21:08 “Rahatja günlerňi ýa:t etdim saňa...” | |
"RAHATJA GÜNLERŇI ÝA:T ETDIM SAŇA..."
“Men yşky ömürlik iş etdim saňa” Italmaz Akmyradow “Aýralyk dagynda üşeme” diýip, Ýüregimi ýakyp, o:t etdim saňa. Çirksiz ynam bilen ezizläp, söýüp, Yşksyz geçmişimi ödetdim saňa. Salgym däl ekeni güneşli günler, Ýyglaýa-ýyglaýa, terk etdi tümler. Gizleme duýgyňy, barybir bilner, Rahatja günlerňi ýa:t etdim saňa. Sen hakda “gepledip” ähli setirin, Döretdim kalp ysly goşgy hataryn. Uçuber erkana, üwräp öterin, Ylham ganatymy bat etdim saňa. Çözledik, arada goýmadyk düwün (Öwün yşkyň bilen, ýüregim, öwün!). Seni magşuk kylyp özüme, bu gün Jümle aşyklary ät etdim saňa. 23.02.2021 ý. Sapa HOMMADOW. | |
|
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 7 | |||||||
| |||||||