15:10 Duman daganda: Adalatly bolýançaň güýçli bol | |
• Adalatly bolýançaň güýçli bol Bu ýylyň pagta möwsümi neneň bolarka? Raýonyň öten ýylky pagtasy hakykatda ýigrimi ýedi müň tonnadan geçmese-de, Hekim Hekimowiç kolhoz başlyklaryny, pagta zawodynyň direktoryny gamçylaý-gamçylaý tonna sanyny otuz ikä ýetiripdi. Bu ýylam gamçylaýmalymy? Öten ýylky bäş müň tonna bir çak eken. Bu ýyl Aman Garaja süýji sözlän bolup, onuň işini gören eken-ow. Bary Ataýewden boldy-da. Indi ol nädip kyrk müň tonnany dikelder. Ähli tonnany ýerden ýygnamag-a mümkin däl, kagyz ýüzünde-de az-küş däl. Bar, şu ýyl hasyl gowy bolany üçin otuz müňi berdigem-dä, şonda-da on müň tonna ýetenok. Baý-ba-a, gaty çökder-ow. Bolýa diýseň-ä ýagdaýyň şi, ýok diýseňem işden gidibermeli. Işden aýyryp goýmajaklary belli ahyry. Bäý, çätag-ow. Hekimow ýene Agaýewe jaň etdi, bu gezek rahadrak gepleşdi. - Bally, o dostuňa ýene jaň et-de aýt: haýyş edýä diý, näme ýazan bolsa ýyrtyp taşlasyn-la. - Bor, bor, häzir jaň edýän. Az salymdan Bally jaň etdi. - Ol-a: Ýazan zadymy yzyna aljak däl diýýä. O makala Moskwada - Merkezi Komitetiň baş gazetinde, bir pikir aýla, gaty ýokarda çap edilýä diýýä. Aman Garaja o makaladan soň saňa baş egip başlar diýýä. - Gaýdyp şi jelegaýlarda görnäýmesin. - Bor, özüm birki günlükde Aşgabada gitmeli. Şonda düşüner ýaly ederin. Sekretar zenan müýnli görnüşde gapydan girdi. - Bagyşlaň, Hekim Hekimowiç, biri siziň ýanyňyza hökman girmeli diýýä. - Kim ol? - «Garakölden». Esen Nazarow diýen biri. Kolhozçy öýdýän. - Göýberme. - Hekim Hekimowiç, o üç sagat bäri garaşýa. Sizi görmän gitjek däl diýýä. - Näme meselesi barmyş? - Aýdanok. Diňe sizi görjek diýýär. - Goýberme, gutardy. Beýlekilere arzyny aýdybersin. - Hekim Hekimowiç, men goýbermerin, ýöne ol öňi-soňy gitmez. - Men saňa düşnükli aýtdymmykan diýýän! Zenan närazy halda çykdy welin, Hekimow Gammara jaň etdi. - Nämüçin pagta ýygymy başlansa-da, kolhozçylaryň şäherde kankaşyp ýör? - Biziňki däldir, Hekim Hekimowiç. - Seňki bolmasa, men saňa jaň etjekmi?! Biri häzir meniň gapymda-da otyr ýörite küşgürýäňizmi? - Ýok, ýok, Hekim Hekimowiç, oň ýaly zat oýumyzda-küýümizde-de ýok. - Hany, tiz gel-de gapyda oturany ýok et. - Bolýa, bolýa, Hekim Hekimowiç. Hekimow knopkany basdy. Sekretar zenan gapyda görnenden «Milisiýa naçalnigini çagyryň» diýdi-de stoluň üstündäki kagyzlara güýmenip başlady. Az salymdan gapyny emaý bilen açyp, bir kişi girdi, giren ýerinde utanjaň-çekinjeň durşuna «Salowmaleýkim» diýdi. - Hm? – Hekimow gazaply bakdy. - Hekim aga – O kişiniň sesi pessaý çykdy. Onuň aýagynda goşun gullugyndan gelen oglunyň esger botinkasy ýagsyzlykdan ýana saralyp görünýärdi, milli biçüwli köne jalbary, arzanladylan matadan emelsiz tikilen çal köýnegi hem-de dürli reňli ilik tikilen esger kiteli bardy. Ol Hekimowdan gaty ýaşuly görünse-de aga diýip ýüzlendi – Bir haýyş bile gelmeli bolduk weli, sizem işli ekeniňiz. - Hm? - Kolhoz aýlygymy berenok. Nämemiş, şo tagtadan edilen hajathana almanmyşyk. - Alarlar. - Wah, günemma-da gereg-ä. Aýda köp berseler ýüz ýigrimi manat berýäler, oňa-da hajathana alsam on iki çaga meň özümi gemräýer. - O zatlaryňy bilemok. Almaly diýdilermi – alaýmaly. - Wah, ýaşuly, ýagdaýmyza-da garaň ahyry. Dogrymy aýtsam, pulum bolsa-da şoň ýaly hajathana alman. Dört tagtany çüýläp, üstüne-de posly demir örtüpdir, hi şonuňam bahasy bir ýüz on dört manat bolarmy?! Pulum bolsa, oň ýalyny aljak däl-de, hut magazinde togsan alty manatdan aýnaly yşkaf satylýa, şony eltip dikäýjek. Kolhozçynyň soňky sözleri Hekimowa ýarady, ýöne öňi-soňy äheňini üýtgetmedi. - Indi şu zatlary aýtmaga raýkoma gelmäňde başga edara tapmadyňmy? - Wah, ýaşuly, gaýrat edeweri. Men edara barynyň gapysyny kaka-kaka, sözüm diňlenmänsoň siziň ýanyňyza gelşim. Şo mahal pogonlaryndaky zerli ýyldyzlary lowurdadyp bir kişi kabinete örän arkaýyn girdi. Ol raýon içeri işler bölüminiň naçalnigi polkownik Meredowdy. - Çagyran ekeniňiz, Hekim Hekimowiç. - Men seni iň soňky gezek çagyrýan. Işlemejek bolsaň raýondan gümüňi çekerin. - Hekim Hekimowiç... - Goýsana! Pagta ýygymy başlananda neneňsi rejim bolmaly diýlip tabşyryldy? - Hekim Hekimowiç, işleýäs weli... - Ýo-ok, ýüz prosent işläňzok. Sen pagta planyny doldurmajak bolýaň. Şeýdibem partiýa, döwlete garşy gidýäň. Eger şeýle işlejek bolsaň, indiki býuroda communist bildiňi taşlamaly bolarsyň. Hälki kolhozçy Hekimowyň gazabyna çydap durup bilmedi-de, öz meselesiniň çözülmeginden elli bizar bolup symyşşa çykdy gitdi. - Hekim Hekimowiç... - Goý, saňa işleme-de geple diýseň. Diliňiz bilen siňekden goranyp bilýäňiz. Eger işleýän bolsaňyz – näme üçin oba adamlary şäherde köwşüni süýreşip ýör? Näme üçin her ýeten kolhozçy raýkomyň jaýynda depeşek guraýa? Polkownik dymdy. - Jogap tapybilmersiň. Şonuň üçinem, ras saňa pagta ýygymynda ýekeje adamy hem şähere goýbermeli däl, ýolda tutulanlara mejbury tertipde pagta ýygdyrmaly diýlip buýruk berildimi – buýrugy ýerine ýetir! Başga zady bilemok. - Aýdyşyňyz ýaly ederis, Hekim Hekimowiç. Pagta ýygymy gyzyşyp başlandan Hekim ýolbaşçylaryň hersini bir hojalyga jogapkär edip ugratdy. «Gije-gündiz meýdan düşelgesinde boluň. Eger-de ýekeje gün ösüş pese gaçaýsa, eşitdim-eşitmedim diýmäň, býuroda partiýalyk meseläňize serederin». Baýryny «Garaköl» kolhozyna jogapkär belledi. Olam barşyna Gammar bilen açyk sözleşdi. - Gammar, şu ýyl pagtaň gowy. Ýekeje kilogram hem ondan-mundan alaýyjy bolmagyn. Kim hemle ursa-da gaty berk dur, ýan berdigiň soňy gowulyk bilen gutarmaz – Baýram sähel haýbat bilen gorkuzanyny kem görmedi. – Ýyl tamam bolanda uly derňew geçiriljek, şondan ägä bol. - Wah, bize galsa, bir kilo-da satyn aljak däl-le. - Özüňize bagly. Şu ýylky hasylyňyzy gowy ýygnasaňyz ýüz-ä däl, ýüz ýigrimi göterimem dolarsyňyz. Gammar bu sözler ala-böle diňe özüne aýdylýandyr öýdüp, Kasyma öňräkki beren müň manadyny oýuna getirdi-de «Ýene umydygärçilik edýämikä?» diýip oýlandy. Baýry bolsa gijeden-gije aýlanyp, beýleki kolhoz başlyklary bilenem ýekme-ýek gepleşdi. Olaryňam ählisi: «Wah, öz günümize goýsalar, pagta satyn aljak däl-le» diýişdiler. Dogrudanam, olara azar berilmese bozuk işler etmejekdiklerine, ýöne Hekimow dyzaberse, bu urga çydabilmän ýan berjekdiklerine Baýry göz ýetirdi. «Arassa baş gerek, ba-aş!» Ol diňe Satlykowyň ýanyna barmady. «Oňa içiňi döküp bolmaz». Emma bir gün gijäň ýary Baýry meýdan düşelgesinde otyrka, Satlykowyň şofýory geldi. - Agam, meni Satlykow ugratdy. - Nä hyzmat? - Raýona erte-birigün pagta ýygýan maşynyň bäşisi gelýämiş weli, bäşisinem bize ugratsyn diýdi. Baýrynyň gahary geldi. «Haram doňuzda ynsap ýog-ow. Bäş maşynyň baryny oňa bersek, beýlekiler näme etmeli? Olaram maşyn bilen ýygmaly ahry». - Inim, Çary aga häzir öýündemi? - Kanturda otyr. - Onda özüm oňa jaň ederin. - Eger bermejek bolsa, şu mahal aýtsyn diýdi. - Ýok, häzir Çary aga bilen özüm gepleşjek. Bermän, näme?! Şofýor gaty gabarylyp maşynyna tarap ugrady. Onuňam içinde bir sanaç ýel barlygy sesinden aňdyryp durdy. Norka telpegi, fin kostýumy, iňlis köwşi ony Satlykowdan kem görkezmeýärdi. Ol ähli egin-eşigini ile güjeňläp geýmekden lezzet alýanlardandy. Toýa gitjek ýaly elmydama bezemenje gezerdi. Baýry ilki Hekimowa jaň etdi. Ol raýispolkomyň başlygy bilenem, raýkomyň oba hojalyk bölümi bilenem, sekretarlar bilenem maslahatlaşyp biljekdi, emma her bir maýdaja meseläniň hem ahyrda Hekimowa baryp direlýänini Baýry gowy bilýärdi. - Hekim Рekimowiç, salowmaleýkim. - Salam. - Hekim Hekimowiç, men Baýry, kolhozdan jaň edýän. Raýona bäş sany pagta maşyn gelýä weli kime beriljegini maslahatlaşaýjakdym. - Hm, Bäş sany, kolhozlara berişdir, hersine biri ýetiberýän ýaly-la. – Ukusyzlykdan, ýadawlykdan ýaňa Hekimowyň sesi gyryk çykdy. - Bolýa, sag boluň, şeýderis-dä. Baýry Satlykowa jaň etdi. - Çary Satlykowiç gaty gijräk jaň edäýýän öýdýän. - Ýeri, aýt. - Hekimow her kolhoza bir pagta ýygýan maşyn ber diýýä, şony aýdaýaýyn diýdim. - Hekimiňem aýdany bomy?! Satlykow şobada trubkany goýdy. Baýry telefondan daşlaşmanka Hekimowyň sähel müýnli sesi eşidildi: «Şo pagta maşyn diýleniniň ählisini Satlykowa bermeli ekeni. Şony göz öňünde tut». Baýry ahmyrly dem aldy. «Ine, saňa gerek bolsa, iki häkimiýetlilik!» Raýonyň ýagdaýynyň öz göz öňüne getirişinden on esse, ýüz esse çylşyrymlydygyna, heniz özüniň bilmeýän, göz ýetirmeýän, hatda aklynyň ýetmejek wakalarynyň basyrylyp ýatandygyna Baýry düşünip başlady. «Gaty seresap bolmalo-ow. Bulardan her zada garaşybermeli». Baýry Hekimowyň hökmürowanlygynyň kemelýändigine sähel begendi. Emma ol hökmürowanlyk kimiň eline geçýär?! Hekimowda bir ýylanyň zäheri bolsa, Satlykow on ýylança zäherli. Hekimow ýarak köpek bolsa, Satlykow dişi çarlanan aç gurt. Hekimowa erk berseň, bir gözüňi çykaryp oňmagy mümkin, Satlykow welin iki gözüňem ýere patyladar. Hekimow şo bir howlusynda hiç bir hyzmatkärsiz oňňut edýär. Satlykowyň on iki otagly jaýy köşge kölege salýar. Ýörite iki öýdeniçer bilini ýazman hyzmatda dur. Şeýdip, iki kişini deňeşdirip, kim bilsin, näçe eýýam, näçe asyr bäri gaýtalanyp gelýän, her adamyň öňünde keserip duran «Näme etmeli?» diýen soragy Baýry hem gaýtalap başlady. Özi ýaly müňläp-müňläp adamlaryň Hekimowlara, Satlykowlara garşydygyny Baýry gowy bilýär, ýöne olaryň hersi bir derede, ýeke-ýeke, ýekebara. Olaryň maksadam, göwnem bir, ýöne bir-birege kökenlenmedik, bir-birekden bihabar. Emma Hekimow, Satlykow özara agzala bolsa-da, halka garşy dil birikdirip biljekdigine Baýryda güman ýokdy. «Ýaman kişileriň şo artykmaçlygy bar-da». Kolhozçylar gün astynda kepän pagtany gije sagat üç töweregi traktoryň tirkegine ýükläp durkalar Hekimow geldi. Bir çetde bile duruşlaryna ony görenden Gammar Baýryny ho-ol yzda taşlap, ylgaşlap Hekimowyň ýanyna geldi. Bu ýeke bir Gammaryň gylygy däldi, asla öz ýolbaşçysyna ýaranmak isleýänleriň ählisinde şeýle edähet bardy. Hamana, sähel ylgaşlap barsa, öz wepadarlygy görünýämiş. Gammaryň bolup barşyny görende, Baýry: «Hernäçe syr bermejek bolsam-da Hekimow şuň ýaly ýerde öz adamsy däldigimi biler» diýip oýlandy. Hekimow bilen elleşende, onuň çekgeleriniň çöküşip, göz astynda halkalar döränini, umuman hem onuň sulhy pesligini görüp Baýry geňirgendi. «Be-e, muňa bir bela bolupdyr-ow». Hekimow gelşine Gammara abaýly sözläp başlady. - Näme üçin pagtany giç ugradýaňyz? - Tirkeg ýetişenok, Hekim Hekimowiç. - Arkaňyz bilen daşaň. Baýry sen näme üçin kömek edeňok? Biz näme seni şu taýyk garawul bol diýip ugratdykmy?! - Düzederis, Hekim Hekimowiç. Traktoryň bir şaýyny çalyşmaly bolup gijä galaýdyk. - Maňa bahana gerek däl, pagta gerek. Gaty tiz ugradyň. Hekimowyň juda argyndygy mese-mälim duýulýardy. Hemişekileri ýaly bolandygynda gaty köp igenmelidi hem-de gaty zarply sözlemelidi, häzir welin ol maýda-çaýda hojalyk gürrüňini etdi-de sagbollaşman maşynyna tarap ýöräp ugrady. Yz ýanyndan Gammar bilen Baýry gelýärdi. Hekimow yza dolandy. Gammary garaňky ýere çekip uzak gepleşdi. Ahyry, Hekimowy ugradyp Baýrynyň ýanyna gelende Gammar şeýle bir ýakymsyz ýylgyryp goýberdi welin, onuň göwünhoşlukdan ýa şähdaçyklykdan ýylgyrmandygyna, ol ýylgyryşda alaçsyzlyk, gullarça bolýun egijilik barlygyna Baýry bada-bat düşündi. «Hernäçe garaňka duwlanyber, pikiriň-niýetiň gara bolsa, ony gizläp biljek güýç ýok». Bu aralykda telejkanyň ýüküni ýetirdiler, ýöne traktorçyny tapybilmän ikiýana sebsediler. Gözleýänleriň biri, ahyry onuň üstünden bardy. Traktorçy ýigit jaýyň arkasynda bir çogmak pagtany ýassyk edinip, gaty ýerde düýrlenip ýatyrdy. Ony ukudan oýarmagam iş boldy. Her günüň ýarym ukuly, ýarym ukusyz ýagdaýy ony halys surnukdyrypdy. Ol awuly gözlerini açybilmän: «Az salym ýataýyn-la» diýip ýalbardy. Ýalbarsa-da zordan tursup, traktora mündürip goýberdiler. Gammar bilen Baýry pagta ýüklenen tirkegli traktory ugradyp, meýdan düşelgesiniň bir otagynyň açyk gapysyndan güýzüň patrak ýyldyzlaryna göz dikip otyrdylar. Gammar: «Bu ýyl birinji öten ýylkydanam zabun tutjag-ow. Şu wagtdan satyn alyp başlasa, soňy nirä bararka? Bolýa-da, Hekim Hekimowiçem oýlanýandyr-la. Şonuň ölen ýerinde bizem öläýmeli borus-da» diýip oýlanýardy. Baýry bolsa: «Häzirki ýolbaşçylar müň öwüt-ündewiňe derek hökümli bir kişä ýan berýärler. Edýän işi dürsmi-dälmi oň bilen işi ýok, depesinde oturan näme diýse – şonuň diýeni hem rast. - He-eý – Gammar uludan dem aldy. Az salym sözlemän ýatdy – Baýry, biz ikimiz deň-duş. Sen menden gaty görme. Birinji bolýançaň aýdanyňy tutup bilmezmikäm diýýän. - Dogryňy aýdanyňam köp zada degýä. - Bolanok-la weli, nädeli?! Olaryň ikisem gijäni uklaman geçirdiler. Gün dogmanka brigadir eýýäm olary oýardy. Gammaram, Baýry-da gözlerini gyzardyp turdular. Dynç almadyk beden çalaja titreýärdi, kelle damarlary ýaňadan dartylyşyp başlady. Çaý başynda brigadir pagta bazasyna gijeki giden traktoryň henizem dolanmandygyna howsalalandy. - O deýýus pagtany tabşyryp, şo taýda ukusyny alyp geljekdir – Gammaryň şo hemişeki hamy giňligi, emma brigadiriň weli aýagy bişen ýaly. O säher çaýyny-da rahat oturyp içip bilmedi. Şowagt telefon jyrlady weli, brigadir tisginip gitdi. Şobada baryp trubkany göterdi. - Näme?! Aý, ýog-a. Be-eý, bolmandyr-ow. Gaty döwülipmi? Bä-äý. Indi şu mahal haýsy balnisde? Bä-äý, bolmandyr-ow. Bolýa, bolýa. – Brigadiriň ýüzi gara ört. Gaharly, ahmyrly. Ol trubkany goýanda Gammara garap gaty gepläp, ikiýana zowzuldap başlady – Edil guman edişim ýaly boldy-da. Nirä gyssanýaňyz, how Gammar?! Beýdip, plan diýip adam barynyň läşini ýola serip bolmaz ahy. - Näm bolupdyr, Mommy aga? - Ikimizi türmä dykanlarynda bilersiň. Men, how, ýigrimi ýedi ýyl bäri brigadirligiň çöregini iýýän, ýöne beýle gyssanmaçlyga duşmandym. Asyl, ýyl geldigiçe, şo gamçylap gidip barýaňyz, gamçylap gidip barýaňyz. Hanha, gyssansaňyz, gijeki giden oglan uklap, traktory düňderipdir. Iki aýagyny omuryp balnisde ýatyr diýýä.Öljegi-galjagy alagümana dýýä. - Ol-a bolmandyr-ow – Baýry howsalalanyp başlady. - Bize-de dem beriň-ho-ow, Baýry! Öz işimizi sizden on esse gowy bilýäs ahyry. Onsoňam öýüňi-maşgalaňy görmän, bu taýda böwür sanjysy ýaly ne işiň bar?! Bize bir başlyk şundan ýetýä – Mommy brigadir sag elini bogazyna süýkäp goýberdi. – Gowusy, ikiňizem ýok boluň şu taýdan! – Ol çaýly taňkany aýagy bilen pyzdy, keçäniň bir ýanynda düýrlenip ýatan, ýassyk ýerine ulanylan köne güpbini garbap aldy-da eliniň tersi bilen gaýdyrdy. Gammar bilen Baýry şobada turdular. - Hany-how, Mommy aga, howlukmasana – Gammaryň şol äwmezligi. - Mommy aga, gaharlanma, düzelişer-le. Işem mydama beýle bolup durmaz, üýtgär, ýöne azajyk sabyr ediň. – Baýrynyň sesi gamly çykdy. Brigadir gaharyna näme etjegini bilmän, ikiýana manysyz ýöräp, birden saklandy. - Indi, näme, beýdişip dursuňyz? Balnisdan habar alyň-da. Olar maşyna tarap ýönelenden ýene jaň geldi. Brigadir hemmeden öň ylgap baryp trubkany gulagyna gysdy. «Hawa, häzir, häzir». Hekimow Baýryny telefona çagyrýardy. - Alo, eşidýärmiň, adamlara seretmän näme işleýäň?! Ähli bolan işe başbitin jogap bermeli bolarsyň. - Hekim Hekimowiç... - Gürrüň gutardy. Hekimow trubkany şakyrdadyp taşlady. Baýry dagy iki aýagy maýyp bolan traktorçynyň keselhanada özüni bilmän ikiýana urnup ýatyşyny görensoň hasam gamgyn boldular. Şo mahal ak halatly Kasym geldi. Ol gelip elleşenden Gammar ony beýleräge çekdi-de burnuny Kasymyň burnuna degräýjek-degräýjek bolup pyşyrdap sözledi. - Biýä beýle boldy weli, näderkäk? - Gammarjan, näderden hudaý saklasyn. Adamyň başyna düşmeýän iş ýokdur. - Ol-a şeýledir öz-ä. Be-e, Kasym Kulyýewiç o öläýermikä? - Gaty agyr-da. Men-ä ölermikä öýdýän. - Be-e nätsekkäk-aý? - Ýol tapmasaňyz-a heläk borsuňyz. - Kasym Kulyýewiç, ýene özüň berk duraýmasaň bolmaz. Bir gaýrat et-dä. - Men nä-äme edeýin?! - Aý, indi, özüň bi işlere belet-dä. Be-e, çyndanam ölermikä? - Gammarjan, ajal bizden rugsatsyz geläýýä. - Kasym Kulyýewiç, kim bilen gepleşmeli bolsa gepleş, muzdundan gaçan adam däl. - Şu mahal hiç zat aýtmaýyn, oglanlary bir görüşdireýin. - Gaýrat et-dä, ýaşuly. Soň Baýrynyň, brigadiriň ýanyna dolanyp baranlarynda Kasym Baýryny gyra çekip, ýakyn durdy-da: «Hiç zady gaýgy etme. Men ýol taparyn. Sesiň içiňde bolsun» diýdi. Şo mahal keselhananyň howlusyndan gartaşan zenan zar-zelil aglap girdi. Onuň her çetinden bir gelin goltgy berip gelýärdi. Olar göni Kasyma baka gaýtdylar. Ene gözýaşyny saklap bilmän, sojap-sojap sözledi. «Jan balam, oglumy görkezeweri. Öz gözüm bilen görmesem ynjalman». - Daýza, gorkuly zat ýok. Onuň üçin aglap durma. Aýagy sypjyrlypdyr, üç günden gutular gider. - Ýok, oglum, sende-de bala bardyr, öz gözüm bilen göreýin. Wah, neresse çagajygyme-eý! Iki ýarym ýyllap Owganystanda bolanda-da on iki synasy bitin gelipdi. Indi, gör, nirelerde weýran boldy-da. - Daýza, ogluňa ýaman niýet etme, ýagdaýy gowy ahyry. - Wah, men, duýmaz ýaly, üme düşmez çaga däl-ä. Ýagdaýy gowy bolsa – Ene gyrada duran Baýra, Gammara, Mommy brigadire garap, elini salgap goýberdi – bi sumaklar direnişip durmazdy. Wah, nädeýin, nädeýin, jan oglum-a! Şular-da seni öldüren! Gijesi ýok, gündizi ýok, bol-da-bol bolşup, oglum öýüne zar boldy-la. Ene hernäçe zarynlasa-da, gelinler hernäçe sessiz ýaş dökseler-de betbagtlyga uçran ýigdi görkezmediler. Beýle ýanda näme diýjeklerini, näme etjeklerini bilmän duran hälki üç kişiniň üçüsem özüni müýnli duýýardylar. Hekimowyň telefonda: «Adamlara seretmän näme işleýäň?! Ähli bolan işe başbitin jogap bermeli bolarsyň» diýen sözlerini Baýry içinden gaýtalaýardy hem-de «Biri ölüm ýassygynda ýatyr, o bolsa günäni boýnundan sypyrjak bolýa.” diýip oýlandy. “Goý, bütin raýonda ot gorsaýan Hekimowyň özi jogap bersin. Emma raýonda kim onuň golaýyna baryp biler?! Milisiýa naçalnigimi ýa prokurormy? Ýo-ok, olaryň ikisem, ozaly bilen, Hekimowyň agzyna gararlar. Hekimow näme diýse, şol olara kanundanam ýokarydyr.” Keselhanada şeýle ahwallar bolýarka, şäheriň beýleki künjünde başga bir waka bolýardy. Pagta ýygymy başlanaly bäri şähere eltýän ýollaryň ählisinde milisionerler gije-gündiz nobatçylyk edýärler. Gelýän maşyn bolsun, adam bolsun, köplenç, yzyna gaýtarýardylar ýa-da eline fartuk berip pagta ýygdyrýardylar. Ynha, ýaňy gün dogup töwerek ýylap başlanda ilerki ýoldan bir ýeňil maşyn gaty batly gelip, ýoluň ala agaç bilen ýapylan ýerinde saklandy, ýaş milisioner alajagözeniň guýrugy ýaly taýajygyny göterdi. «Balnisa barýakaň saklap duraslary ýok-la». Emma milisioner öňi-soňy saklady. - Hany, agam dokumentleriňi göreli. Şofýor kabinadan howlukmaç çykdy-da, milisioneriň ýanyna bardy. - Inim, dokument ýokdur. Keýwanymyzyň aýagy agyr bolansoň, birden howsala düşüp başlaberdi. Menem goňşynyň maşynyna mündürip eňip gaýtdym. – Şofýor maşynyň yz oturgyjynda ýüzüni çytyp, burulýan zenana gözläp goýberdi. – Goýber ho-ow, göreňokmy jany çykyp barýa. - Agam, maşynyň dokumentsiz bu bir, özüňde pagtadan boşadylýanlygyň hakda sprawka ýok, bu iki, Üçünjidenem, meniň üstüme gygyrma. Men öz üstüne gygyrdýanlardan däldirin. Maşyndaky zenan: «Wa-aý!» diýip çirkin gygyrdy. - Goýber ho-ow! – Şofýorda sabyr-takat galmady. Milisioner bir zatlar ýazmak üçin ýan sumkasyndan kagyz-galam çykarjak bolup dörünenden şofýor ala agajy aýyrmaga ylgady. «Alýan bolsaň al jany! Nätseňem, balnise çenli-hä sürerin». Emma şo pursat zenana dünýä dar görnüp, ýazgynlyk isläp maşyndan çykjak bolanda gaty asfalta agdarlyp gaýtdy. Şofýor tutup ýetişmedi. Zenan janhowluna urunyp-düýrlenip, özüni bilmän, «Wa-a-u-u» diýip aýylganç uwlady. Adamsy bolsa näme kömek etjegini bilmän, «Gaýrat et, gaýrat et» diýip, aýalynyň töwereginde öda-köze düşüp elewredi. Milisionerem ylgap geldi. «A-a-a-a!...» Ýoluň iki tarapyndan gelen maşynlar, telejkaly traktorlar saklanyp, ondaky adamlar bir bolmasyz işiň bolanyny duýup, ylgaşyp geldiler. «A-a-a!... Wa-u-u-u!» Birden ses kesildi. Kimdir biri «Dogtor çagyryň» diýip gygyrdy. Zenanyň äri: «Sura-aý!» diýip zarply gygyrdy. O ses «Oýan indi! Tur!» diýen manydady. Ol ortada hereketsiz ýatan aýalynyň ýanynda çöküne düşüp, onuň ýumulan gözlerini açjak boldy. «Suraý! Suraý!» Şofýor syçrap turdy-da, edil ýanynda sömelip duran milisioneriň owurdyna agyr ýumrugy bilen doňdurdy. «Bäş çagamy ýetim goýduň, eneňi...» Ol gazaply urgudan özüne gelmedik ýigidiň dyzlaryna-da yzly-yzyna depip başlady. Onýança töwerekdäkiler ony gabsalap tutdular. * * * Traktorçynyň awariýa düşmeginiň, bäş çagaly zenanyň ýedi ýoluň ortasynda jan bermeginiň Hekimowa artykmaç ýük boljagyny Kasym öňünden duýýardy. «Bolaýdy şu-ýä. Şuňýaljak gowgalar köpeliberse, Hekim ýüregini tutubam öler. Ýöne hilegärdir, zaluwat. O işleri ysyny çykarman ýatyraýmagy-da ahmal. Bi zatlar obkomyň, ýokardakylaryň dilini tapyşyna-da bagly-da. Onsoň bu işleri başga biriniň üstüne atmak üçin Baýry ýalakynyň ýakasyndan tutmaklary-da ahmal. Beýtseler, bolmaýa. Baýry häzir Kasyma gaty zerur gerek. Ol ähli arzuw-niýetini Baýrynyň üsti bilen hasyl edesi gelýär. Kasymda häzir Hekimowyň garşysyna goýmaga Baýrydan başga çemeli adamam ýok. Şol sebäpli Kasym Baýry üçin pul dökmeli bolsa-da. Aşgabatdaky dostlaryna aýtmaly bolsa-da taýýar. «Häzir Baýryny elden berip bolmaz». Üstesine, Gammaram: «Işi düzet, nyrhynyň gürrüňi bolmaz» diýýär. Kasym şo maksat bilen sud-medisina ekspertizasynda işleýän dogtor dostunyň ýanyna gaty gamgyn görnüşde bardy. - Ýeri, Kasym Kulyýewiç, ýarawlygyň ugry ýokmy? - Gowy-da, ýöne şi oglanlary nädip halas etjegimi bilmän ýanyňa gelşim. - Oglanlara näm bolýa? - Aý, näme, şo ýoldaky awariýa üçin Gammar bilen Baýra gaty degäýmeseler. Şonuň alajyny tapaýmasaň bolmazmyka diýýän. - Näme alajyny tapaly?! - Oýun etmesene, ýagdaý gowy däl. Birinji Baýry bilen Gammary uçurmaz ýaly, şo traktorça bir zatjagaz ýöňkemeli-dä. Kasymyň gürrüňdeşi ýeser ýylgyrdy. Kasymam agras ýylgyrdy-da: «Bu zatlary size öwretmeli däl-le» diýdi. - E-eý, Kasym Kulyýewiç gijä galdyň. – Kasym bu gözi halaman gobsundy, heniz sözlemänkä garşyda oturan sözüni dowam etdi. – Senden başga-da şonuň aladasyny edýän bar. - Düzelýämi onsoň? - Düzetmän gör! Senden gizläp nädeýin, prokuroryň özi birinjiniň adyndan geldi. Şeýle-şeýle etmeli diýdi. Traktorçyny arak içen ediň diýdi. Bolýa diýdik. Biz, näme, Kasym Kulyýewiç, özüň bilýäň, näme diýilse şony edýäs, etmeseň bolsa işlemelem däl. - Ol-a şeýle-le. Muny oňarypsyň. Bir traktorçy üçin iki adam biderejik ýanyp gitmesin-dä. Onda, men-ä arkaýyn bolaýjak. Ýörite taňryýalkasyn aýdýandyryn. Bizlik bir iş çyksa, arkaýyn gelibergin. - Bolar, bolar. Kasym kabinetine gelşine Baýra jaň etdi. Onuň howsalalydygyny sesinden aňdy. - Hiç zady gaýgy etmesene. O traktorçy içgili diýlip ýazyldy. - Ýagdaýy nähili? Gowulaşmaýamy? - Şu mahal hiç zat aýdar ýaly däl. - Kasym Kulyýewiç, gaýrat edip, şony bir aýak üste galar ýaly edeweriň. - Ä-äý, bilmedim-dä. Ýatyşy agyr. Hiç ýana ugradybam bolar ýaly däl. Elimizde baryny edýäs. Görmeli-dä. - Bä-äý, bolmandyr-ow. - Sen öz gaýgyňy et, Baýry. Baýry düşnüksiz bir ýagdaýdady. Özüni günäkär duýýardy, birhili müýn, birhili gam içindedi. Bu işlerde Hekimowyň baş günäkärligine, emma golaýyna hem baryp bolmaýşyna içi ýanýardy. Kasym soňra Gammary ýanyna çagyrdy. Gammar gelende ony keselhana howlusynda garşylady-da şo taýda gepleşip başlady. Ol ikisi gürleşip durka, beýle ýanda topar tutup duran adamlaryň arasyndan hälki enäniň agyly owazyny şemal garşy-garşy eşitdirip gidýärdi. Kolýa daýy bolsa olaryň daşynda howsalaly aýlanýardy. - Gammar, ýagdaýlar-a gowy däl. - Be-e, nätsekkäk? - Awariýa düşen-ä ölermikä öýdýän. Ölmese-de only adam hem bolmaz. - Be-e, boljakgäl-ow. - Ýöne ekspertizadäki adam üçi berse, şo traktorçy içgili ekeni diýip ýazaýyn diýýä. - Wah, şeýtsin-le. - Demiň içinde bolsun, sorana-da o pýan bolup agdarylypdyr diýersiň. Onda bar, şoňa üçi taşlap gaýt. - Sensiz barybilmen. - Baryber. Men ýaňyja gepleşip gaýtdym. - Äý, özüň bir zat et-dä. - Her gezek maňa-da aňsat däl-how. - Äý, şu gezek gaýrat etsene. - Onda häzir şopyryňdan iber. - Bolýar, bolýar. Bu wakalaryň ählisi Kasymyň ýüregini joşdurýardy. "Suw bulandygyça gowy-da. Bulanyk suwda balygy tiz tutup bolýar” Tiz wagtda köp zatlaryň üýtgejekdigine, Hekimowyň hökmirowanlygynyň uzaga çekmejekdigine onuň ynamy berkeýärdi. «Döwran bize döner» diýip kabinetdäki aýnanyň öňünde ýeňiljek tans edýärdi. | |
|
√ Bäşgyzyl -6: romanyñ dowamy - 15.09.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun / roman - 03.07.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -15: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak -2 -nji kitap -5: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Hakyň didary -8/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Duman daganda: Agyr hassalyklaryň biri - wezipeparazlykdyr - 22.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -13: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -19: romanyñ dowamy - 01.11.2024 |
√ Gala -3: Är garrar, ar garramaz - 11.02.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -11: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |