21:55 "Daglar ýeriñ myhydyr" | |
"Kökler"
Edebi makalalar
“DAGLAR ÝERIŇ MYHYDYR” Daşdan daga geçeliň. Dagyň hormatam daşyňkydan pes däl. Türkmenler: “Gudraty görseň daglara bar” diýipdirler. Bu taýdaky “gudrat” sözüniň hakyky manysyndan, dogrusy, köpümiziň habarymyz hem ýok bolsa gerek. Uçut gaýanyň ýüzüne biten arçany, dagyň depesine çöken bulutlary, daşdan syzyp çykýan damjalary, garaz, dag tebigatyndaky gaýry täsinlikleri synlap olary gudrata ýöňkeýäris. Magtymguly: Daglar ýeriň myhydyr, Depe özün dag saýar - diýýär. Elbetde, depäniň dag bolup bilmejekdigi hemmä aýan. Bir seredäýmäge şahyryň juda ýöntem görünýän deňeşdirmesiniň moral-ahlak äheňine üns bermeli. “Daglar ýeriň myhydyr”- bu ýönekeý söz däl, daglara ýöňkelýän gudratyň başlangyjy şu ýerde. Mifologiýada daglara berilýän wezipeleriň birinde, Ýeriň oky diýip dag hasap edilýär. Magtymgulynyň “myh” diýeni şu ynanja gabatlaşýar. Okuň depesi Demirgazyk ýyldyzyndan gaýdýar, aşagy jähennemiň teýine gidýär. “Mif we simwol” diýen kitapda daglaryň mukaddesligi Golgofa bilen utgaşdyrylýar. “Golgofa” sözi grekçe hem ýewreýçe manydaş bolup, “kelle çanak” diýmegi aňladýar. Bu aňlatmanyň aňyrsynda birnäçe mifiň düşündirişi ýatyr. “Mukaddes dag ýa-da Golgofa ýerasty hudaýynyň ýokary çykyp duran ýüzüniň bir bölegidir, has takygy, onuň maňlaý tarapy-kelle çanagydyr. Irki orta asyrlarda Günbatar Ýewropada Golgofa “ýeriň merkezi” diýilýän ekeni. Iisus Hristosyň-Isa pygamberiň haja çüýlenip öldürilen ýerine-de Golgofa diýilýär. Hristian ruhanylary Golgofany Adam atanyň kelle çanagy bilen baglaýarlar. Hristosyň çüýlenen hajy edil şonuň üstün-de dikilipdir. Hristianyň arassa gany Adam atanyň, şonuň mysalynda-da adamzat tohumynyň günäsini ýuwmaly. “Mif we simwol” kitapda daglaryň kultunyň greklerde Olimpden, ermenilerde Araratdan, ýaponlarda Fudziýamadan, hindilerde Gimalaýlardan gözbaş alýandygyna üns çekilýär. Dagyň kulty gadymy ýewreýlerde-de juda hormatlanýar. Musa pygamber (Moiseý) Sinaý dagynda hudaýa ýüzlenipdi. Yslam dünýäsinde Mekgäniň golaýyndaky Arafa dagy mukaddes ýer hasaplanýar, oňa barmak hajyň esasy parzlarynyň biridir. Jennetden Zemine düşen Adam ata bilen How enäniň ýerdäki duşuşygy şu dagda bolýar. Ariel Golan daga hormat goýmagyň global hadysa öwrülendigini bellemek bilen, daglaryň başynyň asmana direlýändigine, üstünde hudaýlaryň ýaşaýandygyna ynanylýandygy üçin mukaddes saýylýandygyny delil getirýär. Daglary Zemin hem Jähennemiň hudaýynyň obrazy bilen gabatlaşdyrypdyrlar. Türkmen klassyk poeziýasynda-da daglara janly adam ýaly ýüzlenip ony hemdem, syrdaş, ýoldaş tutunýarlar. Görogly: Gyrat arlap atylmasa, Şir-peleň deý topulmasa, Öwez oglum tapylmasa, Sürmersiň döwrany, daglar- diýip haýbat atýar. Ýyldyz dagynyň depesine çöken duman Göroglynyň kalbyna agyrlyk salýar: Ýyldyz dagym, senden habar alaýyn, Ýyldyz dagy, neçün gitmez dumanyň? Äriňe-piriňe gurban bolaýyn, Ýyldyz dagy, neçün gitmez dumanyň?-diýip zarlaýar. Mollanapes şahyryň Tahyry daga ýüzlenip: Hakdyr seni belent kylan, Hemdem bolgun pesler bilen. Baş eýýämi mes bolan, Çisginli, jybarly, daglar- diýýär “Hakdyr seni belent kylan” diýen setir meni oýlandyrýar. Belki, Mollanepes Dünýä dagy hakyndaky mifden habarly bolmandyr. Ol dag üç bölekden ybarat bolup, depesinde hudaýlar, binýadynyň teýinde şer araýan aýylganç ruhlar, aralykda adamlar ýaşaýar. Şahyr belentde mesgen tutan hudaýa ýüzlenip: “Hemdem bolgun pesler bilen” diýende, adamy - bendeleri göz öňünde tutanokmy näme?! Onda näme üçin şygyryň soňunda: Tahyrdan köňli kineli, Aşyklardan arly daglar- diýýär diýersiňiz? Eger gürrüň hudaý bilen bagly gidýän bolsa, muňa-da jogap tapsa boljak. Tahyr ýokarky setirleriň öň ýanynda: Men – gedalaryň gedasy, Janym Zöhräniň pidasy – diýýär, aşyklaryň tekepbirligine ýüz urýar. Hakyň ýoly bendesi üçin jany pida bermegi unamaýar, berseň hakyň ýoluna pida bermeli. Belki, şunuň üçin mukaddes, keramatly dag tekepbir aşyklardan arlydyr, kinelidir? Geliň, filosofik jedele sowulmalyň-da, dag temamyza dolanalyň. Günbatar Türkmenistanda Sumbar atlandyrylýan derýa bar, Etrek derýasynyň bir goly. S. Atanyýazow “Türkmenistanyň geografik atlarynyň düşündirişli sözlüginde” şeýle ýazýar: “Häzir Garrygala posýologynyň ýanyndaky dagyň uly depesinde Sünt diýilýär. Buluç dilinde we Eýran toponimiýasynda bu söz “dag”, “dagyň depesi, çöňňesi” ýaly manylary aňladýar. Biziň pikirimizçe, Sumbar diýen at şu sözüň “gala” manysyndaky “War” sözi bilen goşulmagyndan ha- syl bolup, ilki “dagyň üstündäki gala” diýen manyda ýüze çykan bolmagy mümkindir. (Sündwar – Sünwar – Sunbar – Sumbar). Orta Aziýadaky derýalara, köplenç öz kenarlaryndaky şäherleriň, galalaryň adynyň dakylýandygyny nazara alsak, biziň bu çaklamamyz hakykata laýykdyr”. Bu ýerde “dagyň” orta düşendigi üçin, men ýene bir çaklamany okyjylaryň dykgatyna hödürlemekçi bolýaryn. “Dünýä halklarynyň mifleri” diýen ensiklopediýada Dünýä dagynyň klassyk nusgasy hökmünde induslaryň mifologiýasyndaky hem kosmologiýasyndaky Meru atlandyrylýan beýik dag mysal getirilýär. Dünýä dagynyň Merkezi Aziýa we Altaý halklaryna mahsus bolan nusgasy-da bar, ony Sumer, Sumur, Sumbur diýip atlandyrylýar, demir sütün hökmünde göz öňüne getirýärler. Magtymguly: “Daglar ýeriň myhy- dyr” diýipdi. Demir sütün ýer togalagynyň ortasyndan geçip, depesi Demirgazyk ýyldyzyna ýetýär, Asman bilen Zemini birleşdirýär. Ýene bir gürrüňde Syumbur arkan ýatan demir pyşdylynyň göbeginiň üstünde duranmyş, pyşdylyň her aýagynyň dabany bir materige diregmiş. Altaý halkynyň mifine görä, Sumbur dagynyň depesinde otuz taňry ýaşaýarmyş. Belki, “Sumbar” sözüniň bir manysyny şu ýerden gözlemelidir?... Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |