00:29 Duman daganda: Baýguşyň rysgy agzyna gelermiş | |
• Baýguşyň rysgy agzyna gelermiş Kasym kitaply jaýynda ornaşdy-da eline «Magtymgulyny» alyp, gaty rahat okap başlady. Bir salymdan kolhoz başlygy Gammar jaň etdi. - Ýaşuly, salowmaleykim. - Waleýkim salaam. Gammar jan keýpler ýagşymy? Baýry seni öwýär. “Gammar ýaly bäş-alty başlyk bolsa raýony gül ýaly ederin diýýär. - Maladys, edilen ýagşylygy bilse gowy-da. - Seň keýpine jaň etmeýäniň bellidir-le. Düýäni toýa çagyrsalar: Ýa odun getirmelidir, ýa suw getirmelidir diýýämiş. Saglyk dämi? - Hawwa-läý. - Saglyk bolsa galan işler bitdi hasap edäý. - Bäş minut ýanyňa baryp gaýdaýyn-la. Daşary çykaý. Kasym Gammar başlygyň näme mesele bilen geljegini bilesi geldi. “Samsyjak bir diplomat ýitirenini az görüp, ýene talanasy gelýär öýdýän.” Bir salymdan Gammar başlyk äwmez ýöräp geldi. - Ýeri, näme çözmeli meseläň bar? - Ýaşuly, bir çopanymyz gelip, at gezegini guradanok. Şu ýyl oglumy medinstituta salyň diýip bizar edýä. - Puljagazy bar dälmi? – Kasym ýeser ýylgyrdy.-Puly ýetse, o-la oglumyş, çopanyň özüni hem dogtorlyk institutyna ýerleşdirip bilýäs. - Puluň gürrüňini edenok. - Onda gürrüňi bolmaz. Ogly medinstituta girdi hasap edäýsin. Başgada okuwa girjek barsa, gulagyndan tutup getir.Ökdeje bolsa,gowy wraç bolar.Ikilikçi bolsa baş wraç bolar. - Molodys, Kasym Kulyýewiç, şuny oňardyň. O deýýus özüni hor edenok. Näçe müň goýny baryny özi bilýänem däldir. - Özüňem-ä bir zatlar aýtjak bolduň? - Nemeläý, o Baýry neneň? - Barlagdan gorkýamyň? - Aý, indi gorkulanogam welin, barlanmasa ýagşy-da. - Päheý, siziň iş oňaraýşyňyzy. Iýmeli diýlende-de akylly-başly iýmeli, ýöne bir ýanyndan gemribermeli däl-how. Kasym Gammary ugradanda: ”Onda diliňe pugta bol-da geziber. Okuw döwri özüm äkiderin, ýerleşdirerin. Näçe çyksa, soň görübereris. Ýöne maňa seniň artykmaç bir köpügiňem gerek däl. Mollymlaryň diýenini berseň besdir”. Kasym Kulyýewiç bu şowlulyga begenjine dünýä sygman, maşynyna mündü-de şäher etegine çykdy. Aý-aýdyň gijede çöl içinden geçýän ýoldan ýeke özi maşynyny sürüp barşyna onuň keýpi göterildi. Aşgabatdan göçüp gaýdaly bäri işleriniň şowly gidişine, maşgala rahatlygyna hem-de geljekki has uly rowaçlyklara göwni joşdy, ýürek kanagat tapmady. Indi ol ýeke däl. Mahmyt oglundan gaty köp zada garaşýar. Bütin Aşgabady gysymynda saklamany başarmasa, onda Mahmyt Kasymyň ogly däl-de, soňky tüýkülikdir. Ýöne ol Mahmydyň şu çaka çenli öýlenmän ýörşüni halanok. Tizräk öýlenmeli, uly işlere baş goşanda maşgala meselesinden dynç bolsaň ýagşy. Onsoňam haýsy galany zabt edip aljagam bolsaň, ozaly bilen, maşgala derkar. Edil arkaňda dag direnip duran ýaly-da. Ol öňdäki depede maşyny saklady. Maşyndan düşüp, ygala gatan çägede saldamly ädimläp barşyna Aýa bakdy. Aý Aýbibini ýatlatdy. Kasym Aýbibi bilen geçiren lezzetli pursatyny bir-bir göz öňünden geçirdi-de, bu dünýäde öz ykbalyndan, özüne berlen paýdan müňde bir razy boldy. Şu mahal Aýbibiniň eziz keşbi onuň hyýalynda on esse gözelleşip şöhle saçdy. Aýbibiniň mährem owazy Kasym Kulyýewiçiň gulagynda on esse mylaýym ýaňlandy, häzir Aýbibini özge wagtdaka garaňda uçursyz güýçli küýsedi. «Men kim, Aýbibi kim. Men-ä kyrkdan geçen bir kişi, Aýbibi bolsa ýaňy ýetişenje güljagaz. Bizi tötänlik duşurdy, bolmasa ol gola düşjek guşjagaz däl. Ýaşasyn tötänlik!» Aýbibi Kasymyň aňynda janly bagt guşuna öwrüldi. Şol bagt guşy onuň başyna bir dem salym gonup, ýene uçup gidäýse nätjek?! Ýöne Kasym awuny aldyrýan awçylardan däldir. Ol, ynha, bu taýdaky işlerini bitirer-de, Aşgabatdan ýene bir howlujyk satyn alyp, göçer gider. Aladasyz-gowgasyz, işe baranyň-geleniň derňelmeýän iş tapar-da keýp çeker ýörer. Ýöne şoňa çenli hem Aýbibini, altyn balyjak ýaly, ýygy-ýygydan tora düşürmese bolmaz. Kasym bu hyýallara başyny dumanladyp durşuna ýeňiljek hiňlendi. Ýigit boldum, ar-namysa baş goýdum, Aşyk men diýp, pikrim dünýäge ýaýdym, Köp gözel içinde bir seni söýdüm, Sen gözel diýp, jiger ýakmaly boldum. Oňa bu durmuş ýaraýardy, ol çöl-beýewanyň dymyşlygyny, özüniň häzirki lezzetli ýalňyzlygyny taşlabilmän, Aý şöhlesiniň astynda uzak gezmeledi. | |
|
√ Ak guwlary atmaň -12: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -6: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Duman daganda: Adalatly bolýançaň güýçli bol - 11.06.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Graf fon Lindenau - 09.09.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap - 28: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -16: romanyň soňy - 08.06.2024 |
√ Atbaýrak: Ýylky çopan - 09.09.2024 |
√ Dirilik suwy -19: romanyň dowamy - 20.05.2024 |
√ Duman daganda: Agyr hassalyklaryň biri - wezipeparazlykdyr - 22.06.2024 |
√ Janserek -7: romanyñ dowamy - 03.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |