01:01 Döreýiş / hekaýa | |
DÖREÝIŞ
Hekaýalar
Hekaýa ...Aglap bilmeýän adam betbagtdyr... ...Gözýaş dökmeýän adamyň ömri-de gysga bolýar... /Kitaplardan/ * * * Oglanjygy ýene-de urdular. Ýene-de aglatmakçy boldular. Ol welin gözýaş dökmäge döwtalap däldi. Şuňa göz ýetirdikleri saýy beter urdular. Ýumrukladylar, taýakladylar, depgilediler. Eger-eger... Nädäýersiň hamsygaýsa. Asyl aglamaga milt etmese nä. Günde urlup ýörendenem bolsa, ahmal, kim bilýä?! * * * Oglanjygyň bir oturgyjy bar. Oturgyjyň üsti örän ýumşak bolup, ol näçe otursaň-da, otyrýeriňi agyrtmaýar. Bu hili oturgyç üçünji klaslylaryň içinde diňe oglanjykda bar. Başga hiç kimde ýok. Dogry, Senem mugallymanyň oturgyjy hem biraz täzeräk diýäýmeseň, edil şunuň ýaly. Ýöne ol hasap däl. Ol mugallymyň oturgyjy. Mugallym ýumşak oturgyçda oturmaly. Oňa gaty oturgyçda oturmak bolmaýar. Gaty oturgyçlarda, goý, okuwçylar otursyn! Elbetde, edeýin diýseň, hemme okuwçyny-da ýumşak oturgyçly edip bolýar. Ýöne ol nämä gerek?! Mugallym bilen okuwçynyň oturgyjy tapawutly bolsa ýagşy! Aslyýetinde bu ýumşak oturgyç goňşy klasyň mugallymynyň oturgyjy. Oglanjyk munuň yşgynda köp gezdi. Azyndan bäş gezek dagy düýşüne-de girdi. Mekdepdäki seýrek zatlaryň hatarynda goýaýmaly bu ýumşak oturgyç düýşe-beýlekä girmänem bilerdi. Onuň üçin Senem mugallymanyň oturgyjyny alaýmalydy. Ýöne beýtmek göz-görtele boljakdy. Onsoňam töwerek-daşyň ýaranjaňdan doly. Baryp, Senem mugallyma şugullaýsalar dat günüňe. Garaz, ogurlamak üçin goňşy klasyň mugallymynyň oturgyjyndan amatlysy ýok. Oglanjyk ahyr bagta töwekgellik etdi. Emelini tapagetdin, bir gün şol oturgyjy ogurlap goýberdi. Ogurlap goýberdi-de, bir zada düşündi: bu oturgyç gideňde äkidip, geleňde getirip, ýanyňdan goýman göterip ýöreniňe degýär. Degmesine degýär welin, arman ony göterip ýörüp bolanok-da. Ine, hemmesi-de şu oturgyçly wakadan soň başlandy. Oglanjyk säher bilen gelşine klasa girdi. Görse, oturgyjy ýok. Ýerinde köne, gaty oturgyç goýupdyrlar. Ol dergazap bolup gygyrdy: - Hany meň oturgyjym? - Begjik aldy, berjekgä diýýä indi – diýip, oňa jogap berdiler. Bu jogap buşluk äheňinde ýaňlandy. Emma okuwçylaryň oglanjykdan söýünji hantamalygy ýok. Olar oglanjygyň Begjik bilen garpyşmagyny isleýärler, tomaşa küýseýärler. Garpyşyk söýünjiniň ornuny tutýan bolsa bildiňmi? Begjik oturgyjy çyny bilen alana meňzeýär. Ini welin müňk-müňkde. Üstünde oýkanjyrap oturşyndan belli. Özem öler ýaly gorkýar. Gorkmaýan oglan heniz özüne ýagşydan-ýamandan habar gatylmanka: - Berjekgä. Diňe sen oturmalymy ýumşak oturgyçda – diýmez-ä. Garaz, Begjigiň gep urşundaky gowşaklyk oglanjygyň dogumyny artdyrdy: - Getir meň oturgyjymy – diýip, ol süründi. - Berjekgä... - Bermeseň bar-a, men bar-a... - Berjekgä. Menem oturyp göreýin bir gün. Garpyşdylar. Garpyşyk gutaraýmanka golaýdan bir ýerden Senem mugallymanyň çakyr sesi eşidildi. Çaky, klasa girmäge jaň bolupdyr. - Salam oturyň!.. Tä-äk, hany, matematika kitaplaryňyzy çykaryň. Bir ýüz... Bir ýüz on dördünji sahy... Gyýw, size näm boldy? Geç tagta... Ikiňem geç... Näm boldy? Oglanjyk ýumruklaryny düwdi. Ykjamlandy. Mugallymanyň gözlerine göni seredibem: - Meň oturgyjymy alypdyr – diýdi. Begjik sesini çykarmady, burnuny çekdi. Senem mugallyma gözlerini çerreldip oglanjyga bakdy: - Onsoň? - Onsoň oturgyjymy alypdyr-da, üstünde otyr. Menem getir bärik diýdim. Biýem berjekgä diýdi. Menem berersiň diýdim. Biýem bermen diýdi. Menem... Mugallyma Begjige tiňkesini dikdi: - Şeýlemi? - Ýo-ok, men-ä myň oturgyjynam alamok. Ýöne oturyp göreýin-le diýdim. Biýem özüniňkini bermedi. Mollumyňkyny alaý diýdi. Şoňkam ýumşak diýdi. Senem mugallyma oturgyjyna seretdi. Geň galyp, seňrigini ýygyrdy. - Onsoň? - Onsoň menem aljakgä diýdim. Biýem meni urdy. Şoň üçin. Aljakgä diýenim üçin. Molluma aýdarnam diýdim. Aýtsaň aýdyp geç diýýä. Mollumdan gorkýan ýok diýýä. Oglanjyk tasdanam gaty sesi bilen: “Aldaýa” diýip gygyrypdy. Agzyny açan bolsa gygyrardym. Ýöne agzyny açmaga ýetişmedi. Mugallymynyň gurşun ýaly agyr elleri ony birhowa saňsar edip goýdy. - Gorkaňokmy?.. Gorkaňok-da onda?.. Ine, gorkmasaň!.. Me, gorkmaýan bolsaň!.. Senem mugallymanyň haýbatdan ýasalan sözleri ebeteýsiz, gödek ýumruklar bilen bilelikde oglanjygyň ozaldanam gyzyp duran gulaklaryny gazalamaga başlady. Oglanjyk yhlas bilen olary sanamaga durdy: bir, iki, üç, dört, bäş, alty.. Hasap bulaşdy. Indi mugallyma iki eli urýardy. - Gorkmaýan ekeniň-dä onda sen... Şondan jikjerýänsiň sen... Ine, jikjerseň... Ine, gorkmasaň... Wah, bir jikjersene ýene-de... Senem mugallyma ýalbartjak bolýar, gorkýan diýdirjek bolýar. Şeý diýdirip, okuwçylaryň öňünde oglanjygyň adynyň yzyna gorkak lakamyny ýelmejek bolýar. Häzir gözüňi ýaşdan dolduraga-da, boýnuňy burup: “Gorkýan, mollum! Bagyşla, mollum! Bilmändirin! Ýalňyşypdyryn! Indi gaýtalaman mollum!” diýäýseň, mugallyma urmasyny goýar. Onsoň: “Hä-ä, ýumruk göreňsoň, baý, toba gelersiň-ä” diýip heşelle kakar. Oglanjyk mugallymadan eýmenmänem duranok, dogrusy. Ýöne ol toba gelmez, gorkýan diýmez, ýalbarmaz. Gapy kakyldy. Senem mugallyma çykyp gitdi. Eglendi. Bir salymdan gelip, sapak geçip başlady. “Zyýany ýok. Barybir hiç kime bermen oturgyjymy. Hany, göreli bakaly, jaň bir bolsun” diýip, oglanjyk burçda, açak üstünde durka karara geldi. * * * Arakesme mahaly oturgyjy Begjigiň özi meýletin getirip berdi. Her näme-de bolsa, oglanjygyň ony ýenjesi geldi. Ýöne het edibilmedi. Soňuny saýdy. Berk düwlen kinniwanja barmaklary öz-özünden gowşady. Gykylyk welin, Begjik bilen bolmasa-da, barybir bolup geçdi. - “Ene diliňizi” çykaryň – diýip, gapynyň iç ýüzünde kellesi görnenden Senem mugallyma wyzyrdap başlady. – Öýe näm iş tabşyrypdyk geçen sagat? Hany kim aýtjak?... Ýok, sen geçen gezegem aýdyp berdiň. Başga, başga, hany kim?.. Ýok, senem däl. Başga aýtjak ýokmy? Hany?.. Mugallyma klas žurnalynyň üstüne abandy: - Mm... Häzir, häzir. Başga aýtjak ýok bolsa... Häzir aýdyp berýä... Häzir... Mm... Aýdyp berýä... Mugallyma oglanjygyň adyny tutdy. Oglanjyk gozganjyrady. Kynlyk bilen ýerinden galdy. - Hawa, näme tabşyrypdyk öýe? “Pylanynjy sahypadaky pylan teksti okap, gürrüň edip bermeli” diýip, yzky partada oturan oglan pyşyrdap gepledi. Oglanjyk onuň kömek edesi gelip däl-de, ýaranjaňlyk üçin aýdanyny belledi. - Hawa, diňleýäs, aýdybermeli! Oglanjyk pyşyrdyny gaty sesi bilen gaýtalady. - Täk, hawa, dogry, gaty dogry!.. Hany indi okabam ber şo teksti doska geçip. Oglanjyk içinden paýyş sögündi. Sahabynyň daş ýüzüne “Ene dili 3 klas” diýlip ýazylan kitabyny eline alybam göwünli-göwünsiz öňe çykdy. Mugallyma kitaba seredip, allaniçigsi boldy. - Bu-u-uww, dur, dur, hany, göreýin şo kitabyňy... Baý-bu-uww, meň paýlan kitabymmy şü? Oglanjyk külbikesini dişläp, baş atdy. - Beremde täzeje dämidi bi? Köne kitaba-a beremok men size! Ýa berdimmi? Şeý diýip, mugallyma ýüzüni okuwçylara öwürdi. Klas hor bolup jogap berdi: “Ýok!” Oglanjyk içinden olara-da sögündi. Senem mugallyma ýeňil gopup, ikinji hataryň birinji partasynda ýeke oturan gyzjagazyň öňündäki kitaby eline aldy. - Gel, bärik!.. Seret şuňa! Ikisem bir günde çykan kitap. Seret, seňki nähili, myňky nähili?.. Nämetdiň bi kitaby? Zawutýaga çümdürip çykardyňmy?.. Yzdan oglan hikirdisi eşdildi. Ýognaslygyndan çen tutup, oglanjyk bu hikirdiniň Töräniňkidigini ýere garap durşuna aňlady. Ol mugallyma hakykaty aýtmady. Onuň-da iki sany düýpli sebbäi bardy. Birinjiden-ä, bütin klasyň böwregi bökjekdi. Hemmeler içi byjyklanan ýaly, hezil edip güljekdi. Ikinjiden bolsa, hakykat mugallymanyň çakyndan has ýowuzdy: oglanjygyň birinji klasa gatnaýan jigisi Paşşy bu kitaby haýsydyr bir maksat bilen solýarkalay bedrä sokup çykarypdyr. Henizem ejesi göräýipdir. Görmedik bolanlygynda, soňunyň başgaçarak gutarmagy-da mümkin ekeni. Birinji klas okuwçysy dagyn kitabyň gadyryny biläýjek ýaly welin... Mugallyma oglanjygyň kitabyny burnunyň golaýyna tutup, ysyrgandy: - Aä, ýok, zawutýag-a däl! Solýarkaň ysy gelýän ýaly-la myndan, ä?! Bu gezek hemmeler gülüşdiler. Olaryň gülküsi oglanjygyň boýnunyň ýüzündäki damarlaryny taýak ýaly etdi. Emma ol dymdy. Ýogsa, mugallyma: - Bol, geple, diliňi ýuwutmadyk bolsaň – diýip näler gyssadam. Ol welin bela başyndan sowulýança lal açypdy. Teý-ahyr bolmansoň, nobat ýumruga ýetdi. Senem mugallyma dişlerini şakyrdadyp: “Senden soň jigiň okamaly bu kitaby” diýip, bir urdy. “Ondan soň jigiň jigisi okamaly bu kitaby” diýip, iki urdy. Köp urdy. Gepledip bilmedi. Oglanjyk teksti okamaly-ha bolmady. Tumşugyny diň-göge tutup, ol şuňa begendi. * * * Oglanjyga-da urmak gezegi ýetdi. Jaň bolup, Senem mugallyma klasdan çykdy welin, ol Töräniň ýakasyndan ebşitläp tutdy. - Ýaňy nämä güldüň? - Kim güldi? - Sen güldüň. - Nämä güldüm? - Maňa güldüň. - Ýo-ok, men-ä... - Bilmedik bolan bolm-eý. - Men-ä gülemogam. Oglanjyk Begjigi şaýat tutundy: - Güldümi, gülenok ýaňy, bol aýt! - Güldi, özem bilgeşlinden güldi. - O nä allaýaň-eý?! - Güldüň-ä ýaňy. Birinji bilen gülen sen-dä. - Allama-ow. - Güljegňe gülüp, o nä indi heleýleýäň-eý?! Oglanjyk Töräniň üstüne süründi: - Aýdyp dur-a, ine, güldüň diýýär-ä. - Men-ä saňa-da gülmedim o gezek. - Onda kime güldüň? - Nemä güldüm... - Nämä güldüň? - Şalaryň päpkesi ýyrtylypdyr. Men-ä şoňa güldüm. - Şeýlem-eý, Şalar? Şalar portfelini şaýat hökmünde eline aldy-da, Töräniň aýdanlaryny tassyklady: - Hawa, ine, Äşe bilen urşamda ýyrtyldy. Barybir oglanjyk Töräniň ýakasyndan elini aýyrmady. - Ýok, sen maňa güldüň. Mollum zawutýaga çümdüripsiň diýende güldüň – diýdi. - Ýok-how! - Nämüçin şondan öň gülmediň? - Nämä? - Nämüçin jaň bolanda gülmediň Şalaryň päpkesine? - Aýyr-ow, eliňi. Abda aýdaryn... Oglanjyk yza teserli däldi. Onsoň Töre iň soňky emelini ulanmaly boldy. Aglady. Aglap gutularyn öýtdi. Emma oglanjygyňam ony aman galdyrasynyň gelmeýändigi çyn bolup çykdy. - Aglap syparyn öýtm-eý! Bir minuda ýeter-ýetmez wagtda Töräniň ýüzi köýneginden beter, köýnegi ýüzünden beter pars-ala boldy... Diňe şundan soň oglanjyk portfelini goltugyna aldyda: - Meň oturgyjymda biriňiz oturaýsaňyz bar-a, edil bar-a... – dýip, klasdakylara haýbat atdy. Howlukdy. Klasa girmäge jaň bolaýmanka çykyp gitdi. Jaň bolsa, hä diýdirmän, Senem mugallyma geljekdi. Oglanjyk klasdan wagtynda çykyp gaýdanlygyna monça boldy. Oturgyjynyň ýeke galanyna bolsa gyýyldy. * * * Onuň bir pökgüsi-de bar. Pökgi alagaýyş bolup, ol depip oýnamak üçin diýseň amatly. Kemmän agsagyň ortanjy ogly Nökeriň obanyň çetindäki ýurt ýerinde oýnamak üçin ýörite ýasalan ýaly. Aslyýetinde-hä pökgi oýnamak üçin mekdebiň stadionyndan gowy ýer ýok. Ol ýer ýykylaýanyňda-da bijaý ýeriňi agyrtmaýar. Şonda-da oglanjyga pökgi oýnamak üçin Nökeriň ýurt ýerinden arzyly ýer ýok. Çünki ol ýere uly oglanlar barmaýarlar. Olar pökgüni diňe stadionda oýnaýarlar. Onsoňam bu ýurt ýer uruşmak üçin oňat. Näçe uruşsaň, urşubermeli. Hiç kim päsgel bermeýär. Bu ýeňil pökgüni edinmek oglanjyga biçak gymmat düşdi. Bäş bahasyny töläp almaga taýyndygyny aýdyp, ol pökgüniň ozalky eýesi Amaşy zordan yrdy. Pul tapmak meselesinde hem nijembir külpetleri başyndan geçirmeli boldy. Ilki ejesiniň gapjygyna, soňam kakasynyň jübisüne girip çykdy. Kakasy-ha muny bilibem durmady. Ejesiniň welin, bu samsyk söwda üçin mazaly şarpyklaryndan datmaly boldy. Şonuň üçinem oglanjyk pökgüsini uçursyz eý görýär. “Iň gowy görýän zadyň näme?” diýip, birdenkä beriläýmegi ähtimal sowalyň jogabyny ol baryp-ha şu pökgüni satyn alan güni taýynlap goýupdy: “Birinj-ä pökgim, ikinjem oturgyjym”. ...Oglanjyk mekdepden gelşine pökgüsine ýapyşdy. Ýapyşdy welin, birinji klasa gatnap ýören halyna henizem “r” sesini “yý” diýip aýdýan jigisi Paşşy hem edil häzir görýän ýaly, pökgä hyrydar çykdy. - Goý-ow, meň pökgümi! - Sürsen-aý bar, seň nä pökgiň bamy?! - Kitaplaňňy ýyýtaýyn... - Elläp bir gör! - Getiý-ow, meň pökgümi... Eje-e... Pökgim... Goltugy pökgüli oglanjyk Paşşynyň gözüniň öňünde bir pursat saklandy-da, sumat boldy. * * * Nökeriň ýurt ýerine oglanjyklary çagyryp getirmeli däl. Özleri gelýäler. Häzir welin bu ýerde hiç kim ýok. Deň-duşlarynyň mekdepdedigine oglanjyk müňkürlik etmedi. Umuman mekdep oňuşmazça ýer däl. Olam edil Nökeriň ýurt ýeri ýaly, köpüň üýşýän ýeri. Göwnüňe ýaramadyga yrsarap bolýar. Urup bolýar. Ýöne ol ýerde oturylýarmy, göçürilýärmi, garaz, pökgä oýnalmaýar. Mekdepde mugallym diýibem bir okuwçylara gelen ganym bar. Şolar bolmasa dagyn mekdep Nökeriň ýurt ýerinden müň esse gowy boljak. Çünki bu ýerde-de oglanjyklaryň ýagysy ýok däl. Kemman agsak diýip sakgally-sarmykly bir bela bar welin, urşup duranlara zat diýenok ol, pökgi oýnap ýöreniňi görse, edil ýöne atasy öläýýär. Jyrraldyp kowalap başlanda eline düşen özüň bolma. Gaty myrtar urýar. Mekdep mugallymsyz bolýan bolsady, oglanjyk, ähtimal o ýerden gaýtmazdy. Oglanjygyň ýüregi gysdy. Ýöne ýurt ýeri-de taşlap gidesi gelmedi. Pökgüsini gapdalda goýdy-da, oturýerini meýdançanyň gyra çetinde ýatan beton daşa berdi. Bu daş pökgi oýnalýan wagty derwezäniň bir sütüniniň ornuny tutýardy. Elbetde, daşyň üstünde oturandan pökgüniň üsti ýakymlydy. Oglanjyk muny bilýärdi. Emma ätiýajy bardy. Ýeli içine sygman, pökgi ýarylaýsa, nätjek?! Üstünde arkaýyn gaýşaryp oturyberer ýaly, ol ýumşak oturgyç däl-ä! Oglanjygyň ýeňsesinde hasyrdy gopdy. Ara salym düşmänkä-de onuň gulak düýbüne bir şarpyk degdi. Ol ýöne-möne şarpyk däldi. Güýçlidi, çeýedi. Şundan misil tutup, oglanjyk: “Kemman agsakdyr” diýip çak urdy. - Näçe aýtdym men size, peläket! – diýen ses çaklamany aňryýany bilen tassyklady. “ Şol. Edil özi.” Oglanjyk ýeňsesine gaňrylyp seretmäge-de ýetişmedi. Atagzy ýaly barmaklar onuň gulagyny zabun towlady. Tasdan-da goparypdy. Oglanjyk bir ebeteýini tapyp sypmadyk bolsa, ahmal, goparardym. - Hany, şo pökgi? – diýip, Kemman agsak alagaýyş pökgä topuldy. Ony garpyz göteren ýaly edip eline aldy. Hol aňyrda duran namut oglanjyga gara çyny bilen hemle urdy: - Ýene gelginiň şu ýere, bomy?! Häý, peläketiň biri peläket! - Pökgi oýnamog-a, Kemman kaka! Men-ä ýöne otyrdym. - Wah, gel, otursana ýene, gelsene bir! - Pökgimi bersene, Kemman kaka! - Pökgi gerekmi saňa?! Gel bereýin pökgiňi! Bir golaýragyma gelsene!.. - Indi gelmäýin-ow, Kemman kaka, şu taýyk... Pökgümi bersene, Kemman kaka! - Ugr-aýt, ataňanälet doňuz diýsänim. - Beräý-ow... - Häk, seniňem bir... Oglanjyk iň soňky okuny atdy: - Pökgümi ber diýýän-ow saňa, Kemman agsak! Eeý, Kemman agsak! Ol kowga garaşyp durmady. * * * Şu ikarada Paşşy edibilenini edipdir: Oglanjygyň portfelini suwly ýaba zyňypdyr, mekdebe gidende geýýän ýeke-täk jalbaryny bir ýerlere ýitirim edipdir, ýaňy burny açylyp ugran köne botinkasynyň bir taýyny işikdäki o-bi salynýan hütdük bassyrmanyň üstüne, beýleki taýyny bolsa hajathananyň çukuryna oklapdyr. Ýöne oglanjyk muňa kän bir gyýylybam durmady. Gowulyga ýordy. “Mekdebe gitmesiz borun gaýtam” diýdi. Şeý diýip, özüne göwünlik berdi. Göwünligem bermedi-de, öz-özüne hakykaty aýtdy. Paşşy bu edenleri bilenem oňmandyr. Uly ili bilen zörledip aglapdyr. Aglapdyram-da, utanman, baryp, kakasyna arz edipdir. Öýde oňa gaýyş teletinden ýasalan, demir tokasynda bäş burçly ýyldyzyň şekili bolan esger kemeri garaşyp duran ekeni... Ýagyrnysy awy-zerzaw bolýança oglanjyk gaşynam çytmady. Kemer işini bitirensoňam müzzermedi. Gap dula geçdi-de, ýüzüni dik ýokary tutup, gözleri bilen petigi dörjeleşdirip başlady. * * * Şeýdip biraz ýatansoň goňşulary Hojak milise geldi. Gelşine-de oglanjyga habar gatdy: - Ýer-ow, pälwan, näm boldy? Saňa gelişjek zat dälle beýdip ýatmak? Sowala kakasy jogap berdi: - Gelişmänmi?! Hany, göreli, indiden beýläk. Entek gözi näme görýä... Näm edipdir diýsene! - Näm edipdir? - Jigisiniň oýnap oturan pökgüsini elinden alyp, uzakly gün nemedip goýupdyr, gygyrdyp. Çagaň gözleri çym-gyzyl bolupdyr, aglap. - Päheý-de welinem, oňňaly iş edýän bolsa dagyn hasam gatyrak urmaly ekeniň. Şuňňaly jigisini agladýan oglanlary biziň nädýänmizi bilýäňmi? Nemedýäs, garaňky jaýa salagetdin, aç-suwsuz saklaýas. Günde üç-dört gezegem oklaw ýaly irzin bilen, biz oňa dubinka diýýäs, ana şoň bilen it ýenjen ýaly ýençýäs. - Be-eý, walla, günde üç-dört gezekmi? - Hawa, üç-dört gezek. Ýöne ol biziň öz elimizdäki zat. Islesek, bir günde on gezegem urubilýäs... - Nätdiň-aý? - Pah, milise bilen oýun edýäňmi sen?! Olaryň gürrüňleri oglanjygyň ýüregine düşdi. Ol daşaryk ýöneldi. Gapydan çykyp barýarka-da kakasynyň: - Ýene gaýtalasyn şu günki oýnuny. Onsoň görer meň çynym bilen ýenjişimi – diýenini eşitdi. Hojak milisäniň: “Çagadyr, how, entek. Gaty daraşyberme beýle. Birden maýyp edäýme gül ýaly çagany” diýenini welin eşitmedi. Kakasynyň bolsa oňa jogap hökmünde: "Be-eý, walla, Hojak, dogurdanam-aý, meň şu oglum ýaman birhil-aý. Ýaňy, ine, şu kemer bilen näçe saýgylaýanam welin, dur-da gözüni mölerdip. Kemteresinden dişinem gysanok-da, aglamag-a beýlede dursun... Ana, ol Paşşymmyz gaty izzik. Sähel ýüzüňi ajytsaňam zörledip aglap dur. Munymyz welin... Men-ä haýran şuňa, kime çekip, beýle bolup ýör bi. Ejeler-ä özüň bilýäň, ýumruga gezek gelende gaty namart. Dogrusy, şu kemer-ä özümem çydaryn öýdemok. Nädip çydajak? Sered-ä myňa!” diýen ýaly howsala gatyşykly sözleri hem oglanjygyň gulagyna ýetmän galdy. Ol köçä çykypdy. Ýüzi Gündogara tarapdy. * * * Ýaňy günorta boldy. Entek giç agşama çenli isledigiňçe ýenjilip ýetişmäge salym bar. Oglanjyk tomaşa küýsedi. Ol eýýam köne jara tarap barýar. Ol ýerde uly oglanlar suwa girip, top bilen balyk tutýarlar. Oglanjygyň balyk iýesi gelse-de, balyk tutmak höwesi ýok. Höwesi bolanda-da, ol başarjak däl. Şonda-da köne jara barýar. Balyk tutýanlary we tutulýan balyklary görmäge barýar. Diňe onuň üçin hem däl, ol Begjigiň kakasy Gelenden, Töräniň agasy Abdydan, Kemman agsagyň ortanjy ogly Nökerden şarpyk hakyny almaga barýar. Ol aýakýalaňaç gezýänligi sebäpli, haýsydyr bir bihepbäniň döwen çüýşesiniň gyýçagyna aýagyny kesdirmäne barýar. Ol ertiriň, birigüniň hem ondan-da aňyrda ýatan surnukduryjy günleriň ejir-ezýetlerine özüni taýynlamaga barýar. Aglamaga, gözýaş dökmäge baranok. * * * Gijäniň bir wagtlary Aý ilerik agansoň Hojak milisäniň işiginde duran ýeňil maşynyň tigirleri haşşyldap, ýelini goýberdi. Ýaryldy! Ýaryldymy, ýardylarmy, belli däl. Onuň kän bir hajaty hem ýok. Bu ýerde başga zat bar. Hojak milisäniň maşyny beýleki maşynlardan sähel tapawutly. 0-da maşynyň reňkigaramtyl mele bolup, böwründen sary zolak geçýär. Şol zolagyň içinde bolsa bir ýazgy bar. Ýazgy onçakly uly däl. Alty-ýedi harpdan ybarat. Oglanjyk ol ýazgyny hiç mahalam soňuna çenli okamandy. Okajakdy. Ýöne okap bilenokdy. Onuň heniz bilmeýän harplary-da kändi. Ol barypýatan ikilikçidi. Dekabr, 1992. Aşgabat. | |
|
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |