10:07 Arzuwlar we mümkinçilikler hakynda hekaýat | |
Ýeriň ýüzünde bir ýaş ýigit ýaşapdyr. Onuňam üç sany uly arzuwy bar ekeni: Birinjisi: Gowy aýlykly işe girmek; Ikinjisi: Owadan gyza öýlenmek; Üçünjisi: Bütin dünýä meşhur bolmak.
Hekaýalar
Ine-de sowuk gyş günleriniň birinde ýaňky ýaş ýigit şol şäherde adybelli kärhanalaryň birine işe girmek üçin barýan ekeni. Çola köçäniň ugry bilen barýarka birdenkä onuň öňünde bir gartaşan, geýnüwli adam südenekläp gidipdir-de ýykylypdyr. Ýaş ýigit ol adamy serhoşdyr öýdüp, oňa ýerinden turmaga kömek etmän deňesinden geçip gidipdir. Ol elbetde ýolda ýaňky ýykylan bendä kömek etmek üçin eglenmändigi sebäpli işe girmek isleýän kärhanasyna gijä galman barypdyr. Ýöne ol aljyrap, söhbetdeşlikde özüne berlen sowallara kanagatlanarly jogap berip bilmändir, şonuň üçinem ony isleýän işine kabul etmändirler. Soň ol işsiz gezip ýören günleriniň birinde köçede sergezdan artistleriň çykyş edip durandyklaryny görüpdir-de, olara tomaşa etmek üçin saklanypdyr. Artistler çykyş edip bolanlaryndan soň az sanly tomaşaçylar dagap başlapdyrlar. Ol ýaş ýigdem şol duran ýerinden gitmekçi bolupdyr welin, artistleriň görkezen oýnunda baş gahryman bolup oýnaýan garryja masgarabaz zenan onuň ýanyna gelipdir-de, ýaňky ýigitden öz görkezen tomaşalaryny halandygyny ýa-da halamandygyny sorapdyr. Ýaş ýigit garry masgarabaz zenan bilen gepleşmegi özüne kiçilik bilip, seňrigini ýygrypdyr-da, öýüne gaýdypdyr. Şol günden birnäçe gün soň, ýaňky ýigit ýagyşly gijeleriň birinde öz ýakyn dostunyň doglan gününden öýüne gaýdyp barýarka, kimdir biriniň pessaýja aglaýan sesini eşidipdir. Ol kimiň aglaýandygyny görmekçi bolup töweregine garanjaklap başlanda bir gyzyň ýeke özüniň ýagşyň aşagynda, saýawansyz, oturgyçda oturyp aglamjyraýandygyny saýgarypdyr. Ol gyzyň bolup oturyşy hem ol kimdir biriniň özüne hossar çykmagyny isleýäne çalym edipdir. Ýigdiň ýüreginde ol gyzyň ýanyna baryp, onuň bilen hal-ahwal soraşmak, onuň derdini egismek islegi döräpdir. Emma ol oturylyşykdan ýadaw halda gelýändigi hem-de öýünde bahymrak ýuwnup-ardynyp ýatmak isleýändigi sebäpli, gyzyň ýanyna sowulmandyr-da, geçip ötägidipdir. Soň ýyllar geçipdir. Ýaňky ýaş ýigit ömrüne az aýlykly işleriň birinden çykyp beýlekisine girip, ýetde-gütde halda, atsyz-sorsuz ýagdaýda, öýlenip bilmän müjerret ötüpdir. Onsoň ol o dünýä barandan soň özüniň goraýjy perişdesine gabat gelipdir-de, oňa nägileligini bildiripdir. Ol adam perişdä: -Sen bilýäňmi, men senden närazy!-diýipdir-Illeriň perişdeleri öz goraýan ynsanlarynyň arzuwlarynyň wysal bolmagy üçin elinden gelen kömegi edýär. Senden welin gyşyň güni bir bedre buz almagam hyllalla boldy. Senden maňa boobçe podderžka bolmady. Tak şto, men-ä Hudaý jandan seni özüňe ynanylan wezipäni oňarmandygyň sebäpli wezipeden pyzmagy haýyş etjek! Şonda onuň ýaly nedowolnylaryň öňem bir gadak ýarym gadagyny göre-göre gelýän köpi gören perişde ajy ýylgyrypdyr-da, ýaňky adama şeýle diýipdir: -Aý gardaşym,-diýipdir-Men seniň iň arzyly arzuwlaryň amala aşmagy üçin elimden gelen mümkinçiligimi döretdim. Seniň üç sany arzuwyň durmuşa geçmegi üçinem diňe seniň eliňi uzatmagyň, gözüňi giňräk açmagyň hem-de öz ýüregiňde dörän ymtylyşa imrikmegiň gerekdi. Sen şol ýaş wagtyň, isleýän ýeriňe işe girmek üçin barýarkaň öňüňde büdräp ýykylan adam ýadyňa düşýärmi? Ine şol adam seniň işe girmekçi bolan kärhanaň baş direktorydy. Eger-de sen oňa diňe eliňi uzadyp, ýerinden turmaga kömek eden bolsaňdy, onda sen şol kärhanada gaty ýokary wezipelere ýetip, ömrüňe at-abraýly we bolelin ýaşardyň. Onsoň seniň ýanyňa gelen garry masgarabaz zenany hem ýadyňa sal! Ol zenan garry masgarabazyň keşbine giren ýaş hem owadan gyzdy. Onuň mähri gidip seniň ýanyňa barypdy we seniň bilen tanyşlyk açmak isläpdi. Eger-de sen gözleriňi giňräk açyp onuň bilen ikije agyz gepleşen bolsaňdyň, onda siziň ikiňiz galan ömrüňize birek-biregi söýüp-sylap, mähir-muhabbetde ýaşardyňyz, biri-birinden eýjejik çagalaryňyz bolardy. Iň soňunda-da şol bir ýagyşly gije, öz öýüňe ýakynlanyňda, ýalňyz özi aglap oturan naçary ýadyňa sal! Ol gyz şol döwrüň meşhur ýazyjysydy. Şol mahal ol özüniň ençeme ýyllap däli-mežnun bolup halaşan ýigdini jaýlapdy. Eger-de sen şonda öz ýüregiň emrine kaýyl bolup, ol betbagt zenana duýgudaşlyk bildiren bolsaňdyň, ol zenan sen hakda deňsiz-taýsyz bir ajaýyp eser dörederdi. Şeýdibem seniň belent adamkärçiligiň dünýä jar bolup, seniň at-awazaň ýeriň ýüzüne ýaýrardy. Şonuň üçinem köşek öz dolboýoblygyň üçin gaýrat et-de perişdeleri däl-de özüňi günäle!-diýip dana perişde sözüni soňlapdyr. Terjime birneme üýtgedilip alyndy. Çeşme: http://elklub.ru/pritcha-o-mechte Terjime eden: Bagabat. | |
|
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |