22:17 Duman daganda: Galp gazanar, galtaman gönener | |
• Galp gazanar, galtaman gönener Hekimow öýüne girip, geýimlerini çykaryp durka gapy kakyldy weli tisginip gitdi. Ölen ýigidiň ýa ýolda ýogalan zenanyň garyndaşlary geläýdimikä? Ýa prokuror ýene bir şum habar getirdimikä? Ýa o deýýus Serçäýewiň adamlarymyka? Bu gijäniň tümlüginde toýa çakylykçy gelmäni bellidir-le. Ol daşky çyralary ýakyp, seresap ýöräp derwezä golaý bardy. – Kim kakýa? – Ýaşuly, biz. – Mylaýym owazly biri sözledi. – Siz kim? – Ýaşuly. Ata Ataýewiç size jaň edip aýtmadymy? – Ýok. O näme diýmelidi? – Ýaşuly, köçede beýdişip durmalyň, açaýyň, biz Ata Ataýewiçiň adamlary. Hekimow gapyny açman, geplemän az salym durdy weli, mylaýym sesli kişi sözledi. - Ýaşuly, gapyny açmasaňyz zyýany ýok, biz şu taýda garaşaýarys, ýöne telefona ýakynrak ýatyň, häzir Ata Ataýewiç jaň eder-de «Birki sany myhman barjakdyr. Ýaşulysy elli ýaşyndadyr» diýer. Şondan soň bäri çykaýyň. Hekimow näme etjegini bilmän ýaýdandy durdy, baldyrlary bolsa sandyrap-sandyrap gidýär. Ol gijäniň ýarynda öz howlusynda ýapyk derwezäniň ýanynda ýaýdanjyrap az salym duransoň hiç zat diýmän öýüne girip gitdi. Howlynyň daşynda derwezäniň deşiginden yşyklap duranlaryň biri: «O samsyg-a öýüne ýumlugaýdy» diýdi. Hekimow öýe girende ýüreginiň gaty dükgüldeýänini, el-aýaklarynyň sandyraýanyny aýyl-saýyl duýdy. Ol ilki milisiýany çagyrmakçydy: «Kim bilsin, neneňsi deýýuslar?! Öýüňi talamagy ahmal». Emma saklandy. «Bular Ata Ataýewiçiň adamlary bolaýsa, ejemi dula bakdyrar. Näme niýet bilen geldilerkä?» Aýaly oýaly-ukuly halda turup geldi: «Aýu, ýene ukyň tutmaýamy?» «Seň ýadyňa uky düşýä». Şo mahal telefon jyrlady weli, Hekimow silkinip gitdi. Ylgap baryp trubkany göterdi. - Salowmaleýkim, Ata Ataýewiç. - Raýonda bulaşyklyk baryny döredipsiň-le. Näme üçin habardar etmediň? - Kimiň günäkärligini gowy anyklap soň gepleşäýjekdim. - Hä-ä, sapalak atýan diýsene. Kimiň günäkärligini diýýämiň? Heh, senden başga kim günäkär bolsun?! Sen günäkär! - Ata Ataýewiç... - Goýsana! Men seniň ol oýunlaryňa belet. Iki awariýa üçin, bilýämiň, seni şeýle bir uçuryp ataryn weli, ýekeje ýelegiňem ýere düşmez. Sen buýruk bermedik bolsaň, ýolda adam saklanjakmy? - Gaýrat ediň, Ata Ataýewiç. - Gaýrat gutardy. Üstüňden ýazylýan arzalaram ýagyr etid. Gulagymyz dynjak däl. Sen bolmaňda pagta bolmaýan bolsa, bolman geçsin. - Bir gezeklikçe bagyşlaweriň. - Gutar! Birki sany myhman barjakdyr. Ýaşulysy elli ýaşyndadyr. (Hekimowyň indi bütin bedeni galpyldap başlady). Soňuny soň gepleşeris. Bä-äý, bu gijäniň dowzahdygyny. Eger şu gije-de sag-aman geçip, jahan ýagtylanyny görse, Hekimow özüni müň ýola bagtly saýjak. Ol häzir ýygrylyp-gysylyp, ýöne doňup barýardy. Äriniň bu perişanlygyny gören zenanam oda düşüp ugrady. «Waý, kim ol, aýtsana, näme diýdi? Bir ýamanyny aýtdy öz-ä. Reňkiň solaýdy». «Bar, samrama-da ýeriňe geçip ýat. Men daş çykyp geljek». Hekimow maýkaly, gara jalbarly daşary çykdy. Ol derwezäniň aňyrsyndaky tümlükde ýolbars arlap dursa-da häzirkisiçe eýmenmezdi. - Hä, ýaşuly, gepleşdiňizmi? - Hm. – Hekimow geplese, sesi endiräp çykar öýtdi. - Onda, näme, ýaşuly gapyny açaýjakmy? - Hm. Hekimow gapyny açdy welin, üç ýigit şobada onuň daşyna egrilişdi. Hälden bäri mylaýym sözlän ýigit sag golundaky kiçijik sapançany görkezdi-de pessaý sözledi. - Şuny görýämiň, ýaşuly? Eger itleriňe jaň eden bolsaň aýt, geldikleri ilki bilen seniň içiňi gurşundan doldyrys. - Jaň edemok. - Onda diňle: eger raýondaky dawalardan gutuljak bolsaň, häziriň özünde ellini çykar, bolmasa-da birki günden obkomyň býurosynda işiňden, partiýadan pyzylarsyň. Ine, saňa Ata Ataýewiçiň aýdany. Hekimow sähel ynjaldy, jogap bermänkä o ýigit ýene gyssady. -Hany, onda tizräk gaşan bakaly. - Oglanlar, Otuzdan artyk zat ýok. - Söwda etmäge gelemzok. Bizi egleme. Hekimow diňe maýkalydygyny, aýagy ýuka çepeklidigini unudyp, şo durşuna köçedäki maşyna tarap ýöräp ugrady. Maşynyň nomerine baka göz gyýtagyny aýlap goýberdi weli, onuň köne esgi bilen saralanyny garaňkyda zordan saýgardy. Eli sapançaly ýigit ruluň başyna gondy. Hekimow hemişeki endigine görä, öňdäki oturgyçda oturmakçy bolup, alynky gapyny açandan ýigitleriň biri onuň elinden südürläp yzky oturgyja eltip dykdy. «Şu taýy size rahadrak bolar». - Ýaşuly, nirä sürmeli? - Göni gidiber. – Hekimowyň salgysy bilen maşyn köçelerden aýlanyp-öwrülip, ahyry, şäher çetindäki köçeleriň birinde saklandy. - Şu taýda garaşyň, men häzir getirýän. - Akyllyja bolgun, ýaşuly. Göni ýarym sagat garaşarys. Gelmeseň – öýüň ot aldy hasap edäý. Hekimow geplemän maşyndan düşüp, garaňky köçeden çybşyldap gitdi. «Haram doňuzda ynsap ýog-ow, ýigrimi, otuz diýse-de bir çak weli, elli diýen bolşuny». Ol yzdan biriniň aýak sesini eşiden ýaly boldy-da gaňryldy, garaňkyda hereket eden zada gözi ilmänsoň ýöräp ugrady. Birden yza bakdy: hiç kim ýok. Onsoň hasanaklap baryp bir howlynyň derwezesiniň çep çetinde näbelede görünmez ýaly edilen knopkany birküç ýola basdy. Howllynyň bir burçundan köpegiň sesi geldi. Aky gapyda göründi. - Kimsiň? - Sesiňi peselt-how, bi men. - Hä, bagyşlaweriň, geliň, giriň. Bir minutjyk aýak çekiň, men derrewjik çyrany ýakaýyn. - Ýok, ýok, ýakma! Men gaty gyssanýan. Hany, bol şondan iki düwünçek çykar. Aky Hekimowyň maýkaly, gaty aljyraňňy durşuny görüp, rejäniň oňat däldigine şobada göz ýetirdi. Şol içki geýimli görnüşinde bir ýerden merdiwan süýräp getirip, it daňylan ak turba söýedi, merdiwana seresap mündi-de turbanyň ujuna düňderilip goýlan bedräni aýyryp iki sany polietilen haltajygy turbanyň içinden sogrup aldy. Ýene bedräni turba geýdirdi-de böküp düşdi. - Hekim Hekimowiç, bir zada dolaýyn-la. - Ýok, ýok. Garaňkyda kim görýä?! Bolýa. Hekimow indi maşynyň yzky gapysyndan girjek boldy weli, ýigintleriň biri ony kemerinden tutup gyra sowdy-da özi kabina girip, gapyny batly ýapdy. «Ýaşuly, sagbolmaşak. Indi başymyzy çararys-la». Maşyn dessine ugrady. Hekimow güýzüň çigrek daňdanynda endam-janyny galpyldadyp garaňky köçede ýeke-ýalňyz galyberdi. Ol pyýadalap öýüne gelende aýaly, biçäre, ony gözläp giň howluda ikiýana zowzuldaýardy. - Waý, saňa näme bolýa? Hälden bäri gözleý-gözleý ýüregim agzymdan çykdy. Şi durşuňa nirä gidibilýäň? - Ýeri, seňki nämäý?! – Hekimowyň gaty gamgyn ýüzüni, şeýle çökgün durkuny onuň aýaly, näçe ýyllar bäri bile ýaşaşsa-da, ilkinji ýola görýärdi. Hekimow başyny sallap telefonly jaýa girip gitdi, aýaly hem yz ýanyndan bardy. - Aýu, saňa uky haram boldy-la. Bir salym başyňy ýassyga goýaý. - Ýok bol-how! Näme, kölege ýaly yzyma düşüp ýörsüň?! - Howwa, men kölegäň-dä. – Zenan uludan dem aldy – Wah, şi pagta gurasyn. Ýygym döwri gelýärem weli, adam bary dälireýä. Hekimow jogap bermän telefonyň ýanyndaky kürsüde ornaşdy. - Bar, bir salym gözüň awusyny alaý, tilpunyňa men garawul bolaýyn. – Zenan diňe göz awusy hakda aýdýardy, emma gyl üstünde yrgyldaýan wezipe awusyny, üstesine-de ýap-ýaňyja aglap giden elli müň manadyň awusyny duýmaýardy. Ol muny hiç mahalam duýmaz, sebäbi Hekimow o syrlary aýalyna-da ynanmaýar. Häzir içi tütäp oturka, aýalynyň janköýerlik etmesine Hekimowyň gahary joşdy. - Çyk! – Ol aýalynyň äwmezlik edýänini gördi – Çyk! Eşidýämiň, ýok bol! Bolmasa bogup öldürýän! – Aýaly çykyp gitdi. Çyksa-da uzaga gitmänini, gapynyň aňyrsynda diňşirgenip duranyny Hekimowyň çus duýgulary habar berýärdi. Hekimow ýaňky garadan gaýtmaz üç pyýadany göz öňüne getirdi-de hassyldap dem aldy. Elli müň manat. Gitse gidip geçsin-le. Gideni bilen garyp galýamyň, Hekim?! Bardyr-da gidýändir. Şo elli müň manat başyň sadakasy ekeni-dä. Şonuň üçin janyňy ýakmasana,. Şu ornuňda oturyp, kime gözüňi alartsaň ellini getirmez öýdýäň?! Üstesine, baş egip, bil büküp, müň gezek minnetdar bolup giderler. Ownukçyl bolma, Hekim! Ýok, Hekimow özüne göwünlik berip bilmedi. Ol özüni mydama talanyp, mydama aýak astyna düşüp ýören aýaly duýdy. Obkomyň birinjisi Ataýewiň, näme, ejesi gyzmyşmy?! Hekimowyň köne köwşüniň sürlen ökjesine-de degenok weli, hanha ellini aparyp gitdi. Her raýondan ellini ýygnasa, bir gezekde ýarym million bolýa. Hany, onsoň adalat? Ýo-ok, mundan durmuş bolmaz. Hekimow obkomyň üstünden böküp, ýokardakylaryň birine çeňňek atmasa ynjalmaz. Wah, şo Aman Garajanyň açaryny tapyp bolaýsa! O bolanlygynda elli dagy nämemiş?! Üstüne ýene bir noly gynanman goşjak. Onsoň şa ýaly ýaşap bolýa. Obkom diýleni bolsa aralyk bir zat bolýa. Hernäçe goldasa-da, ýokardan şatyrdadyp gysyp başlasalar, gitjek ýeri ýokdur. Hekimowyň aýaly emaý bilen gapyny açyp jyklady. Äriniň şol oturşy. Ol şobada gapyny ýapdy. Hekimowyň bütin bedeni ýadawlykdan ýaňa syzlaşýardy, öler ýaly ukusy tutup kelle hamlary bürülýän ýalydy, emma gözleri ýumulmaýardy. Ol şo ýagdaýda ýene esli salym ejir çekip oturdy, aýaly hem ýene birki gezek gorka jyklady. Ahyry, jahan ýagtylyp başlanda telefon seslendi weli, Hekimow tisginip, böküp baryp trubkany göterdi, telefon sesine aýaly hem öýe kürsäp urdy. - Hekim, özüňmi? - Salowmaleýkim. Ata Ataýewiç! - Waleýkim. Sag-aman ördüňmi? - Ýagşy, Ata Ataýewiç. - Siz ýagşy bolsaňyz, bizem ýagşy. Gaýrat ediber. – Ataýew mylaýym sözledi – Ýubileý ýyly bolansoň bizem gyssaýarlar. Ähli güýji pagta sürgün. Ýekeje adamam ýolda-yzda görünmesin. Onsoň o meseläňi-de gijä goýman çöz. Raýispolkom öz milisiýasyna buýrup bilmän, näme işleýärmiş?! Umumanam, siziň şo Hudaýberdi Tahyrowyňyz gaty gowuşgynsyz. Salamlaşandan ýeňse damaryň gatalyp başlaýa. - Ata Ataýewiç, ony sizem tanaýan ekeniňiz-ow. - Işlemeýän adam tiz tanalýa. Ýerine gowuja oglan tap-da, ony bir ýere süýşürip goýber. Men bärde oblispolkoma tabşyryp goýaryn. Milisiýa naçalnigini-de raýondan çykarmasaň bolmaz. Umuman, berk dur. Ses çykmaz ýaly etmeli-dä. - Bolýa, Ata Ataýewiç. - Onsoňam bu zatlara güýmenen bolup pagta ösüşini peseldäýmegin. Şol ösüş saklanaýmalydyr. Soňra olar dürli hojalyk işleri hakda uzak gürrüňleşdiler. Hälden bäri Hekimowyň ýüz-gözündäki her bir owunjak üýtgeşmäni-de synlap duran aýaly hudaýa şükür edip çykyp gitdi. Az salymdan Hekimowam daşary çykdy. Töwerek ýagtylypdyr, imi-salalyk, diňe daşky aşhanada aýalynyň bir zatlar şakyrdadýany eşidilýär. «Hudaýa şükür. Bu gije-de geçdi». - Keýwany, çaýjagaz içmerismi? - Wah, çaýyňy bireýýäm demläp, basyryp goýupdym. Är-aýal öz sesleri bilen bir-birege düşünişdiler. «Howp sovuldy, dünýä düzeldi». Ýöne juwlap giden elli müň manat pul Hekimowyň ýadyndan çykjak gumany ýok. «Elli müň ahyry. Ýalpyldap duran üç maşyn bolýa. Bä-äý, naýynsabo-ow!» Ol elmydama gideren puluny, o pula nämeler satyn alyp boljagyny hasaplaýar, emma hazynasynda eýleden-beýleden gelýän pullary ümsüm gizlemek bilen bolýar. O pullaryň näçä ýetenini bilse-de, oňa nämeler satyn alyp boljagyny hiç-hiç hasaplamaýar, bardy-geldi hasaplan halatynda-da gaty azyrganyp hasaplaýar. Hekomow birki käse çaý içip, bir döwüm çöregem iýmän gyssanmaç turdy. Onuň bu günki işi ýetik. Ilki bilen prokuroryň düýnki eden işlerini diňlemeli, agşamky býuroda kimiň näme diýjegini, kime näme diýmelidigini maslahatlaşmaly. Meýdana-da aýlanmaly. «Gamçylamasaň – iş bitmez». | |
|
√ Bäşgyzyl -10: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Hakyň didary -6/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Atbaýrak: Ýylky çopan / romanyñ dowamy - 09.09.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -16: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -8: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Bäşgyzyl -2: romanyň dowamy - 12.09.2024 |
√ Gala / roman - 08.02.2024 |
√ Bäşgyzyl -17: romanyň dowamy - 23.10.2024 |
√ Dirilik suwy -26: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Hakyň didary -7/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |