11:08 Duman daganda: Dumanlar, gümanlar... | |
• Dumanlar, gümanlar… Hekimowyň ýagdaýy henizem dumanlydy. Sebäbi Serçäýew ne ýagşydan, ne ýamandan ses berýärdi. Indi Hekimow ýeke oturyp oýlanyp görýär welin, Serçäýewi çagyryp gaty çökder ýalňyşypdyr-a. Sowuk suwy üfläp içýän halyna, onuň düşüp ýören günlerini! Habarçy diýeniň, edil gedaý ýaly, barmaýan gapysy ýok, obkom bolsa-da, Merkezi Komitet bolsa-da sümüläýýär. Bularyň agzam jäheksiz, diliniň hözirini görüp ýören jalataýlar-laý. Bir ýerde bolmasa, başga bir ýerde Hekimow şeýle ekeni diýse, işiň gaýtdygy-da. Onsoň özge dowzah gerek däl. Çemçeläpjik ýygnanjaňy bedreläp dökde ýör. Şonda aman sypsaňam boldugy. Aýdaly, Serçäýew hiç bir pohçulyk etmän, gowy makala ýazypdyram-da. Ýöne şo gowy makala hem Hekimowyň başyny iýmegi ahmal. «Bä-ä, büýä özüni öwdürip başlapdyr weli, meniň ornuma dyzaýandyr-ow» diýip, Ataýew güman etse-de Hekimowyň aýagyna palta uruldygy-da. «Ataýewde oýun kändir. Adam, biçäre, neneňsi dertlere uçrap ýör-ow?!» Hekimow oýa batyp oturşyna uludan dem aldy. «Ähli belaň körügi şi Ballyda-la. Ä-äý, kesek gysan gawun ýaly kelläň başyňy iýsin. Hiç zat bolmadyk ýaly, gaýta hikir-hikir gülen bolýa». Ol telefon nomerlerini gaharly aýlady. - Alýo! Bally! - Salowmaleýkim – Agaýew eýýäm hikirdäp başlady. - Bally seň bilen adam şekilli gepleşip bolýamy? Hikirdi kesildi. - Ýak, Hekim bu dünýäni çyndyr öýdüp ýörsüň-ow. - Hany, o deýýusdan ne habar?1 - Şol öňki gepleşişimiz-dä. - Baý, haramzada eken-ow. - Ýo, ýo, juda beýle däldir-le. Wadaňda wepaň bamy diýsem, gürrüňi bolmaz diýýä. - Näme diýsene, sen şoň bile berk gepleş. Şonuň eden işi gerek däl. Adymyzam tutmasyn, görünmesinem. Bizi şo öňki ýagdaýymyzda goýsa, uly iş bitirdigi. Özem häzir gepleş. Içege ýaly süýndirip ýörme. - Darykmasana, Hekim, gül bolar, gü-ül. - Gül bolanyny, kül bolanyny mazaly gördük. Men trubkany goýýan. Gepleş-de maňa jaň et. Hekimow tä Agaýew jaň edýänçä, içini hümledip oturdy. «Be-e, adam sähel ýerde däliräp ötegitjeg-ow. Men mundan beter gowgalara-da sarsman döz gelýärdim. Gylymam gymyldamazdy. Indi janym çykyp gelýä. Asyl-ha, men öňkülerçe ylgap bilemok. Bütin raýony iki-üç ýola çapawullaýardym. Şofýora, maşynam çydamaýardy. Ýüregim göwrä sygman bökjeklär durardy. Bu nä boldugy?! Ellä ýetmän epilip galaýdymmykam?! Ýa Serçäýew ýaly deýýusjyklaram meni garrady hasap edip şeýdýämikäler? Wah, meni wezipe halys çökeripdir. Ähli zada özüm ýetjek bolup çatanym aýrylaýan eken-ow». Telefon jyňňyrdady. - Hekim, bu men-läý. Gepleşdim. - Hm? - Ol-a ikimiziň sesimizi radioda eşitdirjek diýýä. Agaýew ýene ýoknasyz gülküsine tutup başlady welin, Hekimow zäherini pürkmän zordan saklandy. Hemleli owazy bilen onuň gülküsini kesdi. - Bally! Dälirän-ä dälsiň?! - Be, Hekim, çynyňmaý?! Dünýäni gülüp ýeňäýmeseň, gahar bilen aldyrmazmyka diýýän. - Äý, gülkiňem gursun, gaharyňam. Ne zamana bold-aý bi. - Umuman, gowuçylyk-la. O hiç zadyň gaýgysyny etmäň diýýä. Gaýta minnetdarlyk bildirýä. - Minnetdarlygyny gowuz ýerine dyksyn. - Erte-birigünem gazetde gül ýaly ýalpyldatjak diýýä. - Ýok et diýmediňmi? - Aýtdym weli, ol öz işim diýýä. - Päheý, sakyrtga dönön-eý. Hekimow aýalaryny ýüzüne tutup, gatan göz almasyny barmaklary bilen dözümli owkalap, uzak oturdy. Onda alasarmyk bir howlukmaçlyk döreýärdi, barha möwjeýärdi hemem düşnüksiz gorky üstüne sürünýärdi. Ol nämeden gorkýanyny özi hem anyk bilmeýärdi, ýöne özüniň gorkuly haldadygyny birden duýup galýardy. «Wezipe janymdan gowumy?! Alsalar alyp geçsinler-le». Ol şeýdip oýlananda az salym ynjalýar, emma yz ýanyndan ýene şol öňki howlukmaçlyk, näme etjegiňi huşundan alan töwekgellik üstüni basýar hemem ýene şol öňki gorky döreýär, soragsyz-idegsiz gelýär-de, Hekimowyň kalbyny gysyp-gowrup başlaýar. Häzir Hekimowyň bu iki ýagyny yza serpikdirmäge leşgeri ýok. «Beýdip, boýnuňy burma. Şunça puluň bilen ýol tapman otursaň, özüňden gör. Senem ýeke däl-how. Sende-de goç-goç tanyşlar bar. Bar, aýt, ýalbar, goý, olaram iýen duzuny ödesinler. Wah, olaryň öz derejesinde kömek etjegini bilýän-le. Ýöne ähli ýollar aýlanyp-öwrülip Aman Garaja baryp direnäýýär. Ana, şonuň alajy tapylsady. Şoňa dagy bir yşjagaz tapaýsammy – onsoň etjegimi bilýän-le». Hekimow gaty giň kabinetde halynyň üstünde iki ýana gezmeledi. Süňkleri owram-owram, edil, ýöne ýere siňip barýar. Garakçy gözleriniň şöhlesi öçgün. Telefon bilenem işi ýok. Hemişeler telefonda şir kimin arlamasy bardy. Soňky günler gelen-gideni hem kabul edenok. Horlanyp tapdan düşýänini özi hem duýýar. Üstesine-de soňky günler ukusyzlyk kösäp başlady. Ilki agşamdan gözi süzülip ugraýar. Ýatmajak bolýar. Ir oýanmasyny ir ýatandan görýär. Indi-hä, ir ýatsyn, giç ýatsyn gijäniň ýary oýanýar-da soň gözenege salnan möjek ýaly uzak gijäni ikiýana zowzuldap geçirýär. «Ukusyzlyga uçranymdan aç ölenim gowudyr» diýip, Hekimow ukusyzlyk jebrine çydap bilmän zeýrendi. Adama dert elmydama-da gereksizdir welin, hut häzir pagta ýygymynyň ýaňy başlanan wagty Hekimowa bu dert gaty artykmaçlyk etdi. Sebäbi her ýylyň pagta ýygymynyň özi bir uly dert bolup geçýärdi. | |
|
√ Bäşgyzyl -23: romanyň dowamy - 08.11.2024 |
√ Bäşgyzyl -27: romanyň dowamy - 11.12.2024 |
√ Gala -7: Oýlanma pursady - 16.02.2024 |
√ Dirilik suwy -26: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -11: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -9: romanyň dowamy - 05.06.2024 |
√ Dirilik suwy -22: romanyň dowamy - 22.05.2024 |
√ Atbaýrak: Ýylky çopan - 09.09.2024 |
√ Duman daganda: “Garakçylar kerwen görse begener” - 02.06.2024 |
√ Duman daganda: Gelen gideni küýsedýär - 22.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||