Bir gezek Fatih Soltan Muhammet Han Hezretleri Ebu Eýýup El-Ensary razyýallahu anhunyň Gabry-Şerifiniň nirededigini bilmegi arzuw edýändigini Akşemseddin Hezretlerine duýdurýar. Akşemseddin Soltan Fatihe:
- Soltanym, men gijelerine şu töwereklerde bir ýerenur inýändigini görýärin. Ýalňyşmasam o nuruň inýän ýeri Ebu Eýýup Hezretleriniň Gabry-Şerifi bolmaly – diýýär. Bir müddet geçenden soň bolsa, Fatih Akşemseddine:
- Siz Gabry-Şerifiň niredeligini görkezseňiz, biz hem onuň üstüne bir gupba bina etsek gowy bolardy – diýýär. Akşemseddin Hezretleri:
- Inşallah, iki arşyn gazanyňyzdan soň, jöhitleriň hatynda ýazylan bir mermer çykjakdyr. Ine, şu ýeri Ebu Eýýup El-Ensary razyýallahu anhunyň Gabry-Şerifidir – diýýär.
Gepiň gysgasy ol ýerini gazanlarynda Ebu Eýýubyň gabry-Şerifiniň töweregi bütin öwlüýälerdir-ulamalaryň gabryndan doly ekeni. Göýä aýyň daşyna ýyldyzlar üýşen mysaly. Soltan Muhammet şol ýerden bir mesjit bina etdirip, onuň töwereginde Akşemseddin Hezretleri üçin otaglar saldyrýar.
Ýöne Akşemseddin kuddise-syrruhu öz dogduk mekany bolan Güýnüge gaýdýar.
Şeýhul-Yslam Muhammet Saduddiniň “Täjüt-Tarih” atly kitabynda şeýle maglumat berilýär: “Bir gije Fatih Soltan Muhammet Han, şyh Akşemseddin bilen uzak gije söhbet edýär. Akşemseddiniň bolýan ýeri Okmeýdanynda, Fatih Soltan Muhammediň ýaşaýan ýeri bolsa, Edirne gapysy bilen Top gapysynyň arasyndady. Ertir namazyny kylanlaryndan soň Fatih Soltan Akşemseddine garap şeýle diýýär:
- Men şu töwereklerde resulallahyň myhmansöýeri Hezreti Halid Ebu Eýýup El-Ensarynyň Gabry-Şerifiniň bardygyny eşitdim. Ol dogrudanam şu töwerekdemikä?
Şundan soň Akşemseddin Hezretleri hylwatda oturyp, Allahyň eradasy bilen Ebu Eýýubyň Gabry-Şerifiniň şol ýerdedigini anyklaýar. Osmanly ýazyjylarynyň beýan etmeklerinde bolsa, bu waka şeýle beýan edilipdir.
“Fatih Soltan Muahmmet Hanyň çakylygy boýunça Akşemseddin Hezretleri Stambula gelip, öz ýakyny Akbyýyk Abdullah Soltan bile Allahyň özüne bagyş eden pirlik keramatyny görkezip, Ebu Eýýup El-Ensarynyň Gabry-Şerifiniň nirededigini görkezýär. Şundan soň Soltan Fatih Akbyýyk Abdullah Soltan bile Akşemseddin Hezretleriniň hormaty üçin ol ýerde ajaýyp mesjit bina etdirýär. Emma Akşemseddin Hezretleri Stambulda galman Güýnüge, Akbyýyk Hezretleride Bursa gidýär. Akşemseddin kudduse-syrruh Hiji-Kamarynyň 869-njy ýylynda (milady boýunça 1460ý.) bu dünýäden Ahyrýete göç edýär.
************************************
Öwlüýä çelebiniň ýazmagyna görä bolsa, bu waka şeýle beýan edilýär:
“Soltan Muhammet Han Stambuly basyp alandan soň, 77 töweregi ulama Ebu Eýýup Hezretleriniň Gabry-Şerifini anyklamaga howlukýarlar. Netijede Akşemseddin Hezretleriniň keramaty bile Gabry-Şerifiň niredeligi aýan bolýar. Akşemseddin Hezretleri iki rekeat namaz kylandan soň göýä uka giden ýaly özüni bilmän ýatýar. Köpler onuň bu halyny Gabry-Şerifi doly anyklap bilmänliginden görýärler. Aradan bir sagat çemesi wagt geçenden soň Akşemseddin Hezretleri seždeden başyny göterip, Fatih Soltana şeýle ýüzlenýär:
- Eý, Hökümdar, Hudanyň hikmeti bilen biziň namazlygymyzy Ebu Eýýubyň gabrynyň üstünde düşäpdirler, derrew şu ýeri gazsynlar, üç arşyn çuňlukda gazanlaryndan soň, dört burçly ýaşyl mermerden bir daş tapýarlar. Daşyň üstünde: “Ebu Eýýup El-Ensarynyň gabry” diýen ýazgy bolup, onuň aşagynda Ebu Eýýup El-Ensarynyň mübärek bedeniniň gül suwuna batyrlan kepeniň içinde täp-tämiz ýatandygyny görýärler. Şol wakanyň şaýady bolan Yslam esgerleri ol mübärek Gabry-Şerifiň topraklaryny Tewhid kelemesi hem Möwlanyň zikiri bilen doldurýarlar”.
Häzirki günlerimize çenli Ebu Eýýubyň Gabry, onuň üstündäki gupbasy Mesjidi-Şerif, Medrese, Han, Hammam, Ymarat, Çarşy-bazar – bularyň hemmesi Soltan Muhammediň guran binalarydyr. Ebu Eýýubyň Gabry-Şerifiniň tapylmagy bilen baglanyşykly wakany Hijaz Ulamalaryndan bolan Abdul-Hafyz bin Osman “Jilaul-Kulub we Keşful-Kurub fi Menakyby Ebu Eýýup” atly eserinde şeýle beýan edýär:
“Men şu töwerekde mübärek bir ruhuň şöhle saçýandygyny görüp, megerem Hezreti-Myhmansöýeriň Gabry-Şerifiniň şu töwerekde bolmagy mümkindir – diýip Akşemseddin sözüni şeýle dowam edýär:
- Ruhum Hezreti Eby Eýýubyň ruhy bilen tanyşdy. Şonda ol beýik ýeňişi gutlap:
- Gapyňyz meşhur bolsun, meni kapyryň zulumyndan gutardyňyz – diýip, hoşallyk bildirdi. Fatih Soltan:
- Gözüm bilen görer ýaly bir alamat görkeziň-ki, kalbymda şübhelener ýaly zat galmasyn – diýýär. Şonda Akşemseddin Hezretleri:
- Bu tarapy Gabry-Şerifiň baş ujydyr. Şu ýerini iki arşyn gazanyňyzdan soň, üstüne jöhit dilinde ýazylan bir mermer daş çykar – diýýär. Gazyp görseler dogrydanama daşyň üstünde “Bu ýer Ebu Eýýup El-Ensarynyň gabrydyr” diýen ýazgy ekeni. Men bu ýazgyny 1298-nji ýylda zyýarata baranymda görüpdim. Ebu Eýýup El-Ensary Stambulyň basylyp alnandan 807 ýyl öň ahyrýete gidipdi.
Ýokardaky waka bilen baglanyşykly “El-Asarul mejidiýe fil Menakybyl-Halidiýe” atly kitapda şeýle beýan edilýär: Yslam goşuny Stambuldan uzaklaşan badyna, Hezreti-Myhmansöýeriň gabryna el degirjek bolan duşman goşuny çykgynsyz ýagdaýa duçar bolýar. Şondan soň duşman tarapy Ebu Eýýubyň gabryna tä Stambul basylyp alynýança hormat etmeklerini dowam edýärler.
Rowaýat etmeklerine görä, Fatih hezretleri Akşemseddinden Gabry-Şerifiň ýeriniň görkezilmegini haýyş edýär. Akşemseddin şolýerde ösüp oturan iki şahany alyp, birini baş ujuna, beýlekisini aýak ujuna dikip, “ine, bu hezreti Myhmansöýeriň Gabry-Şerifidir” diýýär. Garaňky gatlyşanda Soltan Fatih ýarag göterijisini çagyryp:
- Meniň şu ýüzügimi al-da, piriň çynar şahalary bilen Gabry-Şerifi görkezen ýerine göm, soňam çynar şahalaryny ýerinden gopar-da ýigrimi ädim kybla tarapyna dik. Hany Hezreti şyh ertir gidenimizde niresini görkezerkä? – diýýär. Ýarag göteriji özüne ynanylan wezipäni ýerine ýetirýär. Ertesi irden Fatih ýalňyşmazlyk üçin ýene bir gezek Akşemseddinden Ebu Eýýubyň Gabry-Şerifini görkezmegini haýyş edýär. Pir ýene-de düýnki görkezen ýerine gidip, çynar şahalaryna seredip:
- Bularyň ýeri üýtgäpdir, men düýn bu şahalary ynha şu ýere dikipdim, onsoňam ýeriň aşagyna bir ýüzük gömüpdirler, ony-da derrew çykaryň – diýende, töwerekdäkiler aňk-taňk bolýarlar. Akşemseddin:
- Gabryň başujundan iki arşyn çemesi ýer gazylandan soň “Bu Ebu Eýýup El-Ensarynyň gabrydyr” diýen ýazgyly daş çykar - diýýär. Bu hakykat ýüzünde şeýle bolanda, Soltan Fatih özüni tutup bilmän titremäge başlaýar. Ony töweregindäkiler ýykylmakdan zordan saklaýarlar. Şonuň üçin hem Fatih şeýle diýipdir. “Men Stambulyň ýeňişine begenenimden hem beter Akşemseddin Hezretleriniň töwereginde bolup onuň keramatlarynyň şaýady bolandygym üçin begenýärin”.
Fatihiň ýarag göterijisi çynaryň çybyklaryny öňki ýerine goýmak islände, Pir Hezretleri:
- Goý degme, olaram senden ýadygär hökmünde galsyn, çünki halid bin Zeýd Ebu Eýýup El-Ensary razyýallahu anhunyň jesedi şerifi şol ýerde ýuwulandygy üçin, o ýer basgylanmasyn – diýýär.
Bir rowaýata görä, Ebu Eýýubyň gabrynyň aýak ujundan zamanasynyň aby-haýýaty mysaly suw çykyp, şol suw bolsa, hassalara şypa, mätäçlere sowgat edilipdir.
Gepiň gysgasy Hezreti Ebu Eýýup El-Ensary razyýallahu anhunyň Gabry-Şerifiniň Akşemseddin Hezretleri tarapyndan ýüze çykarylyp, biziň şu günki günlerimize çenli külli musulmanlaryň, zyýaratçylaryň zyýaratgähine öwrülendigine şek-şübhe ýokdur.
Bir sowal: “Ozaldan mälim bolan gabryň niredeligini gözlemegiň hem Akşemseddiniň muny tassyklamagynyň nämä geregi bolup biler?”
Jogap: “Dogrudanam, Ebu Eýýubyň Gabry-Şerifiniň Stambulyň Fethinden ozal Wizantiýalylaryň hormat goýmagy netijesinde Alla Tagalanyň emri bilen abat galandygy şübhesizdir. Ýöne onuň ýeri bes-belli däldi. Çünki Stambula giren Yslam goşunlary Ebu Eýýubyň gabrynyň ýerini bilmeýärdiler.
Çünki Wizantiýalylar Stambulyň içinde hem daşynda monastyrlardyr ybadathanalaryň guýularyna çenli “mübärek” nazar bilen bakyp, hat-da çeşmelerine-de zyýarat edýärdiler.
Gepiň gysgasy, Ebu Eýýup Hezretleriniň Gabry-Şerifiniň ýeri belli bolsa-da, onuň kime degişlidigi anyk belli däldi. Yslam goşuny Stambuly basyp alandan soň, Yslam taryhynyň hormatlysy Hezreti Ebu Eýýup El-Ensary razyýallahu anhunyň Gabry-Şerifini tapmak esasy mesele bolup durýardy. Ol bolsa Akşemseddin Hezretleriniň keramaty bilen ýokarda beýan edilişi ýaly ýüze çykarylýar”.
Fatih Soltan Muhammet Han Hezretleriniň emri bile Ebu Eýýup El-Ensary razyýallahu anhunyň gabrynyň üstüne owadan gümmez galdyrylýar. Emma Fatihden alty ýyl soň ýene-de töweregi haýbatly daş diwarly uly bir gupba bina edilýär. Gümmez galdyrylýarka, edil onuň ortasyna Gabry-Şerifden çykan üsti ýazgyly ak mermer Hezreti Ebu Eýýubyň başujuna goýuldy. Aýak ujy tarapyna owal şol ýerden çykan gaýnak suwunyň akýan ýeri bejeilip gorag astyna alyndy. Gümmeziň kybla tarapyna iki minaraly mesjit saldyryldy. Ol mübärek mesjide patyşa Soltan Muhammet Han ähli wezir-wekilleri şeýle-de, Akşemseddin Hezretleri öz adamlary bile bir juma gijesi Ebu Eýýup El-Ensarynyň zyýaratyna geldiler. Bu mesjidiň iki ymamy bir Mülk süresini okadylar. Baş ymam arapça ajaýyp bir doga okady. Akşemseddin Hezretleri-de soňunda parsça doga etdi. O ýerdäkileriň hemmesi “Ämin” diýip gygyrdylar we aglaşdylar. Fatihalar okap, dileg-dogalar edip, öz ýollaryna gitdiler.
Şol döwürden bäri kiçi çagalar mekdebe başlajak wagtlary, sünnet ediljek çagalar Hezreti Ebu Eýýuba getirilip, zyýarat etdirilýär. Remezany-Şerifde käbir möminler şol ýerde agyz açyp, terawih (tarawa) okap, zikir etmegi adata öwüripdirler.
Taryhy makalalar