16:11 Duman daganda: Her gözeliň bir galasy, bir belasy bar | |
• Her gözeliň bir galasy, bir belasy bar Aýbibi öňküdenem has gözelleşýärdi, işleri hem şowuna düşüp barýardy. Muny özi ilden öň duýdy we buýsanjynyň çägi ýitdi. Özüniň gözelliginden özi lezzet alyp ganyp bilmedi. Aýbibi adamlar bilen gatnaşygynda uly tejribe toplaýardy, aýratyn hem erkekler bilen sözleşmekde ummasyz inçe syrlary açyp başlapdy. Şoňa görä Aýbibä erkekleriň ünsi kän düşýärdi. Munuň bolsa zenan üstünliginiň baş şertidigine işdeş aýallaryň käbiri beletdi, şoňa görä Aýbibä görübilmezçiligini gizläp bilmeýärdiler. Aýbibi şu ýagdaýy hem gözden salmaýardy. Ol erkekler bilen pynhan söhbetlerde şuny aýal syrlarynyň biri hökmünde aýdýardy. «Siziňki hezillik-le. Umuman hem durmuşda erkek adam bolup ýaşamak ýeňil. Erkekler birbirege aýallar ýaly göriplik edip duranoklar. Aýallar welin... goýaýgyn ýöne, özünden sähel beýikdigini duýdugy, edil gözünde oky bolsa atjakdyr. Rowaýatmy, nämemi, gürrüň berýäler: öňem iki jora şlýapa magazininde şlýapa satyn aljak bolup her gün gelip, ilki biri geýip, soň beýleki geýip «Gelişýämi-de, gelişýämi?» boluşýamyşlar. Şonda olar gelişýän bolsa gelşenok, gelişmeýän bolsa-da gelişýä diýýämişler. Ana, aýallar şeýle-dä». Ýa-da ýene bir rowaýaty gürrüň berýärdi: «Bir adada diňe aýallar ýaşaýamyş. Olar ada baran erkegi şobada daşlap öldüräýýämişler. Ahyry, bir ýeser erkek ada baryp-barmankadan: «Kim gelşiksiz bolsa şo daş zyňsyn» diýip aldygyna gygyryberipdir. Ýaňky erkegi nädendirler öýdýäň? Oňa ýekeje daşam atmandyrlar». Aýbibi bu rowaýatlary şeýle bir näzli owaz bilen gürrüň berýärdi welin, diňläp oturan kişi meýmiräp, Aýbibiniň mylaýym keşbini gözleri bilen ýuwdaýjak bolýardy. Adamlaryň şeýle teşneligini ogryn synlap, Aýbibi özüniň zenan bolup doglanyna, şeýle lezzet alybilşine buýsanýardy. Ol şeýle rowaýatlary aýtmak bilen dünýädäki ähli zenanlaryň syryny açandyryn öýdýärdi hem-de munuň deregine erkek syrlaryny bilmäge dyzaýardy. Aýallarda bilip-bilmez ýaly kän syr ýok, ähli syr erkekde hasap edýärdi. Aýbibi erkekleri synlap, guwanyp, doýup bilmeýärdi, her bir erkegi edil çaganyň göze oýunjagy yhlasly oýnaýşy ýaly, oýnasy gelýärdi. Onsoň Aýbibä duşan adamlar kähalatda özüniň adamlygyny hem unudar derejä baryp ýetýärdiler, köp-köp wakalary, kabinet syrlaryny açýardylar, aýal-erkek gatnaşygyna degişli şorta sözleri aýdýardylar. Bu şorta sözleriň köpüsini öň eşidenem bolsa, Aýbibi, ilkinji gezek eşidýän ýaly, jykyrdap gülýärdi. Aýbibi şeýle halatlarda erkegiň öňünde öz gadryny gaçyrman saklamagy başarýardy, garşylyk görkezen bolýady hem-de garşysynda oturan adam özüniň ilkinji we iň soňky duşuşýan adamy ýaly ýagdaý döretmäge ökdeläpdi. Ol özi hakda köp oýlanýardy hem-de iliň gözi düşjek ýerde erkek bilen bile durmaýardy, oňa derek kabinetde agzy haýal ereýän süýjülije rahat oturyşyna, telefonda bir sagatlap eljireşmegi kem görmeýärdi. Ýöne Aýbibi bilen şeýle elejireşmek üçin her bir duş gelen adam hukuk gazanybilmeýärdi, kim bilen gatnaşyk açmalydygyny Aýbibiniň özi ýalňyşsyz kesgitleýärdi. Ýöne soňky günler bir ýigit bu düzgünleriň baryny basgylap, Aýbibiden özge hiç kime üns bermän, hiç hili utanja-uýada orun goýman, ertir-agşam Aýbibini öýleriniň ýanynda, işe gelende-gidende garşylap-ugratjak bolup, bile ýöräsi gelip, gepleşesi gelip, günde on-on bäş gezek jaň edip başlady. O ýigide Mahmyt diýýärdiler, Aşgabatdaky söwda guramalarynyň biriniň başlygydy. Aýbibi bilen tanyşlygy hem gündizki seansdaky kinoda ýanaşyk oturmakdan başlandy. Kinodan çykanda Mahmyt: «Goňşy gurgunmysyňyz? Ýörüň biz bilen gideliň, öýňüze eltäýeris» diýip, gaty salykatly ýüzlendi. Aýbibi muňa bada-bat ynandy-da Mahmydyň gulluk maşynyna mündi. Şondan bäri hem Aýbibi oňa garşy bolýardy, Mahmydam barha yhlasly ýapyşýardy. Bir gezek dagy Aýbibi telefonda: «Sen meni unut, meni garşylama-da, ugratma-da. Meň bile işiň bolmasyn! Garyndaşlarym, işdeşlerim görse näme diýer?! Sen meni masgara edýäň» diýip gatyrgandy, şonda-da Mahmyt Aýbibiden el üzmedi. Eger Aýbibi maşyna münmän gidiberse, onda maşyn hem ýol bilen deňine tigirlenip gelýärdi. Bir gün 8-nji mart baramynyň öň ýany Mahmyt jaň edip bäş minutlyk daş çykmagy haýyş etdi. «Işim kän». «Gaýrat etsene, bäş minutda näme iş bitirilýär?» «Çynymy aýtsam, sen ýürege düşýäň». «Aýbibi, men senden diňe ýagşylyga garaşýan. Mende-de diňe ýagşy niýet baryny bildiresim gelýär. Sen maňa ters düşünme». Aýbibi belleşilen ýere göwünli-göwünsiz gelende Mahmyt maşyndan böküp çykdy-da zat dolangy kagyzy, aňyrsy görünýän şykyrdawuk kagyza dolangy bir çogmak güli Aýbibä uzadyp: «Baýramyň gutly bolsun, Bagtyýar bol» diýip sagbollaşdy. Şondan soň ep-esli günläp Mahmytdan habar bolmady. Soň bir gün ol jaň etdi, onuň owazynda damagy dolan adamyň gamgyn äheňi mese-mälim duýulýardy. «Aýbibi, bagyşla, men saňa diňe ýagşylyk edesim gelýär. Zyýany ýok, meni göresiň gelmese, görme, görüşjegem bolma. Ýöne, ynha, meniň boş maşynym bar, ertirine işe getirsin, agşamlyk islän ýeriňe alyp gitsin, gündizine-de haçan münesiň gelse şofýora aýdaý, maşyn diňe saňa hyzmat etsin. Men şuny ak ýürekden aýdýan, ynanaý. Onsoňam özüňe, ýa özgelere bir zat gerek bolsa, meniň bilen gepleşmeseň, çekinme-de şopuryma aýdaý. Gepiň gysgasy, men seniň gözüňe görnüp özümi ýigrendirmäýin, seniňem keýpiňi bozmaýyn. Kämahal jaň edip saglygyňy soraryn, maňa başga zat gerek däl». Aýbibi «Maňa-da zat gerekligi ýok» diýdi. Gürrüň şonuň bilen gutardy. Ýöne Mahmydyň şol äheňi Aýbibide birgeňsi ynjy döredip ugrady. Ertir-agşam özüne garaşýan maşyny görende, oňa münmän, deňinden tekepbir ýöräp geçip gidende her gezek şol ynjy artdy gitdi. Öz erkiniň tersine, Aýbibiniň Mahmyda nebsi agyryp başlady. Ahyry, ol bir gün işe gaýdanda öýleriniň beýle ýanynda garaşyp duran maşynyň deňinden geçip gidip bilmän, maşyna mündi. Irkilip oturan şofýor begençli bakdy... «Sizi işiňize elteýinmi ýa başga barjak ýeriňiz barmy?» «Işe barýadym». Işe ýakyn gelenlerinde şofýor ýene ýakymly dillendi. «Garaşaýynmy ýa gaýdybereýinmi?» «Gaýdyberiň». «Haçan geleýin». «Meniň üçin azara galmaň». Şofýor öňi-soňy iş wagty tamamlanmazdan öňünçä gelip uzak garaşdy. Ýöne Aýbibi, näme üçindir, görünmedi. Soň bir gezek Aýbibi ýene maşyna mündi we düşjek bolanda «Mahmyda salam aýdyň» diýip düşüp gitdi. Şofýor bu sözi eşidip Mahmyda buşlamaga eňdi. - Mahmyt, ol-a, ahyry, saňa salam iberdi. - Aý, ýog-a? Näme diýdi? Ýöne «Salam aýt» diýdimi? Meni oýnajak bolmaň, çynyňy aýt. - Çynym, men-ä begenjime göni ýanyňa gaýdyberdim. Mahmyt kreslodan düşüp, stoluň aňry çetinde duran şofýoryň ýanyna bardy, onuň gaýyş kurtkasynyň bilgeşlin galdyrylan ýakasyny sag eli bilen düzedip durşuna ýuwaş sözledi. - Onda nädeli diýsene? - hä. - Häzir sklada bar-da düýnki italýan köwüşleriň her reňkinden birini yzky oturgyja taşla. Indiki gezek münse görer. Aýagyna bolýanyny alsyn. Ýöne ýörite edilenini biläýmesin, bir sözjagaz taparsyňda. Umuman, gowy gyz-laý. Onsoňam-how, aňryma geçirýänçäm maşyna gyzyl-çyzyl mündüräýme. O gaty gabanjaň görünýä. - Ýok-la, o zatlary bilýän-le. - Bilseň, gidiber. Neme-läý, bir howlyny bir ýol bilen görkezip bolmazmyka? Ýa gerek dämi? - Howly aldy diýäýerin. - Aldy diýenden, düşünýämiň, görkezseň gowy-da. Aýal diýlen görmese ynanmaýa. Şo howlynyň lowurdap durşuny goräýse-hä. Aý, özüň bir alajyny tapjak bol! Gijara Aýbibi işden kellesi agyryp çykdy, ol indi endigine görä Mahmydyň maşynynyň garaşýan ýerine bakyp goýberdi. Garaşýar. Bardy-da maşynyň yzky gapysyny açyp mündi, şonda ol şu gün edarada aýallaryň agyz süýjüdip gürrüňini eden köwüşlerini gözi bilen gördi-de saklanyp bilmedi. - Waý, bi köwüşleriň enaýyjadygyny! - Göwnüňize ýarasa alaýyň. - Ýok-la. Birine niýetlenen zady alyp bolmaz. - Hiç kime-de niýetlenenok. Ýaňy sklada bardym-da, goňşy-golamlar köwüş diýip ýörensoň maşyna ataýdym. Alyň, alyň, sklad dolup ýatyr. - Şujagaz ülje reňkli gowuja eken. Bolmasa, men soň alaryn, birhili-dä. - Çekinmeseňiz-le. Nätdiňiz-ä muny, köwüşdir-dä. Aýbibi aýagyna laýyk gelýän ülje reňkli köwüşi özüne ýakyn çekip goýdy. Gapjygyny açyp «Näçe tölemeli?» diýdi. Entek bahasy belli däl. Onsoňam bary-ýogy geregiňiz bir köwüş bolsa, baha diýip durmak aýyp bolar. Siz hiç zady pikir etmäň-de, joraňyza-da alyň. Häzir şu köwüşler modada». «Onda soň bahasyny aýdarsyňyz-da». «Hökman däl-le. Ýöne siz gaty gyssanmaýan bolsaňyz, ýol ugruna bäş minut saklanyp geçmek işim bardy. Maşynyň yzyndaky ýeşşigi howluda goýup geçmeli». «Bolýa, bolýa. Näme menden soraýaňyz?! Maşyn özüňiziňki ahyryn». Şofýor baglyk hem imisala köçeleriň birinde bir howlynyň deňinde maşyny saklady. Böküp çykyp, maşynyň yzyndan bir ýaşigi göterip baryp gulpuny açyp howla girip gitdi. Yzy bilen öwrülip geldi-de, Aýbibiniň oturan tarapyndaky gapyny açyp: «Geliň täze howly görkezeýin» diýdi. Aýbibi ikirjiňlendi. «Çekinmäň, howluda Mahmyt ýok» diýip, şofýor ýakymly ýylgyrdy. Aýbibi howlyny, birkemsiz gurlan jaýlary geňirgenip synlady. - Mahmyt täze satyn aldy. - Näçä aldy? - Puluny soramaweriň, howlular gaty gymmatlady. Ýöne muň ýaly gowy howly Aşgabatda seýrekdir. - Tutarlar diýip gorkmaýarmy? Şofýor ýylgyrdy. - Tutulybermek bolarmy? Gowşak kişiler tutulýa. Bölüşmän, diňe özi iýýänleri tutýalar. Mahmyt o zatlara ökde ýigit. Onsoňam ol gaty okumyş, kanuny gowy bilýä. Oglanlygam gül ýaly, hiç kimiň garşysyna gitmeýä, şoňa görä onda duşman-da ýok, gaýta hemmeler «Mahmyt» diýişip gowy görýärler. - A siz maňa ynanýaňyzmy? Birden men Mahmydy ýamanlaýsam? - Bi mümkin däl. Birinjiden-ä, siz hiç kime ýamanlyk etmersiňiz, sebäbi ýüregiňiziň päkligi görnüp dur, onsoňam, bardy-geldi sizi muňa mejbur edäýenlerinde-de Mahmytda müň çykalga bar, müň dosty bar. Mahmyt bilen şafýoryň bu öwrümleri Aýbibiniň göwnünden turdy. - Görýän welin, siz Mahmyda şofýorlykdan başga-da aýrylmaz dost öýdýän. - Biz Mahmyt bilen hiç mahal dostluk hakda gürrüň eden däldiris, ýöne bizi bir-birekden aýyrmak, öwünmäýin welin, diňe Ezraýyla başartmagy mümkin. Bu sözleriň aýdylyş äheňi hem Aýbibä ýarady. - Şo gowy-da. Şofýor şo gezek Aýbibini pugta synlap, Aýbibiniň ähli hereketlerini, aýdan sözlerini Mahmyda jikme-jik aýdyp berdi. Şondan soň Mahmyt az-kem ynjaldy, ýöne öňi-soňy seresaplygy unutmady. Ara uzak wagt düşmänkä, Mahmyt Aýbibi bilen telefonda arkaýyn gürleşip başlady. Aýbibi indi göwünjeň sözleşýärdi, sesindäki ýat adam bilen sözleşýän ýaly äheň ýitip gitdi, hat-da ulag gerek bolsa ýa gyt haryt islese, özi hem jaň edip başlady. Aýbibi Mahmydyň bu gün bolmasa-da ertir söz aýtjagyny, şoňa hyýal edýänini, Mahmydyň bu erjelliginden onuň ýöne bir keýp üçin däl-de, ondan has aňyrrakdaky niýetiniň bardygyny – öýlenmekçidigini jyn ýaly duýýardy. Şonda näme jogap berjegini oýlanýardy. | |
|
√ Dirilik suwy -9: romanyň dowamy - 05.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -16: romanyň soňy - 08.06.2024 |
√ Duman daganda: Ýalňyşdygyň-öldügiňdir - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -22: romanyň dowamy - 08.11.2024 |
√ Duman daganda: Her gözeliň bir galasy, bir belasy bar - 16.06.2024 |
√ Atbaýrak: Ýylky çopan - 09.09.2024 |
√ Duman daganda: Haram harama gider - 22.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap - 28: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -21: romanyň dowamy - 21.05.2024 |
√ Dirilik suwy -15: romanyň dowamy - 15.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |