18:46 Bibiniň begenji / hekaýa | |
BIBINIÑ BEGENJI
Hekaýalar
Bibi begenýärdi… Onuň işleýän ýeri obanyň aňry çetindäki Hammadyň buz gaýmak satýan hususy dükany bolansoň ol öýlerine ýetýänça ep-esli ýöremelidi, ýöne bu gün ol gaty begenýärdi, şonuň üçinem ýöräp däl-de, göwnüne bolmasa, uçup barýan ýalydy. Eýsem begenmez ýaly hem däldi. Bibi özüniň on dokuz ýaş ömründe ilkinji gezek öz çeken zähmetiniň hakyny-aýlygyny alypdy, özem az-maz zadam däl-de, tutuşlygyna bir million üç ýüz müň manat… Gör, bu pula nämeler alnyp bolar!… Onsoňam munça puly Bibi haçan görüpdir?!… Elbetde öňler kakasynyň agzy arassaka, tirýek çekmeýärkä, Bibi mundan on esse köp puly hem öýlerinde görýärdi. Ol wagtlar gaty hezildi, sebäbi ol wagtlar kakasy zähmet çekýärdi, garpyz ekip, garpyz satýardy, üzüme seredýärdi, hyýar-pomidor ekýärdi, düşenje puly hem göni ejesine getirip berýärdi, öýlerinde-de kem zatlary ýokdy, ertirki günleri hem gaýgy däldi, iliňkä meňzeş maşynlary hem bardy… Bibiniň hem öýlerinden çykasy gelmeýärdi, bir ýere gitse-de ýüregi atygsap, öýlerine gaýdasy gelip durdy. Sebäbi ol wagtlar gaty hezildi… Indi bolsa Bibiniň öýlerinde durasy gelenokdy, bir ýere sypyp bilse hezil edýärdi, entegem Hudaýa şükür, şu işe girmegi maňlaýyndan diräýdi…Indi ol halys bez bolupdyr… Ejesiniň zeýrenjinden, zeýrenmese-de ýüzüni sallap, aladaly muňalyp oturşyndan… kakasy bolsa öýleriniň içini ýumurtga togalabermeli edip barýar, maşynlaryn-a bir wagt satdy… dagy hiç ýerde işlemeseň, üstesine-de ol nejisi tütedip ýatsaň, goşuňy sataýmasaň ýa çagalaň agzyndan gysaýmasaň ol nejisi satyn almaga onça puly nireden tapjak?!… Dogrusy, ejes-ä: “edýän däldir” diýýär welin, Bibi kakasynyň ogurlyk etmeýändigine-de kän bir ynanyp barmaýar, sebäbi ol nejise agyz uran özüň bolma – ogurlykdanam, hiç zatdanam gaýtmarsyň, Hudaý saklasyn, hatda çagaryň hem gözüňe görünmez… Gör-ä, kakasyny… Öň nähilidi, indi nähili?!… Öň: “çagalarym” diýip Bibi dagynyň üstünde kökenekdi, indi bolsa olar dünýäde bardyram öýtmeýär, haçan görseň, öýüň dulunda iki büküdip otyr… Dogrusy, Bibide kakasyna indi öňki ýaly ýylylyk hem galmady, ýöne onda-da näme, kakaň-da… Kemsinýärem. Utanýaram. Onda-da ýöne–möne kemsinmek – utanmak hem däl-de, ýer-ä ýarylmaýar, ol hem girmeýär, edil ýöne ölüp barýar… Hasam ejesine dözenok… Göwnüňe bolmasa, uly iliň gözünde-de diňe Bibiler ýaly bolup dur. Egsik göwün-dä… deň-duş gyzlarynyň biri göwne ýakmaz çylkasyzyny diýse-de, kakasynyň şeýledigi üçindir öýdýär, kilçigräk oglanlar süwümsizlik edip lak atsalar-da, şonuň üçindir öýdýär. Garaz, kyn-da… Ýöne häzir welin, ol begenýärdi hem-de aýlygyna näme aljagyny arzuw edýärdi… Ýogsa-da, dogrudanam 1 million 300 muň manat pula näme alyp bolýar?!… Köwüş… Hol jorasy Arzygülüňki ýaly… Ýaglyk… Ilerki köçedäki Ogulşadyňky ýaly… Şol ýaglyg-a oňa gelşerem. Sebäbi Bibiniň saçlary şar-gara… hiç hili sarymtyk öwüşgini ýok, özlerem biline ýetip duran up-uzyn…ýaglyk bolsa ak… gara ak gaty oňat gelişýär ahyry… Ýa-da iň gowusy, daýzasynyň gyzy Jennediň öňräkki toýa geýnip gelen köýnegi ýaly köýneklik alnaýmaly, üstesine-de şol matadan köýnek tikdirmäge-de pul galjak… Köýnek tikmeg-ä özi öwrenäýmeli öýdýän, ýogsa şonuň üçinem pul bermeli-dä… Ýöne ol köýnek geýeniňe diýseň degýär… Şony geýnip toýa dagy çykaýsa, Bibi köp oglanyň gözüni özünde ägindirerdi. Birdenem öýlerine gerek-ýarak zatlar, ejesi, jigileri, gullukdaky oglan jigisiniň: “pul iberiň” diýip ýazan haty Bibiniň ýadyna düşdi. Gyzyň ýüzünde lapykeçlik peýda bolup ugrady. Emma ýöredigisaýy ýene-de ýüzi açylyşdy. “Äý bolýar-la! Şol zatlara ýarasa-da, hudaýa şükür! Özi bolsa entek bolanjasy bilen oňuberer-dä, esasy zat, jigisi gullukdan gelýänçä, öýlerindäkileri hor etmezlik…Köynek, köwüş bolsa indiki aýlykdada alynyp bilýär-le…” Şu pikirleri bilenem Bibi öýlerine nädip ýetenini bilmän galdy. -Hä geldiňmi, gyzym?! Ol öňünde duran kakasynyň eňşäp duran ýüzünden onuň azarlydygyny duýdy. -Bu gün aýlygyň-a alansyň?!-diýip, kakasy ýylgyrjak boldy welin, onuň sandyraýan dodaklary yşnaksyz bir betgelşik zady emele getirdi. Bibi burçda ýüzüni galdyryp, özüne gözleri bilen bir zatlary düşündirjek bolýan ejesine seretdi-de, nädip: --Howa –diýip, baş atanyny hem duýman galdy. Kakasynyň ýüzüne begenç şöhlesi çaýyldy: --Tüýs bolaýypdyr, gyzym.. Hany getir onyňy maňa ber, men bir ojagazyňa öý üçin oduk-buduk alan bolup geleýin… Ejesiniň: “berme” diýip başyny ýaýkamasyna, kakasynyň bu pula öýleri üçin zat almajagyna düşünýändigine garamazdan, Bibi şeýle begenip alan ilkinji aýlygyny çykardy-da, kakasyna uzatdy… "Garagum“ žurnalynyň 1999-njy ýylyň XI sany | |
|
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |