11:46

Sen indi ýok...

SEN INDI ÝOK...

Sözler meniñ ýalñyşlygym bilen däl,
Ýalñyzlygym bilen çykdy dilimden.
Meñ gitmän galanym owarram welin,
Sen-ä gitmegi-de gelmän eliñden.
Her hoşlaşyk islär göz-göze didar,
sen unutdyñ nädip didarlanşynam.
Ýitirenlem doñup galdy dilimde,
Gelmegiñi näler islesem-de, sen
Giden pursatyñy salarsyñ ýada.
Özüñem bilýänsiñ, bihuda söýdüm,
Garawul durardym gije ukyma,
Gaçyrmajak bolup düýşleñ şirnigin.
Dem salym açylsa gözümiñ öñi
Gidişiñ gurumy gaplar tüýnügim.
Has beterem Günüñ säher dogşuny
Synlamaga örän ederdim höwes,
Senem gitmesediñ şobir tarapa,
Gam berýämi on-a bilemok welin,
Indi synlamagam halamaýan, bes!
Häzir hasam basmarlaýar sensizlik,
Özem zerurlygy ýok mahalynda,
Zagpyran deý solup barýan günbe-gün.
A sen bolsa gülüp ýörsüñ häzirem,
Näme diýjegimem bilemok saña,
Boljak ekeniñ-ä mensizem bagtly...
Sen indi ýok...
Ildim illeñ gözüne,
Öñküden has beter örtenip ýanýan.
Saña dahyly ýok gözleñ içinde
Näderimi bilmän pallap gerinýän...
Meger oñarmadym ýalan söz sözläp,
Seniñ gideniñi sakladym gizläp...
Hiç kimem bilenok seniñ adyñy,
Nirede ýaşadyp ýörenligimi...
Aram-aram gülen bolýan ýalandan,
Özgelerem muña ynanýa ýöne.
Bir gynanjak zadym, 
                                         häli-häzirem
El çekip bilemok seni söýmekden.
Soñam dymýan... dymdyrylýan dogrusy...
Hasabam birneme bulaşyp barýar,
Men gelemde mydam, sen gidip barýañ...
Garşylyk berjek däl,
Goý, şeýle bolsun!
Juda sadamykam, 
                                    ýa aşa söýdüm?...
Ýadyñdamy, didelerñe syn edip,
Ummana düşen dek çümer galardym...
Aý, bilmedim öz-ä... 
Ýap-ýañam bardyñ,
Häzirem sen ýok...      

Kahraman TAZEOGLY.

Terjime eden: Has TÜRKMEN.
Категория: Goşgular | Просмотров: 509 | Добавил: Нawеran | Теги: Kahraman Täzeogly | Рейтинг: 4.3/6
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Päk asmanyň ýyldyzlary / Goşgular - 08.01.2023
Они моих страданий не поймут / Goşgular - 15.01.2023
Saňa duşmazdan ozal / Goşgular - 27.01.2023
Senden öwrendim / Goşgular - 04.02.2023
«Мой милый, будь смелым…» / Goşgular - 07.01.2023
Umytsyzlyk... / Goşgular - 13.01.2023
Алмаз / Goşgular - 09.02.2023
Видение Иезекииля / Goşgular - 21.01.2023
«Мировое началось во мгле кочевье…» / Goşgular - 14.01.2023
Зимний час / Goşgular - 03.02.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]