Adamlar bu günem obanyň ortasyndaky meýdança ýygnandylar.
Ýygnananlaryň aglabasy aýallar, oglan-uşaklardy. Olary bu ýere hiç kim çagyrmandy, emma olar topar-topar bolup gelipdiler.
Şunuň ýaly ýygnanyşyk indi ikinji ýyl dowam edýärdi.
Olaryň ýüzleri gamgyndy, ýürekleri gussalydy. Çagajyklara deňiç seslerini çykarman, boýurganyşyp duruşlaryna ululara seredýärdiler. Eneler aglaýardy. Aýralyk gözýaşy! Adamlaryň dabanynyň astynda kirşene öwrülen toprak indi ikinji ýyldyr, enelerieň gözýaşyny sorup ýatyrdy.
Bu gün ýene birnäçe adam fronta ugraýardy.
Ugraýanlaryň arasynda heniz maňzy dolmadyk, dünýädäki wakalary alasarmyk göz öňüne getirýän, doly manysynda oglanlykdan saýlanmaga-da ýetişmedik ýigitlerem, köpi görüp, durmuşda gabat gelýän sansyz köp mesleleriň üstünde telim gezek çorba sowadan adamlaram bardy. Emma bu gün olaryň arasynda parh goýýan ýokdy. Häzir olaryň bary bir matlaply adamdy, söweş ýoluna düşen esgerlerdi.
Boýy derek ýaly syrdam, ýaňy ýigrimi ikisine gadam basan Nuryny çölden çagyrdylar. Ol mundan öň iňläp ýatan çölde egnine çopan taýagyny atyp, kolhozyň goýnuny bakýardy.
Şu çaka çenli dünýäniň gowgasy Nura örän daşdaky zat bolup duýlupdy. Onuň hemrasy ýagynyň yzyndan kowup ýetýän ala kööeklerdi. Bökjekleşýän owlak-guzulardy, garnynyň doýaryny bilse, başga zady islemeýän goýunlardy. Nury pajygaly günlerde durmuşyň özünden nämäni talap edýänine düşünýärdi.
Fronta giden obadaşlary söweşýärdiler, gan dökýärdiler, gerek ýerinde jan berýärdiler. Obada galanlar gijäni gündiz edip işleýärdiler. Hemme kişi esgerdi, kimse eli ýaragly, kimse ýaragsyz.
Ýaz pasly süri batymlyk örä giderdi. Guýudaky çopan goşy bilen aralyga menzil-menzil ýollar düşerdi. Nury aňňat-aňňat gumlaryň ortasynda sürüsi bilen galýardy, şonda-da ýüregi gysmazdy. Ýaş ýigit berdaşly elinde egri taýagyny oýnadyp, gum depelerine çykardy-da, töwerege seýran ederdi. Çöl! Göräýmäge ol rehimsiz, doňýürek ýaly. Emma ony söýmegi başarmalydy.
Nury ony söýýärdi. Ýaz otuna örtülen çöl Nurynyň gözüne obadaky gelni Dünýä ýaly owadandy. Aňňatlaryň arasyndaky ülpüldeşip oturan gyzyl gülälekler ýigide gelniniň al ýaňagyny ýatladýardy. Çöli söýen adam onuň ýüreginiň sesine-de gulak asýardy. Ol ses Nury üçin enäniň zaryn hüwdüsine çalym edýärdi. Asmanda gaýyşyp ýören bulutlar, şol zaryn hüwdüni diňlemek üçin aýak çeken ýolagçy ýaly, birden togtaýardylar, bir ýere jemlenýärdiler. Birdenem asmanyň ýüzüne ýukajyk perde çekip, otlaryň üstüne damja sepeläp ugraýardylar. Ýaş ýigidiň göwnüne bulutlaryň bu bolşy ýüregi ýuka ýolagçynyň gözýaşy ýaly bolup duýulýardy.
Bulutlar bölünişip, ýene ýollaryny dowam etdirýärdi. Asmanda gün ýaldyrap görünýärdi-de, ýüzi ýuwlan otlaryň üstüne täsin şöhle saçýardy. Günüň bu şöhlesi Nury üçin söwer gelniniň al-elwan ýüzündäki süýji ýylgyryş ýaly mähirlidi, owadandy. Şundan soň mylaýym, pessaý şemal öwsüp, gülleriň hoştap ysyny getriýärdi.
Holha çölüň aňyrsy gutaran dek, gözýetimde ol öz ornuny açyk asmana berýär. Gözýetim! Ol gyzlaryň sytarasy ýaly ajaýyp!
Goýun sürüsi agyp-dönüp, ýatyp-turup otlap ýör. Bu ýerde ony tüpeňiň ýa-da topuň sesi ürküzmeýär. Nury dünýäniň ýüzünde-de şeýle dynçlygyň bolmagyny, toplaryň lal açmagyny isleýärdi. Ýigidiň ýüregi ganat bekläp, uzaklara: obalaryna, söýgüli gelnine tarap uçýardy. Onuň häzir çölüň gözelligine gelni bilen bile seýran edesi gelýärdi. Emma onuň arzuwy gury hyýal bolup galýardy. Ýok, gelniniň seýran etmäge eli degmeýärdi. Pagta, bugdaý ekmelidi, eşik tikmelidi. Dogan-garyndaşlar, dost-ýarlar, adamlar Watan ugrunda gan dökýärdi, olary bir minut hem ýatdan çykarmaly däldi. Şu zatlary hakydasyna getirende, Nury kiçelýärdi, özüni idegsiz, bikär, çölde taşlanan adam hasap edýärdi. Ol däri ysynyň ýaýaramagyny islemeýänem bolsa, häzir elindäki taýagyň tüpeň däldigine kemsinýärdi.
Nury uzak kemsinmeli bolmady.
Oba ýygnandy. Fronta ugraýanlaryň arasynda Nurynyň agasy Hapyzam bardy. Iki dogany dünýä inderip, kemala getiren ene-atasy ugratmaýardy. Olar entek Nury on-on iki ýaşly çagaka dünýäden ötüpdiler.
Iki doganyň dilleşilen ýaly bir wagt ýola düşmekleri maşgala agyr degýärdi. Maşgalada Hapyzyň aýaly dursun, onuň sekiz ýaşlaryndaky oglu Hally bilen mundan bary-ýogy bir ýyl öň başyna mahmal atyp, Nurynym dulyna geçen Dünýä galýardy. Häzir olaryň üçüsi hem ugratmaga gelipdi. Olaryň aýralyk pursatdaky gözýäşlaryna seretmek Nura agyr degýärdi, sebäbi ynha ol ýat ülkelere düşer, öýüni, obalaryny, maşgalasyny ýatlar. Şol süýji ýatlamalarda onuň göz öňüne ilki bilen häzirki hoşlaşyk pursady gelip geçer.
Ýaşly gözler! Olar ajy aýralygyň soňky pursadynda hasam gussaly bolýarlar. Emma Nurynyň gülüp duran gözi görüp, gülüp duran gözi-de ýatlasy gelýärdi.
Nury töweregindäkileri köşeşdirjek bolup janygýardy:
- Beýdip, aglaşyp durmasaňyz-la...
Hiç kim onuň sözlerine gulak asmaýardy. Nurynyň gapdalynda durup, onuň syratyna ser salyp dpýup bilmeýän Dünýä-de bu sözden netije çykarmaýardy. Gelniň tegelenip duran owadan gözüniň owasyna kümüş halka geýdirilen ýaly, ýaşly gabaklar gyrpyldaman, doňup galypdy. Ýaldyraýan göreçleri Dünýäni görmek üçin däl-de, ýaş dökmäge werdiş edilip ýaradylan dek, damja-damja gözýaş syrylyp gaýdýardy.
Nury ol göze syn edende, aýralygyň nähili ajy zatdygyna düşündi. Ol garry mamanyň ertekisindäki ýaly taryp edilýän çeşme ýaly durudy, päkdi. Ýigidiň göwnüne bolmasa, gözdäki ýöne bir gözýaş bolman, yssy mähriň damja öwrülen görnüşidi.
Dünýä utanýardy. Gapdakynda gaýnagasy, obanyň aksakal ýaşulylary durdy. Ýogsa iň soňky pursatda aýdara söz gytmy näme? Şonuň üçinem ol ýüregindäkini gözýaş, mähirli garaýyş bilen düşündirýärdi.
Nury düşündi. Özüne garaýan ýaşly göz oňa: "Sag-aman dolanyp gel. Ýoluň açyk bolsun. Duşmanyň gözi kör bolup, saňa diýlip atylan oklar daglara daşlara degsin. Men häzir ýylgyryp biljek däl. Onuň üçin sen maňa gatyrganma, ezizim, ýürek daş däldir. Men seni toýa ugradamok. Men seni jeňe ugradýan. O ýerde toý tutulanok, o ýerde adam gany dökülýär. Onsoň, men neneňler edip häzir ýylgyraýyn, ezizim?" diýýärdi.
Nury töweregine ser saldy. Hemmelerem aglaýarmyka? Aýallar gözýaşa gezek gelende, ejiz, durumsyz bolýarlar. Nury muny bilýärdi. Onsoň häzir erkek adamlara syn edip başlady. Özünden bäş-on ädim gapdalda duran ýaşulynyň başyny belent tutup durşuny görende, Nury ynjaldy. Ýaşulynyň könelişen gözlerinde gözýaş görünmeýärdi, ol müzzerilmän durşuna bir eli bilen döşüni ýapyp ýatan çuw-ak sakgalyny daraklaýardy. Daşyndan göräýmäge ol uzaklara garap durşuna geçmişinden bir wakany göz öňüne getirip, töweregindäkilere gür beräýjek ýalydy. Belki, şeýledir! Durmuşda köp gowgalary başyndan geçiren gojanyň häzir öz paýyna düşen jeňlere gatnaşyşyny ýatlaýan bolmagy mümkin. Onuň ýüzünde gojalan adama mahsus tekepbirlik hem göwniýetijilik duýulýar. Belki ol häzir gojalyp, dyzynyň kuwwatynyň azalanyna ökünýändir. Goja fronta ugrajak ýigitlere syn edende, onuň ýüzünde guwanç, şol bir mahalyň özünde-de kemsinme alamaty görnüp gidýär. Belki, gerçekleriň gollaryndaky güýje gojanyň gözi gidýändir!
Ýaşuly birden öňkidenem beter dabaraly görnüşe girdi., has daýandy. Nurynyň göwnüne onuň boýy ýaş ýigidiňki dek syrdam göründi.
Goja ýol goşuny alyp duran oglunyň egnine kakagadan, aýtjak sözüni hemmelere eşotdirip aýtdy:
- Mert boluň! "Mert söweşde belli" diýipdirler, baryň, sag aman geliň.
Adamlar hümer bolup baryşlaryna bagy goltuklap oturan öňi eýwanly jaýa tarap ýöneldiler. Iki-üç ýyldan bäri adam eli degmänsoň, ýagyş-gar zerarly düýpleri opurlyp ugran şol jaý kolhoz prawleniýesiniňkidi.
Häzir jaýyň alabeder diwarlary hiç kimiň gözüne ilmeýärdi. Hemmäniň nazary eýwanyň öňünde duran furgondady.
Ýolagçylar goşlaryny furgona ýükläp ugranlaryndan adamlaryň arasynda hereket, galmagal köpelip başlady. Aýralyk pursadynyň has ýakynlandygyny bile eneler iň soňky gezek perzentlerini bagryna basyp, olaryň sag aman dolanyp gelmeklerini dilediler.
Nury ugradýanlara köşeşdiriji söz aýtmaly wagtyň gelendigini bilse-de, dil ýarmaýardy. Ol diňe ugradýanlara başyny atyp, çaga ýönekeýligi bilen seredýärdi. Nury gapdalynda duran agasynyň bir zatlar diýerine garaşdy. Agasy ýarym ýaş-aglaýan aýalyna, mölterilip, kakasyna garaýan ogluna agras seredip durşuna, uludan demini alyp:
Hudaý bilsin, indi gaýdyp biziň oba ýüzümiz düşjekmi, he... - diýdi.
Bu söz Nura urgudanam beter degdi. Şu mahal şeýle sözi başga biri aýdan bolsady, onda gör nämeler diýerdi. Emma agasy aýdansoň, nalaç dymdy.
Furgon ugrady.
Nury iň soňky gezek agasynyň ogluny gujagyna gysyp, çaganyň sowujak ýaňagyndan ogşady. Hemmelere:
- Sag boluň - diýdi-de, soňra çetiräkde duran Dünýä tarap öwrüldi.
Dünýä aglamaýardy. Ol gözüni tegeläp, bir zatdan gorkup bezgek bolan ýaly sandyraýardy. Nury gelniniň üstüne abanyp durşuna:
- Arkaýyn işläberiň. Biz dolanyp geleris. Sag boluň onda - diýdi.
Şu pursatda owadan gözde ýene ýaş göründi. Dünýä diňe üç sany söz aýtmaga ýetişdi.
- Sag aman geliň...
Bokurdagy dolansoň yzyny dowam edip bilmedi. Dünýäniň iň soňky sözi ýuwaş, emma Nurynyň gulagyna şeýle bir mähirli eşidildi, ol sözler bu pajygaly pursatda mähriban enesini ýatlamaga ýaş ýogidi mejbur etdi.
Ejesiniň aradan çykanyna ep-elli ýyl geçse-de, Nurynyň kalbynda onuň yssy mähriniň ýylysy galypdy. Nurana ýüzli enäniň mylaýym sesi ýigidiň gulagyndan gitmeýärdi. Aýratynam, Nury soňky ýyllarda ejesini ýygy-ýygydan ýatlaýardy, agasynyň maşgalasyna ysnyşyp gidiwermeýärdi. Ejesi öleli bäri geçen ýyllaryň içinde ol Hapyz bilen ýeke gezegem dogan hökmünde ýürekden gürrüň etmändi. Onuň höwnüne Hapyz üçin özüniň barlygy-ýoklugy des-deň ýalydy. Hapyz henize deňiç inisi hökmünde Nura maslahat bilen birjik hem ýüz tutmandy ýa-da maşgalanyň hatyrasyna ýumşam buýrmandy.
Hapyz söwda işi bilen gümrady. Ol kolhozyň dürli önümlerini satýardy. Nurynyň göwnüne ol doňýürek, rehimsizdi. Henize deňiç "Inim, al şuny, sowalga edinersiň" diýip, Mura pul hödür etmändi, ýa-da inisine niýetläp geýim-gejim sowgat getirmändi.
Hapyz agşamlyk öýe gelerdi-de çyrany ýanyna alyp, aýaly bilen pul sanardy. Olaryň hyşy-wyşy gürrüňleri gutarmazdy. Şol mahal Nurynyň gapydan girenini biläýse, Hapyz derrew gürrüňini keserdi, öňündäki petde-petde pullary keçäniň aşagyna gyssanmaç dykyşdyrardy. Şu hereketleri görende Nury öz ýanyndan kemsinerdi, ejesini ýatlardy, hamala ol öz öňünde direlip oturan ýaly, oňa sala salyp görerdi.
"Eýsem, şu öýde meniň bolmagymyň geregi bir barmy?" diýen soragy ol häli-şindi gaýtalaýardy. Gelnejesem onuň gamgyn göwnüni tapjak bolup azara galmazdy. Nury pikire batyp ünjüli oturan bolsa, iň bärsinden onuň hal-ýagdaýynam soramazdy, getiren naharyny goýardy-da kelam agyz söz aýtman, çykar giderdi. Dogry, ol ýüwürjisiniň geýimini ýuwardy, naharyny minnetsiz taýýar ederdi. Dursun asla-da tebigatyna görä dymmady, geregini aýdardy, biderek gepländen uzynly güni dymyp gezenini gowy görýärdi. Onuň üstesine-de gödegräkdi, käwagtlar adamyň göwnem diýmezdi, morta bir gep aýdar goýbererdi.