10:08 Balykçy hem bankir hakynda tymsal | |
Günlerde bir gün, soňky dört-bäş ýylyň içinde ilkinji gezek birnäçe gün dynç almak üçin işinden sypynyp bilen uly bankyň eýesi deňiz ýakasyndaky kiçijik obajykda, çaklaňja gämi duralgasynda oturan ýerinden öz gaýygynda balyk tutýan balykçyny synlap oturan ekeni. Balykçy birsalymdan soň çeňňegi bilen bir uly balygy tutupdyr-da, kenara garşy gaýdypdyr. Bankir balykçyny şowly aw bilen gutlapdyr-da, ondan şu elindäki ýaly balygy tutmak üçin näçe wagt sarp edýändigini sorapdyr.
Hekaýalar
- Takmynan bir-iki sagatdan köp däldir-diýip balykçy jogap beripdir. - Onda näme üçin sen entek gün ýaşmaga wagt köp bolsa-da, deňizde galyp, şeýle balyklaryň ýene-de birnäçe sanysyny tutmadyň?-diýip bankir geň galypdyr. - Şunuň ýaly balygyň biri meniň maşgalama ertire çenli iýmäge ýeterlik bolýar-diýip balykçy parahat jogap gaýtarypdyr. - Onda sen balyk tutmaýan bolsaň günüň galan böleginde näme işleýärsiň?-diýip bankir sowal bermegini dowam edipdir. - Birsalym, arkaýyn ýatyp ukumy alýaryn, soň çagalarym bilen deňizde suwa düşýärin, soň kenarda aýalym, çagalarym bilen oturyp, arassa howada balykdan kebap bişirinýäris, gün ýaşyp gelýärkä şapaga tomaşa edip, kofe içip oturýarys. Soň bolsa dostlarym bilen gije kenarda, ot başynda, aý astynda ýakymly söhbetler edip oturýarys. Şeýdibem öz durmuşymdan lezzet alyp ýaşaýaryn. Balykçynyň aýdýan zatlaryna hasam geň galan bankir, birsalym oýurganyp durupdyr-da, ýene-de balykça ýüzlenipdir: -Sen bilýäňmi, gardaşym, men seniň bihuda ýaşap ýörüşiňe dözmedim. Men Garward uniwersitini ykdysadyýet ugrunda aňrybaşy ýokary bahalar bilen tamamladym. Şonuň üçinem men saňa mugtuna, senden hiç hili töleg almazdan saňa öz durmuşyňy ykdysady taýdan has girdejili we bähbitli meýilleşdirmegi öwredeýin. Sen ertirden başlap öz ýalňyş ýaşaýşyňy üýtget. Günde ýekeje balyk tutan badyňa öýüňe gaýtma-da, tä gün ýaşýança tutup bilen balygyňy tutmak bilen meşgullan! Onsoň sen özüňden artan balyklaryňy satarsyň-da özüňe bu wagtkyňdn has uly gaýyk satyn alnarsyň! - Onsoň ol gaýygy men näme edeýin?-diýip balykçy bankirden sorapdyr. - Sen soň şol gaýygyň kömegi bilen çeňňekleriňi hem köpeldip, has köp balyk tutup başlarsyň-diýip bankir balykçynyň tüntawlygyna gatyrganyp başlapdyr:-Soň bolsa sen has köp balyk tutup, olary hem satynyp, ýene-de birnäçe gaýyk, çeňňek satyn alarsyň, özüňe işgär tutunarsyň, olaryň tutan balyklaryny hem satarsyň-da, ýene-de gaýyklaryňy, çeňňekleriňi, işgärleriňi köpeldersiň... - A soň näme?-diýip balykçy hem bankiriň pikirine görä “tüntaw” sowal bermegini dowam edipdir. -Soň sen balygy gaýtadan işleýän kärhana açynarsyň. Soň baýap, bu itiň ölen ýerinde ýerleşýän, tozanly obajygyňdan paýtagta göçüp gidersiň. Ol ýerde özüňe mähnet edara jaýyny satyn alyp, eýýäm ýüzlerçe işgär işledip başlarsyň... - Onsoň seniň bu aýdaýn baýlygyňa ýetmek üçin maňa näçe wagtlyk irginsiz zähmet gerek bolar?-diýip balykçy ýene-de sorapdyr. - Azyndan 15-20 ýyl. - Onsoň şol 15-20 ýyldan soň men näme işlärin? - Ine şondan soň welin seniň durmuşyňda iň lezzetli döwür başlar-diýip bankir gülüpdir:-Sen tütjar baý bolanyňdan soň işlemegiňi bes edersiň-de, diňe gazanan pullaryňy sowarsyň. Munuň üçinem şäheriň goh-galmagalyndan, başagaý durmuşyndan daşlaşyp, deňziň kenaryndaky bir çaklaňja obadan oňatja, rahatja jaý satyn alyp, şol ýere göçüp gelersiň. Günde islän wagtyňa çenli ýatyp, rahat ukyňy alarsyň. Göwnüň isleýşine görä balyk tutarsyň. Soň çagalaryň bilen deňizde suwa düşersiň, soň kenarda aýalyň, çagalaryň bilen oturyp, arassa howada balykdan kebap bişirinersiň, gün ýaşyp gelýärkä şapaga tomaşa edip, kofe içip oturarsyň. Soň bolsa dostlaryň bilen gije kenarda, ot başynda, aý astynda ýakymly söhbetler edersiň. Şeýdibem öz durmuşyňdan lezzet alyp ýaşarsyň... Çeşmesi: https://elims.org.ua/pritchi/pritcha-o-schaste-rybak-i-bankir/ Terjime eden: Bagabat. | |
|
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Başga tarapyndan seret... / hekaýa - 20.12.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |