14:50 Duman daganda: Peýdasyz perişde kime derkar!? | |
• Peýdasyz perişde kime derkar!? Kasym maşynly Aýnaköle gitdi. Hemişeki gür ýylgynly buky ýerde maşyny goýdy. Töweregiň imisalalygyna diň saldy. Az salymdan maşynkada atsyz arza ýazyp başlady: - Raýonda birinji sekretar haýwany ynsandan ileri görýär. Adamlaryň saglygyna degişli bir ýygnagam geçirmeýär, emma aýda bir gezek mallaryň ýagdaýy hakda ýygnak geçirýär. Arak zawody tizden tiz guruldy, emma keselhana gurmak hakda alada edilenok. Aýallar öýde dogrup başladylar. Kadrlara orun berilmeýär. Işgärler ýaşar ýaly öý gözläp howluly adamlaryň aýak ujunda gurlan hütdüklerde pul baryny döküp ýaşaýarlar. Raýonda adalatyň ady ýitdi. Hekimow ähli wezipelere öz adamlaryny goýuşdyrdy. Wezipe gerek bolsa Söwda guramasynyň başlygy Bäşim Gylyjowyň ýanyna baraýmaly.Her wezipäniň öz nyrhy bar. Oba hojalygynda galplykdan başga iş edilmeýär. Derňewçiler dogrusyny ýazjak bolsa, dişine kakylýar. Onsoň olaram berilen parany alyp gaçmak bilen bolýar… Kasym Kulyýewiç zatlaryny ýygnaşdyrdy. Polietilen haltanyň agzyny pugta düýrläp daňdy-da alan çukuryna eltip goýup, ýene üstüne ýaprak, pür sürdi. Ol: “Şeýle arzalar suwy bulandyrmak üçin gerek” diýip oýlanýar. Maşynyna tiz münüp, Aýbibi bilen oturan ýerine bardy. Töwerege göz aýlady. Uly ýylgynyň ýazgyn saýasy Kasym Kulyýewiçe mähriban göründi, onsoň ol başyny rula goýdy-da gözlerini ýumup, Aýbibi bilen elejireşen pursatlaryny ýaňadan ýatlady. «Men ömrümde näçe aýal gördüm weli, Aýbibi ýalysyna duşmadym». Päheý, Kasym han! Saňa ömür bir gezek berilýär, onam göwnüň isleýşiçe ýaşamajak bolsaň, sendenem erkek bolarmy?! Bir gezek doguldyň, Dünýäni bir gezek sürmeli. Puluň barmy – bar, dostuň barmy – bar! Başga saňa näme gerek?! Aşgabada git-de Aýbibini bal içen ýaly, ezip içip gaýt. Hiç mahal, hiç kimden ruhuň pes bolmasyn. Adamy ýaşadýan onuň ruhudyr, dogtor bolup, sen bu zatlary unutmaly däl ahyry. Kasym şeýle iç gepledip öz göwnüne goltgy berse-de, öňi-soňy özüniň söwda işgäri däldigine öňki kemsinmesi ýitmeýärdi. Ýogsa, uly ogly Mahmyt birki günlükde jaň edende, Aşgabatdaky söwda guramalarynyň birini eýeländigini buşlapdy. «Söwdagärler, kimi nämäni satyn alaslary gelse-de alýarlar. Hanha, Bäşim Gylyjow, ýüzi maşyn basan konserwa gapyrjagy ýaly welin, Hekim Hekimowiçi top oýnan ýaly oýnap bilýär. Zy-ýa-a-ny ýo-o-ok, ahyry döwran gola geler welin, gijräk gelermikä öýdüp gorkýan». Kasym Kulyýewiç ertirden gijä goýman Aşgabada gitmeli diýen netijä geldi. Agşamlyk ol ýene kolhoz başlygy Gammara jaň etdi-de çopanyň sözünde durubiljegini-durubilmejegini, diline bekligini anyklady. Gammar: «Sen o çopany tanamaýaň, çopan bolsa-da ýolbarslaryň çopanydyr» diýdi. Kasym Kulyýewiç şondan soň Aşgabatda kimleri görmelidigini, kimiň öýüne barmalydygyny ýatlady, ol kimiň aýalynyň neneňsi zat eltseň hoş bolýanyny ýaşgy bilýärdi, kime neneňsi sowgatjyk eltmelidigini ölçäp-biçdi-de bloknotyna belledi. Iň soňundan Aýbibiniň adyny ýazdy. Aşgabatdaky tanyşlaryň birküçüsine jaň edip, Aşgabat täzeliklerini, näme gep-gürrüň barlygyny, kimiň haýsy wezipä geçenini-geçmänini bildi. Soňra bolsa ertir barşyna görmeli adamlaryň ýagdaýyny, öňki iş ýerindeligini has anyk bilmek üçin olaryň atlaryny agzap, görünmeýändiklerini aýdyp, olara hem salam aýdyň» diýdi. Onsoň, edil garaşyşy ýaly, ol adamlaryňam sag-aman işleşip ýörenini eşidip ynjaldy. * * * Kasymyň bu gezek Aşgabada gelşi öňkülerinden has dabaraly boldy. Ol öz maşynyny