22:08 Ýagyş ýaganda... | |
ÝAGYŞ ÝAGANDA...
Indi bu şähere däl men nätanyş, Onuň saçagynda rysgalym, nanym. Ýöne asman gürläp, ýaganda ýagyş, Küýseýärin gujagyny obanyň. Häzir gydyrdanyp ýörendir käbäm, Tamdyr-ojagyny gorap ýagyşdan. Çopan getirýändir sürüsin obaň, Kakam bolsa mallaryny daňyşdy:r. Ternawyň suwundan dörän kölçede Ýüzýändir çagalaň kagyz gaýygy. Çaň-tozandan halas bolan köçeden, Çekilendir pyýadalaň aýagy. Horaşaja üçegmizden gelýändir, Biziň ekdi gögerçinleň gur-gury. Köpelendir, Sanardan juda kändir, Görmedim men olar deýin duýgury. Ürküzensoň dabarasy damjalaň, Bir tarapdan bezzataryň kemany. Diýýändirler: “Bizi otly penjeden Goraglan gyz nirde, Niçikkä haly?”. Bilýän däldir olar özleri hakda, Şol gözeliň ne hyýallar gurýanyn. Penjiräň öňünde, 12-nji gatda, Jaýlaň üçegine garap durýanyn. Hem-de köne dostlarynyň zaryny Çekdigiçe alýandygny güýç-kuwwat. Doly bilmeýärler entek baryny– Çorluja elleriň bolanny duw-ak. ...Şu şäherde gözel günleň dowamy, Şonuň üçin däl biz asla nätanyş. Ýöne küýseýärin eziz obamy, Asman joşa gelip, ýaganda ýagyş. ■ Bakylyk Topragynyň ýüregine beletlik, Mahsusdyr Watanyň goragçysyna. Berlipdir wasp etmek galam senetli Şygyr menziliniň ýolagçysyna. Wepaly ogluna bu ene ýeriň, Owsar salyp bilmez gijeler uky. Şonuň üçin şahyr bilen esgeriň Ykbaly nusgalyk, ýaşlary baky. ■ Güýz gijesi Juwan gijelermiň joş urjak wagty Bil bagladym galamyma, syýama. G. Ezizow Bu gije başgaça ýaly öňküden, Ýa oň haly syrly Ýa-da meňki geň. «Ýüzi has nurana görünýär Aýyň» diýip, açdym penjiresin eýwanyň. Entek ýetişmänkäm özümi dürsäp, Girdi güýz şemaly otaga kürsäp. Bilmedim nämedi hyýaly, derdi, Toplan saçlarymy çöşläp goýberdi. Birden stoldaky kagyzlaň bary, Gaýmaga başlady ýapraklar ýaly. Hallan atyp duran öçügsi çyraň Kölgesi tans etdi diwarda biraz. Duw-dagyn edilen otagyň içi Ýadyňa salýardy talanan göçi. Görmändim men beýle perişan gije, Şoň üçin bolanlaň barjasyn hije saýyp bilmän, synlap degre-daşyňy, Oturmak agyrdy tutup başyňy. Gulaklam aýylganç şaňlap başlady, Bir nätanyş heňi diňläp başlady. Döredi kem-kemden güýçli tabynlyk Ah, bardy mukamda inçe zarynlyk... Kim çalýar? Bilesim gelse-de näler, Ýapylypdy restoranlar, kafeler. Onda nirden gelýär bu saz, bu seda? Kim edýär wagtyny meň üçin pida. Kim ol ýüregini goşa tar eden, Ykbalyna gijeleri ýar eden? Meniň deýin sygman dünýäň goýnuna, Gerekli däldigni alan boýnuna. Öz halyna diňe özi dözmeýän Ýalňyzlygyň melhemini gözleýän... Sözläp başlanynda jadyly mukam Menden ýüz öwrerli göründi bu tam. Sarsdy tutuş synam, guruşdy ellem, Doldurdy gözlerim owasyn nemden, Eý, ýüregim, sen bir beýle darykma, Aýyplap eýäňi biwepalykda. Aýagym: «Bigänä dyz epdi» diýe, Uýaldy leblerim «Kim öpdi» diýe... Duruň, gulak salyň sözüme bir dem, Şondan soň aryňyz alyň siz menden: Men biwepa bolan bolsam eger-de, Bordy aramyzda polatdan perde, Ne siz eşderdiňiz «biwepa gyzy», Ne-de men diňlemek islärdim sizi. Her günümi bezärdi toý-şagalaň, Derdimi çekmezdi syrdaşym galam, Yşk hakda ýazmakdan gelerdim ejiz, Çalşardym dostlarmy men juda tiz-tiz. Boşan gutulardan bolmazdy parhym, Özüm aýlajak diýp pelegiň çarhyn, Ömrümi boş hyýallara bererdim, Diňe öz aladam bordy bar derdim... Emma intizarda ýok şübhe, ýalan, Bu şol – kalbym bilen alysda galan, Bolmasa-da söýgiň çuňlugy ykrar, Başarmaz inkär hem etmegi ykbal. Söýgimdi goýnuna elten ýaz-gyşlaň, Ýöne... Bagty sowgat edip bolmaýandygny Bilmedim, bilmedim, Meni bagyşlaň!.. ■ Bir gyzyň plastiki operasiýa edýän lukmana ýüzlenmesi Geň görme eý, lukman, perişanlygmy, Gözlerimiň doludygny gözýaşdan, Bilmesem-de nämäň garaşýandygny Äht etdim ykbaly başlamak başdan, Iň başyndan – Günüň gyzaran çagy, Entek ýapraklaryň gitmänkä çygy, Ýaşamagy juda söýýän ýüregme Düşmänkä hasratyň birehim tygy... Şonuň üçin bolma maňa dözümsiz Meňzetme sen meni öňki özüme, Ýolda-yzda ýa-da başga ýerlerde Pylany diýp bakmasynlar ýüzüme, Tanamasyn hiç kim, Biwepa ýar hem “Dolan!” diýip gygyrmasyn yzymdan Ah, diňe Käbäme gyýylýan, ýöne Ol ýalňyşmaz, Tanar meni ysymdan. ■ SENI SÖÝÝÄN Seni söýýän, saňa bagly ähli zat Şatlanmagym üçin döredýär sebäp. Maňa peşgeş eden ajap bagtyňa Ýetdimmi her säher Taňrydan diläp? Ýa-da seniň dilegiňmi bu ykbal Orta ýola ýetip, başlanan gaýta. Mümkin däl üçünji pikriň bardygy, Dymma, eý, gadyrlym, aýsana, aýd-a. Seret, göge ho:l ýyldyzy görýärmiň Şöhlesi tümlügi böwsüpdir parran. Seň söýgiňem göýä şol ýyldyz deýin Meniň täleýimi ýagtyldyp barýar. Seni söýýän, söýdügimçe gyssanýan Duýmak üçin süýji ömrüň dadyny. Söýgi sözlerini aýdýan gysganman, Beýikleň adyna ýanap adyňy. Ýok, bu söýgi almaýar meň aklymy, Kämillige tarap özgerýän her dem. Söýýänligim, söýüp bilýänim üçin Müňde bir razy men, ezizim, senden. Seni söýýän, diýmek, ýaşaýan entek, Bagtyýar barmyka dünýäde men dek?! ■ ARKADAGYŇ PARAHATLYK TAGLYMY Dünýäň münberinden doldy äleme, Arkadagyň parahatlyk taglymy. Ýol görkezýär ykballara, täleýe, Arkadagyň parahatlyk taglymy. Ýurdy abadandyr paýhasa ýaryň, Watanym – imanym, jigerim-janym, Diňleýär ýüregni barça ynsanyň, Arkadagyň parahatlyk taglymy. Oguzyň ebedi parlaýan Tugy, Hem dädem Gorkudyň pendiniň nury, Türkmenleriň mizemejek dessury, Arkadagyň parahatlyk taglymy. Ýüpek ýol uzaýar deňize, göge, Hyrydar köpelýär gaz, nebit, toga, Öwürmek jahany gülzara, baga, Arkadagyň parahatlyk taglymy. Halky bir Lideriň daşyna jemläp, Ösen döwletlere egnini deňläp, Alkyşyny alýar il-günüň müňläp, Arkadagyň parahatlyk taglymy. Ýodalar birleşýär ýol bolmak üçin, Namalar ýazylýar ýollanmak üçin, Ýagşy niýetlini goldamak üçin Arkadagyň parahatlyk taglymy. Sygynanabolarmydamasaýa, Başy göge ýeter, gollary Aýa, Toý getirýär özgerişli Diýara, Arkadagyň parahatlyk taglymy. Taňry hormatyndan jahana ýaýran, Agzybir, abadan illere ýaran, Asyrlara şöhrat, eýýamlara şan Arkadagyň parahatlyk taglymy. ■ SENI GÖRESIM GELÝÄR Men seni şeýle bir göresim gelýär, Gel, garaşyp durma çagyraryma. Kän zat hakda gürrüň beresim gelýär, Bakman gara saçlaň çalararyna. Ýogsa-da nämüçin agarýar saçlaň? Gojalykdan entek daşdasyň, daşda, Şonuň üçin oýundanam diýme sen, “Gojalmalam borus biz ikibaşdan, Agarmalam borus biz ikibaşdan”. Häzir bizi ilkibaşda duşuran Güýz ýene-de goş ýazdyrdy şäherde Hem owalky endigine eýerip, Asmanyň ýüzüni tutdy çal perde, Ho-ol agras bulutlar ýagar hä diýmän, Galarsyň köçeleň ýuwlanyn duýman, Ýaşaýarkaň şeýle günleň goýnunda, Heý, bormy ýüregiň emrine uýman. Ne öýüň içinde taparsyň karar, Ne-de üýşmeleňler göwnüňe ýarar, Oturansyň synlap agaçlaň başyn, Ýapraklaryň düşüşini bikarar. Şonda meniň diňe seni – bir seni Gözleýänim däldir saňa nätanyş. Uzan gijelerde gözlerim ýumman, Saňa ýetmek üçin gözleýänim yş. Aklym senli ýatlamada eglenýär, Men seni şeýle bir göresim gelýär... ■ Bedew / aýdym Ýyldyrym deý juda ýyndam, Aýlawlary baglar gider. Gadamy ot, bili gyldan, Göwünleri çaglar gider. Gözelligňe haýran dünýä, Sen-sen bedewleň naýbaşy. Gözleňde behişt görünýä, Eý, Göroglynyň gardaşy. Galgaýar ýüpek ýallaryň, Bagtyýar döwrüň badyna. Beze, şöhratly ýollary, Şan goşup Watan adyna. Seýl et, türkmeniň düzüne Asuda, päk asmanyna. Gulak goý, her bir sözüne, Aýdymyna, dessanyna. Kalbymyza aýlan, bedew, Tarypyň arşy boýlaýar. Şaýlan bedew, saýlan bedew, Arkadagym toý toýlaýar. ■ HESERLI / Halky äheňde Synamda yşkyň jerhedi, Bilmen, bu ne hal heserli. Bir mütdet karar bermedi, Ýüregim bimar heserli. Owal bilmen işbu derdi, Gül görküni dide gördi, Ne galdyrdy, ne öltürdi, Şo:l gözel nigar heserli. Göze ilmes dünýe maly, Diýmäňler: “Bar eken ýary”, Zary men, bir şonuň zary, Ýetişsin didar heserli. Zulm etmegeý bu janyma, Sallanyp gelse ýanyma, Lebiň bal, göwsüň halyna Teşne göwün zar heserli. Bu ne yşkdyr, bu ne söwda, Barmy munda zerre peýda, Bizni geda, özüni şa Eýlän gyza ýar heserli. ■ BAGT BILEN ÝÜZBE-ÝÜZ (Gahryman Arkadagymyzyň Şa serpaýyna mynasyp bolanymdan soňky oýlanmalar) “Tolgunmasa, ýürek däldir” Diýenleri hak eken, hak. Meger, ilkinji gezekdir Tolgundyrdy ýüregimi Bagt bilen ýüzbe-ýüz bolmak. Ynanmadym göýä başga Şöhlesi bardy Gün, Aýyň. Sebäp oňa goşulypdyr Meniň boýnumda parlaýan Lowurdysy Şa serpaýyň. Hakykat bilen hyýalyň Durdum edil merkezinde. Şatlykdan nemlendi gözler Nesibäň dury aýnasy Bagtyň keşbin görkezende. Bakdy hyrydar didelem Onuň jemalyna gaýta. Görüp gyzardy ýaňagym Şu wagta çen başga ýerden Garaşandygyma bagta. “Men bagtyýar” diýip batly, Kalp seslenmäge taýyndy. Çünki aýnada görünen Ajaýyp döwrümiz bilen, Gahryman Arkadagymdy. * * * Kalp heserli, duýgy tereň, Göwnümdir bi ganat geren, Diýmäň “Bagty tapdy neneň?” Arkadagdyr ony beren. Hiňlenenim mukam bolýar, Şygyr bolýar aýdanlarym. Bagtyýar zaman hakynda Entek juda-juda köp bor Alkyş doly aýdymlarym. * * * Ýaşamak üçin jahanda Gerek diýýärler suw, howa. A men bolsa elmydama Niýetimi tutup gowa, Diýýärin Arkadagymyň Bar bolmagy bagt bu dünýä. Serediň, Gahryman bilen Tämiz suw, howa, hem gökde Bagtyýar oýanýan Gün ba. * * * Umytlarmy külterleýär tolkunlar, Hamana duýýan deý bu günki bagtym. Ýok, men indi aglamaýan horkuldap, Çünki söz beripdim aglaman diýip, Watana, il-halka gerekli wagtym. ■ GARAŞSYZ Garaşsyz aň bilen görýäs dünýäni, Bu parasatmiras bize pederden. Garaşsyzyň guranýurdy sünnäli, Gyz-gelni edaly, ogly edermen. “Watan” diýp urýarka merdana kalby, Ümzügi öňedir, garamaz yza. Bolmady hiç wagt lebzinden aýry Şoň üçin türkmeniň ýoly päkize. Asly, gany, kalby, köki-damary Oguzdan gaýdana mahsusdyr bular. Gözbaşyndan dury akýan akary Bulandyryp bilmez gaýry bir suwlar. Gursagynda barka egsilmeýän güýç, Gerek bolsa diňlär, biler diňledip. Yhlas edip ýapyşany bolmaz puç, Dogmy bilen dünýä inen milletiň. Garban gumy öwrüler sap altyna, Gury kesewisem bag bolar gider. Eýe bolar arzuw eden bagtyna, Rysgaly, döwleti dag bolar gider. Halkyň gazanany ýarap toýuna, Giňden ýazar bereketli saçagyn. Diýipdirler: “Eden işi oňuna – Dost-dogana gujagyny açanyň. Goldap Arkadagyň taglymyn her ýan, Ýurdumyz abadan, ýolumyz ýagty. Şu bagtyýar döwür, ajaýyp eýýam Özi dälmi arzuwlanan ak bagtyň?! …Garaşsyzyň guran ýurdy sünnäli, Gyz-gelni edaly, ogly edermen. Garaşsyz aň bilen görýäs dünýäni, Bu parasatmiras bize pederden. Gurbanjemal ANNAKOWA. | |
|
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Mähremlikden nyşan sen... / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |