21:38 Teýeneli sözleriñ manysyny anyklamaga ukyply emeli añ öndürildi | |
TEÝENELI SÖZLERIÑ MANYSYNY ANYKLAMAGA UKYPLY EMELI AÑ ÖNDÜRILDI
Hawa, hawa! Ýalñyş eşdeñzok, wirtual dünýäniñ in wawwaly meselelerinden biri bolan medeniýetsiz gödek we hapa-paýyş sözleri ulanýanlara emeli añyñ hem özüçe çemeleşişi bar. IBM-niñ ("International Business Machines": kompýuter tehnologiýalaryny öndüriji dünýä boýunça iñ uly amerikan şereketi) alymlar toparynyñ aýtmagyna görä, ýazylan sözlemiñ mazmunyny bozmazdan onuñ içindäki teýeneli ýa-da halanmajak hem-de bimaza ediji kysmyny anyklamak mümkin. IBM-niñ alymlar topary Twitter-den we Reddit-den 10 milliona golaý garşylyklaýyn ýazylyşan teswirleri toplady. Soñra emeli añly rohot (AI) algoritmini taýýarlady - bir bölek öz berýän manysyny orta çykarmak üçin goýberilen haýsydyr bir gyjyt beriji jümläni bir gyra aýyrdy, ikinji emeli añly robot bolsa has göwnejaý nusgany döretmek üçin ulandy we üçünji bir dil däldigini görmek üçin terjime edilen jümläni degerlendirdi. Netijede ton üýtgedi. Täze jüml has soñra asyl nusgasyna näderejede meñzeýändigini görmek üçinem ikilenç terjime edildi. Haýsydyr bir näsazlyk bar bolsa, sistema şoña görä hem sazlandy. Mysal üçin "Dowzahyñ ugruna, dünýä meseleleriniñ iñ erbedi" diýen sözlem bu algiritm bilen "Dünýä meseleleriniñ iñ erbedi" görnüşine geldi. Hünärmenler sistemanyñ ýigrenç gatyşykly, hapa-paýyş, milletçilikli we jynsparazçylykly sözleri hem ele aljagyna ynanýarlar. Şol bir wagtyñ özünde bu tilsim senzuranyñ goýy kölegesiniñ artmagyna we erkin pikirliligiñ gysylmagyna-da getirip biler. Şonuñ üçin algoritmiñ derejesini ýerindäki senzuranyñ ýagdaýyna görä sazlamaly bolar we elbetde, her kes agzyndan çykan söze jogap berjek derejede ýazýan zadyna ünsli bolsa, bular ýaly usulyñ geregi-de ýok. IBM-niñ amala aşyran bu işi hernäçe iñlis dilinde we dünýä dilleriniñ köpüsinde durmuşa geçirmek az wagtyñ dowamynda mümkin bolsa-da, muny türkmen dilinde göz öñüne getirmek häzirlikçe mümkin däl. Size-de mälim bolşy ýaly, türkmen dili paýyş sözler meselesinde çäksiz gora eýedir, türkmen diliniñ islendik sözüne islendik many berip bolýar. Megerem, emeli añly robot türkmen diline gezek gelende başy çaşsa gerek <img align="absmiddle" alt="wacko" border="0" src="/.s/sm/1/wacko.gif" /> Taýýarlan: Gökböri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |