18:20 Binobat dünýäniñ nobaty / hekaýa | |
BINOBAT DÜNÝÄNIŇ NOBATY
Hekaýalar
Il arasynda göze ilmän, adyny ýagşydan-ýamandan tutdurman kyrk ýaşy arka atan Durdymyrat şofýor bolup işe başlaly bäri uludan kiçiniň diliniň senasyna öwrüläýdi. Adamlar oba ilkinji gezek gelen maşyna judabir üýtgeşik zat hökmünde seretdiler, ony obanyň bagty hasapladylar. Sebäp diýseň başga obada şeýle maşyn ýok! Adamlar oturan-turan ýerlerinde Durdymyradyň maşynynyň gürrüňini etdiler. Durdymyradyň şähere işe haçan gidýändigini, haçan gelýändigini aýtdylar. Maşynyny otlajak bolup onuň haýsydyr bir gün horlanandygyny ýatladylar. Ýatlap gürrüňini edibem oňmadylar: bir gün⁸ şäherden işden gelen Durdymyradyň öýüne üýşüp bardylar-da, maşyna ine-gana syn etdiler, soňam nämedir bir iş bilen başagaý bolup ýören Durdymyrada şeýle diýdiler: – Ýüzümize şemal çaldyr! Göwünlerimizi açaly. Durdymyrat göwnemedi. Göwnemeýändigini nädip ýaňzytjagyny bilmän biraz kösendi. Soňam ýüregini bire baglady: maşynyň gurat däldigini, başga bir gün mündürmeginiň mümkindigini aýtdy. Adamlar ondan öýke-kine edip durmadylar. Haçandygy belli däl maşyn münjek günlerine umyt baglap yzlaryna dolandylar. Birki gün geçensoň olar ýene Durdymyradyň öýüne topar bolup geldiler. Hernäçe bahana tapsa-da, adamlar bu gün Durdymyrady gününe goýmadylar. Olaryň bolşy maşyn münmän yzlaryna gaýdarly däldi. Durdymyrat ýöwselläp esli salym duransoň, maşyny otlamak bilen boldy. Onuň gaşyny çytanyna üns berenem bolmady. Ýaş-ýuşlar Durdymyradyň razy bolandygyna begenip, maşyna ýaşululardan öň dyrmaşdylar. Özlerem jagyl-da-jugul. Ýaşuly adamlara oňly ýerem galmady. Şonda-da olaryň göwni bir ýaly: eýdip-beýdip ýerleşdiler. Maşyn «gürr-gürr» edip, ýaşyl tüsse bolup otlandy. Maşynyň üstündäkiler bu ajy tüssäni sormaga kaýyldylar. Tüsse aýrylansoň, Durdymyrat maşynyň daşyndan aýlandy: – Dik durmak gadagan! Hemmäňiz aşak oturyň! Siziň üçin aýagymy sallap gidip biljek däl. Maşyn ýuwaşlyk bilen ugrady. Baý-ba! Uly-kiçi begenişip, özlerini ertekidäki uçýan halynyň üstünde däldiris öýdenoklar. Adamyň islegine serhet barmy näme? Maşyn biraz ýöränsoň, oturanlaryň turasy geldi. Ilki öňde oturanlar turdylar-da, tutawaçdan ýapyşdylar. Ýüzlerini şemala dildirip hezil etdiler. Şo mahal her kimiň göwnüne dünýäniň ähli bagty özünde ýalydy. Şonça bagty Durdymyradyň maşyny emgenmän, tozanly ýol bilen çekip barýardy. Maşyn obanyň günorta çetine bardy-da, yzyna öwrüldi. Ýoldan barýan durup, öýündäkiler daşary çykyp, maşyn geçip gidensoňam onuň yzyndan seredip galdylar. Şol günden soň-a Durdymyradyň öýüniň ýanynda adam köpeldi. Olaryň hemmesem maşyna münüp görjek. Olaryň hersine bir bahana tapyp yzyna gaýtarmak Durdymyrada aňsat düşmedi. Geldimyrat aga bilen Adylla aga näme diýersiň?! Hasalaryny tyrkyldadyp zoržan ýöreýärler welin, olaram bu gün Durdymyradyň işden gelendigini eşidip gaýdyberipdirler: – Ýegen, Durdymyrat, adamlar maşynyňa münüşlerini süýjüdip gürrüň edýär. Soň bizem durubilmän: «Ahyr ýaşda uçara münüp göreli» diýip gaýdyberendiris. Kyn görmän, bizem aýla. Durdymyrat: «Ýok!» diýip bilmedi. Dymdy. Ýaşulular onuň razylyk bererine garaşybam durmadylar. Maşyna tarap gönükdiler. «Ilki sen mün-de, ilki sen mün!» diýşip, biri-birini