ÇYDAMYŇ ÇÄGI GOLAÝDA
Eňki gaçyp, çym-gyzyl bolanr Gün obaň o çetinde ýaşaýan dükançy Alty gyşyklaň içi şulhaly kepbesiniň üstünde asyl-asyl bolup, bir sellem durdy. Soň horaz ähliniň sesine suw sepip, derýaň tirsek berýän ýerine çümüp gitdi. Işden gelşine öýe-de girmän, köneje ýük maşynynyň eýlesine-beýlesine seredişdirip çykan Annam ernine bir çilim gysdyryp, jalbarynam dyzyna çenli çermäp, eline-de iki sany düýbi deşilen ýemşikýumşuk bedre alyp, aýagyny ýalaňaçlady. Akar salmadan suw çekip, töweregi çyglady.
- Aljag-a bi yssy, edil tamdyryň içi ýaly. Öwüsmezmikä, how, bir zat?!
Şeker gelin her ýerräginden-her ýerräginden syrçasy uçan, uly, sary çanagyň içine garpyz-u-gawun paçaklaryny dogrady. Oňa saman gardy. Üstüne bir goşawuç un sepeledi. Soň sygrynyň öňünde goýdy.
- Waý-waý, aňkam aşan ýaly, towuklaň ýumurtgasyny alman gaýdyberipdirin – diýibem ilerligine haýdady.
Öýüň iki ýarym ýaşly öresi Jemşit agaç tapçanyň üstünde üst-başyny şireläp, injir mürepbesini ýalap otyr. Annam ýuwunýança Şekir gelin çybyndan goranmak üçin, zibil atylýan köne legende guran sygyr tezeklerinden tüsse etdi. Soň tapçana geçildi. Täze etden atarylan nohutly-noýbaly nahar iýildi. Çaý içildi. Annam-a ala burugsy bolup, çilim çekdi. Şeker gelinem el işine güýmendi.
- Towuklaň-a ýene biri kürk boldy.
- Beh! Tüweleme! Basyrdyňmy?
- Hawwa.
- Näçe ýumurtga goýduň?
- Ýedi.
- Ýaman az-la?
- Az dagyn däl. Şony basybilse-de, kaýyl men-ä. Ýumruk ýaly ütülen towuk...
Jemşit ejesine gysylyp, yňňyl-çyňňyl edip ugrady.
- Näm bolýa, how, saňa? – diýip, Annam gözüni gaşyny çytdy.
Jemşit kakasyna mölerilip bakdy.
- Näm bolýa diýýän, how, saňa, izzik?!
Jemşit dodaklaryny kemşertdi. Birdenem ýaryldy. Aglady.
- Degmäň meň ogluma! Häk, kakasy sen-ä... Goý, oglum, sesiňi goý, hany! Häzir kakaňy äh ederis – diýip, Şeker gelin ogluny göterip, alyp gitdi. Biraz eglenip, içki jaýda ýatyryp geldi.
- Nabadyň oglunam-a sorap gelmeli.
- Hä, oňa näm bolupdyr?
- Körçege diýdiler-ä.
- Beh, haçan bolup ýör-aý ol?
- Düýn günortan alyp gidipdirler.
- Eşitmändiris-aý.
- Maňa-da Meňli aýtdy häli.
- Operassiýa edipmidirler?
- Hawwa.
- Gowy geçipmi?
- Erbet däl ýaly öz-a.
- Oňatja geçen bolsa, bolýa-la.
- Sorap gelmeseg-ä bolmaz şonda-da. Öten ýyl sen balnysa gireňde iki gezek sorap gaýdandyrlar, ýadyňda bolsa. Nabadam barypdy. Mürze-de.
- Men körçege bolamok, how, onda. Awariýa.
- Balnys balnys bor-da, gyz. Näm bolanda nä?!
- Operassasy oňatja geçen bolsa boldu-da.
- Şonda-da... Ertir dagyn sypynyp bileňokmy?
- Bilmedim-ow, şony. Hany, ertire bir çykyp göreli. Men-ä ýadawam. Ýataýmasam. Gözüm bürlüp barýa. – Şeý diýip, Annam agzyny giňden açyp, pallady.
Şeker gelin tapçanyň üstündäki zatlary ýygnaşdyrmaga durdy. Annam aýak ýoluna gitdi. Soň içki jaýda, Jemşidiň ýatan otagynda düşek ýazyldy. Äpişgeler açyldy. Çyra öçürildi.
- Bäriňe öwrülip ýatsana – diýip, Şeker gelin eýýämhaçan düňderilip, uka çümen Annama oýkanmaga başlady.
- Azar bermesene, how şuwat.
- Saňa nä azar berýän bam-aý?
- Şu bolup ýatyşyň nä azar berdigiň dämi?!
- Gyýw, men-ä saňa bäriňe öwrülip ýat diýýän.
- Öwrüljekgä, how, isleýşim ýaly ýatjak – diýip,
Annam gaýra-gaýra süýşdi.
Şeker gelinem tersine düňderilip:
- Äý, nätseň, şeýtsene – diýdi.
Açyk penjireden dury asman görünýär. Ýyldyzlar gözüňe dürtülip dur. Aýam şäher köçeleriniň ýakasyndaky çyralar ýaly. Şöhlesi ýiti. Öýüň içem ýagty. Edil gündizlikdäki ýaly bolmasa-da, garaz, ýagty. Annamyň-a uklamasy aňsat. Başyny ýassyga goýup, gözüni ýumsa bes, derrew uklaýar.
Şeker gelniňki kyn. Itler sesini sem edýänçä ukusy tutanok. Esli mahal gözüni açyp, oýa ýatýar. Şonda-da şu öýde ilki gözüni owkalaýan Şeker gelin. Annamyň käte-käte ir bilen çaý başynda oňa:
- Sen-ä agşam ýatmadyňam öýdän – diýmesi-de şoň üçin. Şu gije ol Annamy ýatmaga goýjak däl. Eli bilen
boýnunyň ýüzlerini, döşlerini sypalaşdyryberse, nädip ýatsyn?!
- Aýyr, how, eliňi. Nädýäň-aý?! Ýatmag-a bir goýa! Men-ä ýadaw. Ukym gelip ölüp barýan.
- Ýadaw bormuň?!
- Aýryl!
- Meni gowy göreňok. Şoň üçin şeýdýäň. Bilýän.
- Äý, daşarda ýataýyn-la, gowusy. Ýogsam, ýatyrmaýaň sen.
Annam dikelip, ýassygyny goltugyna aldy. Şeker gelinem şeýtdi.
- Menem.
- Näme?
- Daşarda ýatjak.
- Bar, ýatyber.
- Sen ýatsaň, ýatjak.
- Ýatmarsyň.
- Onda senem bärde ýat.
- Onda senem azar berme maňa.
- Saňa azar berýän ýok, jan dogan!
- Gürrüň gutardy. Ýatana ýylanam degmändir.
- Şüýem özüne erkek diýip ýör-dä.
Şeý diýip, Şeker gelin uludan demini aldy.
- Hany, hüňürdemän ýat, how. Däli ýaly ýeke özüň samyrdap... Ýogsam tapçana geçerin – diýip, Annam aňyrsyna öwrülip ýatyşyna haýbat atdy.
Gezek dymyşlyga ýetdi. Annam uka gitdi. Düýşünde ol täzeje ýük maşynyny sürýän bolsa-da, ahmal. Şeker gelin bir eýlesine, birem beýlesine agdarylyp düňderilip
ýatyşyna wagty bilen uklabilmedi. Ýerinden turup, ýüň ýorgan bilen Jemşidiň üstüni basyrdy. Ýene ýerine geçdi. Äriniňem üstüne ýorgan çekdi. Penjireden görünýän ýyldyzlaryň hememsini sanap çykdy. Bir zatlaryň pikirini etdi. Onuň pikirleri assa-ýuwaş düýşe ýazdy. Nämäniň pikiridigini, nämäniňem düýşdigini teý saýgarar ýaly bolmady. Şeker gelin ony saýgarjagam bolmaýardy. Ol ukudady. Aý diýeniňem hemişe bir duran ýerinde durmaýar. Ol eýýäm süýnüp-sarkyp, obaň o çetinde ýaşaýan dükançy Alty gyşyklaň içi şulhaly kepbesine tarap süýşüp barýar. Onuň ol ýerde ýüpden asylan ýaly, sallam-sajak bolup durjakdygy hakykat. Ir-u-giç derýaň tirsek berýän ýerine çümüp horaz ählini örüzjekdigi hem çyn. Horazlar örensoňam, belli, adamlara ýatuw ýok.
Ir bilen Annam Şeker gelniň hüňürdisine oýandy.
- Iş-piş diýen bolup, şäherli heleýler bilen gezýäň
sen. Bilýän. Dek gezmeýäniň belli.
Annam ýatan ýerinden gözüni açman:
- Sen öňem kän aýtdyň-eý şuny – diýdi.
- Dogry zady aýdýandyryn men. Höwünem bir heleýi mündüripsiň maşynyňa.
- Kimden eşitdiň? – diýip, Annam ýalpa gözüni açdy.
- Kimden eşidemde näme?! Görenler ba.
- Kim görüpdir?
- Kim görende nä?!
- Meni heleý başyna ýapsyn-maý?!
- Onda näme?
- Hiç zat.
- Onda daň bilen goh etme. Ýüzüňem birazajyk aç. Edil pata-töwire baranyň ýüzi ýaly...
- Adama at dakyp, akyl sat diýseň...
Şeker gelin tasanjyrap, çykyp gitdi.
“Şäherli heleý diýibem bir gürrüň tapdy. Kim bilýä,
nirden kellesine gelip ýör. Ýa biri gep içirräýýämikä?”
diýip, Annam pikir edäýmeli zady nämüçindir daşyndan aýtdy. Soň gözlerini süzdi, pallady. Başyny galdyryp, Jemşidiň başujynda duran, ýüz görülýän dik aýnanyň öňündäki jaňly sagada seretdi. Ýediden işäp dur. Diýmek, Günem dogandyr. Barybir Annama ýatmaga entek salym bar. Ol başyny ýassyga goýdy. Edil uklamazynyň öň ýany “Şü heleýlerem edil köne maşyn ýaly bir zat öýdýän. Bir görseň-ä gül ýaly, dilizadam süýji. Nirede oturtjagyny bilmez. Bir görseňem gepi-sözi üýtgäp, gygy ajap durandyr. Niresinden barjagyňy biler ýaly däl. Iliň heleýem şeýlemikä? Ýa gabanan bolşumyka şü?” diýip ünji gatyşykly oýa batdy. Şol wagt daşardan Şeker gelniň: “Küç, küç, ýerýuwdan” diýen sesi eşidildi. Onuň yzýanyndan it çyňsady. Soň bedre şakyrdady. “Sygyr sagjak bolýandyr” diýip, Annam ýatan ýerinden çak urdy.
Derrewem uka gitdi.
1993. Aşgabat.
Kakamyrat ATAÝEW.
Hekaýalar