20:29 Duman daganda: Egriler egri bilen, dogrular kim bilen?! | |
• Egriler egri bilen, dogrular kim bilen?! Baýry täze wezipede işe başlan güni işgärleri ýekme-ýek ýanyna çagyryp uzak söhbetdeş boldy. Olaryň pikir-hyýallaryna öňden belet bolsa-da, ýene bir gezek pikir alşanyny kem görmedi. Ol iş salyşjak adamlarynyň ikisinden özgesini öz tarapyna yryp boljakdygyna, emma iki kişiniň gös-göni Hekimowyň şugulçylarydygyna gowy göz ýetirýärdi. Şol ikisi bilen gürleşmek Baýra gaty hupbatly boldy. Ol bu şugulçylar bilen söz saýlap gepleşmelidigine, bu taýda edilen gürrüňiň gyly gymyldadylman Hekimowa ýetiriljekdigine, şonuň üçinem Hekimowy aldawa salýan ýeser söz tapmalydygyna, wagtlaýynça özüni wezipä aldanan adam hökmünde görkezmelidigine ejirli oýlanansoň akyl ýetiripdi. «Diňe şeýle seresaply bolsam rüstem bolaryn, göni gitsem maňlaýdan urarlar. Muňa beýlekiler düşünmese, akyl ýetirmese nätmeli? Wezipe berdi weli, bi-de Hekimowa guýruk bolaýdy diýilmegi ahmaldyr. Nätjek-dä, il agzyny ýygyp bolmaz, ýöne ygtyýar elime geçse, iki ikiniň dörtlügine göz ýetirerler». Hekimowy ýoldan sowjak bolsaň, ozaly bilen, onuň töweregini boşatmaly, beýlekileri bäri bakdyrmaly. Her bir ynamdar kişi bilen aýratynlykda göwün seplemeli. Ine, Baýrynyň niýeti şeýle. Ol her bir kolhoz başlygyny, kolhozlaryň baş hasapçylaryny, baş ykdysatçylaryny, ferma müdirlerini, zootehnikleri kem-kem öz yzyna eýerdip bilse, maksada golaýlajakdygyna ynanýardy. Diňe «Görelde» kolhozynyň başlygy Satlykowyň golaýyna baryp bolmaz diýip Baýry pikir edýärdi. Sebäbi Satlykow dogry ýola girerden juda ötüşipdi, hojalykda üsti basyrylgy gözboýagçylyk bir ýanyndady, üstesine näçe ýyllar bäri läliksiredilen, towugyna tok diýilmedik ersgin göwün hem kada gelerden ýarsgyndy. Muňa Baýrynyň gözi ýetýärdi, eger häzir Satlykowa ýarmaşsa, edil tokly sime gol uran ýaly şobada köýüp-küle dönüp gitjekdigine hem aňry ýany bilen düşünýärdi. «Edil pyçagyň ýüzünden aýakýalaň ýörän ýaly boljag-ow» diýip, Baýry geljekki hereketlerini göz öňüne getirýärdi. Hekimowyň ýene bir wepadar şugulçysy bar: raýkomyň oba hojalyk bölüminiň müdiri. Il oňa Aky diýýär. Ol bolsa özüne Aky Ýusubowiç diýilmegini isleýär. Raýkomyň bölüm müdirine pylany diýlip durulsa gaty gelşiksiz-ä. Akyjan, inim Aky diýýänem bar. Bolmaýa-da, henizem medeniýetsiz adam kän-dä. Ähli kişi Hekim Hekimowiç ýaly bolaýsa. Gül ýaly adam. Şeýle uly wezipede bolsa-da, Aky Ýusubowiç diýip ýüzlenýä. Wah, beýlekileriňem kellesine akyl guýaýsa bolar weli, arman, şumat gamyş ganatrak-da. Raýonyň birinjisi bolup otursyn bakaly, hany onsoň Aky diýmäge kim milt ederkä?! Belet-le. Diliňden kireý isleýämiň diýsene?! Aky Ýusubowiç diýip goýber. Gül ýaly bolar-a. Aky Ýu-su-bo-wi-iç. Ýok, her niçik bolsa-da, adamlar Aky diýip ýüzlenýär. Akynyň halamaýanyny, gahar edýänini duýsalar-da, öňi-soňy Aky diýýärler. Ynha, şol Aky ýigitligine bakman gara geýinmegi halaýar, çekgelerinde, maňlaýynda birki gasyn döremegini isleýär. Gasynly ýüz adamy akylly, salykatly görkezýärmiş. Ol äýnegiňem ölemen aşygy weli dakynmagyň ugruny tapanok, hakyky aýnaly äýnek dakynsa-ha gözi agyrjak, penjirelere oturdylýany ussa eltesi gelenok. Şo sebäplem äýneksiz gezip ýör, ýogsa kabinete girýänlere, edil Hekim Hekimowiçiň bakyşy ýaly, äýnek üstaşyry alarylyp garamanyň hezili bar-la. Özüni beýlekileriň ýigrenýänini Aky gumansyz bilýär, emma Bäşim Gylyjow arkaly Hekimowa ýol açansoň Hekimow dursa, özüniňem durjakdygyna ynamy pugta. Hekimow barka birnemejik maýa edinmeli, wezipede birnemejik öňe süýşmeli. Garaz, Hekimow aýrylaýanda-da gylyň gyrylmaz ýaly bolmaly. Baýry Akynyň bu niýetine öňden belet bolansoň. Akynyň hem ýagşylyga ýan bermejegini bilýärdi. «Akydanam seresap bolmaly». Kabul edişligiň soňundan raýon oba hojalyk müdirliginiň derňewçisi kibtini gysyp girdi. Golunda-da göteril-göterile hamy sürlen papkasy bar. - Baýry, diňleseň birki agyz sözüm bar. – Ol papkasyndan bir petde kagyz çykaryp rejeleşdirdi. - Diňlemän näme?! Aýt, aýt. - Aýtsam, şu kärde on ýedi ýyl bäri işleýänim-ä bilýäň. Onsoň nirede, näme edilýänini öwünip aýtdygym däl, gaty gowy bilýän. Meniň bilýänimçe senem bilýäň. Ynha, uzaga gidip durmaly. «Göreldäni» alaly. Bi kolohozda on ýedi ýyl bäri kadaly derňew geçirilen däldir. Derňeldimi – derňeldi diýip gelinýä. Emma çynymy edip barlasam, şo kolhozdan dört-bäş millionlyk galp zat tapjagymy bilýän. Ynha, signallar. – Ol bir petde kagyzyň üstüne aýasyny basdy. – Ýer astyndan aňtadym weli, köpüsi dogry faktlar. - Barla-da tap, çäresini göreli. Derňewçi ýylgyrdy-da kiçijik göwresini sähel dikeldip oturdy. - Ýylgyrdyň-la? - Içimiň ýangynyna ýylgyrýan. Opurylşygyň üstüni açmak kyn däl, soňkusyna ynam ýok. On ýedi ýyllap derňedim, tapdym, on ýedi ýyllabam çäre görmediler. Şeýdibem abraýdan düşdük gitdik. Ýogsa, kolhozlarda barlaga baryp, kabinetiň penjiresini açyp goýsaň, baý, maglumatly kagyzlar zyňylýar-a. Nämäni derňemelidigini gös-göni salgy beräýýäler. Indi bu zatlary aýdyp, seniň kelläňi agyrdyp oturmamyň bir sebäbi bar: senem öňkülere öýkünip işlejekmi ýa adalat diýlenine garajakmy? Eger öňki-öňkülik boljak bolsa, onda menden wezipäni al. - Men size näme diýsemkäm?! Baýry bu derňewçini on ýyl bäri tanaýardy, on ýyl öňem şu bolşy, sähel zeýrenjeň äheňli, ýygrylyp ýören, gaty ir garraýan ýaly sypatly adamdy. Onuň gursagynda ýüz müňläp maglumatyň, edil seýfde gizlenen ýaly, el degrilmän ýatanyna, ynanyşyk duýgusy bolansoň bu gürrüňleri orta atanyna Baýry pikir berdi. «Ynha, goldanmaly adam, meni goldajagam şulardyr». - Gurbanýaz aga! Işden gitmek gürrüňini agzamaweri. Gaýta, men-ä siz ýaly lebzi-goly päkize adamlaryň köpräk bolanyny isleýän. Maňa-da siziň goldawyňyz gerek. Siziň işe hyýanat etmejegiňize gözüm ýetýä. Bir-birekden habarly bolup işleşeliň. Işleriň birbada düzelmejegini-hä özüňizem bilýänsiňiz. Ýöne maňa bagly zadyň adalatly çözüljegine ynanaýyň. - Bu taýda, Baýry, gizlin zat ýok. Ynha, şu kagyzlardaky maglumatlar «Göreldä» degişli. Özüm üçin ýygnadym. Onuň ýagdaýy gowy däl. Satlykow şu mahal töweregine-de goýbermez. Ýöne beýlekileri bir Satlykowa deňleşmänkä alyp galmanyň alajyny tapsaň. - Görmeli-dä. Ýene az salym gürrüňleşip, Gurbanýaz aga turmakçy boldy. Kagyzlaryny papka salyp durka köýneginiň sürlen, süzülen, ýuwula-ýuwula çakyry çykan ýeň-ýakasyna Baýrynyň gözi düşdi. «Diňe aýlyjagyna on iki çagany ekleýär-dä». Eger eli arassa bolmadyk bolsa, eger beýleki derňewçilere meňzänliginde Gurbanýaz aganyňam akja köýnekli ülpüldäp gezip biljekdigini Baýry oýlandy. «Öz hakyňa kaýyllyk beýik zad-ow». Baýry kagyzlara güýmenip uzak oturdy. Halys gözleri ýadap kabinetde gezmeläp ýörkä telefon jyňňyrdady. - Allo. Aky Ýusubowiç, özüňizmi?! Bolýa. Bolýa. Häzir barýan. Dek düýnem Aky diýip ýören oglanyna birden Aky Ýusubowiç diýmek, öň sen diýýän halyňa siz diýip ýüzlenmek Baýra gaty agyr degdi. «Öz-özüňe garşy gitmekden beter ejir ýok ekeni». Her niçik bolsa hem Baýryda özüni ýeňmäge güýç tapyldy. Onsoňam bu oýunlaryň wagtlaýynlygy, maksat ýolundaky bir öwrümligi Baýra sähel ynjalyk berdi. «Hile hem bir batyrlykdyr ýerinde...». Ol Akynyň öňküdenem beter heşelle kakyşyna, eselişine, gepleşesi gelmän, göwünsiz sözleýşine içki gaharyny zordan jylawlap bildi. Baýry kabinete girende-de Akynyň daşky görnüşi gahar oýarýardy. Gara penjeginiň ýakasy, çiginlerine çenli, şol öňküsi ýaly, goňakdan ýaňa çalaryp ýatyrdy. Aky özüni aňrybaş resmi tutýardy, onuň häzirki sypaty matamly habar aýtjaga meňzeýärdi. - Geliň, oturyň bakaly. – Aky sag eliniň başam hem süýembarmagy bilen dodagynyň iki çetini aşak sypalap-sypap goýberdi. – Şeýle-e. Diýmek, Aşgabatda tassykladylar diýseňiz-le. Elbetde, raýkomyň hödürlän adamsyny yzyna gaýtaryp bolmaz ahyry. Men bu orna köň kişiniň adyny elden geçirdim. Ahyry, seniň üstüňde durdum. «Meniň üstümde duraýşyňy» diýip, Baýry içinden güldi. «Gaty uly wezipeli ýaly sözläsi gelýä». - Minnetdar, Aky Ýusubowiç. Aky kürsüsinde gaýşarylyp oturyşyna uly stoluň tahylyndan owadan gaply çilim çykaryp otlandy. Gyssanman birki ýola sorup, geplemän, gözüni süzübräk penjirä garap oturdy. «Ýörite birini kabinetine çagyryp çilim çekişini görkezjek bolýamyka?!» Biz salymdan ol Baýra bakdy. Latyn harply çilimi uzatdy. - Çekjekmi? - Çekemok. «Çilimsizem içim tütäp dur». - Şeýle-e, Baýry Amanowiç. Öň raýon ýolbaşçylaryny tankytlaýadyň, olaryňy bagyşlaýas. Gowy işlärsiň diýen tamamyz bar. Biz indi oglan-oglanjyk däl, ýagdaýa düşünmeli. Ähli güýji pagta plan dolmaga sürmeli. Diňe plan. Plan dolmasa – abraýyň bir aşyk. Aky ýene dymdy. Ilki gapa diňşirgedi, soň penjirä bakdy. Stoluň üstünde basyrylgy çäýnegi alyp Baýra, özüne çaý guýdy. - Al, bir käse çaý iç. - Aý, indi çaý içer oturarmykam? - Hytaý çaýy-how bi. Hekim Hekimowiçe getiripdirler-de... – Aky tahyldan owadan kagyzly dürli-dümen süýji salnan gutujygy çykaryp, Baýra tarap şeýle bir görnüşde süýşürdi welin, oňa «sen müň ýaly süýjüleri düýşüňde-de gören dälsiň» diýen manydan başgaça düşünmek mümkin däldi. Şoňa görä Baýry ne çaý içdi, ne süýjä el uzatdy. Ol Akynyň bu arkaýynlygyndan onuň birine garaşýanyny çak etdi. «Kim gelerkä, janlarym?!» Gapydan Satlykow girdi. Edil öz öýüne giren ýaly, gaty arkaýyn. Onuň seýrek gyrpylýan gözleri diňe Akyny ýa Baýryny äsgermezlik däl, asyl ähli zada ýigrençli garaýardy, dünýäden doýgun, her kimde ary bar ýaly görnüşdedi. Ol öňünde hozanaklaýan Akynyň elini göwünjeň gysdy, Baýrynyň bolsa ýüzüne-de bakman elini göwünsiz uzatdy. Baýry akynyň Satlykow bilen dilleşiklidigine şek-şübhesiz ynanýady. - Baýry, sag boluň. Rugsat bolsa men-ä gaýdyberjek. - Be, be, gyssanmasana. Hany, otur entek. Işe täze başlanyň bes-belli-dä. Bize gürrüň ber, maslahatlaşaly. Näme etsem-petsemiň bar? – Aky Satlykow gelensoň sähel açylyşyp, geplände aram-aram oňa göz gyýtagyny aýlap sözledi. - Äý, etsem-petsem diýip, biziňki, näme, siz näme diýseňiz şol balar-da. Ynha, tejribeli ýaşulymyz bar, öwreder. Ýol salgy berer-dä. - Hawa-la. Çary Satlykowiç respublika belli adam ahyry. Biz-ä prosto şuň ýaly adam bilen işleşýänimize begenýäs. – Aky Baýrynyň täze äheňine begenip sözledi. Emma Satlykow garry möjekdi, ol Baýrynyň sözüne ynanmag-a beýlede dursun, gaýta diňläsi gelmän diňledi. Ol ýene-de Baýra bakman Aka garap oturyşyna hörpli sözledi. - Ýa biziň aýdanymyzy eder, ýa işden gider. Bu taýda başga ýol ýok. Ýöne indi işden gitse gowulyk bilen gitmez. - Çary aga, men bu zatlara düşünýän. Hekim Hekimowiçiň maňa ýagşylyk edýäninem bilýän. «Hile hem bir batyrlykdyr ýerinde...» Satlykow, ahyry, Baýra tarap döndi. - Düşünmedige, inim, durmuş düşündire-düşündire gelýändir. Senden öňki bolanlaram dilinde «Bolýa» diýip, etjekleri içindedi. Gördüňmi, nä güne düşdüler!? Asyl, raýonyň abraýy diýip ylgaýana duşman geçdik. Pikir etmäň: siz goldamanyňyz bilen Hekimowy ýa Satlykowy şagal iýesi ýok. Kellämiz egnimizdekä azarymyz ýetmez. Ile günümiz galan güni hakyt özümizi atyp öldüräýeris. Onsoňam, inim men senden gizläp nädeýin?! Bizi ýekedir öýtme! Ba-aý, goldaýandyrlar-a. Özem ýolbarslar goldaýa. Hudaýa şükür, şu çaka çenli gadyrymyz biline-biline gelýändir. Satlykow biri sözüni böläýjek ýaly, tiz sözledi, owazy minnetli çykdy, öň gara görünýän gözleri sähel gyzardy. Ol ýerinden turup gymmatbaha norka telpegini, täze penjeginiň ýeňlerini düzedişdirdi. Onuň her bir owynjak hereketi hem degna degijidi. Baýrynyň gahary geldi. Ähli zady jähenneme urup, tarsa ýerinden turaga-da Satlykowyň iki çiginden ebşitläp tutup, gaty diwara jalka-jalka urasy geldi. «Ynha, ýolbarslar goldasa! Ine, bir gollaw! Ýene bir gezek al hakyňy!» Emma ýüregiň çuňundan çykan owaz Baýra basalyk berdi. «Şu gezek dym. Näme diýse, şony diýsin. Öňki gaýtargy berenleriň ne güne düşüşini görmediňmi?! Şolaryň ýalňyşyny senem gaýtalajakmy? Dym! Dym!! Dym!!! Hile hem bir batyrlykdyr ýerinde...» Baýry: «Gaharyma ýüzüm gyzýandyr, onam Satlykow bilen Aky göräýmesin» diýip, aşak bakyp oturdy. Satlykow turandan Aky hem şobada dikeldi. - Çary Satlykowiç, oturyň-da. Agşam öýden çaýlap gitseňiz-ä gowy bordy. Gelnimem bu günler Çary Satlykowiç gelenok-la diýip soraýa. - Ýeneki gezeklerde. - Biz-ä gaty minnetdar bolduk, Çary Satlykowiç. Iş bilýäniňki başgaça-da. Şeýdip, Çary Satlykowiç ýaşlara-da garşy-garşy ýol öwredeweriň. Satlykow Akynyň ýalynjaňlygyny-da jogapsyz goýup, hoşlaşman çykyp gitdi. Baýry hem gaýtmakçy boldy. Onuň çiginleri çökükdi, gözleri gamgyndy, ýüreginde ýüz müň tupan gopýardy, her näme-de bolsa akyl durulygy oňa ýardam berdi. Ol hiç bir syr bildirmän gepledi – Aky Ýusubowiç, ýaňky ýaşulam zor ýaşul-ow. - Bo-ow, näsini aýdýaň?! Öňräk respublikaň birinjisi geldi weli, ilki Çary Satlykowiç bilen salamlaşyp, soň Hekim Hekimowiçe el uzatdy. Men-ä wopşe agzym açylaýdy. - Hekim Hekimowiçem gowy adam-la. Hakyky işgär şuň ýaly agzybir bolmaly. Her kim bir ýana çekse, ýük ýerindenem gozganmaz. Hä diýmän ýagy ýaly pagta ýygymy geler. Ikimiz şonda ykjam durmasak, planyň külüni çykararlar. Bularyň köpüsi Hekim Hekimowiçe ýamanlyk edibilse armany ýok-da. Ýeri, Hekim Hekimowiçden gowy adam tapjakmy diýsene?! - Gül ýaly adam-la. «Hile hem bir batyrlykdyr ýerinde...» Boljak onda. Aky Ýusubowiç, rugsat bolsa gaýdaýaýyn. - Bolýa, bolýa. – Aky gabarylyp goluny uzatdy. – Näme kynçylyk çekseňiz aýdyp duruň. Akynyň bu resmiliginiň, özüni medeniýetli görkezjek bolşunyň aňyrsynda gödeklik ýatanlygy, juda ýakymsyz ýüzi ýyrtyklyk barlygy mese-mälim aňylýardy. Baýry daşary çykyp arassa howadan soranda, ajan nahar iýen ýaly, ýüregi bulanýanyny duýdy. Ol öz ykraryna çapraz sözlemegiň ejirli miwesini ilkinji ýola datdy. «Juda çatak iş eken-ow». Ol geljekki synaglaryň mundan has beter awulydygyny göz öňüne getirdi, emma çydam etmese, özüniň namart boljakdygyny, ýolda ýanan araba ýaly, pellehana ýetibilmän galjakdygyny ýada saldy. «Ýok! Basdyklaryça beýgelmeli, ýençdikleriçe bekemeli. Eger ykbal adamy irde-giçde synagdan geçirýän bolsa, şu ykbal synagydyr. Giň ýerde bol-bol gürlenen döwürler ötüpdir. Synag döwri geldi, Baýry! Mün terezä – agramyňy ölçäli». Baýryny ýene bir pikir birahat edýärdi. Hile diýen bolup, aýtmajak sözlerimi aýdyp, birden özümem muňa öwrenişip gidäýmäýin. Bu bolşumy gözi öwrenişmedikler görse, Baýry artiste dönüpdir diýmezlermi?! Il içinde nyrhymy gaçyryp, gözden düşüp galaýmaýyn. Çary Satlykowyň minnetli sesi henizem Baýrynyň gulagynda ýaňlanýardy: «Onsoňam, inim, men senden gizläp nädeýin?! Bizi ýekedir öýtme! Ba-aý, goldaýandyrlar-a. Özem Ýolbarslar goldaýa». Bu näme boldugy? Muňa neneňsi düşünmeli? Bi açyk haýbatmy, ýa gönümel ultimatummy? Ýa adam ruhuny öldürjek syýasatymy? Ähtimal, güjükligine dalasak, dişi kütek bolar öýdýändirler. Göreli, bakaly. Baýry häzir özüni uçursyz ýalňyz duýdy. Ýok, özüçe päk adam başga-da kändi, ýöne olaryň başyny jemlemekde iş bardy, bir-birege açyk ynanyşmak döretmelidi, sowuklyk perdesini böwüsmelidi. Munuň üçinem ili yzyna tirkäp biljek kişi derkardy. Ynha, şu pikir Baýrynyň başynda gowga baryny turuzýardy. Ol garaňkyran, aýak ýygnanan köçeden barşyna «Be-e, nähili zamana bold-aý. Indi görüp otursam, bi ýolbaşçysumajyklar bilen halkyň arasyna gorp düşen eken-ow» diýip oýlandy. «Näme üçin bu zatlar öň kellä gelmedikä? Oýlan, Baýry! Belki, şu mahalam duşuňdan geçip barýan pikirler bardyr». Baýry ýöräp barýar. Göwni ýalňyz. Ol öz töweregine gowy adamlaryň ýygnanmagyny, ýa özi şol topara goşulasy gelýär. Ýöne, hany, durky düzüw adamlaryň topary barmy?! Olaryň hersi bir derede äwmezlik edişip ýör. Niýeti bozuklar bolsa bireýýäm birleşip, özgeleriň ýolunda garym gazyp, üstüne aldawly çöp atdylar. Egriler egri bilen birleşdiler. Hany dogrularyň topary?! Baýry heniz öýüne ýetmänkä, Hekimow eýýäm Akyny maşynyna mündirdi-de, Satlykowyňka ugrady. Üç bolup oturyşlaryna gyzgyn palawyň bugy ýüzlerini çygjardýardy, söhbet, aglaba, Baýry meselesinden uzaklaşmady. - Çary aga, biziň täze ýigdi neneň gördüň? – Hekimow sussupes sözledi. Onuň Baýry hakda bilesi geldi. - Äý, görülmedik ýigdiň ýok-la. Men saňa öňem aýtdym-a, şondan adam bolmaz. Iliň öňüne çykyp jikgerse, köp bilýändir öýtdüň. Ojagazyň häzirki musurmansyramasyna bakma, entejik gan ýuwutdyrar. Häli meniňem gözüme çöp atjak boldy. – Satlykow Akynyň adyny tutman, kellesini şoňa tarap gyşardyp goýberdi. – Biýem oňa ynanýa. - Çary Satlykowiç, ol indi biziň diýenimizden çykmaz. - Goýsan-aý! Sen nämäni bilýäň?! – Satlykow azmly gepläp Akynyň ýüzüni aldy, emma Aky munuň üçin utanyp-gyzaryp oturmady, diňe haraý gözleýän ýaly Hekimowa garap goýberdi. Hekimowyň bu günki keýpsizligini ol şobada duýdy. Satlykow bilen Hekimowyň arasyna soňky döwürler şeýtan düşýänini Aky öňräkden bäri aňýardy. Hekimowyň häzirki tutuklygy hem şo sebäplidir öýdýärdi. Birinji sekretar hükmünde Hekimow ähli babatda diňe öz sözüniň geçmegini isleýärdi, başga biriniň maslahatyna gulak asasy gelmeýärdi, mundan beteri hem ol raýonda özünden ekabyr hökmürowanyň döremegine, kes kelläm razy däldi. Emma Satlykow Hekimowdan razylyk aljagam bolmaýardy. Ol öz ýoly bilen göni okdurylyp gaýdyberdi. Respublikanyň birinjisi Aman Garajaýew bilen köne gatnaşygy ýygjamladansoň, ol kem-kem garysyna galyp başlady Aman Garajaýew öňräk oblasta gelende obkomyň birinji sekretary Ataýew bilen ikiçäk otyrkalar: «Çary Satlykow diýen dostumyz bardyr. Hor etmäwergin» diýdi. Respublikanyň birinjisiniň haýyşy obkomyň birinji sekretaryna buýrukdanam haýbatly eşidildi. Satlykowyň, Ataýewiň hem-de Garajaýewiň bir-biregi hormatlaýanyny Hekimow bilýärdi, ýöne beýle ýakyn durýandyklaryndan bihabardy. Şoňa görä ol özüniň düşen halyna doly göz ýetirip bilmänsoň, raýonda Satlykowyň ýeketäk hökmirowanlyga dyzamasyna düşünip bilmeýärdi. Bu çaknyşyk häzirlikçe sessiz-üýnsüz, hiç bir uçgunsyz, assyrynlykda dowam etdirilýärdi. Bu çaknyşykda, ozaly bilen, ruhlar çaknyşýardy. Satlykowyňka garaňda öz ruhunyň barha ejizleýşini, barha yza çekilişini Hekimow soňky wagtlar gümansyz duýýardy. Häzir Çary Satlykowyňka gitmek bilen biraz ara sazlamak niýeti bardy. Muny ýeser Satlykow hem hezil edinip synlaýardy. «Kem-kem öz ýagdaýjygyna düşüner-le». | |
|
√ Dirilik suwy -14: romanyň dowamy - 13.05.2024 |
√ Dirilik suwy -15: romanyň dowamy - 15.05.2024 |
√ Hakyň didary -2/ romanyň dowamy - 28.02.2024 |
√ Janserek -7: romanyñ dowamy - 03.04.2024 |
√ Duman daganda: Buzlar jaýrylyp başlaýar - 21.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -23: romanyň dowamy - 08.11.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -18: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Ýola taýýarlyk - 23.08.2024 |
√ Duman daganda: Agyr hassalyklaryň biri - wezipeparazlykdyr - 22.06.2024 |
√ Dirilik suwy -9: romanyň dowamy - 05.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |