17:46 Duman daganda: Geçä jan gaýgy, gassaba ýag gaýgy | |
• Geçä jan gaýgy, gassaba ýag gaýgy Hekimow traktorçynyň awariýa düşmegini, onuň üstesine göwreli zenanyň ölümini hernäçe sowukganly kabul etjek bolsa-da bolmady. Böwri şo müňküldedi durdy. Sebäbi ol bu betbagtlyklaryň bolmagynda, ozaly bilen, öz günäsiniň känligini duýýardy. Eger gijesine pagta daşamaga buýruk bermedik bolsa, eger ýoldan geçeni şähere goýbermeli däl diýip buýruk bermedik bolsa, onda belki, beýle belalar başa inmese-de inmezdi. Emma buýruk bermese, pagta plany-da howp astyna düşüp barýar, beýleki raýonlaram ýetdim-ýetdim diýip eňişip gelýärler. Traktorçyly gürrüňi içgili ekeni diýip ýatyrsa-da bolýar, göwreli aýalyň gürrüňi ula gidäýmese. Şonam ýatyrsa bolar weli, şi obkoma, ýokardakylara bagly-da. Şugulçylaram bu habary dünýä ýaýradýandyrlar. «Dogurjagy jojuk ýaly çagadyr weli, uly ile melamat boldy-da». Hekimow şu gowgadan baş alyp çykmagyň alajyny gözläp, ýene raýon prokuroryny ýanyna çagyrdy. Prokuror o taýda näme diýiljegini kabinete girmänkä bilip gelýärdi. Hekomowam göni şo meseläň üstünden indi. - Ýagdaýy özüň bilýäň. Eger kanun bilen yzarlasalar kimiň üstünden düşerler? - Ilki ýolda duran milisineri gyssarlar. - Şo doňuz-da bar zady bulaşdyran. – Hekimow gaty paýyş sögündi. Onsoň olam gyssanjyna naçalnik Meredowy görkezer. Meredowam akyllyja bolsa-ha, men beýle buýruk beremok diýýäýmeli. Eger beýtmän raispolkomyň başlygyny ýa sizi görkezse, onda iş gaty bulaşýa. - Bulaşyklygy belli-le. Hany, sen Meredowyň agzyny ysgap gör. - Men siziň ýanyňyza gelmänkäm gepleşdim. - Hä? - Men buýruga görä buýruk berdim diýýä. - Haý, deýýus-eý. - Eger gaty gyssasalar göni obkoma bararyn diýýä. - Barmanjyk geçer. Obkoma barýança bili omurlaýmasa. Prokuror dymdy, emma Hekimow çykalga gözledi. - Hany, onda näme etmeli? - Siz näme diýseňiz şo bolar-da. - Men näme diýeýin?! Kanuny bilýän özüň. Çekipsüýndürip bir zat et-dä. - Onda şeýtmesek bolmaýa: milisioner-ä ýaňkyny aýdar. Biz onuň naçalnigini gysaja salmaly. Oňa: «Raýispolkomyň başlygy aýtdy» diýdirip bolsa, Hudaýberdi Tahyrowiç ýeke galar. Sizi görkezib-ä bilmez. - O her zat eder. - Edibersin. Rast, milisiýa raýispolkoma degişlimi – jogabyny-da raýispolkom bersin. Bu taýda raýkomyň dahyly ýog-a, siz syýasy ýolbaşçy, wessalam. - Tahyrow diýlen eňekdir. «Sen buýruk berdiň» diýip, tutup otursa nätmeli? - Beý diýse, onuň töhmet atdygy bolar. Öz günäňi başga birine ýöňkeme diýeris. Şu gijäniň özünde-de başlyklaryň gulagyny towlap, hersinden ýazmaça düşündiriş alaryn weli, Tahyrowyň gitjek ýeri bolmaz. Onsoň, Hekim Hekimowiç, býuro çlenlerem gol götermeli bolanda kimiň günäkärligini-däldigini seljererler ahyry. - Şeýle öz-ä. Onda erte agşam býuro çagyryň diýerin weli, sen ykjam dur. Ilki saňa söz bererin. – Bor, bor, Hekim Hekimowiç, ony oňarys. Prokuror gaýtmakçy bolup gozgananda jaň geldi. Trubkada Hudaýberdi Tahyrowyň gamgyn sesi eşidildi. – Hekim Hekimowiç, o traktorisimiz-ä jan beripdir. – Siziň bolşuňyz şi bolsa raýonyň ähli ilatyny gyryp gutararsyňyz... – Hekim Hekimowiç... – Size işleme-de geple diýýäýseň. Haçana çenli size her ädimiňizi salgy berip durmaly?! Öz kelläňizde şygyrdy ýok öýdýän. – Hekim Hekimowiç... - Gutar! Seň bilen aýratyn gepleşerin. – Hekimow trubkany bat bilen goýdy-da sarsman duran prokurora bakdy. «Ol-a ölüpdir weli, arzalaşyp ýörjek garyndaşy ýokdur-la?» «Arz edibersinler, indi kanuna ýapyşalgamyz bar». Prokuror gaýdanda eýýäm gijäniň birmahaly bolupdy. Az salymdan Hekimow hem assa ýöräp aşak düşüp barýarka, birden entirekläp gitdi. Ol ukusyzlykdan hem-de bu günki gowgadan ýaňa halys surnugypdy. Sag-aman öýe baryp läşini düşege atsa, uky derman içip öli ýaly ýatsa, başga armany ýok. Prokuroryň gürrüňi oňa az-kem ynjalyk berdi. Obkom bilen ýokardakylaram oňa goltgy beräýseler kem boljak däl. Onsoň dünýä düzüw diýäýse-de bolar. Hekimow maşynyň gapysyny şakyrdadyp açyp, şakyrdadyp ýapsa-da, Halyl şofýor öz oturgyjyny arkan ýazyp ýatyşyna oýanmady. «Halyl! Tur! Öýňüzde ýatarsyň». Halyl oýanmady. Hekimow golundaky papka bilen onuň ýeňsesine birki ýola şarpyldatdy weli oýandy. «Hany, çaltrak öýe sür!» Maşyn ýarym garaňky, ýarym ýagty, hiç bir jemendesiz köçelerden zymdyrylyp gidip, Hekimowyň öýüniň deňinde bat bilen durdy. «Ertir bäşde gelersiň». | |
|
√ Ojak - 2-nji kitap -13: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -11: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -21: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -23: romanyň dowamy - 08.11.2024 |
√ Duman daganda: Zäher gahardan ýasalýar - 01.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -9: romanyň dowamy - 05.06.2024 |
√ Gala -3: Är garrar, ar garramaz - 11.02.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap - 22: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Hakyň didary / roman - 28.02.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -6: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |