Arzan zadyň arzasy ýok diýýärler.
Gözel zat döränok elujy bilen.
Eneleň hüwdüsi, atalaň anty
Çykypdyr ýüregiň hyrujy bilen.
Perzendiň üstüne gerip döşüni,
Sypap onuň gulpagyny, gaşyny.
Gözünden akdyryp guwanç ýaşyny,
Eneler hüwdini döredipdirler.
Duşman äkidende doganyn güýlüp,
Ýaraty arslan dek düýrülip, düwüp.
Mele desterhany maňlaýa sylyp,
Atalarmyz anty döredipdirler.
Enäň hüwdüsinden döräpdir aýdym,
Atanyň antyndan dörän namys-ar.
Goşa gudrat gaýnap dursun gursakda
Adamlygmyz şolar bilen tanalýar!
Berdinazar HUDAÝNAZAROW.
Goşgular