10:16 Duman daganda: Aç garny doýrup bolar, aç gözi kim doýrar?! | |
• Aç garny doýrup bolar, aç gözi kim doýrar?! Kasymyň Pendi raýonyna işe geçeni bäri mydama böwri sanjylydy, birinjini özüne bakdyryp bimeýäni üçin özüne igenýärdi. «Sen, how, Kasym, Aşgabatda uly-uly ýerleri eýeleşip oturanlary, edil barmagyň ujunda açar pyrlan ýaly pyrlan halyňa, bi çetki etrabyň süpüjek birinjisine dişiňi ötürip bilmän ýörsüň... Ejizleýämiň, ýol tapmaň kösenýämiň? Şeýdýän bolsaň, senden adam bolmaz, hiç mahal hiç kimden rüstem bolubam bilmersiň. Sen bi raýona ömürlik çüýremäge gelen dälsiň-ä. Seniň ýaşytdaşlaryň ministr bolup miliony beýlesine togarladylar, emma seniň toplanyň pişige-de ýük boljak däl. Bol, bol, bo-ol, Kasym! Al, al, a-al, Kasym! Wah, bi eli ýukalygy ýetimlik etdirýä-le. Dogtor bolmak nireden kelläňe gelip ýör diýsene?! Söwda ugrundan okanlygymda häzir korol ýaly ýaşamaly. Söwda ähli müşgili çözýär-ä. Zyýany ýo-ok, öz ýalňyşymyzy çagalarymyza gaýtalatmajak bolarys». Kasym uly ogly Mahmydyň Aşgabatda söwda ugrundan işläp ýörenini, Jemile gyzynyň, kiçi ogly Myradyň söwda institutynda okamasyny azyrgandy, ýene birki çagasyny söwda institutlaryna ýerleşdiresi geldi. «Goý, söwdada Kulyýewleriň nesil kerweni döresin. Edil leňňeç ýaly ýapyşsynlar, bir ýerden aýyrsalar, on ýeri eýelesinder. Ana, şonda elimiz uzadan ýerimize ýeter. Bäşim Gylyçewiç ýaly köwşüň nalyna degmejekler üstüňe kölege salyp durmaz». Bäşm Gylyjowdan ruhunyň pesligini, ony görende bir ynjalyksyzlyk duýýandygyny, tagaşyksyz sözleýändigini, aýtmajak sözlerini aýdýandygyny, üstesine ony ýigrense-de, şoňa ýakynlaşasy gelýändigini Kasym geňirgenip synlaýardy, garşysyna welin hiç zat edip bilmeýärdi. Ana, şoňa Kasymyň içi ýanýardy. Ol araky telefon gürrüňini ahmyrly ýatlady: - Alo. Bäşim Klyçewiç bamydyr? - Kim jaň edýär? - Keselhananyň baş wraçy jaň edýä diýiň? - Allo! - Alo, Bäşim Klyçewiç, salowmaleýkim! Bu men, Kasym. - Hä-ä. - Neneň ýagdaýlaryňyz, çaga-çuga, uly-kiçi saglykmydyr? - Hmm. - Işler neneň? Saglyk nähili? - Göterinip bolsa, ýagşy-la. Kasym onuň parhsyz gepleýşine içi ýandy. - Tüweleme, janyňyz berk-le. Ynha, şu ýaş-ýeleňlerde gep bar, bizem şol haýdap ýörşümizdir. Şu gün dagy gaty agyr geçdi. Irden operasiýa başlap, sagat bir töwerekleri çykdym weli, ýene birini getirdiler. - Oglanlara tabşyraýarlar. - Aý, oglanlaram entek ýaşrak bolýa. Onsoňam özüň operasiýa edewergin diýip özelenişip duransoňlar... - Şolam bardyr-ow. - Aý, menem siz bilen köp wagt bäri görşübem bilemok-da, bir salamlaşaýaýyn diýdim. - Ýak, dogryňy aýtsana! – Gylyjowyň sesi sähel açylyşdy. – Dogtor bilen söwdagäre keýpine jaň edilýän däldir. Ony özüňem gowy bilýänsiň! - Şu gezek aldyň, ýaşuly.-Kasym ýasama gülen boldy - Hany, näme ýumşuň bar? - Keýwanymyz awstirýskiý palto diýip janymyzy alýa. - Bä-ä, getirleni düýn welin, eýýäm nireden bilýäňiz-äý? - Aý, şi aýallar jyn ýaly-how, dünýäden habar berip otyrlar. - Oňa dogtoryň puly ýetermikä? Gymmatja öz-ä - Karz-kowala geçmezmikäk? - Bo-or, ertir dagy habar al. - Sag bol, Bäşim Klyçewiç. Azara-da goýýas weli, nätjek-dä?! «Özüni ýolbars hasaplaýar-ow. Biz bilen dagy juda göwünsiz gepleşýär. Duruber, bakaly! Özüň-ä iru-giç penjäme düşersiň weli, şonda-da tumşugyňy göklän kürre ýaly göge dikermikäň?» Soňky wagtlar Kasymyň keselhana bilen hoşy ýokdy. Keselhanada ýogalýanlaryň, aýratynam, çaga ölüminiň hasabyny bulaşdyryp başlady. Kasym oba adamlarynyň gylyk-häsiýetine beletdi: olar ajal gelende öz dulunda süýnüp ölenini abraýly hasap edýärdiler. Şoňa görä Kasym öz wraçlaryna «Keselliňiziň ýagdaýy şeýle. Öýňüze alyp gidesiňiz gelse, äkidäýiň» diýmegi assyrynlykda öwredýärdi. «Nirede ölse şonda ölsün, keselhanada ölmese bolýa». Hirurglaryň başaryp biläýjek çylşyrymly operasiýalaryna rugsat bermeýärdi, şol kesellileriň oblasta ýa-da merkeze äkidilmegini gaty erjellik bilen gazanýardy. Ahyrda, raýon keselhanasynda ölýänleriň sany barha kemelip barýardy. Uzak gün içinde doglup, dogtoryň kömegi bolman şo taýda-da ýogalýan çagalaryň hiç ýerde hasaby hem ýokdy, şondan hiç kimiň habary hem ýokdy. Kasym bu işleriň bäri-bärde duýulmajagyna-da pugta ynanýar. «Raýkom bilen raýispolkom-a özüň azar bermeseň razy. Pagta diýip, plan diýip gan gusýalar. Ýokardan gelip kemçiligi açýançalar bolsa, kim bilsin, näçe ýyl geçer. Oňa çenli bi jelegaýlarda Kasym durasy ýok-la». Häzir Baýryny garşylamaga maşynly aeroporta barşyna Kasym şeýle pikirlere gumrady. Ol Hekim Hekimowiçiň wezipesini Baýra alyp bermek üçin ýol gözlemelidigine ýagşy düşünýärdi. Aeroportda Kasymy bir zenan gadagan zolakdan bile alyp geçdi, onsoň ol edil samolýotyň trapynyň ýanynda mährem ýylgyryp durşuna Baýrynyň elini iki elläp gysdy. - Gardaş! Tüýs ýürekden gutlaýan. Gaty begendim. Abraýly işlemek nesip etsin. – Kasym Baýry bilen dabaraly ýöräp gelşine Baýrynyň sag golunyň tirseginden hormat bilen tutup, onuň gulagyna tarap pyşyrdabrak sözledi. – Indiki bökeňde hökman Hekim Hekimowiçiň ornuny almalysyň. - Aljak diýeňde aldyrarmyka? Bu sorag Kasymyň göwnünden turdy. «Baýryny wezipe keseline uçradyp, wezipe basyp almaga öjükdirip bolsa» diýip pynhan arzuw çekip ýören Kasyma häzir bu sorag uly sowgat berlençe täsir etdi. Onda: «Baýry wezipä imrinjeg-ow» diýip oýlandy. - Sen meniň aýdanymy et-de haýdaber. Moskwadaky, Aşgabatdaky dostlarymyzy gizläp goýmak maksadym ýok. Gerek ýerinde öküz ýaly işlärler. - Näme şerti bolsa soň bitiribereris. Maşynly gelişlerine ýolda üýtgeşik gürrüň etmediler. Kasym mydama-da özi ruluň başyndaky gürrüňe az üns berýärdi, oňa derek ähli ünsi ýoldady. Tokaýçylyk-tejribe stansiýasynyň deňine gelenlerinde maşyny şo tarapa sowdy. - Kasym Kulyýewiç, bu taýda işiň bamydy? - Bir owadanja ýer bar, şonda bäş minut aýak epip geçeli. - Kän eglenmäwereli. Başlygyň, birinjiniň ýanyna barmalydyryn. Ýapyk derwezä ýakyn baryp durdular. Derwezäniň ýüzüne: «Özgelere girmek pugta gadagandyr» diýen ýazgy bardy. Maşyn sesine garawulhanadan ýaşuly ylgap çykdy. - Kim gerek? - Ýaşuly, tizräk derwezäni aç. Bu men. – Kasym kellesini penjireden çykardy. - Müdir-ä ýokdur. -Müdirsiz başymyzy çararys. Tokaýyň içine tarap örän beletlik bilen girdi-de, bir salymdan iki çeti uly-kiçi, dürli reňkli, arçaly ýola sowuldy. Bir buky ýerde Kasym maşynyny togtatdy. - Düş, gardaş, bäş minut kiçlorod sorup gideli. - Bu taýlaryny nädip bilip ýörsüň?! Saklawy berkitmesek boljak däl-ow. - Näçe berkitseň berkidiber. Isgender Zülkarnaýynyň aýdany entek güýjüni ýitirenok. - O näme diýipdir? - Köpem gaýtalaýan welin, ýadyňda saklaňok-da. Eşegem bolsam, ýüküm altyn bolsa, açylmajak derweze bolmaz diýipdir. Kasym bu taýda hut geçen gün Aýbibi bilen bileje geçiren pursatlaryny ýatlap, maşynyndan eplenýän stol, stul çykaryp, dürli iýmitler goýdy. Kasym ýalan hormat goýmaga juda ökdedi, syr bildirmän bilýärdi - Al, şujagazy jyňkyldat – Kasym oňa oýmak ýaly rýumkajyga konýak guýup uzatdy. - Ýok-how, Kasym Kulyýewiç, bolmaz, onsoňam häzir göni ýaşulylaryň ýanyna barmaly diýipdim-ä. -Boldy, düşündim. Baýry gardaş, şu taýyk ýönelige sowulmadym. Şu taýynyň ýeri päk, howasy tämiz bolansoň sowuldym, elli gramy hem seni synamak üçin hödürledim, üstesine-de ikimiz üçinem şatlykly günde, inim hökmünde sap ýüregimden berjek maslahatym bar. Özüm bu durmuşda bir adama düşýän paýdan köp ýamanlyk göremsoň, saňa az-kem maslahat bereýin: birinjiden-ä, ýakynsyraýan dostlaryňdan seresap bol, öküz kimin işlegin, iş öwrengin, iş bilseň, işgäriň seni hiç wagt aldap bilmez. Ikinjiden, öz ýolbaşçylaryňa özüňi aldyrgyn, müň ýol tapgyn welin ahyrda seniň adyň agzalanda: “ Baýry gowy oglandyr” diýsin dursunlar. Hojalyk işinde hojaýynyňam köpdür, öňi-soňy şu şerti başarmasaň, uzak işlemersiň. Magtymguly aýdýar-a: Il-güni bolmasa, şalar tagtyndan düşer gider diýýä.Ýene bir maslahat, olam öz gol astyndaky işgärleriň dilini tap, saňa garşy gitjegi bolmasyn. Indi wezipe hakda: Wezipäniň wagtlaýynlygyny unutmagyn.Öňe dyzamasaň, yza zyňarlar. Işden aýrylmak isleýäniňi duýduklary seni batga batyrmak üçin derrew bir bahana, bir töhmet taparlar. Sen kerwene goşuldyňmy-başga ýol bardyr öýtmegin. Kerwen nirä barýan bolsa, senem mejbur halda o kerwen bilen bile hereket edäýmelisiň. Şu güne çenli pul ýasamadyk bolsaň, indi kyn bir synag başlanýar, pul almasaň, pul bermeseň bolmajak ýagdaýlara itelärler. Näme etmeli? Hekimowam bu mesele hakda saňa syrly sözläp düşündirendir. Ýokary wezipä dyzasaň, her wezipäniň öz nyrhjagazy bar. O puly nireden aljak? Baýry Hekimowyň aýdanlaryny Kasymyň gaýtalap başlamasyny gaty geň gördi. Hekimowyň urgusyndan ýaňy özüne gelen Baýry näme çykalga tapyp işlejegini bilmän kösendi. Kasym hemişekisi ýaly mylaýym ýylgyryp sözledi. Häzirlikçe öz syrlaryny açmakdan saklandy.Ýogsa onuň içi hüjre-hüjre syrlardan doludy ahyry.Raýonda ýaşaýan baýlar, wezipeli adamlar özlerini ýa-da beýlekileri bejertmek üçin Kasym Kulyýewiçe ýüz tutýardylar. Olar Kasym Kulyýewiçi Baş wraç bolsa, ökde wraçdyr hasaplaýardylar. Hassalary Aşgabada ýa-da Moskwa alyp gidip şo taýlarda bejertmek hakda olara maslahat berýärdi we özüniň öňe düşüp gitjegini aýdýardy. Kanuny äre çykman, gyzlygyny ýitiren zenanlaryň çaga düşüritmek, ýasama gyzlyk goýduryp, söýgülisini aldamaga ýardam bermek ýaly gizlin işlere ýolbaşçylyk edýärdi, ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmekçi bolýanlary gapyp alyp, öz tanyşlary arkaly synawlardan geçmäge kömek berýärdi. Bu hereketleriň soňunda lomaýja pullar Kasymyň jübüsine gidýärdi. Ol bir manat üçin bolsa-da, million manat üçin bolsa-da jan edip ýüwürýärdi. Üstesine-de köp pul eline geçse içini ýelden dolduryp, çişip ýörenlerden däldi. Baýadygyça sypaýylaşýardy. Edarada, oturan-turan ýerlerinde parahorluga garşy batly gepleýärdi, “Ak haladyň bar ýerinde parahorluk bolup bilmez. Kim para almakçy bolup hassahana işe girýän bolsa, bizden uzakda dursun.” Ol hassahanada kimleriň para alýandygyny gaty gowy öwrenipdi, o parahorlary bir-birden öz kabinetine çagyryp, gizlin dilleşik gurapdy, paranyň bir bölegi öz jübüsine akar ýaly ýol açypdy. Elbetde, Kasym Kulyýewiç bu syrlary Baýra aýtmaz. Umuman syrly işlere Baýryny goşarmy ýa-da ýolda taşlap gidermi muny iru-giç gelejek görkezer. - Meniň Moskwada, Aşgabatda puldan güýçli dostlarym bar. Ana, şolaryň yzyna düşsek ýol tapylar. Olar näme etmelidigini aýdarlar. Ýollaryň açyk bolsun, işleriň rowaç bolsun. Indiki bökjek ýeriň- Hekimowyň ýeri bolsun - Kasym Baýryny gepledesi geldi, Hekim Hekimowiçiň otagynda nähili söhbet bolanyny bilesi geldi. Gönümel soraman bilesi geldi, bolmady. Kasymda: ”Baýry maňa entek ynanmaýar” diýen duýgy güýçlendi. | |
|
√ Köne mülk -2: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -27: romanyň dowamy - 11.12.2024 |
√ Duman daganda: Zäher gahardan ýasalýar - 01.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -21: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Janserek -5: romanyñ dowamy - 26.03.2024 |
√ Duman daganda: Söz bilen işiň arasynda dag ýatyr - 05.06.2024 |
√ Dirilik suwy -22: romanyň dowamy - 22.05.2024 |
√ Köne mülk -7: romanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -16: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -13: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |