19:57 Bagtyny serhetden tapan / hekaýa | |
BAGTYNY SERHETDEN TAPAN
Hekaýalar
Bu gün ol göni öýe gaýtmagyň aladasyny etdi. Çünki, bu gün Mähri iş wagty tamamlanan dessine onuň çagalykdan bileje önüp-ösen jan ýaly jorasy hem goňşusy Jennet «Örän wajyp gürrüňim bar» diýip, öýlerine gelip gitmegini haýyş edipdi. Jennet obalarynda ökde tikinçi hökmünde tanalýardy. Ol dürli biçüwdäki eşikleri şeýle bir ussatlyk bilen tikýärdi welin, sargyt bilen gelýän gelin-gyzlardan ýaňa öýüniň gelim-gidimi kemelmeýärdi. Şonuň üçinem Täçnabat daýza gyzyna öýüň işleri üçin gaty bir azar berip hem durmazdy. Öý işlerini Jennediň özünden kiçi gyz jigileri Güller bilen Aýlar kemini goýman ederdiler. Jennet hem öz gezeginde gyz jigilerine dürli biçüwdäki owadan köýnekleri tikip bererdi. Jennet süýji-süýji tagamlary taýýarlamaga hem wagt tapardy. Mähriniň ýurdumyzyň Lukmançylyk uniwersitetiniň talyby bolmagy iki joranyň gatnaşyklaryna zeleli degmedi. Olar günde-günaşa diýen ýaly görşüp, syr alşardylar. Mähri öz okuwy barada gürrüň berse, Jennet öz el işleri hakynda aýdyp bererdi. Bu gün iki jora ýene-de Jennetlerde duşuşdylar. Jennediň aýdan täzeligine Mähri bir tarapdan begense-de, göýä jorasy eýýäm gelnalyjy maşyna mündürilip äkidilip barylýan ýaly ör-gökden geldi. Sebäbi Mähri Jennet bilen şeýle bir ysnyşypdy welin, onuň serinde jorasy bilen haçan hem bolsa, bir wagt aýra düşmek baradaky pikire orun ýokdy. Belki, Mähriniň maşgalada ýeke çaga bolanlygyndandy rol Jennedi öz dogany ýaly görýärdi. Görüşmedik günleri hem telefon arkaly habarlaşýardylar. Galyberse-de, Mähri öz köýneklerini hem diňe Jennede tikdirýärdi. Gyzlaryň ikisi hem görk-görmekde-de, edep-ekramlylykda-da biri-birinden peslär ýaly däldi. Şonuň üçin gyzlar mekdebiň soňky synplarynda okaýan döwürleri ýetginjek oglanlaryň, öz dogan-garyndaşlarynyň syrly nazarlaryndan sypmandylar. Emma gyzlaryň öz öňlerinde goýan birnäçe etsem-goýsamlary bardy. Şolaryň içinde maşgala gurmak meselesine entek nobat ýetenokdy. Gyzlaryň ene-atalary hem olaryň ilki bilim almak, hünär öwrenmek baradaky isleglerine garşy bolup durmandylar. Şonuň üçin hem olar gapydan «salama» gelýänleriň habaryny almaga howluganokdylar. * * * Bu günki Jennetlere gudaçylyga gelenler olaryň şäherde ýaşaýan daşgynrak garyndaşlarydy we öňki goňşularydy. Obadan birnäçe ýyl mundan öň göçüp giden Gülnabat daýzanyň maşgalasy Jennetler bilen gatnaşygy kesenokdylar. Olar häli-şindi biri-biriniňkä görme-görşe barardylar, saçakly gatnaşardylar. Bu gün Gülnabat daýza öz ogly Mekan üçin Jennede söz aýtmaga gelipdi. Jennet öz işi bilen gümra bolup duran wagty, penjireden öz howlularyna girip gelýän Gülnabat daýzany görüp, ony mähirli garşylady. Derrew hem çaý demläp, dürli-dümen süýjili mejimäni getirip, ejesi bilen myhmanyň öňünde goýdy. Myhmanlar gidensoň, ejesi oňa Gülnabat daýzanyň habaryny ýetirdi. Gülnabat daýzanyň nowbahar ogly Mekan gullugyny tamamlansoň, öz ömrüni harby gulluga ymykly baglapdy. Ol Serhet institutyny üstünlikli tamamlap, indi iki ýyl bäri ata Watanymyzyň mizemez serhetara çägini goraýardy. Onuň öz saýlap alan kärine söýgüsi çäksizdi. Gülnabat daýza üçin ogly bilen aýralyk bir bada ýeňil düşmese-de, oglunyň Watan goragynyň mukaddesligi, serhetçiler üçin döredilýän şertler hakynda joşup berýän gürrüňleri ene ýüregini rahatlandyrýardy. * * * Mekanyň paýtagta bu gezekki iş saparynyň aýratyn hem-de tolgundyryjy sebäbi bardy. Döwlet serhedinden uly möçberde neşe serişdesini geçirmäge synanyşan serhet bozujylary ele salmakda aýratyn edermenlik, hüşgärlik görkezen leýtenant Mekan Atabaýew we onuň gullukdaş egindeşlerine döwlet sylaglary gowşurylmalydy. Şonuň üçin hem oglunyň geljegini, onda-da näme üçin geljegini bilýän Gülnabat eje uzakly gün bitakatlykda gezdi. Adamsy Gurban aga hem bu gün öýlerine irgözinden geldi. Eýsem näme, bular ýaly şatlykly waka hemişe bolup duranok ahyryn. Gapyda baýramçylyk harby lybasynda döşi döwlet sylagly, eli gül çemenli duran ogluny gören Gülnabat daýzadyr Gurban aga begenç gözýaşlaryny saklap bilmediler. Oglunyň berdaşly eginlerini berk gujaklan ene ony wagty bilen goýbermän saklap durdy. Öz nobatyna garaşyp gapdalda guwanç bilen ýylgyryp duran Gurban aga-da ogluny mäkäm gujaklady. Şatlyk dabarasy eýýäm Gurban agalaryň döwletli ojagyna üýşen dogan-garyndaşlaryň arasynda dowam edýärdi. Her kim Mekany gyzgyn gutlaýardylar. Beýle ýokary derejä, onda-da döwlet sylagyna mynasyp bolmagyň aňrybaş ýokary derejedigi, galyberse-de, Döwlet serhediniň asudalygyny goramak ýaly jogapkärli wezipe ynanylyp, ony hem abraý bilen ýerine ýetirip, döwlet Baştutanymyzyň hut öz elinden döwlet sylagyny almak bagtynyň miýesser etmegi Mekanyň hem oň ene-ata, dogan-garyndaşlarynyň başyny göge ýetirdi. Döwlet Baştutanymyzyň öňünde Watanymyzyň asudalygyny goramakda şirin janyny-da aýamajakdygy, geljekde-de serhet goragynda sak durjakdygy barada dabaraly ýagdaýda kasam eden Mekan, döşünde ýalpyldap duran sylagyna seredip, soň-soňlar hem bu kasamy öz kalbynda gaýtalaýardy. Myhmanlar sowluşyp, maşgala agzalarynyň öz-özleri saçak başyna üýşenlerinden soň hem bu ýatdan çykmajak ýakymly pursaty ýatlap, her kim özüniň ýürek buýsanjyny beýan etmek bilen mesaýy gürrüň ep-esli dowam etdi. Gülnabat eje öz agzybir maşgalasy bilen çaý başynda söhbet edip oturan hem bolsa, «Tamdyra gyzanda ýap» diýlen ýörelgä eýerip, ogly Mekan bilen ýene bir wajyp mesele boýunça gürleşmek üçin onuň bilen ikiçäk galmaga howlukdy. Giçlik Gülnabat eje Mekanyň otagyna girerine garaşyp, onuň ýanyna bardy. Mekan: — Eje, henizem ýatmansyň-la, bu gün myhman garşylap ýadamadyňmy – diýip, degişdi. — Oglum, bular ýaly şatlykly pursat seýrek bolýandyr. Goý, şeýle begençli pursaty başdan geçirmek beýleki enelere-de, beýleki maşgalalara-da nesip etsin. Begenjimden ýaňa ýadawlygam, ukynam duýamok. Ýöne, sen ýatyp dynjyňy aljak bolsaň men seni saklamaýyn, senem ýadawsyň?! — Ýok, eje. Men ýadaw däl, ukym hem gelip duranok. Biz serhetde ençeme gijeleri çirim etmänem geçirýäs – diýip, Mekan ejesine garady. Ene diýlen näzik ynsan begense-de, gynansa-da ony diňe öz gözýaşlary bilen alamatlandyrmagy kada. Ýaňy bir gözýaşyny süpüren enäniň gözleri ýene-de çalaja çygjaryp gitdi. Ol: — Oglum, kakaň bilen meniň ynamymy, beren terbiýäzimi aňrybaşy bilen ödediň. Kakaň ikimiz begenip iki bolup bilemizok. Ykbalyňy harby gulluk bilen baglanyňda, seniň öýden üzňe bolup, ençe wagtlap seniň didaryňy görüp bilmejegime bir hili gynanan hem bolsam, häzirki pursat meniň begenjimiň çägi ýok – diýip, ene esasy meselä geçmäge howlukdy: — Oglum, men seniň ýanyňa bir döwletli maslahat bilen geldim. Her bir ene-ata çagasynyň ösüp, kemala gelip, bilim alyp, durmuş ýoluna düşenini, eden yhlaslarynyň miwesini görmek isleýär. Biz senden müňde bir razydyrys, oglum. Şu wagta çenli ata-enäň öňündäki parzyňy aňryýany bilen berjaý etdiň, indem edersiň. Şonuň üçin hem meniň saňa häzirki etjek teklibimi hem goldarsyň diýip umyt edýärin – diýip, ene sözüne dyngy berip, oglunyň ýüzüne mähirli nazary bilen seretdi. Mekan: — Eje jan, sen näme aýtjak bolsaň ýüregiňdäkini arkaýyn aýdyber. — Oglum, biz kakaň bilen maslahatlaşyp, seni öýli-işikli etmegi ýüregimize düwdük. Meniň-ä eýýäm göz öňünde tutýan ýerimem bar. Ýöne şol gapyny kakmaga seniň rugsadyň, razylygyň gerek. Başymyzyň dikliginde kakaň ikimiz bu döwletli işi yza çekesimiz gelenok – diýip, oglunyň ýüzüne soragly nazaryny dikdi. Mekan birsalym oýlandy-da, mähirli ýylgyryp: — Eje, meniň garşylygym ýok. Gelinlik üçin bolsa, seniň saýlan gyzyň meniň üçin mynasyp ýanýoldaş bolar diýip pikir edýärin. Ýöne, bir aýtjak zadym… – diýip, Mekan sözüne dyngy berdi-de ýene sözüni dowam etdi. — Eje, gudaçylyga baranyňyzda, meniň serhetçidigimi aýdyp, maňa ömürlik ýoldaş boljak gyzyň bolsa, meniň bilen ýurdumyzyň islendik künjegine gitmäge taýýardygyny anyklasaňyz gowy bolar. Ýöne, ýene-de bir zady, bu günki gün serhetçileriň maşgalalary üçin serhet galalarda ähli şertleriň döredilendigini hem aýtmagy ýadyňyzdan çykaraýmaweriň. Şunuň bilen eneli ogluň gürrüňi tamamlandy. — Gülnabat daýza Jennediň ejesi bilenem Jennediň özi bilenem gürleşip gördi. Birbada gyzyny häli-şindi görüp bilmejekdigi barada oýlansa-da, Täçnabat daýza Mekan ýaly ýigit bilen gyzynyň hiç wagt hor bolmajakdygyna göz ýetirenden soň, garşy bolmady. Dogduk ojagyndan hiç wagt uzaga gidip görmedik Jennet hem öýünden, obasyndan alyslara gitmegi bir bada garaňkyrak görse-de, harby gullukçy, onda-da serhetçi ýoldaşy bolan maşgalanyň hiç wagt hiç ýerde kösenmejekdigine, galyberse-de, teleýaýlymda häli-şindi harby gullukçylaryň maşgalalary hakda edilýän aladalary, olar üçin döredilýän mümkinçilikleri, gurlup berilýän ýaşaýyş jaýlary we oňa göçüp barýan serhetçileriň maşgalalary göz öňüne geleninde, özi hem serhetçiniň mynasyp maşgalasy bolup bilerin diýen ynam bilen, razylygyny berdi. Toý sähedi Mekanyň zähmet rugsadyna gabatlapalyndy. Uly şatyk-şowhun bilen sowulan toýdan soň, Mekan bir hepde öýlerinde bolup, zähmet rugsadynyň ahyrky günlerinde, gelni bilen ýol şaýyny tutup başladylar. Ertir serhet galasyna gitmeli diýlen güni Jennet ejesini we jigilerini görmek üçin öýlerine bardy hem-de olar bilen hoşlaşyp gaýtdy. Ine-de, serhet galasy. Jennet bu ýerde öňden ýaşap ýören serhetçileriň maşgalalary bilen tanşyp, olar bilen tiz öwrenişdi. Boş wagtlaryny bolsa öý işleri, tikin-çatyn bilen meşgullanyp, bikärlige ýol bermedi. Şeýle-de, Jennet bu ýere gelmek bilen, Watanymyzyň ajaýyp tebigatyny öz gözi bilen görmek mümkinçiligine hem eýe boldy. Mekan bolsa, indi özüniň harby gulluk borjunyň üstüne maşgala jogapkärçiliginiň hem düşendigine, ata Watanymyzyň araçäkleriniň goragy, halkymyzyň asudalygy bilen bir hatarda, özüniň maşgala ojagynyň parahatlygyny hem goraýandygyna kemsiz düşünýärdi. Öz nobatynda Jennet hem gerdenine düşen uly jogapkärçilige maşgalada asudalygyň, agzybirligiň pugta berjaý edilmeginiň öz söwer ýarynyň mukaddes borjuny üstünlikli berjaý etmeginde täsiriniň uludygyna aňryýany bilen düşünýärdi. Ol şol mukaddes borjy serhet goragynda we maşgala ojagynda berjaý edýän iki ýüregiň sazlaşygyny saklamagyň esasy böleginiň zenan maşgalanyň paýyna düşýändigini eýýäm ýyllar boýy duýup gelýärdi. Şeýle parahat, asuda Watanyň goragyny alyp barmakda özüniňem goşandynyň bardygyna çyny bilen begenýärdi hem buýsanýardy. Aýlar-ýyllar kerwen gurap geçip durdy. Mekan bilen Jennediň bir ogly we bir gyzy dünýä inipdi. Mekan bilen Jennet ene-atalaryna sala salmak bilen, şeýle hem serhetlerimiziň elmydama asuda bolmagyny arzuw edip, ogullaryna Serhet, gyzjagazlaryna bolsa Asuda diýip at goýdular. * * * Mährini köp garaşdyran pursat hem gelip ýetdi. Aňyrdan gelşine Jennediň çagalarynyň hersini bir gujagyna alyp, olaryň ýaňajyklaryndan taýly gezek ogşandan soň, olary ýerde goýup, hersiniň eline nepisje oýnawaçlary hem-de owadan daşly şokolady tutdurdy. Soňra Täçnabat daýza bilen salamlaşdy. Oňa çenli jan ýaly jorasynyň sesini eşidip, Jennet hem daş çykdy. Iki jora biri-birini ýitirip tapan ýaly mähirli görüşdiler. Jennet: — Mähri seni örän göresim geldi. Soňky günler-ä hasam howlukdym. Mähri şol degişgenligi