08:18 Alp-Arslan | |
ALP-ARSLAN
Taryhy şahslar
...Iñ abraýly harby başlyklaryñ gezek-gezegine göterip barýan nosilkasynda ol ýatyrdy. Beýik soltan olaryñ ýüzlerini görmek üçin çala başyny göterdi, ýöne ol ýene güýçden gaçdy. Bedenine çuñ ornaşan zäherli peýkam Soltana pikirini jemlemäge mümkinçilik bermeýärdi. Zäher tutuş bedenine ýaýrapdy. Ähli güýjüni toplap, Alp-Arslan ogluny ýanyna çagyrdy. Mälik şa yşarat edenden nosilkany ýerde goýdular. "Oglum, men öz kakamyñ ýakynynda ýatmak isleýärin. Meni ata-babalarymyzyñ ýurduna ~ Merwe äkidiñ" diýip, Soltan çalaja pyşyrdady. Bu beýik türkmen-seljuk soltany Çagry beg Dawudyñ ogly Adud-ad-din Abu Şaja Alp-Arslanyñ iñ soñky aýdan sözi boldy. Seljuk soltanlarynyñ Gündogarda dolandyran 23-nji ýylydy. 1040-njy ýylda türkmen serdarlary ~ seljuklar Muhammet Togrul beg bilen Dawut Çagry beg Gaznewidleriñ goşunyny kül-peýekun edipdiler. Täze döwletiñ - Beýik Seljuklar imperiýasynyñ döränligi hakynda yglan edildi. Şol ýyllardan başlap türkmenler ägirt uly territoriýany, ýagny Orta Aziýany, Eýrany, Zakawkazýäni, Kiçi we öñ tarapky Aziýany, Müsüri täze dörän döwlete "birleşdirip" öz harby ýörişine başladylar. Seljuklaryñ ilkinji Soltanlygyna Muhammet Togrul beg saýlandy, onuñ agasy Çagry beg Horasanyñ hökümdary edilip bellendi, onuñ paýtagty Merwdi. Togrul begiñ ogly bolmandyr, ol öz doganyndan sähel soñ 1063-nji ýylda aradan çykypdyr. Ýöne ölüminiñ öñ ýanynda ol Çagry begiñ körpe ogly Süleýmany özüniñ mirasdüşeri edip belläpdir. Ony bolsa wezir Amid al-Mülk Kunduriniñ baştutanlygyndaky feodal begler işeññir goldaýardylar, feodal begleriñ niýeti täze ýerleri almakdan we döwletdäki ýagdaýyñ eýesi bolmakdy. Ýöne Çagry begiñ uly ogly Alp-Arslan öz garyndaşlarynyñ bet niýetini professional goşuna we hyzmatkär aristokratiýa daýanyp, dessine basyp ýatyrdy. 1063-nji ýylyñ gyşynda Alp-Arslan Kazwin şäherinde Seljuk imperiýasynyñ beýik Soltany diýlip jar edildi. Alp-Arslanyñ şöhratly Nyzam al-Mülki özüniñ baş weziri etmegi onuñ merkezleşdirilen häkimiýetiñ eýesidigini añladýardy. Ol Gündogar we Günbatar welaýatlary berk birleşdirip, çalt zarbalar urup, öz duşmanlaryny ýok etdi. Täze Soltan Bagdat halyfyndan "Adud ad-Daul Ziýa ad-Din" lakamyny alyp, onuñ tarapyndan ykrar edildi. Taryhy çeşmelerde Alp-Arslan hakynda "beýik basybalyjy" ("Fatih") hökmünde aýdylýar, onuñ öñünde "bir müñ iki ýüz patyşa" baş egipdir. Imperatoryñ "syratly şekili, uzyn, ýöne seýrek murty we sakgaly bolupdyr, ol ýaýdan peýkam atýan mahaly olary dañypdyr". Soltan Alp-Arslan uly telpek (şa lybasyndan başga) geýmegi gowy görüpdir. Ol nyşanany ýalñyşsyz urýan mergen bolupdyr. Alp-Arslan batyrlygy, edermenligi, serkerde talanty bilen tapawutlanyp, özüni başarjañ döwlet işgäri hökmünde hem görkezipdir. Onuñ dolandyran döwründe ägirt seljuk imperiýasynyñ hemme ýerinde oba hojalygy janlanypdyr, senetçilik ösüpdir, şäherler gür baglyga bürenipdir. Ol söwdanyñ öñküden-de ösmegi üçin ähli tagallalary edipdir. Beýik ýüpek ýoly Merkezi Aziýany, Eýrany, Owganystany, Hindistany, Uzak Gündogar we Kiçi Aziýa bilen baglanyşdyrypdyr. Ýoluñ bütin ugrunda täze kerwen saraýlar peýda bolupdyr, şolarda daşary ýurtly täjirler jemlenipdir. Orta asyr taryhçysy Sadr ad-Din al-Husaýni şeýle ýazypdyr: "Soltan Alp-Arslan dolandyrmak işinde özbaşdak bolandan soñ we patyşalykda köşgi eýeländen soñ, ol öz raýatlary üçin adalatly bolupdyr we olary sahylyk bilen goldapdyr. Ol öz raýatlary üçin adalatly bolupdyr we olary sahylyk bilen goldapdyr. Ol öz raýatlaryny her ýyl esasy salgydy (al-haraj al-asli) iki gezek boşadypdyr". Döwlet täze basyp alnan oblastlaryñ, aýratyn-da uruşlardan we weýrançylyklardan ejir çeken oblastlaryñ ilatyna kömek beripdir. Her ýyl mukaddes Remezan aýynda imperiýanyñ hemme ýerinde haýyr-sahawat hem-de mugt nahar berlipdir, munuñ üçin ýüz müñlerçe dowar soýlupdyr. Şunuñ bilen bir wagtda Merw, Balh, Gerat, Nişapur şäherleriniñ hersine bir müñ altyn dinar berlipdir. 1066-njy ýylda Alp-Arslan körpe ogly Mälik şany özüniñ mirasdüşeri (waliahd) diýip resmi suratda yglan edipdir. Gadymy Merwiñ topragynda bu meselä bagyşlanan dabara bolupdyr, şonda emirler, harby ýolbaşçylar, köp sanly garyndaşlary şazada wepaly boljakdyklaryna kasam içipdirler. Şol ýeriñ özünde Alp-Arslan ençeme Perman kabul edipdir. Şol Permanlara laýyklykda soltanyñ beýleki ogullary we onuñ doganlary imperiýadaky uly welaýatlary ömürlik alypdyrlar. Alp-Arslan ýurduñ içerki ýagdaýyny pugtalandyryp, onuñ serhetlerini giñeldip başlapdyr. Ol Hotandan "Hazardaky Derbende we Abhaz patyşalygana çenli" giñelipdir. 1064-nji ýylda Seljuk goşuny Gruziýa we Ermenistana giripdir. 1071-nji ýylda bolsa Mansikertiñ (Malazgirt) eteginde wizantiýaly esgerler bilen aýgytly söweş bolupdyr, şonda Wizantiýa goşunyna güýçli zarba urlupdyr, imperator Roman Diogeniñ özi ýesir düşüpdir. Soltan 1,5 million dinar girew we ýylda 360 müñ dinar salgyt tölenjekdigine borçnama alyp, Romany goýberipdir. Ýesir alnan wizantiýaly musulmanlaryñam hemmesi boşadylypdyr. Şeýlelikde, tutuş Kiçi Aziýany basyp alyp we günbatarda öz pozisiýasyny berkidip, seljuk goşuny 1065-nji ýylda demirgazyk-günbatar serhetlerinden göçme taýpalary çalt zarba urup kowup çykarypdyr. 1066-njy ýylda Alp-Arslan Semireçýäniñ aşaky akymlaryna ýetipdir. Jeñde soltan özüniñ babasy Seljuk ibn Dükakyñ guburynda aýat okapdyr we hudaýoly beripdir. Günorta Gazagystanyñ bütin territoriýasy Beýik Seljuklar imperiýasyna birleşdirilipdir. Iş ýüzünde Beýik Ýüpek ýolunyñ gündogar bölegine seljuklar kontrollyk edipdirler. Alp-Arslan öz ogly Mälik şany beýleki uly türkmen döwletiniñ (Günbatar Garahanly imperiýasynyñ) ~ Ybraýym I Böri Tegin Tabgaç hanyñ (1038-1068) gyzyna öýlenipdir, özi bolsa Kaşgaryñ we Hatanyñ dolandyryjysy Kadyrhan Ýusubyñ gyzyna öýlenipdir. Ýöne welin munuñ özi Merkezi Aziýa rahatlygyñ gelendigini añlatmaýar. 1072-nji ýylda Seljuklar bilen gündogar Garahanlylaryñ arasynda Mawerannahr ugrunda bolan söweşlerde Alp-Arslan Amyderýanyñ ýakynynda agyr ýaralanypdyr. Onuñ jesedini Merwe getiripdirler, şol ýerde-de ol öz kakasynyñ gapdalynda jaýlanypdyr. Alp-Arslanyñ (1063-1072-nji ýyllarda dolandyran) gubury henizem tapylanok. Birentek arheologlar ony gözlediler. Ýöne netije bermedi. Gündogary öwreniji Nazar Halymowyñ pikirine görä, öz mawzoleýiniñ gurulmaly ýerini Soltan Sanjaryñ özi görkezenligi tötänden däldir. Megerem iñ soñky beýik Seljuk Sanjar öz ata-babalarynyñ gapdalynda jaýlanandyr, mawzoleý bolsa onuñ belent gümmezidir. Elbetde, häzirlikçe biz diñe çaklaýarys. Geljekki barlaglar Alp-Arslanyñ we Dawut Çagry begiñ jaýlanan ýerini tapmaga ýardam eder we türkmenler bolsa öz beýik ata-babalaryna sežde ederler. Öwez GÜNDOGDYÝEW. #watan_98 | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||