hemem ullakan «Tiz kömek» maşynyny garrygyz gawunlardan, şekerli narlardan ýegşerdip gelşine Dosentiňkä geldi, onuň şäher etegindäki daçasynyň açaryny aldy. Maşynyň ýüküni hem şo taýda ýeňletdi-de, galan ýüki aýratynlykda her kimiňkä eltip başlady. Mährem keşpli, mylaýym owazly Kasymy görenler eräp başlaýardy. Biriniň aýalyna modaly köwüşi sowgat berdi, ýene birine ondatra telpek eltdi, başga birne hrustal berdi. «Çagalaň ejesi size bir kiçijik sowgatjyk iberipdi». «Nämä gerekdi diýseňiz-le?! Wah, azara galmaly däl ekeniňiz». Kasymyň bu ugurda goldanýan bir rowaýaty bardy, ol bu rowaýaty hakykatdan ileri tutýardy. Ynha ol rowaýat: Ýere-göge hökmi ýörän Süleýmanyň ýanyna iki kişi dawalaşyp gelipdir. Olaryň hersi özüniňkini dogry hasaplap, garşydaşynyň hereketini ýazgarýan deliller aýdýamyşlar. Süleýman tagtynda oturşyna bulary uzak diňläpdir hem pugta synlapdyr, ahyry, bir dawagäriň golunda gyzaryp görünýän alma gözi düşýär. Dawagär «Almany saňa berjek» diýen yşarat edýär welin, Süleýman almaly kişiniň aýdanyna hak-u nähat dogry diýesi gelýär. «Süleýman! Ýere-göge hökmüň ýöreýärkä, bu nä boluş?!» diýip, muňa Süleýmanyň özi geň galýar. Ýöne, öňi-soňy garşy gidip bilmän, şol almaly kişiniň aýdanyna dogry diýesi gelip dur. Kasym Dosentiň daçasynda ýaşap başlady. Gündizlerine basyrynyp ýatdy, agşamlaryna bolsa ýoldaşlaryny üýşürip, uzak gijäni şatlyk-şşagalaňly geçirdi. Her gün gijara bir ýeňil maşyn gelýärdi. Iki kişi ondan ýüklerini düşürip, derrew gazan atarýardylar, çişlik üçin ojar owradýardylar. Olar öz ogluny öýlendirýän ýaly şeýle göwünjeň ylgaşyp işleýärdiler. Olaryň ikisi hem sakgally, gadymy biçüwli türkmen balaklydy, başlarynda ütülen towşan telpekleri bardy. Ýaşy hem, aňry gitse, ýaňy kyrkdan geçipdi. Olar işleri ýeňledensoň, gyssanman täret kylyp, namaz okaýardylar. Az salymdan myhmanlar gelip başlaýardy. Olaryň köpüsi gaty şadyýan adamlardy we gözleri gaty ýeser oýnaklaýardy.Daçanyň howlusyndan girenlerinde ilki sakgally kişiler bilen iki elläp salamlaşýardylar, göz gyýtagyny gazanlaryň duran ýerine aýlap goýberýärler. «Bu gün nähili nahar bişirýärkäler?» «Bagyr-öýken bişýämi?» diýip soraşýarlar. «Bu gezekki soýan çebişimiz bagyr-öýkensiz eken» diýip sakgally kişiler degişen bolýardylar. Bir sözläp, iki gülmäni öwrenen adamlar bu söze hezil edinişip gülüşýärler. Az-kem ýöräp, az-kem durup sözleşip, ahyry, hoz agajynyň saýasynda ýazylan düşege barýarlar. Düşege ilki bilen Dosent geçýär. Oňa hakykatda Baky Ilmyradow diýilýär. Ol indi birnäçe ýyl bäri medisina institunynyň kabul ediş komissiýasyna başlyklyk edýär. Gaty ýokary orunlarda oturan dostlaryna buýsanyp ýaşaýar. Dosent özüni şeýle bir ýagdaýda goýmagy başarday welin, indi oňa dişi geçýän adam seýrekdi. Özüni baky rüstem hasaplaýanyny onuň haýal gyrpylýan gözleri aýdyp durdy. Kasym onuň göwnünden turýan az sanly adamyň biridi. Häzir Dosent öz daçasynda bolsa-da beýlekileriň «Geliň, geçiň» diýmesini diňläp, özi ilki bilen düşegiň törüne geçdi. Umuman hem, bu oturylşyga gelenleriň ählisi Dosentiň hökmürowanlygyna kaýyl adamlardy. Dosentiň yz ýanyndan sowda ministriniň orunbasary düşege geçdi. Onuň orunbasarlyga geçmeginde Dosentiň roly güýçli boldy. Uly ogly Mahmyt söwda institutyny tamamlanda, Kasym ony şu orunbasaryň ýanyna eltip: «Şuny adam et» diýip tabşyryp gaýdypdy. Häzir orunbasar şeýle bir mysapyrsyrap, Dosentiň ýanynda ýygrylyp otyrdy. Ol oturylyşygyň başyndan aýagyna çenli geplemän oturar, kämahal Dosentiň gulagyna bir zatjagaz pyşyrdar, Dosent şonda orunbasara tarap başyny sähel egip, gözlerini gyrpman giň açyp, çeýnemesini kesip diňlär, soňundan makullaýjy baş atar. Myhmanlaryň iň ýaşy, ot ýaly syçrap duran ýigit düşege geçip barýar. Deň-duşlary oňa «Basmaç» diýýärler. Basmaç gaty ynamdar ýöräp, Dosentiň sag çetinde ornaşdy. Dosent oňa mylaýym bakyp ýuwaşja «Injigim, molodysdyr-la» diýdi-de sag aýasyny açyp sähel uzatdy welin, Basmaç Dosent nämäni göz öňünde tutýanyna şobada düşünip ýylgyrdy-da: «Agam, biziň başarýan işimiz bolsa, gürrüňi bolmaz» diýip bäşi kakdy. Kasym Kulyýewiç Dosentiň Basmaçy ne sebäpden halaýanyny, olaryň neneňsi oýun edýänlerini öňden bäri bilesi gelýärdi, ýöne göz ýetiribilmän kösenýärdi. Şol dumanlylyk hem Basmaçyň abraýyny göterýärdi. Dosentiň çagyrylan oturlyşygyna, köplenç, Basmaç hem çagyrylýardy. Üstesine, Basmaç täze-täze şorta sözleri artistlerçe ussat aýdýany üçin hem bu mähelläniň göwnüne siňip gidipdi. Onuň gaty timarly geýnişine-de köpleriň gözi gidýärdi. Düşege örän daýaw hem geplemsek bir kişi geçip, barşyna Basmaçyň ýanynda çökdi. Onuň ady Toýhandy. Toýhan içegenligi sebäpli birmahallar wezipeden zyňylan wraçdy, ýöne ylmy makalalar, dissertasiýalar ýazmaga, redaktirlemäge türgendi, ýogsa özi ylymlaryň kandidaty hem däldi, ylmy ady hem ýokdy. Bir ylmy-barlag institutynda ýönekeýje ylmy işgärdi. Birmahallar Kasym Kulyýewiç kandidatlyk dissertasyýasyny ýazýarka, Toýhanyň zehinini sygyr sagan ýaly, sagypdy. Dosent bolsa heniz-henizlerem onuň boýnuna münüp ýördi. Dogan-garyndaşsyz, maşgalasyz Toýhanyň arakdan özge hemdemi ýokdy. Ol: «Altmyş manadym bar, barysy-da ýüzlük» diýýänlerdendi. Başga bir göýdüjek adam Toýhanyň söbügini basyp barýar. Ol hiç kimi tanamaýan ýaly, adamlaryň ýüzüne çiňňerilip-çiňňerilip garaýar, salamlaşanda sessiz, ýöne goluny uzadaýýar. Soň hem onuň geplänini eşiden ýok. Ol şeýle bir göze görünmän oturybilýär welin hatda edil alkymynda oturanlaram onuň barlygyny känbir saýgaryp bilenoklar. Ol respublikan gazetde habarçy bolup işleýär, adyna-da Nury möjek diýýärler. Nury möjek ummasyz köp adamy tanaýar, özem ol adamlar hakda gaty ownuk maglumatlara çenli bilip bilýärdi. Hut şo häsiýeti üçinem möjek lakamyna mynasyp bolupdy. Dosentem, Kasym Kulyýewem biriniň uly wezipä bellenenini eşitdikleri Nury möjege jaň edýärdiler. Onsoň Nury möjek o kişiniň nirede doglanyny, haýsy ýerlerde, kimler bilen okanyny, neneňsi işlerde işlänini, wezipä geçmekde kimleriň kömek edenini, onuň gezýän aýalynyň barlygyny-ýoklugyny, häzir nirede ýaşaýanyny, häsiýetiniň gowşak taraplaryny, ýene-de şuňa meňzeşleri aýdyp berýärdi. Eger bilmeýän bolsa-da birki gün içinde şeýle maglumatlar bilen kellesini dykyp doldurýardy. Şoňa görä Dosentem, Kasym Kulyýewiçem maglumat çeşmesi hökmünde, Nury möjegiň goldan gitmegini islemän, onuň bilen mydamalyk garynja gatnawyny saklaýardylar. Wagtal-wagtal şunuň ýaly oturylyşyklara çagyryp, arakdan julkuny çykaryp goýberýärdiler. Düşege geçýänleriň arasynda prokuratura işgärlerindenem ikisi bardy. Olar baryp-ha studentlik ýyllarynda Kasym Kulyýewiç bilen gaty çöregi bölüşen adamlardy. Olar Kasymy gowy görýärdiler, onuň birküç ýumşuny hem bitiripdiler, hut ýaňy-ýakynda bolsa Dosentiň tirýek bilen gola düşen oglunyň aman sypmagynda-da bu iki kişiniň görünmeýän goly bardy. Düşegiň gyrasynda Howa Yollary edarasynyň formasynda biri otyr. Oňa Süren diýilýärdi. Süreniň, bir görseň hiç mahal ýadyňdan