02:58 Deñziñ kenaryna bardylar / hekaýa | |
DEŇZIŇ KENARYNA BARDYLAR
Hekaýalar
Kimde kim ykbalyň emrine boýun sunup, bu ýerlere gelip gören bolsa bilýändir: çyrpynyp ýatan şu gök deňziň ýakasyna ýygnanýan mähelle hiç bir zada pisint etmeýär. Sen munda çyp-ýalaňaç bolaga-da, iki ýana at sal-da göräý, pitiwa berjek adam ýokdur. Çünki ähli beýleki plýažlardaky ýaly, bu ýerde-de her kim deňziň haýsydyr bir nokadyna gözüni dikip, gör, nämäniňdir pikirni edýär, melul bolýar, irkiljireýär. Şeýle halatlarda adamlaryň nazaryna ilmek üçin has ulurak hokgalary çykarmaly bolýar. Benet plýaža ýeke gelmändi. Ýanynda Hati atly zenan maşgala bardy. Olar ýüzlerini günbatara – adaja ösýän şemala tutup, Günüň ýiti çoguna ýanyp ýatan adamlaryň deňinden gözilginçsizlik bilen geçip gaýdanlarynda günorta golaýlapdy. Şol ýöräp baryşlaryna märekäniň o çetinde – her niçik-de bolsa, plýažyň beýleki ýerlerine garanyňda birneme çolarak ýerde sägindiler. Plýaža degişli edilen çäklerde märekeli ýerlere mahsus bolmadyk şowhunsyzlyk derdeseri hojaýynlyk satýardy. Tolkunlarynyň güwwüldisi diýäýmeseň, deňizde-de galmagal ýokdy. Göräýmäge içgysgynç ýaly. Emma bu ýere gelenleriň ýüzüne-gözüne seredip, özlerini alyp baryşlaryny synlanyňda dünýede ýürekgysdyryjylyk diýen ýaly duýgularyň bardygyny hem kimdir biriniň nirededir bir ýerde şeýle duýgulardan ezýet çekýändigini unudýarsyň. Çünki birinjiden-ä, plýaža gelenler tebigatyň edil neşe ýaly özüne bendi ediji bir jadysyna aldanýarlar, şonuň gyzygy bilen dem alýarlar. Ikinjiden bolsa, seniň hut özüňem şol güýjüň girdabyna düşýärsiň-de, beýleki ýarym-ýalaňaç adamlar ýaly, adaty kişileriň birine öwrülip gidiberýärsiň. Onsoň dünýe, onuň gurluşy, adamlar, dost-ýarlar, geçmiş... barada pikir edip başlaýarsyň. Pikir bolsa ýumak kysmy bir zat. Seni kör iden ýaly, yzyna düşürip, öz-özi çözlenip gidip barýar. Pikir ýumagyny çözlemekden ýaňa adam lejigip bilmez. Pikir dälilik kaddyna ýetirýär, ýadadýar, emma irizmeýär. - Seň hemişe-de şu bolşuňmy? – diýip, Hati elindäki kiçeňräk sumkany ýerde dikeldip goýmak üçin egilip durka sorady. Benet biparhdy. Onuň elinde ýapraklary selçeň bir agajyň entek gurap ýetişmedik tikenli çybygy bardy. Bir metr çemesi uzynlykdaky bu öl çybygy Benet çep elinde saklap durdy, ony birsyhly oýnadýardy. Özi-de, hamana, deňziň o kenaryny görmekçi bolan ýaly, sag elini bykynyna tutup, Hatiniň ters tarapyna bakyp durdy. Hati aýagyndaky ýeňiljek gaýyş köwşüni çykardy-da, bökjekläp, Benetiň ýanyna geldi. Wawwasy bar ýaly, elini onuň bilinden geçirdi-de, henizem heýkel kimin sarsman duran erkek kişiniň egnine kellesini goýdy. Soň assyrynlyk bilen Benetiň ýüzüne, esasan-da gözlerine seredip, sowalyny gaýtalady. Benetden ses-seda çykmady. Ýüzi tutukdy. Dymmalyk onuň zandynda bardy. Çagaka-da beýle bir geplemsek däldi. Has-da häsiýetli tarapy, onuň özüni alyp barşynda şu güne çenli dymmalyk artmasa kemelmedi. Şu dymmalygam ony wagtyndan ir goýaltdy. Hatda bedenine dahylly hereketlere-de haýalýagallyk hem agraslyk aralaşdy. Aşa agraslyk köplenç halatda ýowuzlyga alyp barýar. Aşa agraslyk diýmek – ýowuzlyga gönezlik diýmek. Benet babatdada gürrüňsiz şeýledi. Eýsem, onuň otuz bäş ýaşly syratly göwresine ýowuzlykdan başga näme gelşik berip biler?! Ýowuzlyk iri süňkli, daýaw adamlary salyhatlylyga ýakyn goýar. Benet bilen Hatide bir pursat nazaryny eglän her bir adam olary är-aýaldyr güman etjekdi. Çünki bu ýerlere oýnaşlardyr ograşlar asla gelmeýärdiler diýen ýalydy. Ýogsam, Hati heniz ýigrimi üç ýaşyny-da doldurmandy. Ikisiniň arasyndaky ýaş tapawut tutuş bir müçedi. Olar är-aýal däldiler. Olar düýbünden biribirine ýat adamlardylar. Biri-birini tanamag-a däl, düýn agşama çenli, meger, görüşmändiler hem. Hati ýyl ýarym mundan öň äre çykypdy. Maňlaýyna oňa asylly är sataşdy. Ärine Gujer diýýärdiler. Ol balykçynyň ogly bolup, ata kesbini ýöredýärdi. Girdejisi-de az däldi. Ogluny öýerenden soň garry balykçy Gujer bilen Hatiniň rysgyny aýrylady. Aýrylady welin, biraz ýaşaşanlaryndan soň, belli bolmadyk sebäbe görä bu ýaş maşgalada dawa turdy. Gujer özüniň erkek jynsyna degişlidigini subut etmek üçin, belki, beýle-de däldir. Hatiniň owurdyna çekip goýberdi. Şunlukda Hatiniň gözüniň aşagy gögerdimi, nätdimi, ol hut öz ärini kazyýete berdi oturyberdi. Şeýdibem, Gujer ömrüniň on sekiz aýyny zyndanda geçirmeli edildi. Hatä bolsa, eger islese, ärinden aýrylmaga hem-de başga biri bilen durmuş gurmaga ygtyýar berildi. Elbetde, Hati bu babatda berk ikirjiňlenmän biljek däldi. Soňraky durmuş oňa göwün diýen ärini wada bermeýärdi. Umytlaryň hem töwekgelligiň seni nämeleriň üstünden eltjegi näbelli. Öz täleýiňe özüňiň bilniksiz gapan gurmagyň tüýs bir heňe geläýjek zat. Ine, ahyrda-da, niçiksi oýlanmalaryň etdireni mälim däl, bu samsyjak zenan çyn ýürekden Gujeri küýsäp ugrady. Soňabaka her edip-hesip edip, ärini zyndandan çykarmagyň gamyny iýip başlady. Şuda ony, ynha, indi on ýyldyr prokuror bolup işläp ýören Benetiň gaşynda dyzyna çökerdi. Eýsem, Benet barada nämeleri aýtmak mümkin? Onuň gyzykly okalýan kitaplardaky ýetim ösen gahrymanlaryňky ýaly terjimehaly-ha ýok. Ejesi bilen kakasy entek diri. Özi öýlenen. Iki ogly bar. Gurply ýaşaýar. Ýöne bu onuň häzirki durmuşy. A ol oglanlykdan garrady. Az-kem gallaçlyk, ejesiniň aşa hapysalygy, kakasynyň bolsa başyňy aýlaýan içgilerden çenden köp içip, sandan galmagy, pes adamlaryň kemsitmeleri, mertebesizlik... ony oglanka garratdy. Şeýle günlerde-de Benet birgiden gyzlary söýmäge wagt tapdy. Gyzlar oňa ýüz bermeýärdiler. Benet welin, şol wagtlar maksada okgunlydy, gaýduwsyzdy. Soň günler, aýlar oňa yhlasyňy öňýetene siňdirip ýörmeli däldigini, ýüregiňi bolsa mümkingadar aman saklamalydygyny assa düşündirdi. Kişi maşgalasyna höwes etmek duýgusy onuň zandynda ýokdy. Şeýde-şeýde ol ösdi, ulaldy. Takdyram adama hemişe gamly bakmaýar ekeni. Kähalatlarda şumluk adamyň ykbalynda wagtlaýyn bolýar. Her hili ýagdaý ýüze çykanda-da adam Hudaýdan nägile bolmaly däldir. Şonda bagt onuň öz elinde bolar. Ine, şu zatlaryň hemmesiniň bir ykbalda jemlenende döredýän ýürek paralaýjylygyna düşünmek gerek! Benet Hatini düýn örän sowuk garşylady. “Ärsiz kyn bolýan ekenmi? Asla saňa är nämä gerek?” diýen ýaly täsin sowallary berdi. Iň soňunda-da Gujeri zyndandan çykarmak üçin özi bilen Hatiniň plýaža gitmeli boljakdygyny aýtdy. Hati böwrüni diňlemedi. Asylam il ýaýdanç diýlen zada äsgermezçilikli seredýärdi. Durmuş aladalary çözülende çalt karara gelýärdi. Görnüşi ýaly dymmalyk uzaga çekdi. - Nä, keýpiň ýok-la? – diýip, Hati ýasama çytyldy. Benet töwereginde kejikdiriji duýgulary döredip dymýardy. - Ýa bir aladaň-zadyň barmy? Ine, ol ahyry uludan demini aldy-da: - Meň aladam bilen işiň bolmasyn! Bar çykaryn! – diýip, buýruk berýän äheňde aýtdy. Ýöne durkuny üýtgetmedi. Nämüçinligi belli däl, Hati myssa ýylgyrdy. Soň az salymlyk gaýra tesip, diňe içki geýimde Benetiň ýanyna dolanyp geldi. Gelen dessine-de Benetiň bilinden elini geçirip: - Sen nä çykarynaňok? – diýdi. Benet kemteresinden sesini-de çykarmady. Aslynda özüne gönükdirilen sowallaryň uçdantutma ählisine jogap bermezlik onuň ädehedidi. - Ýa suwa düşjegem dälmi? – diýip, Hati, garaz, anyklamak isledi. Benet uzakdaky näbelli nokatdan nazaryny sowdy. Çakdanaşa ulumsy garaýyş bilen Hätiniň içki geýimlerine tiňkesini dikip, şeý diýdi: - Bu zatlaryňam aýyr! Utançdan Hatiniň ýüzi gyzardy. - Nämüçin? – diýip, ol birhaýukdan soň sandyrawuk ses bilen sorady. - Aýyr diýlensoň, gepiňi köpeltmän aýrarlar, keýgim! Hati ýene esli dymyp, dillendi: - Utanýan. - Kimden? Mendenmi? - Benet! - Şu zatlaryňy aýyr! – diýip Benet kesgitli gaýtalady. Hati töwerege göz gezdirdi. Ho-ol, aňyrda, ap-ak ürgün çägäniň üstünde arkanu-ýüzin ýatyp, Günüň ýiti çoguna meýmireýän adamlara seretdi. Soň kükregini dolduryp, uludan demini aldy-da, çete çekildi. Nägilelik hem geňirgenme, utanç hem gorky onuň soňraky hereketleridende adaty däl haýal-ýagallygy göz-görtele etdi. Şonda ýeňsesini tüňňerdip, deňze bakyp duran Benet oňa şu sözleri diýdi: - Sen şu ýere meň sözüm üçin geldiňmi, meňem diýenimi edersiň. Onsoňam äriň hakyndaky pikirlerden özüňi daşlaşdyr. Ras, men söz berdimmi, sözümde tapylaryn. Soň çyp-ýalaňaç halda uýaljyrap duran Hatä seredip, güňleç ses bilen: - Meň golaýyma gel! – diýdi. Hati aýdylandan çykmady. - Bärde durmaly-la! Ýör beýläk!.. Senem çykaryn, Benet!.. Men-ä suwa girjek - diýip, ol megerem utanjynyň üstüni örtmek üçin aýtdy. Ine, şu ýerde Benet elindäki ýapraklary selçeň bir agajyň entek gurap ýetişmedik tikenli çybygy bilen Hatiniň Güne lowurdap duran ýalaňaç ýagyrnysyny saýgylap goýberdi. Şol bir wagtyň özünde-de: - Ylga! Gaç! – diýen sözleri bilen Hatiniň eýýam haçan “Waý-ý!” diýip gygyrmaga ýetişen çirkin sesini basdy. A Hati ylgaman, gaçman biljek däldi. Ol, hamana, Benetiň geýimlidigini unudan ýaly özüni suwa uraýman, kenaryň boýy bilen günbatara garşy aýagaldygyna ýüwürýärdi. Aşaky dodagyny dişläp, Hatiniň ökjesini sydyrdyp barýan Benetiň elindäki çybyk bolsa, kä daýym yzyna garap, ala-zenzele bolup ylgaýan bu bedibagt zenanyň ýagyrnysyny hem başga ýerlerini awy-zerzaw etmek üçin birsydyrgyn howada şuwlaýardy. Ahyrynda-da bu görnüş çyrpynyp ýatan şu gök deňziň iň bir parahat, iň bir ýuka ýerine düşýärdi-de, ony perişan hem gülkünç edip görkezýärdi. Noýabr, 1994. Aşgabat Kakamyrat ATAÝEW. | |
|
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Время для любви / рассказ - 02.12.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |