01:16 Derdeser / hekaýa | |
DERDESER
Hekaýalar
Suhanyň ejesiniň köne derdi gozgady! Onuň birinji ärine Mämmet diýerler. Mämmet ýarag ujundan öldi. Dul galan gelni Mämmediň inisi Nazarla dakdylar. Nazarlydan basdaş iki gyz, bir ogul dünýä indi. Ony alyp ýatan garahassa keseli boldy. Şeýdip, Suhanyň ejesi ýigrimi dört ýaşlanryndaka ikinji gezek dul galdy. Nazarlynyň belli günleri sowulýança ol güň gezdi. Soňam däliredi. Däliredi diýiläýýä. Däliremedi. Bir edeni, “Men äre çykjak. Maňa är tapyp beriň!” diýip ile çykdy. Eltisi: “Kelläň bir ýerindemi, gyýw! Bolşuň nähili? Utanç bor-a, goý” diýende, “Goýjakgä. Maňa är gerek. Äriňi ber. Onsoň goýaýyn” diýip, galmagal turuzdy. Aýaly ölüp, dul galan Öwezli bir gün çola ýerde oňa söz aýtdy. “Senden är bolmaz. Maňa sen ýaly är gerek däl. Maňa Almaz ýaly är gerek” diýip, köçä çykyp, onam betnam etdi. Soňam: “Sen maňa är bol. Men saňa äre çykjak. Görýäň-ä, men ärsiz galdym-a” diýip, täze açylan mekdebiň ýeke-täk mugallymy Almazyň başyndan musallat bolup indi. Bir günem açyldy. Utandy. Edip ýören işleri üçin özünden utandy. Göwnüne mojuk zatlary saldy. “Meň baran ärim ölýär. Maňa är düşenok” diýdi. “Kysmatdyr bi. Owalynda şeýle ýazylandyr” diýmedi. Özüni adamlardan çetde saklady. “Bi gyrnag-a äre gelen ganym eken” diýýändirler diýip hesrete basyrynyp gezdi. Il diýeniňem näme, ähli işi diňe sen däl. Il bir güň seniň gürrüňiňi eder-de, ikinji gün özüne täze gep-gürrüň tapynar. Şeýlelikde, keremara ile goşuldy. Äre turup gitmedi. Ärli gürrüňler unudyldy. Soň ýowuz günler başlandy. Aýlar agyr, ýyllar uzyn, gijeler sowuk. Adamlary tutup, äkidýärdiler. Äkidilen adamlar yzyna dolanmaýardy. Onsoň uruş turdy. Munuň hiç yzy gelmedi. Güýzler ýürekgysdyryjy. Gyş günleriniň aldajy sowugy bardy. Aňyrdan joşup gelen ýazlar bolsa göwnüňi gozgamaýardy. Açlykdy. Açlyk adamlaryň çydamynyň çägini ölçeýärdi. Onsoň uruş gutardy. Zamana barybir zabundy. Suhanyň iki ärini ajala aldyran ejesi şonda ýaman mert durdy. Perzentlerine pena boldy. Kolhoza gatnady. Orak ordy, pagta ýygdy. Gündizlerine çil çekip, gijelerine suw tutdy. Ýadamady, basylmady, gaýrat etdi. Ejizlän mahaly aglap, aýdym aýtdy. Onsoň gyzlaryny äre berip, ogluny oýerdi. Agtyk söýdi, çowluga ýüzi düşdi. Ynha, indem aradan elli ýedi ýyly geçirip, şol köne dert ýene munuň ynjalygyny elinden aldy. Muny ilki aňşyran ogly Suhan boldy. Juma güni gijara ol bir sebäp bilen garrynyň bolýan otagyna girende ejesiniň terse bakyp, aga çalymdaş heň edip oturanyny gördi. Gam kalbyňy daglar, heý, Göwnüňi pos baglar, heý, Saç, ýaýyp, kim aglar, heý, Äri ölmedik bolsa?! Suhan gözlerini açalak-ýumalak etdi. Düşünjek boldy. Bolmady. Gulaklaryny keýerdip, yzyna diň saldy. Gaýgy-gamyň bolarmy, Güler ýüzüň solarmy, Ajal golaý gelermi, Ýanyňda äriň bolsa?! Suhanyň haýýaty göçdi. - Eje! - diýdi. Garry hä bermedi. Dowam etdi. Çözläp, saçlaryň ýaýsaň, Döşüne başyň goýsaň, Gijeler ýatman söýseň, Äriň ýaňynda bolsa. Suhan: - Beh, beh, eje, eje! - diýip, ejesiniň egninden yralady. Garry egniniň üstaşyry yzyna seretdi. Suhanyň ejesiniň gözlerini üýtgäpdir! Olarda öňki mysapyrlykdan, rahatlykdan, mylakatdan birjik-de nyşan galmandyr. Oňa derek ol gözlere galagopluk, rehimsizlik, gaýduwsyzlyk inipdir. Suhan ejesiniň ýitelen gözlerini görüp, erbet düýrükdi. Süňňi bir elhençligi syzdy. “Däliräpdir. Akyly üýtgäpdir. Ahyr ýaşynda däliräpdir. Gözi aýdyp dur” diýen pikir bada-bat beýnisinde at çapdy. - Näm bolýa, eje? Ýaramajak bolýaňmy? Garry terse bakdy. Sandyrawuk ses bilen: - Ejeň ärsiz ötüp barýa, jan ogul, ärsiz! - diýip eňredi. Suhan ejesine düşündi. Ol ärsiz ötürilen elli ýedi ýyllyk ömrüň ýasyny tutýardy. Garry gaýtadan eňräp başlady: Etseň, hyzmatyn etseň, Tapyp, göwnüne ýetseň, Uzak ýollara gitseň, Äriň ölmedik bolsa. “Ine,saňa gerek bolsa! Indi nätmeli? Il-gün näme diýer? Näme etmeli?” diýen sowallar Suhana eýýämden ejir çekdirip ugrady. -Eý, Hudaý, eý, Alla, eý, toba! Biabraýçylyk. Masgaraçylyk. Barypýatan masgaraçylyk. Özem ahyr ýaşynda. Eý, Hudaý!.. - diýip, ol ýarym pyşyrdy bilen samyrdady. Soň: -Eje, eje! - diýip çykyp gitdi. * * * Suhan ejesi barada aýaly Akgyza hiç zat aýtmady. Entek hiç kim bilmänkä nähilidir bir gudrat bilen ejesiniň akylynyň, esasan-da gözleriniň öňki durkuna dolanmagyny isledi. Umyt etdi. Açylar diýdi. Onuň öýde-de oturasy gelmedi. Başyny alyp, nirädir gaçyp gidesi geldi. Gaçyp baran ýerem mellegiň aýagujy boldy. Mallara seredişdirdi. Oturyp çilim çekdi. Oýa batdy. Birmahallar, heniz oglan döwürleri Seýitli bilen eden sene-menesi ýadyna düşdi. Dawanyň nämäniň üstünde turanlygy belli däl, ýöne Seýitliniň diýen sözleri hakydasynda galypdyr: - Eý, seň bar-a, kakaň ölende bar-a, ejeň däliräpdirä. Äre çykjak diýip, masgara bolupdyr-a. Elbetde, şol gezek Suhan Seýitli bilen gyzyl ýumruga girişendir. Soňam çola ýerde tenha özi aglandyr. Ýöne bular ýadynda däl. Aldajy gyşlarda enesini emýän guzujyk ýaly, oraçalarynyň ojagynyň başynda ejesi bilen emişip ýatýandyklary huşunda… Suhan bozuljak boldy. - Gyýw! - diýip, aňyrdan alakjap gelýän aýalynyň sesine ol ziňk edip gitdi. - Gyýw, tur, gel bärik. Ejeň… - Ýuwaş, how! Häk, seniň sesiň… - diýip, Suhan hemleli gygyrdy. – Gohuň näme? Suhanyň göwnüne bolmasa, ejesiniň akylynyň üýtgänine Akgyz birhili begenýän ýaly bolup dur. Äheňinde ýakymsyz dabara bar. Bi heleý tohumy şolar ýaly zada heşelle kakýa, hezil edinýä. Bulara tomaşa gerek. Betbagtlygy abraýdan ýeg görýärler. - Näme, etek alty, ýeň ýedi, öň etegiňi dişläp, ylgap ýörsüň… Begenýäňmi? - diýip, Suhan aýalynyň mazaly badyny aldy. - Begenerinmi, gyz?! Gürrüňiň nähili seň? Toba etdim! – diýip, Akgyz ýakasyny tutdy. Suhan aýalyny dem salym synlap: - Bar, ondan-a köýnegiň goltugyny çat. Ebtiňi düzet - diýdi. * * * Suhanyň, tüweleme, dört gyzy, üç ogly bar. Uly ogluny öýerip, iki gyzyny durmuşa çykardy. Oglundan agtyk gördi. Ikinjisine-de garaşyp ýörler. Ortanjy ogly bir ýyl bäri gullukda. Beýleki çagalarynyň üçüsem mekdep okuwçysy. Agşama çenli Suhanyň öýünden örýänleriň ählisi garrynyň ýolugan derdi barada eşitdiler. Ýöne hiç kim onuň gürrüňini etmedi. Öýe sustluk aralaşdy. Çagalaryň şagalaňy peseldi. Nahardan soň Suhan: - Ertir ir bilen motoryňy mün-de, Ogulkeýik ejeňlere dep. Ogulkeýik ejeňi alyp gaýt, enem ýaranok diý. Gaýdyşynyňam ýüzugra Ogulbolly ejeňlere sowlup geç. Onam alyp gaýt - diýip, uly ogly Atagylyja tabşyryk berdi. * * * Garrynyň işdäsi görnetin peseldi. Akgyzyň getirip giden unaşyndan göwünli-göwünsiz içdi. Akgyz: - Enesi, bi nä zat iýmänsiň-le? - diýip sorady. - Ha-aý, jan gelin! - diýip, ol sesini endiredip aýtdy. – Ärsiz heleýiň nahar bilen kän bir mazasy bolmaz. Asyl bolmaz. Suhan jan ýanyňdaka sen ony bilýänem dälsiň. Akgyz sesini çykarmady. Unaşly tabagy alyp, çykyp gitdi. Suhan irgözinden ýatyş düşegine geçdi. Uklamady. Böwrüne diň saldy. Onuň pikiriçe, ejesi basym ölmelidi. Ýaşaýan zatlaryň ählisine ölmek üçin bahana gerek. Garry segsen bir ýaşady. Henize çenli onuň saglygyndan nalan ýeri ýok. Akylynyň üýtgemegi, ähtimal, onuň ölümine bahana bolar. Suhan Hudaýdan gaty nägile boldy. “Öňi-soňy ýygnajak bolsa dümew-sümew diýen ýaly bir keseljik bilen ýygnaýmaly dälmidir? Alýanyň şol amanat zadyň. Onam ile masgara edip aljak. Ýa bi ýumruk ýaly görgüsiýamyň çöderräk günäsi-dagy barmyka?... Toba etdim” diýip içini gepletdi. Akgyzyň mahaly bilen gözüne uky inmedi. - Gyýw - diýip, ol ýatan ýerinden Suhana habar gatdy. – Nememikä bi, wagtlaýynça bir zatmyka ýa nemedýänçä… Suhan janyýangynly gepledi: - Men näbileýin-aý, men näbileýin? Men nä palçymy, gurrandazmy, öňümi görüp geldimmi? Akgyz göwni bir ýaly başga sowal berdi: - Otörgünem-ä geçdi. Nämedenkä onda? Suhandan jogap bolmady. Onuň diňe haşşyldap, uludan demini alýan sesi eşidildi. - Gyýw, nemedäýsek nädýä, ertir dogtora-zada görkezäýsek, ä? - diýip, Akgyz dowam etdi. - Hä-ä, indi şyhypanylyga ýetip barýaкka keselhana salybam görgi baryny görkez oňa. - Dogtorlar nä diňe keselhana diýer durar öýdýäňmi? - Dogtora galsa, dälihana-da dykar. - Toba etdim-eý, daş edewersin!.. Be-e, onda nätsekkäk? “Aý, başa gelenini görmeli bor-da” diýip, Suhan içinden jogap berdi. Ýorgany serpip, aňyrsyna öwrüldi. Akgyz gaýdyp geplemedi. * * * Goňşy otagda ýatan Hatyja gelin kän salymlap dymansoň: - Atagylyç! - diýip, äriniň böwrüne dürtdi. - How. - Ukladyňmy? - Ýok. - Atagylyç! Eneň öňem şeýle bolýamydy? - Ýok. - Nämedenkä ol? - Bilmedim men-ä. Sesini çykarman ýene biraz ýatansoň, Hatyja gaýtadan: - Atagylyç! - diýdi. - Näme? - Men-ä gorkýan. - Kimden? Nämeden? - Eneňden. Şu gije düýşüme-de girer şo. - Gorkma, ýaňynda, ine, men bar-a - diýip, Atagylyç Hatyjany gujagyny gysdy. Eýsem, Hatyja düýşýnde näme görer? Atagylyjyň pikiriçe, ol düýşünde garryny görmeli. Hatyjanyň düýşünde garry märekäniň öňüne çykyp: “Gyýw, oýnatgylar! Siz meni dälirändir öýdýäňizmi? Siz onda barypýatan oýnatgy. Ha-ha-ha! Men-ä dälirämogam. Men-ä ýöne oýun etdim. Siz nädýäkäňiz diýdim. Bilgeşleinden dälirän boldum” diýer. Adamlar muňa birhili bolarlar. Hiç kimiň ynanasy gelmez. Ýöne garrynyň däliremändigini gepinden-sözünden aňyp, her kim onuň dälirese oňat boljakdygyny öz ýanyndan tassyklar. Atagylyjyň enesem adamlaryň pikirini, islegini bilen ýaly çyndan dälirär. Onsoň saçlaryny penjeläp, böker, gygyrar, adamlary kowalar. Adamlar, elbetde, öz islegleriniň bitenine begenişerler, hezil edinerler. Garrynyň halyna hiç kim gyýylmaz. Adamlar Atagylyjyň enesiniň betbagtlygyna heşelle kakarlar. Şol adamlaryň içinde, elbetde, Hatyja-da bolar… Onsoň bu düýşi nädip ýormaly? Atagylyç muny Hatyjadan sorady. Hatyja: -Samsyk - diýdi. – Muň ýadyna düşüp ýören zatlary. * * * Köne dert garryny ukudanam kesdi. Suhan giçden soň iki gezek gelip, habar tutdy. Ikisinde-de garry oňa: - Özüni bilýän heleý ärsiz wagty ne gije, ne gündiz, ýatybilmez. Ýatsa, ukusy haram bor - diýip, jogap berdi. Suhan ýüzüni sallap, çykyp gitdi. Soň gelmedi. Garra hiç kim düşünenok. Onuň adamlardan ullakan zat hantamaçylygy ýok. Bitmez ýaly isleg däl. Bir ärjagaz bolaýsa… Boýuna-syratyna guwanyp, barmaklary bilen saçlaryny daraklar ýaly. Boýnundan aslyşyp, jemalyna aşyk bolar ýaly. Gözlerine bakyp, doýmaz ýaly. Garaz, söýer ýaly bir ärjagaz bolaýsa. Ine, onuň bar islegi şü. Ol, ine, şu arzuwyň aýdymyny aýdýar. Gijäniň birmahallary garry ýadap, oturan ýerinde uka gitdi. * * * Ilki ukudan oýanan Suhan boldy. Ol turşuna ylgap, ejesiniň bolýan otagyna bardy. Ejesini görüp, ölendir öýtdi. Ölen bolsa, haýal etmän “Waý, ejem-le” diýip ses etmelidigi ýadyna düşdi. Diwara ýaplanyp oturan ejesine seredip, aljyrady. Bir sekuntdan ol garrynyň dem alýandygyny eşitdi. Ynjaldy. Onsoň öýdäkileriň hemmesine degişli edip: - Turuň-haw, Gün dogdy - diýip gygyrdy-da, daş çykdy. Atagylyç birki käse çaý içdi-de, motoryny otlap, gitdi. Birsalymdanam garrynyň kiçi gyzy Ogulkeýigi alyp geldi. - Ogulbboly ejem ýok eken. Daň bilen bazara gidipdir. Öýlerine aýdyp gaytdym. Öýlän gelmegi mümkin - diýip, ol motordan düşüp-düşmän habar berdi. Suhan Ogulkeýigi çete çekip, ejesiniň ýagdaýyny aýtdy. - Beterinden saklawersin-eý! - diýip, Ogulkeýik içini çekdi. - Haçandan bäri? - Dek düýnem oňatdy - diýip Suhan aýtdy. Öýden Akgyz bilen Hatyja çykdy. Olar myhman bilen gysgajyk saglyk-amanlyk soraşdylar. Akgyz Ogulkeýigi öňüne düşürip, öýe girdi. Hatyja çaý-nahar aladasy bilen aşhana ýumlukdy. - Eje, ine, gyzyň-a geldi - diýip, Suhan ejesiniň bolýan otagynyň işiginden ätledi. Ogulkeýik içeri girip: - Gurgunmyň, eje? - diýdi. - Ogulkeýik gyzym gelipdir-ä, Ogulkeýik janym gelipdir-ä - diýip, garry ileri-ileri omzady. Ogulkeýik hal-ahwal soraşdy. - Oňat otyrmyň, eje? - Äý, gyzym, ärsiz heleýiň gününe näbeletmiň? - Şeý diýä. Ogulkeýik dagy näme diýerini bilmedi. - Ärsiz bolsaň ýarpy göwräň ýok ýaly bolýar, gyzym. Siz ony bilýän dälsiňiz. Siziň äriňiz bar. Meň ärim ýok welin, hemmesini bilip otyryn. - Gaýrat et, eje! - Gaýrat-a edilendir, gyzym. Gaty edilendir. Hm… Gaýrat edilme kemi-hä galmady. Gaýratyň bizden göwni synyk däldir, hm, onam aýdaýyn. Hatyja çaý getirdi. - Siz, hany, gümür-ýamyryň gapdaly bilen birki käse çaý içiň. Menem mallara seredişdereýin - diýip, Suhan turup gitdi. - Men arkaýyn otyryn welin, bi Hatyja näme name nahar atarýarka? - diýip, onuň yzýany bilen Akgyzam çykdy. Ogulkeýik ejesi bilen ikiçäk galdy. - Al, bir käse çaý owurtla. - Ärsiz heleýiň içen çaýam suwsan ýerine barmaz eken. Hiç barmaz eken. Guýyň düýbünden alnan ýaly - diýip, garry çaýly gürrüňi-de öz heniňe baglap goýdy. - Janyň sag bolsa bor, eje. - Sen, gyzym, gürrüňi alyp gaçma. Maňa hä diý. Suhan-a aýdamok. Aýtjagam däl. Etmez. Kejirdir. Seň delalatyň degäýmese, bilýänsiň, Suhandan maňa bir apbasylyk nowa ýok. Şoň üçin saňa aýdýan. Sen maňa hä diý!.. Görýäň-ä ine, meň bütin ömrüm ärsiz geçip barýa. Menem özüň ýaly heleý. Maňa-da är gerek. Ärsiz ýaşan ömrüň gury nan iýen ýaly… Ogulkeýigiň gözünden boýur-boýur ýaş döküldi. Ol keçäniň gülüni dyrmalap oturyşyna burnuny çekdi. Bir zatlar diýjek boldy. Diýibilmedi. - Sen nämä aglaýaň? Aglasam, ine, men aglamaly. Sen meni diňle. - Garry pyşyrdy bilen gürledi. - Gaýrat edip, maňa bir är tapyp ber. Ölmänkäm är hözirini göreýin diýýän. Oň munsy beýle, muň onsy eýle, bi ejeme ýaramaz-ow diýip dagyn göwnüňe getirme. Är dannaman. Äri bol tapýan dannaýandyr. Hm… Erkegiň asyl dannar ýaly zady ýokdyr. Hemmesem birdir. Eşidýäňmi? Ogulkeýik eşidýärdi. Ol sesini çykarman başyny ýaýkap otyrdy. Garry köne heňine tutdyrdy. Bir äre göwün berseň, Är bilen döwran sürseň, Dünýäň hözirini görseň, Ýanyňda äriň bolsa. Ogulkeýik käsesindäki çaýyny içdi-de, çykyp gitdi. Garry ýene ýeke galdy.”Erkeg-ä erkek bolýar. Ol seň derdiňi bilmez. Heý, aýal dagyn aýala düşünäýmeli dälmidir” diýip, garry pikir edýärdi. “Akgyz-a, näme, kim bolanda-da keseki bolýar. Ýeri, bi Ogulkeýige näme diýjek. Bir garysyna galyp, gaýrat etse, meň ýumşumy bitirjeg-ä. Men oň ejesi bolup otyryn-a. Ölen günüm-ä bilerler. Äý, onda-da bilmän geçsinler. Ýa bulaň ýüregi daşdanmyka?” Ogulkeýik näme diýsin! Onsuzam onuň öz derdi özüne ýetik ahyryn. Kiçi ogly dört aý bäri ysmaz keseline duçar bolup, galybilmän ýatyr. Ýetişen gyzy ýüzüne gara çekip, gaçyp gitdi. Üstesine, arakkeş äri-de egninden basmasa, goltugyndan göterenok. Onsoň Ogulkeýik näme diýsin! Ol Suhanyň ýanynda-da oturyp, kän aglady. “Men näme diýeyin, jan dogan! Aýagyny gore salyp otyrka men ony öýüme äkideýinmi? Onsuz meň derdim azmy? Siz indi herzeýilli bir neme… Gaýrat ediň. Ýazgytdyr bi. Owalynda maňlaýyna ýazylandyr. Nätjek?!” diýdi. Ejesiniň “Är tapyp ber” diýen gürrüňini ol Suhana aýtmady. Günortanlar Atagylyç Ogulkeýigi öýlerine eltip gaýtdy. Garrynyň uly gyzy Ogulbolly öýlänler geldi. - Daň bilen gidişime ýaňy geldim bazardan. Gelsem, habar geldi, ýaranok diýýä diýdiler. Onsoň çaýam içmän göni gaýtdym pyýadalap. Çaý bir beriň, gyz! Şehit öldüm - diýip, ol ejesiniň bolýan otagyna girdi. - Gurgun otyrmyň, eje? Tanadyňmy? - Kim, gyz bi? Ogulbolly? Senmi? - Hawa, eje, men. Tanadyň. - Waý, Ogulbollym gelipdir-ä, guzym gelipdir-ä. Hä, ejemi göreýin diýip gaýdyberdiňmi? Halyndan habar tutaýyn diýdiňmi? - Ýaranok diýdiler… - Häli Ogulkeýik gelip gitdi. Oňa-ha aýtdym. Indem saňa aýtjak. - Näme aýtjak, eje? Garry diňe Ogulbolly eşidäýer ýaly pyşyrdap gepledi. - Maňa bir är tapyp beriň. - Hä? - Maňa bir är tapyp beriň. – Ogulbollynyň birdenka ýüzüni sallanyny gören garry ýalbaryjy äheňe geçdi. – Görýäň-ä, bütin ömrümi dul geçirdim. Meňem göwnüm bar-a. Maňa-da är hözirini görkeziň-ä. Men-ä şu wagta çenli şol umyt bilen ýaşadym. Ejesiniň çynydygyna, gara çynydygyna, asla henek etmeýändigine gözi ýetensoň, Ogulbolly: “Ýaranok diýýärler welin, bi işigaýdan ýeldirgäpdir-ä” diýip içini gepletdi. - Häli Ogulkeýige-de aýtdym. Siziň göwnüňiz bir ýaly diýdim. Men bärde ärsizlikden ýanyp otyryn diýdim, ýaman horlanýan diýdim. Gaýrat et-de, maňa bir är tapyp ber diýdim. Ýaş-garry diýip, är dannaman diýdim. - O näme diýdi onsoň? - diýip, Ogulbolly gara çyny bilen gyzyklandy. - Näme diýer, Ogulkeýikdir-dä. Hiç zadam diýenok. Göwni bir ýaly otyr. Gaýtam aglaýa. Menem aglama diýdim. Ejeň ärsizligine gynanyp aglamaýanyňy bilýän diýdim. Aglajak bolsaň, hol ölen wagtym aglaber diýdim. Häzir şumjarma-da, maňa är tapyp ber diýdim. Oturdy-oturdy-da, sesini çykarman gitdi. Ah, Ogulkeýikden maňa är tapyp beren bolasy ýok-la. Özüň nemedäýmeseň, direnere gaýry adam galan däldir. Hä, Ogulbollym? Ogulbolly näme diýse oňat boljagyny bilip bilmedi. Ýaýdandy. - Wah, men pylan diýsem, ýalançy-da, eje. - Beý diýme, guzym. Başy boş är kändir. Taparsyň. Tapyp beräýerin diý. - Näbileýin-dä… - Sora, ide. Soraşyp Käbanem tapypmyşlar. Senem taparsyň. Heleýsiz erkekleň ählisine gyran degäýen däldir. Häli görseň, men ýalyny gözläp ýörenem kändir… Ogulkeýigiň-ä ýüzüne köz degsin. Suhanam ondan idili doňuz däl. Ýaman kejeňek. Ogulbolly mazaly derçigýänçä ejesiniň ýanynda çaý içip oturdy. Diňe şondan soň Suhan bilen Akgyzyň oturan tamyna bardy. - Gyýw, ýeldirgäpdir-ä ol. - Şeýle ýaly öz-ä - diýip Suhan agras dillendi. - Äre çykjak diýip masgara etdi. Suhan ýalandan geňirgendi: - Aý, goý-a!... Beh! - Hawa, maňa är tapyp beriň diýýä. Ömrümi ärsiz öturdim diýip otyr. - Toba, toba! Daş edewersin! Hudaý saklawersin! Tüf, tüf - edip, Akgyz ýakasyna tüýkürdi. Suhan aýalyna alarylyp bakdy-da: - Baý, seňem ýaman pis häsiýetiň bar-ow. Edil ýöne ýöne bolşundanam beter edäýýäň - diýdi. - Aý, jany sagat-la - diýip, Ogulbolly aýtdy. - Ine, hä diýmän birki günden açylar. Öňem bir gezek şuňňaly bolupdy. Ho-o, biz ýumruk ýaly gyzkak. Sen-ä ony bilýän dälsiň. Ogulkeýik bilse, bilýändir. Aý, ýok, olam bilýän däldir. Meňem çalaja ýadyma düsýär-ä. Kakam ölende ýeldirgedi-dä. Ilk-ä esli wagtlap geplemän gezdi. Soňam birden akyly üýtgäýdi. - Soň nädip açyldy? - diýip Akgyz sorady. - O zatlar ýadyma düşenog-a. Ýne, ine edil şu oturan ýerimizde çagşanja oraçamyz bardy. Senem şo wagt - Ogulbolly Suhana barmagyny çomaltdy - näçe aýlykdygyňy bilemok, özüň-ä emýädiň. Şonda sen-ä oraçamyzyň içinde aglap ýatyrdyň, ejemem işikde aýdym aýdyp otyrdy. Onsoň o Bibinabat gelnejem geldi. Bi nemäň ejesi… - Jepbaryň ejesi - diýip Suhan ýatlatdy. - Hawa, şo Jepbaryň ejesi gelip, ejeme bar, gyýw, aç öldürmejek bolsaň, çagaňy emdir diýipdi. Ana, şo zatlar-a bilýän. Şo, çaky, ýeldirgäp ýören uçurlary bolmaly. - Onsoň emdirmi? - diýip Akgyz gyzyklandy. - Kim bilýä? Emdirendir-le. O zatlar yadyma düşenok… Ýo-o, gorkup oturasy zat ýok-la. Derrew ýöne nemedip, açylar ötäýder. Zäk ýakyp görüň. Ýüzärlik tütediň. Göz degen bolmagy mümkin. - Men-ä ýaman gorkdum gyz. Dogtora-zada bir görkezeliň diýdim - diýip Akgyz aýtdy. - Ýo-o, dogtor nämä gerek?! Wagtlaýynça bir neme ol. Ine, nädip açylanyny bilmänjik galarsyňyz. “Gözem düzelermikä?” diýip, Suhan içinden sorady. “Akly düzelse, gözem hökman düzeler” diýibem içinden özüne jogap berdi. Daşyndan bolsa: - Belki, agzyňdan Hudaý eşitsin! - diýdi. - Töwerek-daşyňyz bilenok dämi entek? Bildirmejek boluň. Äý, gowy däl-dä. Pylanyň ejesi däliräpdir diýseler abraýmy? Ýanyna del adam eltmäň. Çagalaram goýbermaň - diýip, Ogulbolly sargyt etdi. Ikindinler ol gaýdarman boldy. Atagylyç motoryna mündürip, ony öýlerine eltip gaýtdy. * * * Şamlyk nahary garra Hatyja eltip berdi. - Otur, gyzym, şujagaz yerde - diýip, garry ony saklady. Hatyja oturdy. - Sen, gyzym, menden zat gizleme, dogryňy aýtr. Ynha, men telim ýyl bäri är tamamkinçiligi bilen otyryn welin, bi sawçylyga gelýän ýok-la? Men ýaly ärsiz heleý dünýede başga-da barmyka? Hatyja bilemok diýen terzde eginlerini gysdy. Ol garrydan ýaşynýardy. - Hm, bilemok diýsene… Gyzym, meň ýerimde sen bolan bolsaň näme ederdiň? Ärsiz galan bolsaň? Hatyja ýakasyny tutup, çykyp gitdi. Garry kime gönükdirilenligi näbelli äheňde sowal yzyna sowa ýagdyryp ugrady. - Bu dünýäň erkekleriniň içinde ýekeje artykmajy ýokmy indi? Bütin erkek ähliniň içinde indi maňa är boljagy ýokmy? Ýa meň bir ýerim kemmi? Niräm kem? Owadanlygymmy? Haýsy heleý menden owadan? Nämüçin heleýleň hemmesiniň äri bar-da, meňki ýok? Nämüçin? Garryny hiç kim eşitmeýärdi. Hatyja gapyny ýapyp gidipdi. * * * “Ejemiň aklynyn üýtgänine, ynha, indi ikinji günüň içi - diýip, Suhan pikir edýärdi. - Düýn bize kim geldi? Düýn-ä hiç kim gelmedi öýdýän. Bu gün kim geldi? Irden Ogulkeýik geldi. Ol hasap däl. Soň kim geldi? Soň… Soň Ogulbolly geldi. Olam hasap däl. Başga kim? Bi gaýraky goňşyň gyzy. O-da öýe girmän, habaryny daşardan aýdyp gitdi. Diýmek, olam hasap däl. Soň? Soň bi goňsulaň kiçi gelni süýt alyp gitdi. O-da hasap däl. Ondan soňam hiç kim gelmedi. Hä-ä, aý, bolýa-da…” Öňler Suhan öýüniň gelim-gidimli ýer bolmagyny islärdi. Dost-ýarlar bilen öýünde meýlis gurap, oturmagy, şagalaň etmegi küýseýärdi. Ýöne ol diýeni hiç bolmazdy. Ýaman ýeri, munuň sebäbini Suhanyň özi-de bilmeýärdi. Mahal-mahal kellesini tutup, gaýga giderdi. “Nämüçin meň öýüm sowuk? - diýip ol oýlanardy. - Nämüçin meň öýümde meýlisler gurlanok? Arak içmeýänligim üçinmi? Meň özüm arak içmesem-de, öýümde meýlis gurlup, degşilip-gülşülse arak berjeg-ä. Seň öýüňde adamlar şatlyk-şowhun edip otursalar, heý-de, olardan zat gysganyp bolarmy? Ýa meni garasöýmeziräk, gysygrak, syrnyhyrak göryälermikä?” Niçezar kelle dowse-de, Suhan munuň sebäbini bilim bilmezdi. Häzir welin öýüniň sowuklygyna, gelim-gidimli ýer däldigine oturyp, şükür etdi. Eger-de öýi gelim-gidimli ýer bolan bolsa, onda ol häzir beýdip arkaýyn ýatmazdy. Il içinde biabraý bolardy. Ähtimal, adamlar Suhany kemis hasaplardylar. Ejesi ýeldirgän-de bolsa, oglunyň aklynyň üýtgemänligine aňsat ynanmazlar. Suhana şübheli bakarlar. - Eý! - diýip, ol birdenkä aýalyna ýüzlendi. - Ejemiň başyna janly aýdan dälsiň? - Ýok. - Aýt. Derdini dep et diý-de, aýt! Beladan-beterden, howpdan-hatardan gora diý! Ýoluňa bir janly diý! Gara janly aýt, gara! Eşidýäňmi? - Bor. Eşidýän. Suhan ynjaldy. Akgyz gaýnenesiniň ýeldirgänini gaty geň gördi. Onuň pikiriçe, akyly üýtgejek adamyň ilki bilen gepi-sözi üýtgemeli. Soň ýuwaş-ýuwaşdan akyl-huşy dagap başlamalydy. Emma Suhanyň ejesiniň akyly welin birden üýtgedi. Akgyz, ine, şuny geň gördi. Dek düýn günortanlaram garrynyň akyl-huşy ýerindedi ahyry. Toba, Toba! Ýeri, äre çykmak nireden kellesine geldikä? Ogulkeýik bilen Ogulbolla-da “Men äre çykjak. Maňa är tapyp beriň” diýipdir! Bu ýaşdan soň äri nätjekkä? Şony özi ýaly segsenden geçen bir garry adama äre berip goýberseň, näderkä? Ömrüni sallah ötüren, sakgally-sarmykly adama berseň? Özüni boýnuna zyňaýarmyka?... Akgyz gaýnenesiniň nätanyş bir gojanyň boýnundan aslyşyp duran görnüşini göz öňüne getirdi-de: “Toba etdim, toba etdim!” diýip, ýakasyna tüýkürdi. Suhanyň: - Hä, näme boldy? - diýen soragyna-da: - Hiç zat - diýip jogap berdi. * * * Ýatyljak bolnanda Hatyja Atagylyja şeý diýdi: - Gyýw, häli bar-a, eneňe nahar eltdim-ä? - Hawa? - Şonda maňa näme diýenini bilýäňmi? - Ýok. Näme diýdi? - Aýdaýynmy? - Hany, aýt! - Neme diýdi, senden bir zat sorajak welin, dogryňy aýt diýdi. Menem bor diýdim. Onsoň aýtdy, dünýäde diýdi, menden başga-da ärsiz heleý barmyka diýdi. Menem bilemok diýdim. Onsoň neme diýdi, meň ýerimde sen bolsaň näderdiň diýdi, ärsiz galan bolsaň diýdi… - Sen näme diýdiň? - Sesimem çykarmadym. Turdum-da, gaýdyberdim. - Onsoň? - Bolany şo. - Näme geň gördüňmi? - Ýo-ok-la. - Ýeldirgän adamdyr-da. Ýataly… Hatyjanyň: “Gyýw, ýogsa-da, birden sen ölüp, men dul galaýsam nätmeli bolaryn?” diýip sorasy geldi. Ýöne çekindi. Atagylyç bolsa ol hakynda eýýäm pikir edip ýatyrdy. Dogrundan-da, Atagylyç ölüp, Hatyja dul galsa, nätmeli bolar? * * * Giçden soň Suhan ejesinden habar tutdy. Garry ýatmandyr. - Eje, henizem ýataňokmy? Çyrany öçüräýeýin? - Çyra bilen işiň bolmasyn. Hany, gel, meň ýanymda otur entek. - Oturdym, eje, aýdyber. - Aýtsam, köşek, häli Ogulbolly bilen Ogulkeýigede aýtdym. Olaň-a etmejegini bilipjik durun. Ýöne sen edersiň. Ederiňe tutsaň, edäýmeli sen. - Näme ol, eje? - Men bir ömrüni ärsiz ötüren heleý. Ölüm pilläm tutmanka, är ysyndan ganar ýaly birini tapyp ber maňa, ogul! - Utanaňok-maý, eje! Ýa indi bar bolubulşiňmi şü? - Tapyp ber, ogul! Häli Ogulbolly bilen Ogulkeýigede aýtdym. Olardan maňa nowa ýok, ogul. Sen gaýrat et! - Il görse, eşitse, näme diýer, eje? Seň gürrüňiň nähili? Sen utanman, şeý diýip otursaň, men ile nädip çykaýyn? Maňa nä abraý gerek dälmi? Men ýene iki ogul öýermeli. Iki gyz göçürmeli. Sen bu zatlary bileňokmy? Garrynyň äheňi üýtgedi. - Hä-ä, gyzlaryňa är tapmaly-da, maňa tapmaly däl? Şeýlemi? - Saňa gep düşündirip bolmaýa, eje! - diýip, Suhan uludan dem aldy. Haýbat atany bilenem bolmajagyny bilip, garry ýalbarmaga başlady: - Suhan jan, gyzlaryňa är gözläňde maňa-da gözläý birini. Iki gyrnaga är tapan, üçünjinem aril eder-ä. Seň üçin men keseki däl-ä. Ejeň-ä men… Ogullaryň garran ene-atasyny arkasyna alyp, dagyň aňyrsyndaky gowaga taşlap gaýdýandyklary hakyndaky erteki Suhanyň ýadyna düşdi. Ol ýumrugyny düňküldedip, taýly gezek ýere urdy-da, atylyp çykyp gitdi. Garry sesini endiredip, öňki heňine başlady: Ärsiz günüň ötmez hiç, Sabry-kararyň ýetmez hiç, Dünýe seni utmaz hiç, Ýanyňda äriň bolsa. Tylla günüň batarmy, Ýürekde gam ýatarmy, Ajal ýakaňdan tutarmy, Ýanyňda äriň bolsa? “Çyndanam ärsiräpdir” diýip, Akgyz oýlanýardy. Suhan bolsa ejesiniň sesini eşitmezlik uçin başyna ýorgany büräp ýatyrdy. Tüweleme, garry dokuzynjy onlugyň içinde. Töwerekde onuň deň-duşy gaty seýrek. Umuman-a, bi çaklarda o ýaşlara ýetýänem ýok. Garaz, garry bir çene baryberipdir. Indi Hudaýyň beren amanadyny abraý bilenjik yzyna tabşyraýsa-da kem boljak däl. Dünýäniň azap-eşretinden bir ömre ýeterlik gördi. Başga näme gerek? Suhan başga zat gerek däl diýdi. Ýüreginiň garşysyna gitmäge onda erk ýokdy. Adamyň özüni dünýä getiren ejesiniň ölümini isleýän halaty-da bar eken. * * * Suhanyň kiçi ogly Nurgylyç ýaňy ymyzganan ejesini oýaryp, şeý diýdi: - Eje, meýdan etjek!.. Ol ejesi bilen daşaryk çykdy. Daşarda esli eglenip, öýe girenlerinde Nurgylyç enesiniň ýanynda ýatarman boldy. - Öňki ýatýan ýeriňe nä suw çykdymy? - diýip, Akgyz onuň al-petinden aldy. - Enemiň jaýynyň çyrasy ýanyp dur. Ýagty. - A çyrasy ýanyp duran bolsa nädip ýatjak? Çyra gözüňe düşüp, ýatybilmersiň-dä. - Ýataryn. - Ýatyber şu taýda. - Çyrany ýak onda. - Haý, keçje ýerýuwdan! - Goýber, enesiniň ýanynda ýatsyn - diýip, Suhan aýtdy. Nurgylyç enesiniň otagyna düňk ýasady. Ol ýerde eneli-ogul şeýleräk gürrüň etdiler: - Nurgylyç jan, sen maňa är bolaý! - Hä? - Sen maňa är bolaý! - O nähili? - Men-ä seň gelniň bolaýyn, senem meň ärim! - Aý, sen garrapsyň-a, ene. - Hm, garramda näme?! Men saňa hyzmat ederin. Aýdym aýdyp bererin. Men saňa tahýa-da tikip berjek. - Tahýa näm bolýa? - Tahýamy? Tahýany, ine, men tikip bolaýyn. Onsoň görkezäýerin. Bolýamy? - Haçan tikjek ony? - Ine, häzir. Men tahýa tikmäge ýaman ökdedirin. Gaýma gaýamakda, keşde çekmekde, nagyş salmakda öňüme bir heleý düşmez. Nurgylyç başyny enesiniň dyzyna goýup ýatdy. Derrewem uklady. Garry pessaýdan sandyrawuk ses bilen aýdym aýtdy: Gam-gussany syndyrar, Müň gaýgydan dyndyrar. Yşk-ataşdan gandyrar, Ýanyňda äriň bolsa. Garry Nurgylyjyň üstüne donuny çekdi. Üşese don ýaparsyň, Gözlerinden öpersiň, Şatlygňy kim aparsyn, Ýanyňda äriň bolsa! Onuň ýadyna tahýaly gürrüň düşdi. - Akgyz, aýu, Akgyz! Akgyz bilen Suhan ylgaşyp, garrynyň ýanyna geldiler. - Siziň tapyp beren äriňiz derkaryma däl. Ine, gül ýaljak ärim bar. Özüm tapdym… Hälki diýenlerimem yzyna gaýdyp alýan - diýip, garry gujagynda derläp ýatan Nurgylyjy görkezdi. Suhanam birmahallar, ho-ol tirsek boýly oglanjykka şeýdip, enesini emýän guzujyk ýaly, ejesi bilen gyslyşypjyk ýatardy… - Hä-ä, bolubilýä - diýip, Akgyz yzyna döndi. - Nirä barýaň, gyýw? - diýip, garry Akgyzy saklady. - Dur entek. - Hä, näme? - Sen maňa tahýalyk keteni bilen keşde çekilýän iňňe tapyp ber. Iňňäňem sapyp getir. Eýesiz galmyş, gözlem halys çöňňeläýipdir. Elimem sandyrajak bolýa. Hemişeler dagyn sapagymyzy iňňäň gözünden seretmänem geçirerdik-le. - O zatlary nämetjek? - diýip, sadylla bolup duran Suhan sorady. - Näme edilýändir? - diýip, garry ilki-hä ör-gökden geldi. Soňam ýylgyryp: – Ärime tahýa tikjek… Men entek muňa dolagam dokap berjek – diýdi. Akgyz el ýaly keteni bilen iňňe sapyp getirdi. - Iňňä bir häzir bol. Bir ýeriňe çümdürip oturyberme - diýibem tabşyrdy. Suhanyň ejesi keşde çekmäge başlady. Aprel, 1996ý. Mary K.Ataýew | |
|
√ Ýarty alma / hekaýa - 21.12.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |