DUBULTY
Biz mekdepde iňlis, nemes dillerini öwrenýäris. Uniwersitetde-de, pedagogik institutda-da şol dilleri öwredýän ýörite fakultetler bar. Örän gowy zat, ýöne biz şolar bilen bir hatarda mekdepde, ýokary okuw jaýynda näme üçin arap pars dillerini öwrenmeli däl. Gündogar edebiýatyna, Gündogar sungatyna bütin dünýä haýran galyp seredýär. Beýik Ýewropa klassyklary Gündogar edebiýatyny öwrenip, ýörite dessan ýazypdyrlar. Baýrony, Gýötäni, Geýnäni okasaň bu zatlara göz ýetirmek kyn däl. S.Ýeseniniň pars äheňleri bar ahyryn. Men bu zatlary näme üçin çintgäp aýdýaryn? Türkmen halkynyň gowgaly, muşakgatlykly taryhy arap elipbiýinde ýazylan. Gadymy türkmen taryhyndan, edebiýatyndan öwrenere zat kän, juda kän. Elipbiýi bilmeýänligimiz şol gözel «baga» girmäge, gülünden tirmäge, serhoş bolmaga öňümize diwar bolýar. Hiç zat görübem bilemzok. Şu günki gün türkmen halky milli aýratynlygyny ýitirip barýar. Erbet zat.
Mekdeplerde ýaşlaryň Gündogar edebiýatyny öwrenmegine hem gapy açylsa, diňe utuş gazanylardy...
15.11.1988.
* * *
Ermeni dramaturgy Misak Aloýanyň «O krasnoý şapoçke» we «Samopoznaniýe» atly bir aktly pýesalaryny okap, bir zat hakda oýlandym: doly obrazly däl gahrymanlaryň, entek gutarnykly däl, göz öňüne gelmeýän gahrymanlaryň, kemis gahrymanlaryň dagy döredildi. Prozada näme etmeli?! Ertekilerde haýwanlaryň aýdyň obrazlary döredilen. Ýazjak eseriňde şol obrazlardan peýdalanmaly. Eşekmi, tilkimi, towşanmy, doňuzmy, tapawudy ýok. Ýazyp başlanyňda gahrymanyň adynyň yzyndan haýsy haýwanyň obrazy laýyk gelýän bolsa goý-da ýazyber. Eseriňi ýazyp bolanyňdan soň, şol haýwanyň adyny gahrymanyň adynyň yzyndan aýraý. Ana, şonda doly manyly obraz dörese gerek.
12.11.1988 ý.
Goşgular