çykmajak, maňlaýyny iki ýaryp duran uly burny bardy. Ol özüne geňirgenip bakanlara: «Burnum bile işiň bolmasyn» diýip ýylgyrýardy. «Mende burun ýok, mänä ýemşik diýilýä. Burun görmekçi bolsaňyz biziň atamyzy görüň. Pah, pah, pah. Süren gyssanan wagtyň samolýota bilet tapyp berýänligi bilen tanalýardy. Özem ýumşuňy hiç bir minnetsiz bitirýärdi, özüne ýumuş buýranyň üçin saňa ýumuş buýrup üzlüşesi gelýänlerden däldi. Ol diňe bir gezejik Dosente ýüz tutdy. Haýyş bitirilende Süreniň gyzy medinstitutda okap başlady. Oturylyşyga gelenleriň ýene biri – uzyn boýly, norka telpegini maňlaýyna basybrak geýen kişi öz boluşundan beter gabarylyp otyrdy. Onuň alkymynda, goltuklarynda we kalbynda ummasyz ýel barlygy bir göreňde aňylýardy. Bu kişi Kowboý lakamlydy. Özem Aman Garajaýewiçiň maşynyny sürýärdi. Garajaýew ony öz oglundan ileri görýärdi. Ogluna ynanyp bilmejek, ynanyp bolmajak syrlary Kowboýa ynanýardy. Onsoň öz gezeginde Kowboýyňam uly-kiçi haýyşlaryny boş goýmaýardy. Kasym Aşgabatda işleýärkä, Kowboýyň aýaly ýarawsyzlyk tapyp keselhana düşende tanşyp galypdy. Soňra ony kem-kem özüne öwrenişdirip, Dosent bilen tanyşdyryp, beýleki oglanlar bilen baglanyşdyryp, şeýlelik bilenem öz toparyna goşup goýberipdi. Kasym Kowboýa heniz hiç hili ýumuş buýrmandy. Ony gaty gyssanan, aljyran ýagdaýy üçin aýap ýördi. Nahar çekilip başlanmanka, ýene bir kişi daçanyň gapysyndan girdi. Ol çagyrylmasa-da, Kasymyň şu taýda üýşmeleň edýänini aňyp gelipdi. Ol sähel yranyp, gazan başyndakylar bilen salamlaşyp-sözleşip uzak eglendi welin, Kasym ony görüp tiz geldi. Gelşine yhlasly salamlaşdy-da, myhmanyň elleşen goluny goýbermän, emaý bilen gapa tarap çekip ýöredi. - Nemeläý, o taýda seniň tanaýan adamyň ýok-laý. Men sizi ýörite çagyraýyn diýip ýörün. Hany, bäri gel bakaly. - Kasymjan, meni gapa tarap çekeňden, göni: «Bar git!» diýäý-ho-ow. Men indi şo derejä bardymmy?! - Ýak senem-äý, mydama menden närazy-how sen. Senden gowy dostuň ýüzüne köz degsin weli... - Hä-ä? - O taýdakylaryň (Kasym oturylyşykdakylaryň gülküsi gelýän tarapa goluny uzadyp goýberdi hem-de olaryň bärden görünmeýänine şükür etdi) köpüsi ýaşajyk gyzlar ho-ow, oglum dost-ýarlaryny üýşürdi. - Ýok-laý, men piýan däl-how, Dosentiň sesi şu-ýä. - Ýak senem-äý, maňa müňkürlik edýäň-ow. - Onda ýaşlary bir gutlap gaýdaýyn, munça ýol söküp gelibem gutlaman gaýtsam gaty görerler. Wa-ap-şe, adamçylyk gerek ho-ow. Kasym öňi-soňy ony goýbermedi-de ojagyň başyndakylaryň birini çagyrdy. - Çýorny, hany bäri gel. - Agam, ne hyzmat? - Hany derrew iki çüýşe agyndan getir, ýany bilen garbanar ýalam bir zatlary kagyza dola. Çýornyý şobada öňürdikläp gitdi. Myhman kişi sähel pessaýlady welin, Kasym rahat owazda gürrüňi başga ugra sowup başlady. - Hany, onsoň umumy ýagdaýlar gowumy? Pendi illerine barmaýaňyz-ow? - Çagyrdyň-da barmadykmy? Nähili gürrüň edýäň-äý?! - Indiki ýyl ogul öýerjek. Ýörite gelip alyp giderin. Toýa ýaşulylyk edip bergin. Bir hepdeläp köneler bolup bir şagal mesligini edeliň. - Işalla, saglyk bolsa. Çýornyý ýetip geldi. Kasym beýle ýandaky boş ýaşigi dünderdi-de üstüne kagyz ýazyp, iýgi-içgini goýdy. Bir çüýşeden aragy iki bulgura deňläp guýup, galanjasyny ýene bir bulgura sarkyrdy. Myhmana, Çorna doly bulgurlary uzatdy, özi üçünji bulgury aldy-da sözläp başlady. - Hany, ýaşuly, seniň saglygyňa. Başyň mydama dik bolsun, ile eden ýagşylygyň müň bolup gaýdyp gelsin. - Molodys! Kasymjan tap bilendir. Kasym şol arada Çýorna pyşyrdady: «Ýoldaşyň şi ýaşulyny derrew öýüne taşlap gaýtsyn». «Bolýa, agam, bolýa». Az salymdan maşyn götinläp gelip, bularyň edil ýanynda duranda Kasym Kulyýewiç galan bir çüýşe aragy towuk eti bilen bile kagyza dolady-da myhmanyň goltugyna dykdy. Myhman: «Ýok, ýok, gül ýaly. Ynha ýaşuly, maşyn-a geldi. Onda, näme, sag bolmaşak». Kasym myhmanyň uzatmadyk goluny çep eli bilen çekip aldy-da sag goly bilen berk gysyp, maşyna tarap çekdi. Myhmanyň düşnüksiz wazzyklamasyna bakman, maşyna südürläp diýen ýaly dykdy. Gapyny ýapanyna mähetdel maşyn tozan turzup, göterilip gitdi. Çýornynyň: «Ýaşuly, kim-äý ol?» diýmesine Kasym Kulyýewiç gaty paýyş sogündi-de: «Äý, bir gezip ýören alkaş-laý. Birmahal biziň ministrligimizde orunbasardy. It kowan ýaly kowup goýberdiler» diýdi. «Kowulansoň kowandyr-la» diýip Çornyý oýlandy. Hawa, ýaňky myhman birmahallar orunbasardy, o döwürler Kasym oňa köp-köp gezekler nahar beripdi, araga çümdürip çykarypdy. Onuň üsti bilen iş baryny bitiripdi. Häzir welin, Kasym o myhmany ugradyp, uludan dem aldy. «Bolsa-da gidäýd-äý. Bolmasa oturylyşygy bulamak bulan ýaly bulardy». Ynha, Kasymyň oturylyşyklarynyň birine gelen adamlar şeýleräkdi. Soňra nahar başynyň mesawy söhbeti arak paýlanýança dowam edýär, arak içişlik başlanansoň, gürrüňler has içginleşýär. Özüni köp zatdan habarly görkezmek ýaryşy başlanýar. Söhbet gyza-gyza gürrüňiň örüsi giňeýär, has anyk jikme-jikliklere çenli orta taşlanýar. - Pylany Pynanyýewiçiň ýüzi salyk welin, aýrylýa diýilýäni çyn öýdýän. - Ýok-la, ol aýrylsa gaty köp kişi öz orunjygyny taşlamaly bolar, şonuň üçin ony, baý, ýerli-ýerden goldaýarlar-a. - O-how, şi Iksem bir bölüme orunbasar bolup, dikgeren bolýa welin jynym atlanýa. Biziňkä gelip, «Bir üçlüjek goýaweri, jan mugallym» diýip, ýalbarar ýörerdi. - Sen Iksi tanaňok. Omy?! Ol ýylana awy beren deýýus-a. Ýer astyndan ýöreýä. Brigadiriň aýaljygynyň ýüregini şo deýýus elinde oýnap ýör-dä. - Bilmän bir zat aýtmazlar. Bu meselede gözüň bilen görmeseň, hiç-hiç ynanmazlar. Hemmeler wakyrdaşyp gülüşýärler, şo mahal hyzmat edýän sakgallylaryň biri düzüm-düzüm çişlik getirýär, öýdäkileriň näme hakda gürleşýändiklerini eşitmese-de, ol hem gülüp çişlik paýlaýar. Oňa «Çornyý» diýip ýüzlenýärler, onuň çişligini öwýärler. «Hany Tejen çaýyny getirsene» diýip göz gypýarlar, olam her kime gowy jogap tapyp çykyp gidýär. Az salymdan uly çäýnegi getirýär-de, göni Dosentiň öňünde goýýar. Kasym Çýornynyň kime, neneňsi hyzmat etmelidigini bilşine haýran galýar. Gürrüň köşeşmeýär. - Bilýän bolsaňyz, arada Igrek maňa badak atjak boldy. Şobada Ýolbarsa duýduryp ýetişdim. Ýaňkyny ýanyna çagyryp, şeýle bir çeýnäpdir welin, Igrek indi meni görse, guýrugyny ýamzyna gysaýýar. - Ýolbars şo wezipede uzagrak oturawersin. - Ýolbars zor-la. Indi on üç ýyl bäri şo taýda otyr. Işlände gaty zor işleýä. Dynç alasy gelende-de gidesi gelen ýerine gidýär. Bir gezek dagy: «Men pylan ýere gitdim» diýip kömekçisine duýdurdy-da, meň bilen göni awa gaýdyberdi, uzyn günümizi ýekegapan awlap geçirdik. Ine, o şoň ýaly zor oglan, molodys. - Aý, dünýäniň geçerini bilýän bolsa, akylly diýmeli. - Ýolbarsyň bir gezek Moskwa gidişini gördüm, baý-bä-ä-ä. Bu kişiniň zorlugyny! Poýeziň bir küpesini satyn alyp, içini diňe garrygyzdan dolduryp, şopyry bile ugratdy, özi bolsa samolýotda uçdy gitdi. - Dikgije-de prorektor boljak bolup dyzaýar diýýäler. - Iki sany milisioner inisi barka, Dikgije bolmasa kim bolsun?! - Öňki prorektory nädýäler? - Ony bireýýäm kakyp düşürdiler. Ol biçäräniň ýigrimi ýaşly ogly kyrk ýaşly bir aýaly zorlapdyr. - Päheý, zaluwat, şu aýalyň bolçulygynda zorluk nämä gerek diýsene?! Gaýta, şu mahal ahmal galsaň, aýallar erkekleri zorlajak. - Aýal biçärejiklerem nätsin, ärleri arakdan başga zada göz galdyrmasa, olaram janly zat ahyry, bir zat edip gün görmeli-dä. - Ýeri, ärlileriň äri şeýle diýeli, Häzir durmuşa çykmadyk ýaş gyzlar gözi bilen zorlaýjak bolýa, oňa näme diýjek? - Wah, şol ýaly gözi bilen zorlaýanjalara meni salgy bersene, edil ýöne mesge ýuwdan ýaly edäýerin. - Aý, entekler gola düşenje awy sypdyrmarys-la. Sen ýene on-on bäş ýyl dagy garaşmaly bolarmykaň diýýän. Kasym umumy gürrüňe meçew berýär, ýalan-çyn gürrüňleri makullaýar, oturylyşygyň tamadasyna «Hany, bulgurlar boş dur, bir zatjagazlar guýuşdyr» diýip, garşy-garşy gyssaýar. Umuman hem, Kasym oturylyşyklarda az gürleýär,diňe gülkünç wakalar, anekdotlar aýdyşýar. Özgeleriň wezipe hakda, ol-bi adamlar hakda açyk gürrüňlerini yhlasly diňleýär, öz pikirini welin, gaty gizlin saklaýar, gönümel soraglara sypjyk dumanly jogap bermegi başarýar. Eger Kasyma Güni görkezip: «Şol Günmi, Aýmy?» diýseň, ol gönüsini aýtmajak bolup, «Men bu ýerli däl» diýip jogap berjeklerdendi. Ol bu adamlaryň ýanynda özüni baý tutum görkezýärdi, sebäbi olaryň neneňsi adamlar bilen yhlasly gatnaşyp, ýakyn hyzmatdaşlyk edýändiklerini ýagşy bilýärdi. Ortada goýlan kiçijik gapdaky gara işbil azalanda Kasym şol gaby Çýorna görkezip: «Şuny aýyr-da gaba köpräk salyp gel» diýdi. Kasymyň muny ne maksat bilen aýdýanyny şobada duýýan Çýornyý täze gaby gara işbilden tümmekläp getirende beýleki elinde iki kilogramlyk işbilli banka hem bardy. Ol işbilli gaplaryň üstüne ýene işbil salyşdyryp çykdy. Soňra Kasymyň ýanyna baryp: «Palaw çekelimi?» diýip, beýlekiler eşider ýaly sözledi. Kasym bolsa Dosente soragly garady welin, ol agzy nar dänesinden doly ýagdaýda «Bolar, bolar» diýip baş atdy. Içgili-de bolsa töwerekdäkileriň akly gözündedi, Kasymyň bu üýşmeleňinden bir many aňjak bolýardylar: instituta işe giräýjekmikä, başga birini işe süsdürmegem mümkin, abiturientli meselesi barmyka? Olar bu oturylyşyklaryň ne sebäpden guralýanyny bilmeseler-de, bir-birekden hem soramaýardylar, öňi-soňy bu dabaralaryň ýönelige däldigini weli ýagşy bilýärdiler. Çagyrylansoň tabynlyk bilen gelýärdiler, bol iýip-içýärdileer, «haýyş bilen ýüz tutsa hem görübereris-dä» diýip oýlanýardylar. Bu oturylyşyklarda adamlaryň: «Kasym Aşgabatdan gidensoň neneňsikä? Özüni oňarýamyka/ Bergi-borja batyp galdymyka ýa birnemejik maýa topladymyka?» diýip oýlanýandyklaryny, özüni siňňin synlaýandyklaryny Kasym ýagşy bilýärdi, şoňa görä-de her sözünde, her bir hereketinde çuslugy elden bermezlige çalyşýardy. Hiç mahal irkilmeýän ýatkeşligi bu işde oňa goltgy berýärdi. Ol Türkmenistanyň uly-uly edaralarynyň adyny, ýerleşýän ýerini, olara häzirki wagtda kimiň ýolbaşçylyk edýänini ýalňyşman aýdyp bilýärdi. Onsoň gürrüň arasynda bir edaranyň ady agzaldygy, Kasym: «Hä-ä, ol Wasiliý Iwanowiçiň edarasydyr» ýa-da: «Ol edaraň hojaýynyna Gurban Saparow diýýändirler. Öz oglanymyzdyr, gaty gowy oglandyr» diýip, söz goşup goýberýärdi. Şeýdibem, oturanlaryň arasynda: «Bä-äý, munuň-a şol öňki rowaçlygy-ow. Baran ýerinden tanyş tapyp bilýän ekeni» diýip pikir döredesi gelýärdi. Eger şu oturylyşyklarda synagdan gowy geçmese, onda sonraky işleriň şowlulygyna köp zeper ýetjekdigini ol öňünden görüjilik bilen kesgitleýärdi. Hut şoňa görä-de orta goýulýan arak-konýaklar, çilimler oturanlaryň köpüsiniň seýrek görýän zatlarydy, olar öz geňirgenmesini gizläp bilmän: «Bäý-bä, beýle üýtgeşik araklary nireden tapdyň?» diýip, çüýşeleriň owadan ýazgylaryny synlaýardylar. Kasym o zatlary nireden alanyny aýtmaýardy-da: «Gerek wagty guk diýäý» diýip gaty arkaýyn sözleýärdi. Onuň äheňinde: «Biz üçin bu zatlaryň geňligi ýok, tapmagam itiň aňsady» diýen many mese-mälim aňylýardy. Çaý başynda Kasym Basmaçy gepledesi geldi. «Siziň ministrligiňize täze işgär barypdyr diýýärler-le». «Kimkä ol? Hä-ä, Aýbibi Toýlyýewnadyr. Bä-äý, agam uzakdan görýäňiz-ow. O gaty owadanja, ýöne gelşine Brigadiri (ministri) eline alaýdy». Aýbibili gürrüňi gozganda ony süýji ýatlamagam Kasyma uly lezzet berdi. Aýbibiniň Brigadir bilen çatlyşmagyny ol ýagşylyga-ýamanlyga ýorjagyny bilmedi, sebäbi Aýbibi beýle uly wezipeli adam bilen gezip başlan bolsa, indi Kasymyň diýenini etmezligi mümkin, eger Aýbibi Kasyma gülüp bakmasyny kesmese, oňa ýetesi zat bolmaz. Kasym oňa ýene täze sowgatjyklar getirer, ojuk-bujuk işlerini Aýbibi arkaly Brigadire bitirder. Elbetde, muny hiç kimse-de duýmaly däldir welin, Brigadir hijem duýmaly däldir. Ol duýdugy Kasymy köprüden gaçan ýaly eder. Aýbibä-de taýak degmegi mümkin. Indi Aýbibi bilen gatnaşyk gaty howply, gaty töwekgelçilikli boldy. Zyýany ýo-ok, Kasym mundan has beter howplara-da duş gelipdi. Ölmedi, alyp çykdy. Bu gezegem şeýle bolar umydy bilen Kasym Aýbibi bilen garynja gatnawyny güýçlendirmäge ymtyldy. Ol ertir Aýbibä jaň edip janyny barlap görer, şowuna düşse, şu daçada onuň bilen ikiçäkilikde hoşwagt bolar. Kasym häzir oýlanyp oturşyna Aýbibi bilen Brigadiriň gatnaşygyny Dosentiňem beýleki oturanlaryňam näme üçin geňleýändiklerine düşünip bilmedi. Olaryň köpüsini özlerinde-de oýnaş bar ahyry. Özgäni geňlemek arkaly öz aýbyňy gizlejek bolmak gaty ýöntemlik dälmikä?! Oturylyşygyň adamlary ýarygije gaýdyp başladylar. Çýornynyň ýoldaşy olary öýli-öýüne eltip geldi. Saçagyň başynda Dosent, prokuratura işgärleri hem-de söwda ministriniň orunbasary galanda Kasym olara «Öýe giräýsek näder?» diýdi. Dosent ýylgyrdy: «Öýe salarlygyň bamy?» «Onuň gürrüňi ýok. Hälden bäri sim toga sokulgy». Kasym bir tagta kagyzy Dosente tarap uzatdy-da: “Häzirlikçe biri bar. Gaýrat edersiňiz-dä”diýdi. Dosent çopan ogly hakdaky maglumatly kagyzy alyp jübüsine saldy. “Bäş-alty oglan bolsa has gowy boljak”. “Ýene gözlärin-dä.” Ýyly ýerde elektrik bilen kebşirleýji guraljygy ýörite sim gyzdyrar ýaly üýtgedip, ortada gyzdyryp, Çýornyý her kime kagyzdan düýrlenen turbajyk oklady. Onsoň gyzgyn sime tirýek basdy welin, egrilişip oturanlar çogmak bolup, öz turbajyklary bilen tirýek tüssesini yhlasly sorup başladylar. Gep-gürrüň kesildi, diňe «hü-ü-üp, hu-u-up» edip tüsse sorulyşy eşidildi durdy. Az salymdan neşe adamlary mazaly meýmiredende Kasym Söwda ministriniň orunbasaryna assaja ýüzlendi. - Ýaşuly, bilýäňiz-ä, ogullarymyzyň birini adam edäýmesek boljak däl. - Näm bolýa? - Oglumy bilýäňiz-ä şoňa bir abraýly iş alyp berseňiz. Bize uly zat gerek däl-le. Ulurak müdirlige hojaýyn goýsaňam başyny çarar. - Bor, oglanlara aýdaýarys. - Şony bir gaýrat edeweri, ýaşuly. Ady Mahmytdyr. - Weý, Mahmytmy? - Hawa-la. - Gürrüňi bolmaz. - Oglum diýip aýtdygym däl. Düşbüje. Biziňem borç astynda galmaýanymyzy görüp ýörsüň-ä. - Onuň gürrüňini etmesene. Gürrüň ýatyşyp, ýene «hu-u-up, hu-u-up» edip neşe tüssesi sorulyp başlandy. Daçadaky oturylyşyk sowlansoň, «Ýaşuly, rugsat berseň, bizem gaýdaly» diýip, Çýornyý gara sakgalyny barmaklary bilen daraklap dillendi. Kasym öň gepleşilen muzdy uzadanda Çornyý puly minnetdarlyk bilen alyp, ýüzüne sylyp, sanaman jübüsine dykdy. «Ýaşuly, taňryýalkasyn. Haçan gerek bolsaň, şu adrese guk diýäýgin» diýip, galyň fransuz kagyzyna çap edilen wizit kartoçkasyny uzatdy. Soňra bolsa Kasymyň alkymyna dykylyp, ýarym oýun, ýarym çyn äheňde: «Ýaşuly, gije ýekesirärin öýtseň, birijigini getirip gideýin» diýip hikirdäp dillendi. «Aý, indi dynç alaýaly». * * * Kasym şol günüň ertiri Aýbibä jaň etdi, onuň «Aýbibi» diýenine mähetdel «Hä-ä, däde, salam!» diýip, Aýbibi Kasymy tanady. Ol hamana, uzak wagt görüşmedik garyndaşlary gelen ýaly äheňde sözledi, hat-da «Gelnejem gurgunmy? Bile geldiňizmi?» diýip sorady. «Ýok, ýalňyz özüm geldim». «Gowy edipsiňiz». «Aýbibi jan, şu gün gelip, şu günem gaýtmakçy bolup durun. On ikiden soň dädeň seni göresi gelýä». «Şeýlemi? Bolýa-da. Hany, bir minutjyk garaşyň. (Aýbibi trubkany aýasy bilen ýapdy, ýanynda oturanlardan: «Şu gün öýlän ýygnak ýokdur-la?» diýip soraýar. «Ýok».) «Däde, bararyn», «Onda on ikide öz maşynymda garaşaryn». Günortan olar eýýäm Dosentiň daçasynda süýji sözleşip, süýji gözleşip otyrdylar. Aýbibi bu daça beletdi we şu ýerde Dosent bilen bagly dürli wakalary göz öňüne getirip ýylgyrýardy. Ol Kasymyň neneňsi jogap berjegine gyzyklanyp «Gowy daça ekeni. Bu kimiňki?» diýip sorady. Kasym eglenmän «Bir general dostumyňky» diýende Aýbibi ýene ýylgyrdy. Kasym ak çöregiň üstüne mesge, gara işbil çalyp Aýbibiniň agzyna tutup berýärdi. Gürrüň arasynda «Sen ministrlige nädip geçibidiň? Täze ministr garyndaşyň bolaýmasyn?!» diýdi. Aýbibi ýakymly ýylgyranda Kasym pugta synlady. «O biziň ýakyn garyndaşymyz-a, ýöne men muny gizlin saklaýan, diňe saňa aýdýan. Ol gowy adam. Eger menden bitýän zat bolsa, hökman aýt, sebäbi sen maňa köp ýagşylyk etdiň, umuman seniň ýüregiň açyk. Men seniň öňüňde ömürlik bergidar, saňa kän ýagşylyklar edesim gelýär» «Eger şeýle bolsa, çopanyň ogluny sähelçe harjy bilen Aýbibä aýdyp okuwa salyp bolar» diýip Kasym oýlandy. Kasym iş wagty gutarar uçurlarda Aýbibini göni öýlerine getirdi. Kasym hasanaklap maşyndan bir ýaşik nar düşürdi, soň her goltugyna bir garrygyz alyp, bäş-alty ýola öýe girip çykdy. Şonda ol eýwanda egilip-galyp namaz okaýan ak saçlary dogaly garry enäni we ýaşuly kişini gördi. Aýbibi olara tarap ümledi-de pyşyrdap sözledi: «Meniň musulmanjyklarym». Kasym hoşlaşyp gaýdansoň, Aýbibi bir säbäp bilen garaja sumkajygyny açdy welin, eplengi kagyza gözi düşdi. Aýbibi hiç mahal kagyz götermeýärdi ahyryn. Ol kagyzy gaty tiz alyp, epinini ýazdy welin, ellilikler gögerip ýatyr. Aýbibi derrew sanady. Soňra kagyzdaky ýazgyny okady: “Aýbibijan! Bagyşla, sowgat alyp ýetişmedim. Özüňe sowgat alyn. Saňa ömürlik baş egýän K.” | |
|
√ Ojak - 2-nji kitap -8: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Serçe-de bolsa, piliň gözüni çokaýan serçe - 06.06.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Ýazlagda - 07.12.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -11: romanyň dowamy - 17.07.2024 |
√ Bäşgyzyl -16: romanyň dowamy - 22.10.2024 |
√ Janserek -10: romanyñ dowamy - 24.04.2024 |
√ Dirilik suwy -20: romanyň dowamy - 20.05.2024 |
√ Atbaýrak: Galtamanlar - 10.09.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: roman - 06.06.2024 |
√ Hakyň didary -4/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||