hürsekleşdiler. Durdymyrat olaryň maşyna münmeklerine kömekleşdi. Ine, iki goja maşynyň üstünde gyzyl tapan ýaly ýylgyrjaklaşyp dur. Maşyn ugrady. Geldimyrat aga bilen Adylla aga maşynyň tutawajyndan ýapyşdy. Olar özlerine ýylgyryşyp seredýän obadaşlaryna baş atyp barýardylar. Öz tanyş obasyna, tanyş adamlaryna syn edýärdiler. Maşynyň üstünden — depeden seretseň, olar birgeňsi görünýär. Gojalar biri-biriniň ýüzüne bakdylar. Düşünişdiler. Hezillik! Ýöne bu hezillik uzaga çekmedi. Maşynyň ýanynda ýoluň müşgili barmy? Maşyn sähel salymda obanyň günorta çetinden aýlandy-da, hälki ugran ýerinde saklandy. Durdymyrat ýaşulularyň özleri düşüp gider diýen pikir bilen öýüne ugrady. Öýüne ýeteňkirlän Durdymyrat yzyna gaňrylyp seretdi. Ýok, olar ýuwdunyşyp durlar. – Ýegen, aýak çek! Bäri gel, biziň gürrüňimiz bar saňa – diýip, Geldimyrat aga dillendi. – Düşürmelimi? – Durdymyrat olaryň ýanyna bardy-da, «menden ýapyşyp düşüberiň» diýen manyda elini uzatdy. – Eliňi uzatma entek, ýegen. Bizi diňle. Düşmesine özümiz düşeris. Ýöne sen bize dogry düşün: gezelenjiňden ganyp bilmedik. «Waz-z» etdiň-de, derrew yzymyza getiräýdiň bizi. Garry halymyza nämäniň nämediginem aňman galdyk. – Bu hökümediň maşyny. Ýangyjam hasaply. Muny maňa hökümet: «Geldimyrat daýyň bilen Adylla agany mündür» diýip berenok... – Bizi mündüreniň bilen hökümet garyp galmaz! Gaýtam: «Köne bolşewikleri mündüripsiň, oňarypsyň» diýip, sag bol aýdar! – Teý düşesi gelmedik Geldimyrat aga Durdymyradyň ýüzüne naýynjar bakdy. – Ýeri, bolýa-la, hezillikden doýma ýok. Çeni ýagşy, sakgaldaş, düşedi – diýip, Adylla aga sakgaldaşynyň syýyndan çekdi. Durdymyrat böküp maşyna mündi. Aýagyny aşak sallan Geldimyrat agany Adylla aga hazzar yzyna çekip ýetişdi. Maşyn ýene günorta ugrady. – Ýegeniňi gaharlandyraýdykmy, sakgaldaş? Büý-ä bolmady! – Adylla aga aýbogdaşyny gurup oturdy. – Gaty gelşiksiz boldy. Düşüp gidibermelidik. – Men näbileýin onuň beýle girrikdigini? Näme, bizi aýlany bilen bir ýeri kemelýärmi? Gör-ä bu ýegeniň batly süräýşini! Jan ýaly ýegen diýjeksiň ýene. Maşyn iki gojany silterläp, elem-tasyny çykardy. Olar kä öňe, kä yza atylyp düşdi. Öňem janlaryny apalap ýören gojalaryň aňyrsy derrew bärsine geldi. Tutara-da oňaýly zat tapmadylar. Kuzowa beýigem bolsa, olar gaçyp galarys öýdüp gorkýardylar. – Durdymyrat, nä beýdýäň? – diýip, Geldimyrat aga gygyrdy. – Öňkiň ýaly ýuwaş sür. – Ganymyza galyp, ýüzuýatly bolarsyň! – diýip, Adylla aga elewredi. – Bes et oýnuňy! Durdymyrat obanyň içinden okkesdirme geçdi. Alatozan turzup, uzaklara gitdi. Ahyr ýadan bolarly, yzyna dolanyp geldi. Kabinasyny batly ýapdy-da, öýüne girdi. Kuzowyň üstünde adam bara meňzeş däldi. Dym-dyrslykdy. Iki goja uzynlygyna süýnüp ýatyrdy. Del habaryň ýyndamlygy bedewiň, Durdymyradyň maşynynyň ýyndamlygynyň çaky däl. Geldimyrat aga bilen Adylla aganyň düşen güni hakdaky habar diňebir Saganaly obasynyň içine aýlanyp oňman, sähel salymda goňşy obalarda-da aýlanyp çykdy. Iki adamyň başy birikse şo hakda gürrüň etdi. Her kim bir zat diýdi. Gürrüň her hili görnüşde, özem kä ýerde çişirilip, kä ýerde tanalmaz ýaly bezelip aýdyldy. Biri: – Heý, ýaşuly adamy beýdip heläk edäýmek bolarmy? Islemese: «Mündürjek däl!» diýäýmeli eken. Ony zorlap duran ýokdur-a? Adamkärçiligini ýitireniň işi bu – diýdi. Beýleki biri onuň garşysyna çykdy: – Durdymyrat oňarypdyr! Ýüregine düşseler, dagy nätjek? Garry halyňa maşyna münmek nämäňe gerek? Münjek agaç maşynyňa garaş-da otur öýüňde. Gözüniň oduny alaýmasaň, adamlarda ynsap ýokdur! Adama ýagşylyk edip ýaranyp bolmaz. Durdymyrat özbaşyna hüňürdedi: – Iller-ä hezil etmeli. Menem olary maşyna mündürip aýlamaly. Olardan maňa jinnek ýalagam peýda ýog-a. Obanyň birki ýaşulusy Durdymyradyň ýanyna geldi: – Gaty telek iş edipsiň, Durdymyrat! Bar-da ýaşululardan ötünç sora. Gürüň uzaga çekmedi: – Adamlar, maňa azar bermäň! Men size azar beremog-a... Bu Saganaly obasynyň taryhynda ilkinji gezek bolupdy. Hawa, hawa. Saganaly obasynyň taryhynda ilkinji gezek ýaşulynyň pendi alynmady. Şu döwre çenli agzybir hasaplanan, ýaşulynyň sözi mukaddeslik saýylan Saganaly obasyna şo näletsiňen maşyn, ine, şeýdip agzalalyk getirdi. Durdymyrat hüňürdedi ýördi: – Meniň adamlardan görýän peýdam näme? Hezil etmän geçsinler! Geldimyrat aga bilen Adylla aga bir aý töweregi ýorgan-düşekli ýatdy. Özlerini bir ojagyň, maşgalanyň adamlary hasaplap, agzybir ýaşap ýören oba adamlary Durdymyrada nälet okap, ýaşulularyň ýanyndan aýrylmadylar. «Yzasyna diň salyp ýatmasynlar» diýip, ondan-mundan gürrüň etdiler. Näme, geçmişde yzaňy unutdyrýan täsirli, gürrüňler azmy? Adamlar Geldimyrat aga bilen Adylla aga: – Durdymyrat bilen deň bolmaň! Ýok diýip hasap edäýiň. Bizem şeýtmekçi – diýdiler. Şeýtmekçi diýýäniň boluberýämi näme?! Diri adamy obaçylykda ýok hsaplamak aňsat däl. Käte garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykaýýar. Mejburlylyk käte adamy islemeýän gapysyndan hem elter eken... * * * Iliň gürrüňi bilen Durdymyradyň işi ýok. Ol maşynyny gür-gürledip aladaňdan obadan çykyp gidýär. Garaňy gatlyşyberende dolanyp gelýär. Oglanjyklar maşynyň yzyndan ylgaşýarlar. Alaşowhunlyk. Maşynyň üstündäki öňki hezillik indi onuň yzyna geçipdir. Oglanjyklar muňa-da razydy. Gidip barýan maşynyň üstüne aslyşyp münmäge milt edýän az. Ýöne bar. Oglanjyklaryň ekabyrragy gidip barýan maşyna aslyşyp münüp, tozana garylyp ylgap gelýänlere elini galgadýar. Durdymyrat maşyna münülendigini aňdygy, sakga saklanyp, oglanjyklaryň üstüne topulýar. Ýöne gyssagarada maşyndan düşüp ýetişmän, Durdymyratdan gorkujyna zörledip duranam tapylýar. O günem şeýle boldy. Oglanjyklaryň ekabyrragy maşynyň yzyndan aslyşyp mündi. Tozana garylyp ylgaýan oglanlara elini galgadyp, bökjekledi. Durdymyrat bir dükürdiniň bardygyny aňyp, maşynyny saklady. Durdymyradyň hyrsyz ýüzüne nazary kaklyşan oglanjyk maşyndan bökdi. Çirkin ses edip gygyryp, aýagyny tutdy. Durdymyrat tozana garylyp ýatan oglanyň gulagyndan towlan turuzdy-da, dulugyna taýly gezek ýelmäp goýberdi. Oglanjygyň ata-enesi Durdymyradyň öýüne bardy: – Durdymyrat, bir bolmasyz iş-ä bolupdyr. Oglumyz uwlap ýatyr. Aýagy döwlüpdir. Tizräk keselhana ýa tebibe äkitmesek boljak däl. Gaýrat et... – Kim oňa: «Maşyna mün!» diýdi? Kim oňa: «Maşyndan bök!» diýdi? Men hiç ýerigem gitjek däl. Şol gün oglanjyklar üçin Durdymyradyň maşynynyň yzyndaky tozanly hezilligem aýryldy. Durdymyrat muňa üns berip durmady. Öňküleri ýaly, ir bilen maşynyny gür-gürledip işine ugrady. Onuň gelýänini görüp, köpler ýüzüni başga tarapa öwürdiler. Oňa el göterenlerem tapyldy. Durdymyrat saklanmady. El götereniň hem sögünip galandygyny aňdy. – Gör-ä adamlary! Ýagşylyk etmeseň, senden pis adam ýok. Maşynsyz bolsam näderdilerkä? «Durdymyratda maşyn ýok» diýip gezibersinler-ä. * * * Ýarygije Durdymyradyň gapysyny kakdylar. Öwran-öwran kakdylar. Durdymyrat oýaly-ukuly daş çykdy. Birki adamyň durandygyny gördi: – Eýgilikmi? – Eýgilik däl – diýip, oba doktory dillendi. – Geldimyrat daýyň ogly agyr ýatyr. Ony gyssagly keselhana äkitmesek boljak däl. – Men ýok bolsam, maşynsyz bolsam nädersiňiz? – At arabamyzyňam oky döwlüpdir. – Maşyn maňa keselli daşamak üçin däl-de, kolhozlardan galla daşamak üçin berildi. – Seniň kömegiň gerek, Durdymyrat. Oglum agyr ýagdaýda, demini sanap ýatyr. – Häliden bäri sesini çykarman duran Geldimyrat aga öýkeli seslendi. – Başlyklaryň biri görse, näme diýerin? – Ýagdaýy düşündireris. Olaram adamdyrlar ahyryn! – Daýy, giň ýeriniň gürrüňini edýäň. «Düşündireris!» diýýäň. Ele düşseň, aýap goýanok olar. – Gepiňi azalt! Äkidýäňmi ýa ýok? – Daýy, üstüme gygyrma! Gelenler yzyna öwrüldi. Geldimyrat aga uzak gitmän saklandy. Ellerini galgadyp, sesini sandyradyp gygyrdy: – Ýasyňa gelsem, adam bolmadygym!.. Şol günüň ertesi Saganaly obasy matam tutdy: Geldimyrat aganyň ýigrimi iki ýaşly körpe ogluny alyp çykdylar. Ýasa Durdymyradam bardy. Oňa ne geldiň diýdiler, ne-de gitdiň. Ýasda bu zatlar hökmanam däl ahyryn. Geldimyrat aga gözýaş dökdi: – Wah, perzendim... Meni ýedi büküp, jigerimi ýakyp gitdiň-le! Bu derde neneň dözeýin? Neneň aglamaýyn? Saňa derek men gitsem bolmaýamy? Eý, Alla, nobaty bilen al ahyryn! Ajala nobat ýok. Ol ýaş ekeniň diýip duranok, garry ekeniňem. Çem geleni sowuk, yzgarly goltugyna düýnäp ýör. Geldimyrat aganyň ogluny binobat alan ajal ýene bir gün Saganaly obasynyň günbataryndan indi. Ol Durdymyrady düwnük keseline sataşdyryp, bir hepde düşekde ýatyrdy-da, binobat aldy. Bu şum habary entek ýerden säheriň çygy aýrylmanka Saganaly obasyna aýdyp çykdylar. Durdymyrat dünýäden doýup bilmedik ýaly, gözlerini giň açyp ýatyrdy. Onuň başujunda aýaly panydan perýat edýärdi. Ol näçe otursa-da, öýe oňly gelen adam bolmady. Gün dik asmana galdy. Gapyda diňe bäş-alty adam bardy. Merhumyň aýaly obadaşlarynyň näme üçin gelmeýändigini aňyp, has-da darykdy. Aglady. Ýer bagyrtlap aglady: – Wah, Hudaý-eý! Gara bagtym-eý. Ýasymyza gelenoklar, ýasymyza gelenoklar-eý! Bu näme boldugy-eý?! Menem gideýin, bu masgaraçylygy görmäýin-eý. Merhumyň aýaly alakjap köçä çykdy. Ellerini serip, zaryn bagyrdy: – Bagtym ýatdy-eý! Ýasymyza gelenoklar-eý. Artyp galsyn şol maşyn, artyplar galsyn şol maşyn! Bagtymy küle çökerdi-leý. Zaryn ses Saganaly obasynyň ýapyk gapylaryny şarka-şarka açyp, içeri girdi-de, adamlary aýaga galdyrdy. Ilki başyny aşak salyp, Geldimyrat aga geldi. Ol merhumyň aýalyna töwella etdi: – Goý sesiňi! Özüňi ele al! – Nädip sesimi goýaýyn-eý?! Özümi nädip ele alaýyn-eý?! Howandarym gitdi-eý! Adamlar gelşip ugrady. Durdymyrat maşyna mündürmedigem bolsa, adamlar ony eginlerine mündürip, obadan alyp ugradylar. 1987 ý. Osman ÖDE. | |
|
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |