10:52 Datly düýşleriñ ýorgudy | |
DATLY DÜÝŞLERIŇ ÝORGUDY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
● ýa-da hakydalardaky hökümdar hem akyldar «Oguznamalarda» ýazylyşyna görä, Oguz hanyň Ulug Türk atly ak saçly, ak sakgally, pähimli bir weziri bar eken. Bir gezek Ulug Türk gije ýatyrka, düýşünde günüň dogýan tarapyndan batýan ýerine çenli ýeri tutup duran altyn ýaýy, gije tarapa bakyp duran üç sany kümüş oky görýär. Weziriň düýşünde gören altyn ýaýy Gündogardan Günbatara çenli uzalyp gidýärdi. Üç kümüş ok bolsa, ýeliň ugruna uçup, süýnüp barýardy. Ulug Türk düýşünde gören zatlaryny Oguz hana birin-birin beýan edýär: – Eý, hökümdarym, saňa durmuş haýyrly bolsun! Mukaddes Gök Taňry düýşümde gören zatlarymy hakykatda saňa bagyş etsin! Goý, Gök Taňry bütin dünýäni seniň soýuňa bagyş etsin! – diýýär. Oguz han Ulug Türküň ýakymly sözlerini we öwüdini ünsli diňleýär. Şondan soň ýurduny Gün han, Aý han, Ýyldyz han atly uly ogullaryna-bozoklara, Gök han, Dag han, Deňiz han atly kiçi ogullaryna-üçoklara bölýär hem-de olary Gündogara we Günbatara häkim bolmaga ýollaýar. * * * Biziň eýýamymyzdan öň 451-nji ýyllarda Oguz-hun serkerdesi Atilla bilen rimlileriň arasynda «Katalanum» diýen ýerde gazaply söweş bolýar. Söweşiň bir gün öňünçäsi Atilla goýun soýduryp, süňklerini oda atdyrýar. Şol wagt Iddara atly bir şaman dowamly doga okamaga başlaýar. Şonda Atilla doga okaýan şamana ýüzlenip: – Hany, ertirki boljak söweşiň ýeňşi kimiň tarapynda boljakdygyny bize mälim et! – diýýär. Şaman uzyn mütdet oda atylan süňke bakyp oturypdyr-da, Atilla ýüzlenip: «Sen Taňynyň gylyjysyň! Ýeňiş seniňkidir» diýýär. Türkmen topragynda Lukman Hekim lakamy bilen tanalýan tebip abu Aly Ibn Sina (980-1037ý.ý.) özi we özüniň gören syrly düýşleri barada şeýle ýazýar: «Şol döwürde men ýekeje gijede doly ýatan däldirin, gündizine hem ylymdan başga hiç zat bilen meşgul bolmadym... Ukym gelse ýa-da gowşaklyk duýsam, «Indiden bu ýana meniň güýjüm ýene-de öwrülip gelsin!» diýip, bir bulgur çakyr içýärdim. Soňra ýene-de okamaga başlaýardym. Irkilip başlan mahalymda bolsa, bu meseleleri men düýşümde görüp başlaýardym, olaryň köpüsiniň manysy düýşümde aýdyňlaşýardy». * * * Seljuk türkmenleriniň begleri Çagry bilen Togrul dörüniň ähli bolup geçýän zatlaryny öz keramatlylygy bilen bilýän Mäne babanyň (967-1049ý.ý.) ýanyna gelýärler. Iki dogan Çagry hem Togrul Mäne babanyň anyna görme-görşe gelenlerinde, şyh ähli sopulary bilen sekiniň üstünde otyrdy. Olar şyhyň sekisiniň öňüne gelip, Mäne babanyň elinden ogşadylar we onuň huzurynda durdular, Şyh endigine görä, birsellem başyny aşak sallap oturdy-da, soňra Çagry bege şeýle diýdi: «Biz Horasan mülküni saňa tabşyrýarys». Soňra Togrula garap: «Saňa Yragy berýäris» diýdi. Iki oglan şyha sylag-hormat edip, yzlaryna dolandylar. Şondan soň türkmen danasynyň welilik bilen aýdyşy aly, Çagry Horasanda we Togrul Yrakda şa tagtyna eýe boldular. * * * Beýik pir Mäne babanyň agtygy Abu Tahyr bin Seýit Mäneliniň «Esrar at-towhyt» kitabynda ýazmagyna görä, säher wagty Abu Aly Dakkagyň düýşüne pygamberimiz Muhammet alaýhyssalam girýär we Nusaý şäheriniň golaýynda düz ýere tegelek çyzyk çyzyp: «Eý, Abu Aly Dakkak, sen bu ýerde içi metjit-medreseli, myhman jaýly hanaka sal!» diýip, gaýyp bolýar. Dakkak oýanyp, düýşünde gören zatlaryny töweregindäki sopularyna gürrüň berýär. Olar bu oraşan düýşüň ýöne ýerden däldigini bilip, salgy berlen ýeri görmäge barýarlar. Görseler, düýşde görlen çyzyk hakykatdan-da, bu ýerde bar diýýär. Dakkak şeýdip, dini ulamalara ençeme asyr hyzmat eden hanakany häzirki Bagyr obasynyň ýanynda bina edýär. * * * Beýik Seljuk soltany Togrul beg türkmen (1040-1063ý.ý.) düýşüni gürrüň berýär: «Horasanda gezip ýörkäm düýş gördüm. Düýşürride asmana beýgelýärin. Daş-töweregim duman bilen gurşalandy, hiç zat görmeýärdim. Ýöne ýakymly bir ys duýýardym we maňa: – Sen Allatagala ýakynsyň, näme islegiň bar bolsa aýt, kabul bolar – diýip ýüzlenýärdiler. Men: – Uzyn ömür isleýärin – diýdim. Maňa: – Saňa ýetmiş ýaş berildi – diýildi. Men: – Eý, Allam, bu maňa ýetmez – diýdim. Maňa: – Sen ýetmiş ýaşarsyň – diýildi. Men: – Eý, Allam, bu maňa ýetmeýär – diýdim. Maňa: – Sen ýetmiş ýaşarsyň – diýildi». Soltan ýogalanda weziri Amydylmülk Kundury onuň ýaşyny hasaplady, ýetmiş töweregi ýaşapdy. Onuň hökümdarlygy 7 ýyl 11 aý 12 gün dowam etdi. * * * Belli türkmen serkerdesi Ärtogrul gazynyň ogly Osman gazy (1300-1324ý.ý.) serkerdelik tilsimatyndan birkemsiz baş çykarýan saý ýigitlerdendi. Ol bir gezek ynamdar wekili Şyh Edebalynyň öýüne myhmançylyga barýar. Osman gazy myhman ýerinde ýatyrka, düýş görýär. Düýşünde Edebalynyň ýanynda ýatyrmyş. Görse, Edebalynyň goýnundan bir Aý dogýar. Aý ýuwaş-ýuwaşdan doluşyp, öz goýnuna girýär. Şol barmana-da garnyndan bir agaç böwsüp çykýar-da, ösüp, ulalyp, pür-pudak şahalar ýaýradyp, tutuş dünýä kölege salyp başlaýar. Osman gazy ir säher oýanyp, agşamky gören düýşüni şyh Edebala aýan edýär. Şonda Edebaly: – Oglum, Osman... pygamberler ýorgudy bolsun! Sen bir hökümdar boljaksyň. Patyşalyk saňa we seniň nesliňe mübärek bolsun! Goý, meniň gyzym Malhun hatyn saňa halal ýanýoldaş aýal bolsun! – diýip, gyzyny Osmana berýär. * * * «Göroglynyň döreýşi» atly şahasynda Görogly: – Men görüp-eşidenimi saz bilen beýan edeýin – diýip, goluna sazyna alyp, atasyna garap, bäş keleme söz aýdar boldy: - Gaflatda ýatyrdym, geldi erenler, «Tur, gapyl, ýeriňden oýan!» diýdiler. Gözüm açyp gördiim jümle-jahany, Ol durana Şahymerdan diýdiler. Gaflatda ýatyrdym, açdym gözümi, Erenler paýyna sürtdiim ýüzümi. Okatdylar, hak sözledim sözümi, Ýetmiş iki dili aýan etdiler. Erenler jem bolup etdiler bazar, Munapyklar ondan etdiler hezer. Pirim Şahymerdan etdiler nazar, Kyrk jamy dolduryp içgin diýdiler. Erenler jem bolup mundan göçdüler, Syrat köprüsinden bir-bir geçdiler. Köwser sakasyndan şerap içdiler, Içen şabazlara soltan diýdiler. Görogly beg aýdar, kemine bende, Pirim Şahymerdan, destgirim sende. Bäş wagt namazyň okygyn günde, Ahyret ýoldaşyň iman diýdiler. Görogly bu sözi aýdansoň, Jygaly beg: – Aý, zaňňar ýigit iş bitirip gelipdir-ä. Iň soňunda erenleri görüpsiň. Şonda ne ýolda, ne pişede bol diýip aýtdylar, Habaryňy berseň-ä düzüw ber, ýogsam mundan habar bolmaz! – diýdi. Görogly: – Ondan habar bolmasa, mundan bolýarmy, ata? – diýip, atasyna garap, bäş keleme söz aýdar gerek: -Gözel patyşamyz nama gönderdi, Şanyň ordasyna bar, Jygaly ogly! Pirim Aly şerap berip gandyrdy, Ölinçä döwrany sür, Jygaly ogly! Kyýamat aglamaly nama göwsümde, Ylahydan berlen Gyrat astymda, Pirim beren düýrme gylyç destimde, Duşmana gyljyň sal, Jygaly ogly! Alladan özgäni nejat diýmedim, Alydan özgäni ussat diýmedim, Bir armanym galdy –zürýat diýmedim, Ojagyň göç basan, Jygaly ogly! Erenler jem bolup, munda geldiler, Ýyglaşyban bize pata berdiler, Röwşen adym Görogly diýip goýdular, Rugsat, ýoluňa bar, Jygaly ogly! – Aý, oglum, bu sözüňden kanagatlandym. Ine, bu habaryň ýagşy. Hany, erenler näme berdi? – diýip, Jygaly beg sermer-sürmek ediberdi. Görogly ýaňky düýrme gylyjy atasynyň öňünde goýdy. * * * Nedir şa Türkmen bir gezek Abywertden üç-dört adam bolup Maşada barýarkalar, gije ýolda ýatmaly bolýarlar. Nedirin süýtdeş dogany Ybraýym ýatman, garawul bolup oturýar. Nedir uklaýar, düýş görýär. Düýşünde onuň ýanvna bir adam gelip: «Meniň bilenýör, seni çagyrýarlar» diýýär. Nedir onuň yzyna düşüp gidýär, Bir agajyň ýanyna barýarlar. Görse, onuň saýasynda bir nurana adam oturan eken, aýaklarynyň üstünde bolsa bir gylyjy keserdip goýan eken. Nediri alyp gelen adam: «Bu Hezreti Alydyr» diýýär. Nedir oňa salam berýär. Aly oňa garap: «Sen Nedir awşarsyň, sen çopansyz goýun sürüsi ýaly sergezdan bolup ýören dagynyk ilaty halas edip, bu betbagtlykdan gutarmalysyn!» diýýär. Soň Hezreti Aly oňa bir gylyç berip: «Sen Eýranyň şasy bolarsyň» diýýär. Nedir: «Seniň bu sözlerin dogrudygyny men näbileýin?» diýýär. Aly: «Şu nyşan bilen: edil şu pursatda seniň ýoldaşlaryň şu ýere ýakynlaşyp gelýän bir kerweni talamaga garaşyp durlar. Emma sen olaryň öňüni al, olara aýt, ol kerwene zyýan ýetirmesinler, birnäçe sagat garaşsynlar, başga bir kerwen geler, şondaky tyllalary alyň, işiň şowuna bolar. Ol tyllalar nähakdan olaryň eline düşendir» diýýär. Şu pursatda Nediriň dogany ony ukudan oýarýar. Nedir gören düýşüni oňa beýan edýär. Şol wagtyň özünde hem bir kerwen ýakynlaşyp gelýär, ýoldaşlary ony talajak bolýarlar. Nedir her edip-hesip edip, olary bu işden saklaýar. Birnäçe sagatdan başga bir kerwen gelip ýetýär. Nedir dagy ondaky tyllalary eýeleýärler. Şondan soň Nedir: «Indi düýşümiň hakykydygyna düşündim» diýýär. * * * Magtymguly – PYRAGY «Turgul!» diýdiler / Düýş (Goşgy gysgaldyldy) Bir gije ýatyrdym tümüň ýarynda, Bir tört atly gelip: «Tugrul!» diýdiler. «Habar biýrmiz saňa pursat jaýynda, Şol ýerde ärler bar, görgül» diýdiler. Nazarym ýetigeç, şol tört merdana, Köňliim joşa geldi, başym gerdana, Şol wagtda bar idi iki diwana: «Durma, oglan, anda bargyl!» diýdiler. Şol iki diwana tutdy golumdan, Alyban gitdiler durgan ýerimden. Bir yşarat boldy anyň birinden: «Seýranda baryban durgul!» diýdiler. «Alydyr» diýdiler, tutdy destimden, Borýa düşegimi aldy astymdan. Men bilmedim, bir zat guýdy üstümden, «Yolugan döwrandyr, sürgül!» diýdiler. Haýdardan soradym barça atba-at: «Hezreti pygamber oldur, bolma ýat, Ol,Selim hojadyr, ol Baba zürýat, Ol Weýsel Karadyr, bilgil» diýdiler. «Ol Baliaweddindir, ol hem bir ärdir – Biri Zeňňi baba ol-da namdardyr, Ol söýenşip duran tört çaryýaradyr, Maksadyň ne bolsa aýgyl!» diýdiler. Turup, Magtymguly gözün açypdyr, Serine ne köýler gelip geçipdir. Hyra ner dek ak köpükler saçypdyr, «Oglan, Alla ýaryň, bargyl!» diýdiler. Toplan: Baýramgeldi ÇARYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |