokdy. Aňsyz-düşünjesiz hereket edýärdi. Toýa gelen märekäni kowýardy. Onuň howluda turzan uly gohy aýal-ebtatlaryň, garrydyr ýaşlaryň myş-myşlaryny has-da güýjeden ýaly etdi.
        Ata burun hem galawutlydy. Ýarasy beterleşen arslan ýaly ah çekip, öwhüldäp-öwhüldäp dem alýardy. Çar tarapa atlydyr eşeklini, maşynlydyr pyýadany kowgy iberdi. Emma … gördüm-bildim bolmady. Öz-özüni heläkländir öýdübem olaryň girmedik öýleri, barmadyk gapylary galmady.
Emma haýp, Näzmeňli bu mahal aýak ýeterden uzakdady. Ol şäherde Nygmadyň ýaşaýan otagynyň gapysynda garaşyp otyrdy.

1973 –1975-nji ýyllar.

# Powest “Garagum” žurnalynyň 1992-nji ýylyň 6-njy sanynda çap edildi.

Категория: Powestler | Просмотров: 577 | Добавил: Нawеran | Теги: Goçy Annasähedow | Рейтинг: 1.0/1
Awtoryň başga makalalary

Powestler bölümiň başga makalalary

Материалов за текущий период нет.

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]