19:50 Akmaýanyñ süýdi / hekaýa | |
AKMAÝANYÑ SÜÝDI
Hekaýalar
Kesearkajy etekläp oturan küren obanyň gaýra çetinde ýaşaýan Annataganyň ilden kän bir üýtgeşik zady ýok. Otuz bäşini tegeläberen geolog ýigidiň üçegi ýaňy-ýakynda abatlanyp, göze gelşikli görnüşe getirilen jaýy hem, onuň bag-bakjaly, mal ýatakly, howlusy hem, awtoulag garažynyň üstünde howalanyp duran ak galaýly bassyrmaly teläri hem, häzirki zaman türkmen obasynyň keşbini düzýän adaty zatlar. Bu howluda tutuş etrapda duş gelmeýän, özem kiçi girim bolmadyk ýekeje zat bar: olam ikindi çagyndan ir sähere çenli Annataganyň düýe ýatagynda, köşeginiň ýanynda duran ak maýa. Günüň şol wagtlarynda Annataganyň öýüni soranlara onuň has takyk salgysyny berjek bolsaň: “Ýatagy ak maýaly howludyr” diýäýmeli. Belent ýerde ýerleşen howluda, daşyna turba germelen, arassa ýatakda duran gunduz ýaly ak janawaryň özi uzakdan çelgi bolup, gelýäne ugur görkezjek. Ine, häzirem ikindi wagty. Öý eýesi aýaly Baýramtäjiň “Hörele, düýäm, hörele!” diýip, hoşamaýlyk bilen akmaýany sagşyna syn edip durdy. Beýik teläriň üstünde gyşaryp ýatan Hudaýberdi aga bolsa düýäniň ýylyja süýdünden öz nesibesine garaşýardy. Obanyň beýleki çeträginde ýaşaýan Hudaýberdi aga öz derdine şypa tapmak üçin, gün yrman her ikindin Annataganlara gelýär. Içegelerinde dörän ýara sebäpli kän horlanan ýaşuly köpügören gojalaryň maslahatyna eýerip, her gün ajöze akmaýanyň ýaňy sagylan täzeje süýdünden bir şa käse içip gidýär. Annatagan keýwanysynyň düýäniň süýdüni gowzatmasyna mähetdel, enesine tarap urunýan köşegi boşadyp goýberdi. Sähel salymdan bolsa uly şa käsäni süýtden dolduryp, uly ogly bilen bilelikde teläre, Hudaýberdi aganyň ýanyna çykdy. Ertesi dynç güni bolansoň, aladasyz öý eýesi myhmany süýdi içensoňam goýbermäni, onuň bilen esli gürleşip oturdy. Süýdüň edýän täsiri bilen gyzyklandy. Hudaýberdi aga bejerginiň peýdasynyň mese-mälimdigini aýdyp, öý eýesine alkyş okady. Bäşinji synpda okaýan soranjaň Myratjyk ýaşula ýüzlenip: - Hudaýberdi aga, ýogsa-da, düýäniň süýdi näme üçin bişirilmäni ullanylýar? - diýen sowaly orta atdy. Biraz oýlanan Hudaýberdi aga loh-loh gülüp: - Oglum munuň ýaly tapmaçaly sowal menden gaty çökderdir, ony öz dädeňden soraýsaň aýdar – diýip başyndan sowdy. Hudaýberdi aga ýaşuly adam bolansoň, oglanjyk dädesiniň bilmeýändir öýden sowalyny oňa beripdi. Emma obada ýaşany bilenem, mal garanyň içinde ösüp ulanany bilenem, hatda öz gapysynda iki ýeke dawardyr guş saklany bilenem, oba ýaşaýjylarynyň hemmesiniň maldarçylyga bagry badaşmaýar. Bütin ömrüni diýen ýaly obada ötüribem mal-garadan, ot-çöpden, et-süýtden kän bir başy çykmaýanlaryň biri hem Hudaýberdi agady. Öz rysgal tapan hünärinden başga pişä üns berimedik, mallaryň garrysyny-ýaşyny,arrygyny-semizini hem saýgarmaýan bu baýry demir ýolçynyň düýe süýdi baradaky sowalyň jogaby üçin özünden otuz ýaşdagy kiçi Annatagana salgylanmagy Myratjyk üçin örän täsindi. - Düýäniň ýüňünden guşak edilsede, düşek tikilmeýär, janawaryň ýüňi boýalmaýar. Özge haýwanlardan tapawutlylykda, onuň özi bolmaýar, süýdi hem bişirilmeýär, sebäbi ondan kesel aňsat geçmeýär – diýip, Annatagan aga jogap gaýtardy – Goýundyr geçiniň süýdi bişirip ätiýaçlyk edilýär. Bolmasa, onuň ynsan saglygyna howply bolmagy mümkindir. Düýe süýdi çigligine içilende, köp ýerde em bolýar... - Ylaýta-da ak maýanyň süýdi seýrek melhemmiş- diýip Hudaýberdi aga hem üstüne goşdy – Özem “Ýüz maýanyň diňe birisi ak bolýarmyş” diýýärler. Şol hakykat bolarly. Mal tanamasam-da, menem şu maýany ha beýleki mallardan aňsatlyk bilen tapawutlandyryp bilýän, Annajan. Şundan başga bu sebitde ap ak düýe ýok. Tüweleme, gözden, dilden alla saklasyn! Ind-ä ony hasam gowy tanaryn. Öz lukmanyňy tanamasaň bolmaz ahyry... Loh-loh gülen ýaşuly öý eýesine sowal berdi: - Ýogsa-da, Annajan, tüweleme, bu maýanyň tüýs men diýen wagty bolsa gerek. Ýok diýeniňde, otuz-a ýaşandyr bu? “Päheý, mal-garadan söz açylsa, tüýs duran ýeridä bu ýaşulynyň. Otuz ýyla maýa galjakmy? Mala adamdyr öýdýärmika?” diýip içini gepleden öý eýesi, bolsa-da syr bildirmän, agras söhbet açdy. - Üç ýyl öň ýurduny täzelän dädem pakyryň çarwadar, maljanly adam bolandygyna özüňiz bilýäniz, Hudaýberdi aga. Dowardyr gara mal hem köp saklardy welin, düýeler yhlasy üýtgeşikdi. Onsoň menem çagalykdan düýe çalyna öwrenişipdirin, onsuz oňup bilemok. Gyrymsy otlar bilen birlikde titir iýen düýäniň süýdünden taýýarlanan agaranyň tagamy üýtgeşik, lezzeti başga bolýar. Dört gulply, daşyna öllenen keçe çekilen ýaýbaň billi küýzeden köpürjikläp duran agarany guýup alyp, başyňa çekersiň welin, gaňşyrawygyňy tütedip işdäňi açar, janyňa jan ruhuňa ruh goşar. Bu maýanyň taryhy barada aýtsam bolsa Balkan sebitlerinde urbalyk maly ene-atasy, ýakyn hossarlary çaganyň adyny tutup berýär. Ogul öýerip gyzyny durmuşa çykaranda, dädem olary ala tutmazdy. Haýsy-da bolsa bir maly peşgeş bererdi. Agtyklaryna nesilden-nesile geçip gelýän adaty eýerip köşek sowgat bererdi. On iki ýyl mundan öň nowbahar perzendimiz Myratjan dünýä inende, şol ak maýa hem ýaňy dünýä inen köşejikdi. Dädem pahyr ony enesi bilen getirip sagymlyk diýip gapymyzda daňyp gitdi. “Köşegi bolsa sizde galybersin” diýipdi. Biziň nesibämize ak maýanyň düşendigine Baýramtäç ikimiz begenipdik. Maýa süýdi ýagly we ýokumly, özi bolsa adam ýaly düşgür häsiýetli haýwandyr. - Ertekide etini döw çeýnän ýedi doganyň süňklerine maýa süýdi guýlanda, olaryň täzeden direlendigi barada okapdym. Ýöne ol süýdi Akpamyga ak maýanyň köşeginiň berendigi, özüniň bolsa adamzada gaty gazaplydygy aýdylýardy – diýip, Myratjyk ýatlady. Hawa, “Düýäniň maýa görnüşiniň rejesi, häsiýeti gowy bolmaýar” diýen gürrüň bar. Ýöne ol hakykata çapraz gelýär - diýip Annatagan dädesinden miras galan malyň tarypyny ýetirdi. – Ýöne duşmana zabunlygy dogry. Onsoňam güýç-kuwwaty aňlatmak üçin “ner-maýa ýaly” diýilmeýärmi name? Eşider bolsaň mundan dört-bäş ýyl öň şeýle waka boldy, Hudaýberdi aga. Ýylaşa botlaýan maýadan ýazda köşege garaşýardyk. Örüsi ýarym salkynlyk uzakdady, gum etegindäki ýaýladady. Şol ýeriň guýusynyň suwy duzlurak bolsa-da, düýeler kanagat ederdi. Düýe botlanda gaýganasyny gizlemegiň aladasyny edýär, kähalatda bolsa ony iýýär. Bu tebigatyň üýgewsiz kanuny. Şeýle etmese, onuň ysy sähranyň tämiz howasynda uzaklara ýaýraýar-da, ownuk-iri haýwanlaryň ünsüni özüne çekýär. Çölde bolsa sergendazlykda selpäp, garynlaryny otarmak üçin amatly aw gözläp ýören ýyrtyjy haýwanlar az däl. Maýanyň botlamaly wagtyny çaklap, gozakly motosikletinde ýaýla gelenimde meni bozlap garşy alan janawaryň ýany eýýäm köşeklidi.Onuň sesinde zeýrençdir igenç äheňini duýdum. Ol başyndan geçiren howp-hatarly wakasyny gürrüň berýän ýalydy. Kiçiräk bir tümmegiň ýanynda mejalsyz ýatan çal möjegi görenimde, ähli zada düşündim. Eýesinden-de, gaýry ynsanlardan-da wagtynda derek bolmansoň, daşyny ýyrtyjylar alan janawaryň özi heniz mejalsyz balasyny goramak üçin garpyşyga girişipdir. Gurtlaryň biriniň ýeňsesinden agyz salyp, boýun oňurgasyny ýazdyryp zyňandan soň, beýlekileri gaçyp giden bolarly. Hudaý gargyş edendir-dä, şol gezek maýam köşegini aldyrmady. Ilkinji düýe malym bolandanmy ýa-da özüniň üýtgeşik ýeriniň kändigindenmi, garaz, şu janawara mährim başga, Hudaýberdi aga. Ýogsam bolmanda, Maksatjanymyz dünýä inende, dädem pakyr: “Arassa arwanadanamgurban bolsun” diýip, bir inen ogşuk beripdi. Olam hamrak mal. Wagtly-wagtynda köşek getirip dur, köşegi gowy ulalýança, gapydan gidenok. Şeýdip, Hudaýa şükür gapymyzyň sagymlyk düýesiz bolýan wagty ýok. Biraz wagtdan soň Hudaýberdi aga öý eýesi bilen hoşlaşyp, ýene bir gezek oňa alkyş okady-da, öýüne tarap ugrady. Ýogsam-da, derdine em tapa goaja näme üçin öwran-öwran alkyş okamasyn? Bir aý bäri berhiz tutup ak maýanyň süýdüni içýän Hudaýberdi aganyň tutuksy ýüzi indi nurlanypdyr, bedeni has gujurly görünýär, gadamlary-da ýeňil gopýar. Sahymerdan Sary Ogly. | |
|
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |