15:00 Duman daganda: Döwüljek araba kyrk gün öňünden jygyldar | |
• Döwüljek araba kyrk gün öňünden jygyldar Soňky günler raýonda dürli gürrüňler çykyp başlady. - Hekim Hekimowiçi, ahyry, aýyrýamyşlar. - Aýrylasy ýok, ýokarlarda-da pugta kök urandyr. - Öz-ä, how, aýrylsa-da arman galar ýaly bolan däldir. Edil raýonyň patyşasyna döndi: aýrasy geleni aýyrdy, goýasy geleni goýdy. - Eger işi düzetjek bolsaň, bir Hekim Hekimowiçi däl, onuň depesinde oturan ajdarhalary aýyrmaly. - Aý, ol göle boşansa, öňküden beterdir. - Geçen gowy bolar gider oturar. - Bi raýonda öz ornuna goýular ýaly adam goýmady, ýagşy-ýaman her kime bir gara sürtüp çykdy. - Wezipeden aýrylýa diýlenine ynanyp ýörmäň, gelip bir ýyl işläp işlemänkä aýrylýa diýdiler, şo aýrylyp ýörşüdir. - Uly komissiýa gelip barlasa, raýon on ýyllyk şo bir ýeri depeläp dur diýýä, ösmekden geçen, gaýta pese gaçýamyş. - Her kim öz ýanyndan aýryp-goýýa welin, hany onsoň o Hekimi aýyrsalar, ornuna haýsy Hekimi goýýarkalar? - Bi zamanda: «Men pylan wezipäni başaramok» diýýäne duşjak gümanyň-a ýok. «Men bolaýsam» diýip ýören pyýada kändir. - Il agzyna düşen özüň bolma. Eden işini hem etdi diýýäler, etmedik işini hem etdi diýip, bar günäni biriniň boýnuna ataýýarlar. Biz-ä Hekim Hekimowiçden gowy adama duşamzok. Bu taýdan gidýänem bolsa, başga bir has uly ýere goýýandyrlar. - Hekim Hekimowiç Moskwa okuwa gidýä diýdiler. - Elli ýaşap gelýäkä okuwa gidip, haçan işlejekkä? - Okuwy gutaryp pensiýa çykaýjakdyr-da. - Şunuň başga bir emmasy bar bolaýmasyn, käbirini işden aýyrjak bolup, okuwa ugradaýmalary hem bardyr. - O-how, öňde-soňda düzgün-tertibi düzetjek kişi gelmese, birhili bolar-how, bi. - Hany, bi Baýrynyň jigisini obkomyň birinjisiniň ogly alýa diýýäler. Şo birinji bolaýsa näderkä? - Şol-a gaty edermen görünýä. Öň baş agronomka dagy ýygnaklarda ýolbaşçylaryň kemçiligini ýüzüne bazyrdadyp basyberýädi. - Işe jany bilen ýapyşýan adam birinji bolsa, derrew işeňňir adamlary gözläp tapar-da raýony dikelder. - Häzir plan dolýa-da, göze görner ýaly iş edilenok. Onsoň ýolbaşçy çalşyp ýörenden talaby on esse güýçlendirmeli, şatyrdadyp gysyberseler, baý işlärsiň-ä! - Hekim Hekimowiçi ýöne aýryp goýbermeli däl. Galp plan dolmanka beren buýruklary üçin jenaýata çekmeli. - Halky gorkuzyp işledip bolmaz. - Ýalbarybam işiň düzedilen ýerini görmedik. - Şo ikisiniň aralygyndaky ýagdaýy tapmaly-da. - Hany, göwün ýüwürdiberiň bakaly. Kimiň aýdany dogry çykýaka? Bizem-ä şi ömrümize başlyk baryny göre-göre gelýändiris. - Men bir zada düşünemok. Ýolbaşçynyň ynanylan wezipäni çekibilmeýäni birki ýylda belli bolsa-da, uzak saklaýyşlaryna haýran. Bu gürrüňleriň böwedini, ilki bilen, Kasym Kulyýewiç böwsüpdi, agzyýelli adamyň biriniň ýanynda: «Şeýle gürrüň eşitdim welin, hiç kime aýtmaweri» diýip, öz toslap tapan gepini aýtdy. Agzyýellilerem ony alyp göterdiler, üstüne üç esse goşdular hem-de ähli tanyş-bilişlerine birme-bir jaň edip: «Bir saňa aýdýan, şeýle gürrüň bar» diýip, uly syry öňünden bilen adam ýaly wajypsyraşyp gürrüň berdiler. Bu gürrüňleri Baýry-da eşitdi, ony geljekki wezipe bilen gutlanlaram tapyldy, bu gürrüňler assyrynlykda Hekim Hekimowiçiňem gulagyna duz oýkalan ýaly etdi. Şeýle ýagdaýda Kasym Baýrynyň ýanyna ýörite maslahata geldi. - Baýry, bi gürrüňler näme-how?! Ýa Moskwaly dostlarym herekete geçäýdilermikä?! Moskwada öwülip ýörlen adam birden işden aýrylarmyka?! Bize aýtman-diýmän birinji boljak bolup ýören bolaýma? - Hawa, bi gürrüňler nämäý? Meniň şu ornuma-da görübilmezçilik edýäler öýdýän. Hekim Hekimowiç eşitse, meni şeýle bir zyňar welin, kim bilsin, nirelerdedir bir ýerde brigadir bolup ýören Baýryň bardyr-da. - Men ýörite duýduraýyn diýip geldim: bir wezipä geçýämiş diýip myş çykdygy, ykjam durmasaň uçurarlar. Sebäbi o ýere hantama adam gaty kändir, şo bäsdeşler seniň aýagyňdan şeýle bir golsuz arzalar ýazarlar, seni şeýle bir öwrenerler welin, nädersiň aýak üstünde durubilmeseň?! Bu zamanda kemçiliksiz adam barmy näme?. Ana, şojagaz gowşak ýerinden tutup, pyrlandyrarlar ýörerler. - Bä-äý, Kasym Kulýyewiç, nätdiň-äý muny?! Bir ýana baş alyp gaçaýmaly etdiň. - Gaçmajak bolsaň, haçan aýagyma kakarlarka diýip garaşyp ýatmaly däl. Hereket gerek, hereket. - Ala-böle meniň adymyň agza düşenine geň galýan. - Oňa geň galyp oturma. Halk seni şo wezipä mynasyp görensoň aýdýandyr. Onsoňam bi raýonda çorbasy çykar ýaly adamam köp däl ýaly-la. Rast, şeýle ýagdaý emele geldimi, ýagdaýa görä hereket etmeli. Eger ikimizem çynymyz bilen ýapyşsak, şu taýda bir zady goparyp bilýäs. Häzir wezipede dikgerip ýörenjeleri, sen näme, köçeden tutup getirip, oturdandyrlar öýdýämiň?! Olaryň hersi şu wezipä geçjek bolup elinden gelenini aýan däldir. Gerek ýerinde maýmyn bolup oýnandyr. Gowy işläniň bilen, köp bileniň bilen, guramaçy bolanyň bilen – kim seniň nyrhyňy sorar?! Bu zatlar ýeterlik däl. O kagyzjyklar seniň neneňsi işleýäniňi, neneňsi häsiýetdeligiňi görkezmeýärler, düşünýämiň?! Wezipe üçin, şöhrat üçin gije-de ýatman ylgamaly. Hereket gerek, hereke-et. Ilkinji orunda wezipe durmaly. Dürli gatnaşyklary, ähli ýollary, ähli tanyşlary, iş salyşýan adamyň dürli häsiýetini bilmeli, öz peýdaňa ulanmaly. Ana, şonda wezipe alsaňam adam boldugyň. - Aý, şeýle boljak bolsa... - Wah, sen entejik çykgynsyz ýagdaýa düşüp görenok. Dost kim, duşman kim, garyndaş näme üçin gerek – bu zatlary egniňde çykmeseň, düşünesiňem gelýän däldir. Birmahal menem edil seniň pikiriňdedim, ýöne durmuşyň özi şeýle bir düşündirdi welin... arman, hudaý jan meni, ýetim goýupdyr-da. Indi atamam şi döwlet, enemem. Eger wezipeli, pully atam-enem bolanlygynda, bilýämiň, men häzir nirede buýruk berip oturmaly. Sen bu zatlara gowy düşünmeli, her bir adamyň özüne näme üçin gerekligini öňünden kesgitlemeseň bolmaz. - Haý, öz-ä... Gaty howply. - Sen ikirjiňlenme. Men beýle ýagdaýy birinji gezek görmeli däl, orta ýolda galsaň, ana, şol çatak bolar. Bä-äý, ýaýdanjaňlygyň çykypdyr-ow. Bi zamanda däli bolmasaň, gapydan kowsalar, penjireden girmeseň, ýol alyp bilmersiň. Üstesine-de, Merkezdäki Ýolbarsa-da haýyş etdim. Düzederin diýýä. Baýry Kasymyň teklibine garşy bolan bolsa-da, zordan göwnän bolsa-da, kalbynyň çuňunda muňa uçursyz begendi. «Ine, amatly pursat diýip, şuňa diýerler. Birinji boldugym ygtyýar özümde bolar, onsoň ýüregimdäkini ýüze çykararyn. Bu seniň öz arzuwyň. Emma ýüz müň oýunly durmuş başgaça akyp biler ahyry. Şonda näme etjegiňi bilmeýäň ahyry. Kasym Kulyýewiç birden başgaça gepläp başlasa nädersiň?! Pagta planyny galp dolanlar berk barlaga duçar edilse, hiç ýerde goluň bolmasa-da, kemçilige ýol beripsiň diýip süýräp başlasalar näme etmeli bolar.» Sorag jogapsyz galdy. | |
|
√ Ojak - 2-nji kitap -12: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: 23: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -27: romanyň dowamy - 11.12.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -16: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Hakyň didary / roman - 28.02.2024 |
√ Duman daganda: “Garakçylar kerwen görse begener” - 02.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -19: romanyñ dowamy - 01.11.2024 |
√ Duman daganda: Gelen gideni küýsedýär - 22.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -11: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -6: romanyñ dowamy - 15.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |