07:56 Açar / hekaýa | |
AÇAR
Hekaýalar
Hekaýa Şol gezek ejem bilen kakam mellekde işläp ýördi. Menem tamyň kölegesinde ouryp, bir jam erik iýipdim-de, yzyndan ber-başagaý şänik döwünjek bolýardym. Şonda telpegini çümre geýen nätanyş bir adam gelip, esasan kakamyň ýüzüne seredip, bir zatlar diýdi. Aralyk eslije ýer bolansoň, onuň näme habar getirenini men anyk eşitmedim. Nätanyş gidip-gitmänkä ejem bilen kakam pillerini alyp, gyssanmaç işige ýöneldiler. Olaryň aljyraňňy hereketlerinden, galagoply ýüzlerinden nirädir bir ýere şaýlanýandyklaryny soraman biläýmelidi. Elbetde, men kakamyň “goçguzusy”, ejemiňem “erkesi” bolanym üçin hiç wagt olaryň ýanyndan galmaýardym. Şo gezegem üstümiň gumuny dagam kakman, hasyr-husur kakamyň motorynyň gozagyna aslyşyp mündüm-de, joňkarylyp oturyberdim. – Erkäm, sen Hajar bilen oýnaber. Hany, şänikleriňi nätdiň? Erigiň barmy? – diýip, ejem meni gozakdan sogrup aldy. Bularyň meni taşlap, birýaňa gitjeklerini gözüm bilenjik görüp durkam ömür Hajar bilen oýnarynmy? – Menem gitjek. Menem gitjek siz bilen! – diýip aglamjyrap, nadaralyk edip ugradym. Kakam pilini süpürişdirip oturan ýerinden: – Hany, bi Okga dagy ýokmuka? Tabşyraý şolara. Birki sagat güýmäp bersinler! – diýip, ejeme maslahat berdi. Ejemem bilguşagyny çözüp, teläriň üstüne atdy-da, golaý goňşymyzyň işigine seredip: – Okga-a! Aý-uw, Okga-a! – diýip, gygyrmaga durdy. Kakam biraz gatyrganyp: – Beýdip gygyryp durma ahyryn. Beh... Ýanyna baryp, ýagdaýyňy düşündir, haýyş et! – diýdi. Ejem goňşulara garşy ýönelen dessine men hemişeki gizlenýänje ýerime – aýakly sandygyň aşagyna girmek üçin öýe kürsäp urdum. Ine, şu ýerde-de penjiräň öňünde kakamyň motorynyň açarynyň ýatandygyna gözüm düşdi. Açary garbap aldym. “Muny jübüme salsam-a, derrew tapyp alarlar. Tapdyklary motora atlanyp, menem taşlap giderler. Eger men gitmejek bolsam, goý, onda ejem bilen kakamam gitmesin! Şoň üçin açary ýok etmeli” diýen pikir kelläme geldi. Ýöne açary nädip ýok etmeli? Nirä zyňmaly? Uzak oýlanyp durmadym-da, penjiräni açyp, tamyň arka ýüzünden geçýän suwly ýaba zyňyp goýberdim. Özümem aýakly sandygyň aşagyna girip, gizlenip ýatyberdim. Meni derrew tapdylar. Emma açar tapylmady. – Haýsy penjiräň öňünde goýupdyň? – diýip, ejem soraýardy. Kakam bolsa birde bu penjiräni, birde-de o penjiräni salgy berýärdi. Açary takyk nirede goýanyny onuň özem bilmeýän bolarly. Birdenem ol: – Oh! Ýadyma düşdi – diýip, atylyp, daşaryk çykyp gitdi. Elbetde, açary meň alanymy we suwly ýaba zyňanymy kakam görmändi. Emma şonda-da kakam açary tapar öýdüp, şo pursat öler ýaly gorkdum. Açar tapylsa, ejem bilen kakamyň meni taşlap gitjekdigine gözüm ýetip durdy. Kakam okdurylyp daş çykanam bolsa, öýe girende ýüzüni aşak sallap, sust geldi. – Ýog-a. Käte motoryň özüne dakyp goýaýýardym. O taýda-da ýok ekeni – diýip, ol pessaý ses bilen günäli ýaly dillendi. – Jübiňde goýan-a dälsiň? Jübüleriňi barla hany! – diýip, ejem ýatlatdy. Onsoň olar iki bolup kakamyň ähli eşikleriniň jübülerini barlamaga durdular. – Aý, ýok, men hiç wagt jübimde açar goýamog-a – diýip, kakam jübülerini çöwürýärdi. Ejem bolsa: – Onda haýsy arwah ýoguna ýandyka o artyp galmyşyň? – diýip jibrinýärdi. Açar tapylmady. Ony nireden gözlejekdiklerini bilmän, ýaýdanyşyp durkalar birdenkä ýadyna düşen ýaly, ejem maňa garap: – Hany, göniňden gel, motoryň açaryny sen ýygnan-a dälsiň-dä? – diýip, dözümli sorady. Men gözümi mölerdip, burnumy çekdim-de: – Ýo-ok – diýip, sogduryp aýtdym. Şonda kakam “Açary sen gizlediňmi, goçguzym? Köseme-de tapyp beräý. Görýäň-ä biz gaty gyssanmaç” diýýän ýaly, şeýle bir mysapyr, şeýle bir nebsagyryjy garaýyş bilen meniň gözüme seretdi welin, tas ylgap baryp, suwly ýaba özümi urupdym. Eger “Açary tapyp berseň, senem äkidäýeris” diýen bolsa, gürrüňsiz boýnuma aljakdym. Tizden goňşymyz Okga diýilýän aýal geldi. – Gaýrat et, goňşy! Kän eglenesemiz ýok. Hä diýmän geleris – diýip, ejem meni Okganyň gujagyna berdi. Men elde-aýakda durman, sesimiň ýetdiginden zörledip aglamaga başladym. Okga bolsa haýyma-maýyma bakman, meni öz öýlerine alyp gaýtdy. Ana, şonda men ýene bir zada göz ýetirdim. Her näçe çarbaýlyk etsemem, sesim gyrlyp, göm-gök bolýançam çyrlap, aglasamam, dözüljek ýerleri-de bolýar ekeni. Hatda motoryň açaryny tapylmajak ýere zyňanam bolsam, ejem bilen kakamy ýolundan saklap bilmejek ekenim. Olary goýbermezlik ýa-da ýanlaryna goşulyşyp gidibermeklik meniň erk-ygtyýarymda däl ekeni. Soň näme boldy? Soň Okgalarda sojap-sojap aglanymy, ýüzümiň çişip, gözümiň çym gyzyl bolanyny bilýän. Kemşerip, kemsitmä meňzeş garjaşyk duýgularyň yzasyny çekip ýatanym ýadymda. Ondan soňky zatlar ýadyma düşenok. Usurgap uklap galan bolmagym mümkin. Elbetde, ejem bilen kakam mensiz nirä gidenem bolsalar, gidişleri ýaly yzlaryna köwlenipdirler. Olaryň açary tapandyklaryny ýa tapmandyklaryny, motorly gidendiklerini ýa gitmändiklerini bilemok. Ýadyma düşenok. Asla men şo zatlary şo gün unudypdyryn öýdýän. Hakydamyň gizlin bir ýerine salypdyryn-da, soňam büs-bütinleý ýadymdan çykarypdyryn. Ondan soň kän gezek ýaplaryň suwy çekildi. Ondan soň durmuşymda bihasap agylar, sansyz gülküler boldy. Ondan soň telim sapar içimi tutup, awundym. Käte başymdan hasrat indi, käte şatlyga şärik boldum. Emma şunça ýyllaryň dowamynda nämüçindir açar barada pikir etmändirin. So-oň-soňlar ajal bilen ýaka tutuşyp, ahyry asgynlap ýan beren mähriban ejem elimde iň soňky demini sanap, hyrkyldap ýatyrka-da, ömrüni gara zähmet bilen daban azabyna pida eden jepakeş kakam gözüni müdimilik ýumjak bolanda-da bu wakajyk ýadyma düşmedi. Olar meni şo gezekki ýaly wagtlaýyn dälde, hemişelik taşlap gidensoňam, hatda bassyrmanyň astynda çaň basyp ýatan şol köne gozakly motory gören wagtymam açarly waka kelläme gelmedi. Ýöne, ynha, üstünden kyrk ýyla golaý wagt geçensoň, şu gün – tüýdülen ýüň ýaly, bölek-büçek bulutlaryň gök ýüzünden alakjap geçip barýan wagty, sörtük şemalyň baglardaky gülleri aparmak üçin oýun baryny turuzýan wagty, golaýdan bir ýerden gül şiresini sorýan bal arysynyň wyzzyldysynyň eşdilip duran wagty, ýaşaýyş ugrunda göreşiň ýitileşen wagty... şo açarly waka ýadyma düşdi. Muňa uly ýoluň ugrunda durkam gapdalymdan wazlap geçen gozakly motor sebäp boldy. Motoryň üstünde kakama çalymdaş bir adam, gozagynda bolsa ejeme meňzeş bir aýal otyrdy. Ýüz keşplerini saýgarmaga maý bolmady, emma göwnüme bolmasa, ikisi-de kimdir birini bialaç ynjydan ýalydy, gerekli zadyny unudyp barýan ýalydy, bir derdi içine salyp, agyr aladanyň astynda galan ýalydy, ünjülidi, gussalydy. Bu surat, hamana, ejem bilen kakam bary-ýogy ýekeje gezek, bir pursatlyk maňa çalasudur görnüp geçmek üçin kyrk ýyllyk geçmişden çykyp, indem nirädir bir ýere gyssanmaç gidip barýan ýaly bolup göründi. Ine, onsoň olar meni ýany bilen alyp gitmeg-ä däl, hatda gabadymda göz açyp-ýumasy salym eglenmän gidendikleri üçin, diňe şoň üçin şo-ol birmahalky suwly ýaba zyňlan açar, näderini bilmän, jibrinip ýören ejem, açaryny gözläp elewreýän kakam, ynha, şularyň bary göz öňümde edil ýaňyja bolup geçen deý janlandy. Şu ýerde hykga damagym doldy-da, hatarly kerwenden üzülip galan kimin, delminip, olaryň giden tarapyna aňalyp galdym. Meniň şo-ol birmahalky özelenip aglap galyşym ýaly, olaryň yzynda-da biri boýnuny burup, dodagyny kemşerdip galan ýaly bolup dur. 26-njy mart, 2014-nji ýyl. Mary. | |
|
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Ynsap bizden aýrylmasyn... / hekaýa - 14.12.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Время для любви / рассказ - 02.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |