• “Garakçylar kerwen görse begener” Kasym aeroportda Baýryny ugradyp, göni işine baka uçup gaýtdy. Ol iş otagyndaky eşik şkafynda Gammar başlykdan alyp galan diplomaty açyp, puly görenden ýylgyrdy. Eline alyp saldarlap gördi. “Gül ýaly. Bermeseler basyp almaly bolýarys-da”. Kasym puly el sumkasyna saldy, içindäki iýmiti Kolýa daýa goýdy-da özi öýüne baka maşynyny gaty sürüp gaýtdy. Кeýpi ýüz. “Daglar başy duman-duman, ýel gelýäle Bibijan”
Onuň öýünde ideal tertipliligiň barlygyny howlynyň derwezesinden giren her bir adam bada-bat duýýar. Ýeke bir tämizlik däl, eýsem tomusky tualet, wanna, kuhnýa, tapçan öz ornunda şeýle bir timarlanyp gurlupdyr welin, muny gören adam öz içinden «Tüweleme, aýna ýaly» diýenini duýman galýardy. Myhmana hozuň maňzy hödürlenýär. Kasym öz goly bilen nar suwuny sykyp berýär. Emma bu ýere myhman bolmakda iş bar! Bu öýde suwdan başlap palawa çenli ähli içgi-iýmitleriň şeýle tagamly-hümmetli bolmagynda aýaly Aýsoltanyň aýgytly täsiriniň barlygyny Kasym gowy bilse-de, muny hiç mahal aýalyna aýtmaýar. «Aýal halky öwgä çydamsyz bolar». Aýalyny özüne öwrenişdirmeýşi ýaly, çagalary bilen hem belli bir çäk saklaýar. Aslyýetinde hem, köp gepli bolmadyk Kasym öýünde gaharly dymmagy başarýar. Şeýle-de bolsa oňa çaga söýenok diýip hem boljak däl. Eger är-aýal häzirki depginde gitseler, ýene birküç ýyldan Aýsoltan gahryman ene bolmaly. Belki-de, Kasym öz ýetim-ýekeligine ahmyr edýänligi üçin şeýdýändir. Kämahal çaga dogurmak meselesine aýaly garşy boljak bolsa. Kasym halamaýar. «Çör bol, çöp bol – köp bol! Sen çaga dogurman näme işlejek? Düşünýämiň, çaga dogurmaýan aýal aždarha bolýar, onsoň ýöne ikiýana zäherini pürküp ýör. Maňa beýle aýal derkar däl». Maşgalada düşbi hem işeňňir ogullar, gyzlar ýetişýär.
Ynha, häzir hem ol maşyny derwezäniň gabadynda goýup, howla girenine mähetdel oglanlaryň biri derrew maşyn bilen meşgullanyp başlady.
Kasym ýeňil sport geýmini geýip howlynyň bir çetinde oturdylan tennis stoluna baka ugrady. «Aýsoltan, hany, oglanlaryň birini bäri ugrat?» Ol süllümbaý derleýänçä oýnaýardy. Çagalar onuň diňe oýun wagty ýüzüne şadyýanlyk ýaýraýanyny görüp bilýärdiler. Howa päsgel bermedik halatynda, ol pursaty elden bermän, tennis oýnaýardy. Ertirlerine welin, saba-säherde maşynjygyny münüp, şäheriň gündogaryndaky Aýnaköle barýardy. Kölüň baglyk kenaryny syryp geçýän asfalt ýolda dürli maşklar edensoň, süňňiýeňil ylgaýardy. Bu onuň ýaşaýyş kanunyna öwrülipdi hem-de hiç kim ony bu nyzamdan gol göterdip bilmejekdi. Kasym öz deň-duşlaryndan ýaş görnüşine, dynzap duran gujuryna öz ýanyndan buýsanýardy hem-de hakykatdan hem, ilkinji, elýetmez baýlyk hökmünde saglygyny goraglaýardy.
Kasym agşamlyk naharyny iýensoň myhman otagyna girdi. Giň otagyň boýuna, iki diwarda potologa çenli beýiklikde, dagdan agajyndan timarlanyp ýasalan tekjelerde kitaplar hatar-hatardy. Ol kitaba öňräkden bäri imrinýärdi hem-de neneňsi kitabyň nyrhy peselmejegini bilýärdi. Aşgabatdaky, Moskwadaky tanyş-bilişleriň arkasyndan kitap köküni alýardy. Özi welin, esasan, durmuş filosofiýasyny yzarlaýan eserleri ýetişdiginden okaýardy. «Medisinskaýa gazetany» sypdyranokdy. Umuman, kitapdan gürrüň çyksa, özüni kitaphon görkezerlik gurby ýetikdi. Häzir onuň golunda Magtymgulynyň galyň kitaby bardy.”Ol ýigitler görde ýagşy, Başy gowgaly bolmasa”
Romanlar