23:20 Duman daganda: Buzlar jaýrylyp başlaýar | |
• Buzlar jaýrylyp başlaýar Soňky wagtlar Kasymyň barha keýpi göterilýärdi, sebäbi onuň işleri şowuna düşüp barýardy. Ony begendirýän zat – ýene az wagt gaýrat edip garaşsa, soň bu raýonda diýeni bitip duran adama öwrüljekdigidi. Ol «Hökman şeýle bolmaly» diýip garaşýardy. Kasym Aşgabada gidip Ýolbars bilen gepleşip geleni bäri, Baýry, Kasymy aýrylmaz hemra tutunypdy. Oturdygyň ýanynda myrlap ýatan pişik ýaly, Kasymyň muňa göwni bitýärdi. Ol ondan-mundan eşiden ýa güman edýän faktlaryny, öňküsi ýaly, ýokary edaralara ýazýardy, raýondaky bulaşyklygyň ählisine günäkär adam hökmünde Hekim Hekimowiçi ýamanlaýardy. Özi bolsa keselhananyň işini gülala-gül edip görkezjek bolup, bölüm müdirleri bilen hyşy-wyşy gürrüňi köpeltdi. Aýratynam, çagalar bölüminde, çaga dogrulýan öýde ýogalan çagalaryň hasaba alnyşyny kemeltmäge bireýýämden bäri dyzaýardy. Ata-enesiz galan bäbekleri Moskwa äkidip satmak meselesini hem aňynda çeýneýärdi.”Pul ýagyşyny onsoň gör”. Elbetde, Kasym muny öz eli bilen edesi gelmeýärdi, öz diýeninden çykmajak işgärleri şo bölümlere geçirişdirýärdi. Kasymy gatnadýan şofýor hem öňküsi ýaly, sypyndygy kireýe ýumlugýardy, dolanyp gelende Kasymyň goluny gysyp gidýärdi. Çöldäki mallaryndanam ýakymsyz habar gelmeýärdi. Moskwaly Edik bilen ýygy-ýygydan telefonda gepleşýärdi, öňküsi ýaly, sowgatjyklar alşyp-berişýärdiler. Edik soňky gesek gepleşenlerinde Baýryny raýonda birinji sekretar etmek meselesiniň oňyn çözülenini aýdypdy. Bu habary eşidenden Baýra telefon edip: ”Baýry jan, gutly bolsun. Hoş habar geldi. Kän uzaklaşmaweri. Sesiň içiňde bolawersin.” diýipdi. Kasym Aşgabady hem goldan bermeýärdi, jaň edip şäher täzeliklerini eşidýär, medisina ugrunda kimiň haýsy wezipeden näme üçin aýrylýanyny, pylanynyň pylan wezipä dyzaýanyny bilýär. Ol şeýle bir oýlanyşykly jaň edýär welin, hiç kim onuň jaňyndan irmeýär, oňa hiç kim «Ýitdiň-le» hem diýmeýär. Şeýle pursatlarda onuň Aşgabada göçüp gidesi, şol gowgalaryň arasynda bolasy gelýär. Ol arada Aşgabada gidip, Aýbibi bilen görşüp gaýtdy. «Aýbibijan, bir gezejik kömek etmeseň bolmaýa. O saňa şeýle bir kyn düşesi ýok. Ministr garyndaşyň bolsa, şoňa aýtsaň gutarýa. Bir ýetim ýegenim bar. Dogtor boljak diýip käkeläp janymy alýa. Şony sen bitirmeseň, başga kime diýjegimi bilemok. Näme etmeli bolsak arkaýynja bolaý. Ikinji haýyşymy bolsa, özüň gowy bilýäň-ä. (Aýbibi jykyr-jykyr gülýär)» Kolýa daýy hem, öňküsi ýaly, garawulhanada ýaşaýar. Elbetde, içgini ýatdan çykaranok. Kasymdan birsyhly alýan üç manadyny diňe içgä harçlaýardy, şeýle-de bolsa kämahal, ýeke özi pikire batan pursatlary gamlanýar. Kasymyň özüne dar bolýan ýa modadan galan geýimlerini süýräp ýörşüne Kolýa daýy soňky wagtlar, näme üçindir, ýere siňip barýar, süňkleri inçelip, boýy peselipdir. Ýöne ol saglygyň gürrüňini etmeýärdi, öz ýagdaýyny duýmaýan ýaly bolup gezip ýördi. Emma Kasym Kolýa daýynyň şeýle tiz kiçelişini görüp ýüregi awap başlady. Şonda öň Kolýa daýa garaýan, ölýän jandar hökmünde garamandygyna göz ýetirdi, ynha, indi bolsa Kolýa daýy, şo-ol front ýyllary agsaklap gelip, çagalar öýüniň howlusynyň gözeneginden jyklap, Kasymy gözlän Kolýa daýy gözden ýitip barýar. Kasym oblastdan güýçli doktor çagyryp, Kolýa daýyny görkezesi geldi. Emma Kolýa daýy dogtoryň ýanyna barmady. «Mende kesel ýok. Eger maňa ýagşylyk etjek bolsaň, bir üçlügi artyk ber. Özüme nähili derman gerekligini özüm gowy bilýän». Kasym, öňi-soňy, ynjalmady, Kolýa daýa ýagşylyk edesi geldi, neneňsi ýagşlyk etse ýerine düşjegini oýlandy, emma öňi-soňy gijä galanyny, gaty gijikdirenini duýdy. Ol şu günem irden Kolýa daýy bilen elleşip geçdi welin, onuň golunyň, edil çaganyň goly ýaly, kiçijikdigine, kiçelendigine ünsi düşdi. Kasym kabinetine girdi-de, endigine görä, iki ýana ýöräp başlady. Gollaryny bykynyna tutup, çiginlerini gaty ýokary çekip, agzyny berk ýumup, çekgelerini howa bilen çişirdi, şeýdip az salym ýöräp, içindäki howany kem-kemden goýberdi. Muny dört-bäş ýola gaýtalady. Şo mahal telefon seslendi, indi Kasymyň telefony, öňküler ýaly, bilbil bolup saýramaýardy-da tüýdügiň inçejik owazynyň uzakdan eşidilişine çalym edýärdi. Özem aýa ýerleşäýmeli kiçijikdi. Telejonda Hekimowy gatnadýan şofýor Halyl gamgyn dillendi. «Ýagdaýlar gowy däl, Kasym Kulýyewiç. Eşitmänsiňiz-ow? Öten agşam başlygymy obkomyň birinjisi çagyryp, arzany ýaz diýipdir. Hekim Hekimowiçem «Saňa ýalbaryp işlemerin. Ynha, arza» diýäge-de arzany patladyp goýupdyr. Eýýäm şu günden işi alyp barýan ikinji sekretary-da. Öz-ä Hekim Hekimowiç gaty gowy adamdy, maňa dagy elinden gelen ýagşylygy aýamady. Indi kynrak boljak-da». «Saňa-da kyn bolsa bolar weli, Hekim Hekimowiçe has kyn bolar. Öz-ä ýaman gowy adamdy». «Aý, indi oň ýaly gowy adam raýona gelesi ýok-la». «O biçärä näme gulluk berdilerkä?» «Heniz belli zat ýok öýdýän». Kasymyň oturmaga ýüregi kanagat tapmaýardy. Ol Baýrynyň Aşgabada gidenini onuň öylerine jan edip bilensoň, hasam keýpi göterildi. «Ynha düýnem demi bilen degirmen ýöredýän, bütin raýonda hökmürowan Hekim Hekimowiç bu gün görseň, suwa çümen towuk ýalydyr.” Kasym kabulhananyň açyk gapysynda maşynkada hat ýazyp oturan zenany gördi. Ol Kasym Kulyýewiçe tarap öwrülip, ýakymly salamlaşyp. «Näme hyzmat» diýen manyda bakdy. Kasym Kulyýewiçe sag çetki kabineti gorkezdi. - Gowusy, Aleksandr Pawlowiçiň ýanyna giriň. – Sekretar zenan Kasyma ýokary medeniýetli adam hökmünde, üstesine-de ony öz ýanyndan ýakymly görensoň, ýakynyna aýdýan ýaly äheňde sözledi. – Şu günlükçe ähli meseläni ikinji sekretar çözýär. Hekim Hekimowiçiň gaty gyssagly işi bolansoň, hiç kimi goýberme diýdi. Kasym ýagdaýa göz ýetirdi. Ol sekretar gyzy ornundan gozgaman: «Siz arkaýyn oturyberiň. Soramak gerek däl. Ýaňy özi jaň edip «gel» diýensoň... Men özüm...» diýdi-de, Hekimowyň kabinetine girip gitdi. Burçdaky uly seýfiň içini dörüp duran Hekim Hekimowiç kabinete süme-sürç girip, ýylgyryp, sähel dabaraly ýöräp gelýän Kasyma gaty sowuk bakdy. Ýöne onuň bu bakyşy üçin, sirkde ýolbarsyň hyňranmasyna göwnibir bakýan baş öwrediji ýaly, Kasymyň ýüzündäki ýylgyrma ýitip gitmedi. - Salowmaleýkim, Hekim Hekimowiç! - Salam. Size Aleksandr Pawlowiçiň ýanyna giriň diýmedilermi? - Diýdiler welin, men sizi görmäge geldim. - Men gaty işli, bu günlükçe mesele çözmeýän. - Siz indi hiç mahalam mesele çözmersiňiz. Şony gutlamaga geldim. - Näme diýip dursuňyz? Umuman bäri girmäge size kim rugsat berdi?! – Hekimowyň sesi sähel gatalsa-da, Kasym öňki rahatlygynda jogap berdi. - Geliň indi resmiligi taşlap gepleşäýeliň-le. Birinji sekretarlykdan aýranlary üçin gutlaýan, onsoňam ýanyňyza rugsatly girer ýaly, siz entek türmede däl ahyryn. Hekimow seýfiň agzyny batly ýapdy-da, ýakyndaky oturgyja çökdi. Ol beýle bir hor, ýadaw, ysgynsyz hem göwnüçökgün görnüşi bilen Kasymyň begenjini artdyrdy. - Kasym Kulyýewiç, siz ýörite şuny aýtmaga geldiňizmi? Kasym «oturyň» diýilmese-de, özi bir oturgyja gaty arkaýyn gondy. - Size dogrujamy aýtmaga geldim. - Öňräjik geläýseňiz bolmadymy?! – Hekimow ýylgyran ýaly etdi. Kasym bolsa açyk ýylgyrdy. - Ýo-ok, Hekim Hekimowiç, öňräjik gelen bolsak, neneňsi boljagymyzy bilýädik. Bu zamanda ölensoň ýa wezipesinden aýrylansoň kemçiligini aýdyp başladylar. - Siz bilen harçaňlaşyp oturmaga wagtym ýok, - Hekimow turup seýfini açdy. Kasymyň welin şol äwmez oturyşy. - Siziň adamçylygyňyz ýamanam däl. Ýöne tutuş raýony, hasam medisinany çüýretdiňiz, dogtorlara bir gram hem üns bermediňiz, işiňiz söwda guramasy bilen galla bazasy boldy. Hekim Hekimowiç, çakyr zawodyny gaty tiz gurdurdyňyz-da, şondan üç ýyl öň başlanan hassahananyň gurluşygy henizem gutaranok-la?! Düşünýäňizmi, ähli ferma jaýlary tagta polly, näme üçin ähli adamlaryň ýaşaýan jaýynda tagta pol ýok. Näçe mal ölenini aýda bir gezek diňleýäňiz. Näçe adam dünýä indi, näçesi öldi munuň habaryny bilýän dälsiňiz! Şu meselä haçan garanyňyz ýada düşmez. Şu faktyň özi neneňsi ýolbaşçylygyňyzy aýdyp dur-a. Başga aýtjak sözüm ýok. – Kasymyň hem ýüzünden ýylgyryş tapar ýaly bolmady. Ol gyssanman turdy, kemerini, köýnegini düzedişdirdi-de gapa tarap ýöräp ugrady. Jogap bermän oturan Hekimow başyny galdyrdy-da, gapa ýetiberen Kasyma gaty ýüzlendi. - Sen («Siz» diýmek Hekim Hekimowiçe birgeňsi, gaty duzsuz göründi) bu zatlary nireden eşidip ýörsüň? Kasym içki gapynyň gabadynda yza bakyp, ýylgyryp jogap berdi. - Hekim Hekimowiç! Ynansaň, diýenini etdirýän dostlarymy obkoma aýdar ýaly etdim. Eger Ata Ataýewiç seni öz haýyşyň boýunça aýyrmadyk bolsa, onda seni garalap aýrardylar. - Heh, sende beýle güýç bar bolsa, özüň birinji bolaýsaň bolmadymy?! - Güýç bar. Hekim Hekimowiç. Ýöne biziň häzirki ýagdaýymyzam ýaman däl-dä. Birinji bolsaň, gaýyp gelen daşam, ozaly bilen, birinjä degýär, biz bolsa, hudaýa şükür, daş bilen urulmaga endik etmändiris-dä. Kasym adaty mylaýym owazy bilen Hekim Hekimowiçe «Sag boluň» diýip kabinetden çykdy. Sekretar zenana-da minnetdar baş atyp geçdi. Basgançaklardan düşüp barýarka: «Bä-äý, wezipe ýaman zad-ow. Eýýäm gözüniň şöhlesi öçüpdir, reňki garalypdyr, asyl süňklerem keltelen ýaly görünýär. Hiç mahal uly başlyk bolmaly däl-ow. Başlyklaryň arkasyndan iş edip gezeniň dünýä malyna degmeýärmi» diýip özüni ynjaldyryp oýlandy. Birinji sekretarlyga tassyklanyp gelse, Baýrynyň neneňsi begenjekdigini, emma wezipeden gitmegiň neneňsi kyn boljagyny häzir onuň oýlanmaýandygyny Kasym bilýärdi. «Ýöne wagty gelende Baýry-da edil Hekim Hekimowiç ýaly, basgançakdan düşüp gitmeli bolar, a men bolsa şo bir durkumy saklamaly. Bir gün begenip telpegiňi göge zyňarsyň, ikinji günem zyňarsyň welin, telpegiň aşak düşmez. Maňa beýle oýun gerek dä-äl. Men aldygna suwy bulandyrmaly. Suw bulandygyça toruňa balyk köp girýär». Ol kabinetine gelip, iş gününi göwün ýüwürdip geçirdi. Baýry täze wezipä başlanda, oňa neneňsi maslahat bermelidigini, özüniň nämeler etmelidigini müň ölçäp biçdi. | |
|
√ Ak guwlary atmaň -15: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Duman daganda: Her gözeliň bir galasy, bir belasy bar - 16.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -29: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Köne mülk -2: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -29: romanyň dowamy - 12.12.2024 |
√ Duman daganda: Agyr hassalyklaryň biri - wezipeparazlykdyr - 22.06.2024 |
√ Dirilik suwy -15: romanyň dowamy - 15.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -15: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Hakyň didary -2/ romanyň dowamy - 28.02.2024 |
√ Janserek -6: romanyñ dowamy - 03.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |