...“Gurbangül daýza Gökýaýla obasynda ýaşaýar. Arada “onuň towuklarynyň dördüsi ketegikde boýny kertilgi tapylypdyr” diýen gürrüň ýyldyrym çaltlygynda ýaýrady. Şol towuk keteginiň daşyna ýygnanan mähelle bu hadysa mynasybetli öz çaklamalaryny orta atdy.
“Megerem, tilki bolsa gerek” diýip, Allamyrat öz çaklamasyny orta atanda: “ Obanyň köpekleri tilkini oba sygdyrmazlar” Gylyçdurdy aga onuň çaklamasyny ret etdi. Ýokary synp okuwçysy Mergen: “Düýn, mellegimizdäki gargy gamyşlarynyň arasynda pişikpisint alaja jandary gördim” diýip,garaja gözlerini mölerdip gürrüň berende: Ybraýym daýy: “Aý, bu bir çaga gürrüňidir-le, gorkansoň gözüne goşa görünendir” diýip, ýaňsa aldy.
- Alajagözeniň işidir, ýazlyk ot ýygylanda janawar şonuň arasyna goşulyp oba aralaşýar-diýip, Sapar awçy aýtdy:
- Derwaýys ondan dynmasak obanyň towuklaryny tükeder, başa düşen towkydyr.
Şol gün oba ilatynyň aladalarynyň üstüne ýene-de biri goşuldy. Häzir uly-kiçisi diýmäni hemmeler towuk keteklerini berkitmegiň aladasy bilen boldy. Towuk ketekleriniň birnäçesiniň gapdalynda gapan, duzak guran Sapar awçy hem şondan soň ynjalan ýaly boldy.
Ýöne ertesi gün Jeren daýzanyň hem towuklarynyň birnäçesi ýitrim boldy.
Bu gün ir säherde gapana alajagözeniň düşendigi baradaky habary eşiden ilat Sapar awçyny alkyşlaýardy.
- Alajagözeniň derisini sypyrjakmysyňyz ýa-da ony haýwanat bagyna tabşyrmak hyýalyňyz barmy ?-diýen sowal bilen Mahym ejäniň agtygy awça ýüzlendi.
- Ynsan geçirimli bolmalydyr Esen jan—diýip, ol aýtdy:
- Ýabany haýwan bilen deň bolmak gelşiksizlikdir. Her kes janly-jandaryny rehimsizlik bilen öldürip ýörse tebigatymyz garyplaşyp galmazmy. Bu janawary mesgenine eltsek, oba dolanmaz. Sapar awçy alajagözeni köneje torba salyp, gozakly motosikletine ýükledi. Basym gumak ýolda motosikletiň turuzan kiçijik tozany galdy. Şol günden soň obanyň towugy kemelmedi.