bilen: — Goýsana gyz, biz-ä seniň ýadyňa-da düşýän däldiris-le. Ejeňden ýagdaýyňy eşidip, Jennet indi olar ýaly ajaýyp ýerlerde mesgen tutan bolsa, öýünem küýseýän däldir, bizem unudandyr diýip, Täçnabat daýza bilen degişýäs. Ýogsa-da, seniň serhet barada, Mekanyň gullugy barada, özüňem başardygyňdan Mekana goldaw berşiň barada eşidip, bula hakyky serhetçi bolup gidipdir – diýibem daşyňdan guwanýas. Soňra iki joradyr Täçnabat daýza gürrüňi çaý başynda dowam etmek üçin öýe girdiler. Çaý demlemek üçin aşhana tarap ýönelen Jennet jorasyna: — Mähri jan, sen ejemiň ýanynda bir salym otur. Men häzir çaý demläp geleýin. Soň meniň saňa aýtjak bir wajyp gürrüňim bar – diýip, aşhana girip gitdi. Mähri onuň yzyndan: — A, gyz «wajyp sözüň» bilen meni howsala salmasana. Öňki gezegem şeý diýeňde, Mekan geldi-de seni bizden aldy ötä gitdi – diýdi. Jennediň ejesi muňa hezil edip güldi. Aşhanadan Jennediňem gülýän sesi eşidildi. Jennet aşhanada çaý taýýarlaýança Mähri Täçnabat daýza bilen birsalym gürleşip oturdylar. Mähri birden uludan demini aldy-da, agraslyk bilen söze başlady: — Jennet joram bilen Mekanyň bagtyna çäksiz guwanýan. Olar örän mynasyp jübütler – diýip dymdy. Täçnabat daýza Mähriniň sözlerini üns bilen diňläp, buýsanç bilen çalajadan başyny atdy-da, soňam: — Öz balasynyň bagtly bolandygyny görmek, olara guwanmak her bir ene-atanyň arzuwy. Mähri jan, seniňem eneň-ataň seň maşgala gurup, bagtly bolanyňy görmegi arzuwlaýandyrlar. Tüweleme, ýokary okuw mekdebini tamamladyň. Özüňem ökde lukman bolup ýetişdiň. Ind-ä daş-töweregimizde biriniň başy syzlasa «Mähri lukman» diýip size tarap ylgaýýarlar – diýip, Mähriniň ýüzüne seretdi. Bu Täçnabat daýzanyň «Indi maşgala gurmaga saňa-da çen boldy» diýdigidi. Mähri Täçnabat daýzany diňläp, süýem barmagy bilen halynyň güllerini dyrmap oturyşyna: — Dogry aýdýaň, Täçnabat daýza. Ilk-ä okuw diýdik, soň iş diýdik, indem seredip otursam, wagt ýyldyrym çaltlygynda geçip barýa. Soňky döwürler-ä menem Jennet ýaly maşgala gurmak meselesini irräkden alada etmändigime ökünýän. Jennediňki ýaly harby gullukçy, Watan goragçysy ýanýoldaşyň bolsa armanyň näme?! Mähri bilen Täçnabat daýza birsalym dymyp oturdylar. Aşhanadan eli üsti dürli-dümenden doly mejimeli Jennet göründi. Gelşine-de ejesinden çagalaryny sorady. Täçnabat daýza çagalaryň howluda oýnap ýörenini aýtdy. Şonda Mähri ýene degişme gürrüňine başlady: — Täçnabat daýza, Jennet, siz üns berdiňizmi?! — Nämä üns bermeli? — Ynha, Jennediň çagalarynyň ady Serhet hem Asuda. — Hawa, ýeri onsoň... — Onsoňy? Mähri sözüne dyngy berdi-de: — Seniň adyň Jennet, ýoldaşyň ady bolsa Mekan... — Ýeri... — «Jennet Mekanyň Serhedi Asuda» diýen ajaýyp jümle emele gelýär. Şundan soň Jennetdir Mähri, Täçnabat daýza hezil edip gülüşdiler. Täçnabat daýza: — Ýeri, Mähri, seniňem kelläňe gelip ýören zatlary. Biz-ä şunça wagtlap bu barada pikirem etmändiris. Dogrudanam, Jennet Mekanyň Serhedi Asuda – diýip, Täçnabat daýza Mähriniň diýenlerini buýsanç bilen gaýtalady. Jennedem şu ýerde pursatdan peýdalanyp: — Ýeri, degişmeçi, entek agşam Mekan gelsin, ana seniň degişmeleriň dowamyny şonda diňläris – diýip, Jennet ejesine syrly nazaryny aýlady. Çaý içip birsalym oturan soň, agşam ýörite oturmaga gelmegi wada berip, Mähri turmak bilen boldy. Mähri çykyp gidensoň, Täçnabat daýzadyr Jennet agşamlyk naharyň ugruna çykdylar. Täçnabat daýza Jennet bilen aşhanada güýmenip ýören ýerinde: — Jennet jan, seniň o diýýän ýigidiňe Mähriniň göwni ýetermikä?! — Eje, men saňa söz berýän, hökman ýeter. Ol Mekanyň synpdaşy, olar Serhet institutyny hem bile okapdyrlar, ýokary okuw mekdebini tamamlansoň ony daşary ýurda bilimini artdyrmaga ugradypdyrlar. Gullugyny dowam etdirmek üçin dolanyp gelenine ýaňy üç aý bolupdyr. Gelen güni Mekan bilen habarlaşdy. Soň bize myhmançylyga geldi. Şonda özüniň şäher merkezindäki harby bölüme wezipä bellenendigini,ýaşaýyş jaýy bilenem üpjün edilendigini gürrüň berdi. Boýy-syraty, görk-görmegem hiç kimden pes däl. Bizem şonda Mekan bilen: — Saňa onda diňe öýlenäýmek galýa-da – diýip,degişdik. Olam: — Ol diýýäniňizem dogry. Meniňem enem-atam şony diýýä. Meniň bolsa, entäk göz öňünde tutýanym hem ýok. Menem bir akylly-başly, düşünjeli gyz bolsa, öýlenmäge garşy bolup durmazdymam welin.... herki zadyň öz wagty-sagady bardyr-da – diýdi. Şonda Mekan: — Dost, sen toý şaýyňy tutuber, gelinlik tapmak meň bilen – diýdi. Haçan-da dosty öýüne gaýdandan soň Mekan maňa Mähri bilen gürleşip görmegimi haýyş etdi. Şonda men Mähri ol ýigide mynasyp ýanýoldaş bolar diýip oýlandym. Ynha, eje görersiň, hemme zat gül ýaly bolar. Belki, bu gün biz iki juwan ýüregiň tapyşmagyna sebäp bolarys. Jennet gürrüňini tamamlamanka Mekan hem dosty bilen salam berip öýe girdiler. Dogrudanam, Mekanyň dostunyň görk-görmegem, boý-syratam bir ýigide degýärdi. Uzyn boýly, bugdaýreňk, daýanykly ýigit raýat geýminde bolsa-da, onuň harby gullukçydygy görnüp durdy. Bular saçak başyna geçip, bir käse çaý içip-içmänkäler Mähri hem gapydan girdi. Ol gele-gelmäne öýüň çep künjeginde oturan ýigidi görmän, şol alçaklygy bilen degşip, Mekan bilen salamlaşdy. Mähri Mekan bilen degişmesini dowam etmekçidi welin, Mekanyň ýanynda ýylgyryp duran pälwan sypat ýigide gözi düşüp, aljyrajak ýaly etdi. Mekan pursatdan peýdalanyp: — Mähri tanyş boluň, meniň jan ýaly dostum, hem egindeşim Wepa. Bulary daşyndan synlap duran Jennet ejesiniň gulagyna ýuwaşjadan pyşyrdady: — Eje, göwnüme bolmasa Mähri öz Wepasyny tapaýdy öýdýän. Dünýägözel ÇARYÝEWA. | |
|
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |