07:31 Ädikçi we gedaý / hekaýa | |
ÄDIKÇI WE GEDAÝ
Hekaýalar
(Hekaýa) Ädikçiniň ussahanasy bazar girelgesiniň edil agzynda. Onuň ady ussahana. Özi welin adam boýundan sähel beýigräk edilip dikilen dört sany sütünden we olary birikdirýän brezent matadan ybarat. Ol ýerde ussanyň iş gurallaryny saklaýan agyr demir sandygy bilen eplenýän köne oturgyjy bar. Ýene ädikçiniň bu ýerde kembagal goňşusy hem bar. Ol ulag heläkçiliginde oňurgasyna şikes ýetip, şondan bärem buruk boýny bilen egri bilini mazamlaýan ýaly has-da gyşarylyp, gözilginç sypata girip, gedaýçylyk edýär. Rysgyny bazardan almak üçin onuň bu ýere gelenine ýaňy bir hepde boldy. Özi-de rugsat soramazdan-zat etmezden, gele-gelmäne aýakgap ussahanasyna şärikli ýaly, ädikçiniň gapdaljygyna gondy. Aşagyna köp söwdalary gören köne kilim bölegini düşenip, dilegçilik edip başlady. Oturan ýeri köwüş ussahanasyna degişli bolany üçin dykgat etmedik adamlar ony ädikçiniň aýakgap myhlatmaga gelen müşderisidir öýdýär. Gedaýyň özi welin, maýyplygy sebäpli özüni dilegçilik etmäge doly hakly hasap edýär. Ädikçi bilen gedaýyň saç-sakgalynyň agaryp, ýürek höwesleriniň gowzap başlanyna telim ýyl boldy. Üstesine-de zanny dymma bolandyklary üçin ikisi-de öz ýaşyndan uly görünýär. Ine, onsoň, giçki güýzüň ýagyşly güni gedaý aýagyndaky apgyrdy giden we bir taýynyň burny açylyp ugran köne köwşüni ädikçä görkezip: – Ýeri, muňa näme diýersiň? – diýdi. Ädikçi onuň aýakgabyna çala nazar aýlap: – Tikmeli – diýdi. Gedaý iňkise gidip: – Şuny bejerdeniňe degjekmi özi? Ýa zyňyp, täzesini almalymy? – diýip sorady. – Ýagdaýyňa görä bolmaly. Täzesine puluň bolsa, egleme, häzir zyň! – diýip, ädikçi gönüsinden geldi. – Dogry-y... Hakyna seretseň-ä, indi muny zyňaýamda-da boljak. Ýyrtylan ýerinden suw geçýär. Jorabymy myžžyk etdi. Bir pikirim, şu gün oňatja eçilseler, täzesini alaýsammykamam diýýän. Çagalaram ýetde-gütdeligi şu gün görmeli däl. Öwrenişip gitdiler. Men ulyma aýdýan, köçä çyk-da, maşynlaň tigrini ýuwuber diýýän, eklenjiň aýby ýog-a. Aý, utanýan men-ä diýýä. Men nä keýpine şeýdip oturýanmy? Nätjek, başyňa düşdümi, edibermeli. – Çagalar ýaşmy entek? – Ýaş-la. Ulusy on iki ýaşynda. – Gijiräk öýlenensiň-dä? – Ikinjim-ä bi. Başdaş heleýimi kowanyma niçe ýyllar boldy. “Kowan däldir, aýalynyň özi gidendir” diýip, ädikçi nämüçindir güman etdi. – Näçe çaga? – Iki ogul. Ejeleriniň yzyna düşüp gelen. Günortana golaý ýagyş güýçlendi. Bazar märekesi saýhallady. Söwda kiparlady. Ädikçiniň ertirden bäri eden gazanjy ýokdy. Soňky döwür aýakgaplaryň bahasy arzanlady, köwşüni bejertmäge gelýän adamlar azaldy, her kim täzesini alyp geýenini oňat görýär. “Bu ýaşdan soň käriňi üýtgedip ýörüb-ä bolmaz. Üýtgetjek diýeňde seň eliňden köwüş ýamamakdan başga gelýän zat barmy?” diýip, ädikçi soňky günler özüne igenýärdi. “Bir gara başyňy ekläp bilmeseň, asyl-da, öl! Ertirden bäri bir tegelek nan alarlyk gazanjyňam-a ýok. Agşam aç ýatjakmy? Belki, gedaýçylyk edersiň! Onsoň Hudaýdan dilemelimi ýa bendesinden?” diýip, ol pikir etdi. Hudaýhon adam bolmandygy sebäpli ädikçi bu sowala jogap tapyp bilmedi. Gapdalynda dişiniň suwuny sorup, elini serip oturan dilegçä tarap gözüniň gytagyny aýlady. Emma gedaýyňam işleri öwerlik däl ýaly. Oňa-da teňňe oklaýan ýok. Ýogsa, apgyrdy giden köwşüni bejerip berse, gedaýyň muny boş goýmajagy belli. Iň bolmanda çörek puly-ha bolardy. Ýagyş diňdi. Ädikçiniň köne tanşy peýda boldy. Ol käte bir gelip, özüniň, aýalynyň, çagalarynyň köne köwüşlerini bejerdip giderdi. Häzir onuň eli boş. – Şepäm, barmyň-aý? – diýip, ol gedaýa pitiwa bermän, ädikçi bilen gadyrly görüşdi. – Entegem öleňokmy diýýäňmi? – diýip, ädikçi degişme bilen ajy ýylgyryp, tanşynyň aýagyndaky täzeje aýakgabyna seretdi. – Hany, könäni ýatlaly-la. Aýlyk aldym şu gün. Kelläni düzedelimi? – Wah, şepe, içgini haçan eýýäm goýdum men. – Ymyklymy? – Hawa-la. Çüýşesinem ellämok. – Çüýşesini elleme. Özüm guýup berýän. Çakyşdyryp, ýelmäp bilseň bolýa – diýip, tanşy degişdi. – Ýok, şepe, iş bolsa, işläýin men. Sen özüňjik ýelmäber. Çynym bilen goýdum. – Oňarypsyň. Menem goýmaly şuny. – Goý. Peýda ýok – diýip, ädikçi gussaly dillendi. – Indiki ýyl pensiýä çykýan. Ak goýun toýumy edemsoň, goýmaly diýip hyýal edýän öz-ä. Şondan soň onuň kän bir mazasy bolmady. Ondan-mundan bimany gep atyp, biraz oturansoň, turmak bilen boldy. – Syrnyh eken-aý o dostuň. Hudaý ýoluna bir teňňe-de eçilmedi. Özem aýlyk aldym diýýä – diýip, gedaý onuň yzyndan hüňürdedi. Girelgäniň iç ýüzünde uzyn boýly ýaş gyz peýda boldy. Ol telefonda gepleşip gelşine, gözüni-gaşyny çytyp, ädikçi bilen gedaýyň üç ädimliginde aýak çekdi. – O puluňam alyp git onda! – diýip, ol aňyrdan gepleýäne maý bermän, jabjyndy. – Sen ýalyň puly derkaryma däl. Gerek dälmi?.. Maňa-da gerek däl... Gerek dä-äl diýýä-än... Başyma ýapaýynmy? Sen ýalyň minnetini çekmeýän... Düşünjek däl... Ýyrtyp zyňýan häzir... Şemala uçuryp goýbererin... Uf-f... Gedaýa berjek... Öläý, ölýän bolsaň... Kirli... Aňyrdan gepleşýän telefonyny ýapdy öýdýän. Gyz duran ýerinde bir öwrüm etdi-de: – Hapysa! Meýit! – diýip, telefonyny ýan torbasyna saldy. Gysymyndaky eplem-eplem edilen puluň baryny gedaýyň öňüne oklap goýberdi. – Edişime seret entek! Uf-f – diýip, aglamjyrap, bazaryň çykalgasyna garşy gitdi. Gedaý puly garbap aldy. “Dönüp geläge-de, beren puluny yzyna alyp gidibermesin” diýýän ýaly, gysymlanyp, mynjyradylan manatlary jübüsine salmaga howlukmady. Gyz tä bazar mähellesiniň içinde gözden ýitýänçä yzyndan seredip oturdy. Biraz wagtdan gedaý boýnuny gyşardyp, ýanyn ýöräp gitdi-de, o pula täzeje aýakgap satyn alyp geldi. – Hany, gör, boljakmy? Gyşdan-a çykarsa gerek, ä? – diýip, ony sust oturan ädikçä görkezdi. Ädikçi bir agyz: – Nesip etsin! – diýip dymdy. Köwüş tikýän biziniň ýylmanak sapyny oýnap oturyşyna biraz wagtdan başyny galdyryp, dünýeden hoş bolup oturan gedaýy dikanlady. Zoraýakdan ajy ýylgyrdy-da, ýarym degişmä salyp, ömür etmedik zadyny etdi: – Seňem syrnyhlygyň meň ýaňky dostumyňkydan ejiz däl-aý! Mugt ýerden şonça lomaý pul düşende-de, oýundan-çyndan eger-eger bir teňňe-de hödür etmediň! Soň dik depesine seredip, sowuk dem aldy-da: – Oturan ýeriňem-ä meň ýerim! – diýip, sözüniň üstüni ýetirdi. 8-nji sentýabr, 2015-nji ýyl. Mary. KAKAMYRAT ATAÝEW | |
|
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Ene keýik / hekaýa - 13.12.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |