22:27

Ýagşy Dolynyñ şortalaryndan

ÝAGŞY DOLYNYŇ ŞORTALARYNDAN

■ «Eşegiňkem-ä çüwdi»

Annaguly düýe lakamly bir obadaşy orakçylaryň ýanyndan paý-pyýada gelýän Ýagşyny görüp «çöş» diýip eşegini saklapdyr. Eýesiniň agyr göwresine bili ýaý berip gelýän janawar aýdylanyna mähetdel sakga durupdyr.
Annaguly aga:
— Ine, Ýagşy jan, mün, seň bagtyň getirdi — diýip, eşekden düşüpdir.
Şonda Ýagşy:
— Meň bagtymam-a getirse getirendir welin, eşegiňkem-ä çüwdi — diýip ýylgyrypdyr.

■ «7-nji synpda galdyraýyň»

4-nji synpda okaýarka Ýagşa mugallymy igenipdir:
— Gowy okaňok. Utan, göwräňe dagy seret, 7-nji synplaryňky ýaly. Seni 4-nji synpda galdyrmasam bolmaz.
Şonda Ýagşy:
— Gaty utanýan, mugallym. Eger mümkin bolsa, meni 7-nji synpda galdyraýyň — diýipdir.

■ «Seňem ýüzüň-ýeňsäň däl»

— Allamyradyň «ýüzi-ýeňsesi» däl, oňa sözüm ýok — diýip, obadaşlarynyň biri Ýagşy Dolynyň agasyny öwüpdir. Bu söze dogry düşünmedik Ýagşy ýerinden tarsa turaga-da ol adama dikanlap:
— Ile at dakmaly bolsaň, ökde ekeniň. Seňem «ýüzüň-ýeňsäň» däl ahyry — diýip gatyrganypdyr.

■ Ýykylyp-sürşüp ýörmän...

— Ýagşy day, saňa bäş ýaşynda aýak bitipdir diýýäler welin, çynmy? — diýip, ondan sorapdyrlar.
Şonda Ýagşy daýy:
— Aýak biteni-hä has öňräk. Ýöne ýykylyp-sürşüp ýörmän, bäş ýaşymda ýöränimi kem görmedim — diýip jogap beripdir.

■ Çaga gürrüňi

Oglanjykka öýlerine ylgap gelen Ýagşy gele-gelmäne ejesine ýüzlenýär:
— Eje, Ogulsona gelnejem dagy seň gürrüňiňi etdiler.
— Näme gürrüňim barmyş — diýip, ejesi onuň ýüzüne garaýar. Şonda Ýagşy:
— Bilmedim, ýöne «Abadan, Abadan-a» diýdiler — diýip, gelen tarapyna ylgapdyr.

■ Il-ä şo-da etmedi

Ýagşy mekdepden gelipdir welin, uly agasy onuň ýazuw depderlerini barlapdyr. Gorse, ikilik baha düzüm-düzüm diýýä.
Agasy:
— Ýagşy, bun ä boluş? — diýip, oňa soragly nazaryny dikýär.
Şonda Ýagşy:
— Il-ä şo-da etmedi — diýip göwnübir ýaly jogap beripdir.

■ Bizem bişirip emmedik

Obadaşlarynyň biri Ýagşy Dola ýüzlenýär:
— Ýagşy aga, araky aýadan sözümi ýokuş görmäweri. Seniň aýdanlaryň aňryýany bilen dogry eken. Biz bir çig süýt emen-dä.
— Bizem süýdi bişirip emmedik, çig emdik. Şonda-da göwne degjek bolup ýöremzok — diýip, Ýagşy Doly gatyrganypdyr.

■ Öz saçynam ile syrdyrýaryn

— Saçymy syryp bersene — diýip, goňşularynyň hüžžük saçly ogly Ýagşy aga ýüzlenipdir. Şonda Ýagşy Doly:
— Inim, men-ä öz saçymam ile syrdyrýan. Seň saçyňa päki degrip bilmen — diýipdir.
Ýalan sözlemäge duranja ýerim-dä...
Ýagşy Doly mekdepde okaýarka, taryh mugallymy ondan geçilen sapagy sorapdyr. Ýagşynyň hiç zat aýtman dymyp duranyny gören mugallym:
— Kitabyň ýoklugyny bahana etjek bolup azara galma. Men düýn gaty gowy edip, düşündirdim-ä. Şony gaýtalaý — diýip maslahat beripdir.
Şonda Ýagşy:
— Meni bagyşlaň, mugallym.ýalan sözlemäge duranja ýerim-dä — diýip göwnübir ýaly aýdypdyr.

■ Könesi bolmadygyň...

Ýagşy Doly obada sürüji bolup köp işläpdir. Ýöne oňa hemişe köne maşyn ynanypdyrlar. Ol:
— Maňa-da bir täze maşyn beräýiň — diýip haýyş etse-de, «Könesi bolmadygyň täzesi bolmaz» diýip, aýdanyna gulak gabartmandyrlar.
Bir gezek oba ýolbaşçylarynyň biri dükandan täzeje galtak satyn alyp, Ýagşydan ony öýlerine eltip gaýtmagy haýyş edipdir. Ýagşy täze galtagy öz öýlerine düşürip, çagşap ýatan köne galtaklaryny olara eltip gaýdypdyr.
Ertesi galtak iberen:
— Ýagşy, o näme etdigiň boldy? Hany, täze galtak? — diýip gatyrganypdyr.
Ýagşy:
— Könesi bolmadygyň täzesiniň bolmaýandygyny özüňiz öwretdiňiz-ä — diýip ýylgyrypdyr.

Nowruz GURBANMYRADOW.

Категория: Degişmeler | Просмотров: 533 | Добавил: Нawеran | Теги: Nowruz Gurbanmyradow | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Degişmeler bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]