15:57 Suratkeş bolan bolsadym... | |
***
Goşgular
Suratkeş bolan bolsadym, Şeýle bir surat çekerdim, Dünýäniň bar ýagşylygny, Şol suratda görkezerdim. Çekerdim kän ynsan keşbin, Mähirden goly gözlerin, Asman Ýeriň tapyşygyn, Çekerdim tämiz gözýetim. Çekerdim gyzlaryň näzin, Alňasaýan jahyllary, Baharda bilbil nagmasyn, Kän çekerdim şahyrlary. At toýnak sesin çekerdim, Ýaý okunyň şuwwuldysyn, Başy garly dag çekerdim, Şaglawugyň güwwüldisin. Toprakdan gögerip delýän, Ýap-ýaşyl maýsa çekerdim. Törden asylgy dutary, Hem täsin sübse çekerdim. Çekerdim Güne meňzedip, Türkmen tamdyr çöregini, Suratymy synlan ynsan, Görer ýaly geregini. Garaz, dünýäni çekerdim, Ýöne men suratkeş däl-dä. Ýürek diýýär "Şahyr bolsaň, su zatlary şygra sal-da" | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||