23:15 Duman daganda: Serçe-de bolsa, piliň gözüni çokaýan serçe | |
• Serçe-de bolsa, piliň gözüni çokaýan serçe Aeroportdan gaýdan maşyn gaty batly gelýärdi. Hekimowyň şofýory Halylyň ýanynda ýylçyr kellesini sag golunyň aýasy bilen sypalap Agaýew otyr. Ol garşy-garşy yzky oturgyçda oturan Serçäýewe bakyp goýberýär. Serçäýew bolsa ýol gürrüňi tamamlanany bäri gözlerini süzüp irkilýär. Maşynyň batly dükürdisine gözlerini açýar, äpişgäniň aňyrsyndaky ümüş-tamyşlyga perwaýsyz garap goýberýär. Onsoň az salym öňe bakyp oturýar-da, endigine görä, dişleriniň arasynda galan eti dili bilen aýyrjak bolýanyňky ýaly, aşaky äňini kä çepe, kä saga gyşardýar. Şo barmana-da ýene irkilip başlaýar. Agaýew Serçäýewiň meýmireýşini görenden geplemän oturdy. Ol Serçäýewiň agraslygyny, dymmalygyny owal başdan halamaýar. «Bi nejisiň etjegi içinde», Serçäýew geplände-de öz pikirini pugta gizlemegi başarýar. Pylany eý diýdi, pylany beý diýdi diýýär. Emma hiç mahal: «Men şeý diýdim» diýmeýär. Maşyn Hekimowyň howlusynyň iki ýana gerlip goýlan derwezesinden girip saklandy. Halyl şofýor böküp çykdy-da, Serçäýewiň oturan çetiniň gapysyny açdy. Onýança öýden Hekim Hekimowiç gaty howlugyp çykdy-da gelşine ilki Serçäýewe gollaryny uzatdy. Ol Serçäýewden mese-mälim ýaşuly bolsa-da, öňürdip «Salamaleýkim» diýdi. Ol şo-ol öňki kibtini gysyp ýören Serçäýewi görjekdi, ýöne onuň garşysynda duran uzynak boýly, göwresini gaty dartyk tutýan, çiginleri deňleşip duran adamdy, dolmuş alkymy, peşeneli saçy, örän göni, inçemik burny onuň ýüzüne gelşik berýärdi. Serçäýew elleşse-de, Hekimowiç ýaly goluny gysmady, barmaklaryny göni tutdy durdy. Onda ýaňy ukudan oýanan adamyň äm-sämligi bardy. Hekimow bolsa dabaraly-şowhunly garşylamaga taýýarlanansoň, muny Serçäýewiň duýmagyny isleýärdi. Ýok, ol muny duýsa-da duýmadyksyran boldy, çykarynyp durşuna: «Men-ä duş alaýyn, üstümden suw akytmasam boljak däl» diýdi. «Bir agyz garbanyp soň giräýseň nädýä?» diýip, Agaýew öňem eljuk diýýän garnynyň aladasyny etdi. «Ýok-la, suwa düşmesem bolmaýa». Serçäýew myhman jaýdaky asgyja ýan sumkasyny ildirdi-de, onuň bir gözüni sähel açybrak goýdy. Şondanam hammama ýöneldi. Agaýew Hekim Hekimowiç bilen şo jaýda uly saçagyň bir gyrasynda oturyşyna hüňürdedi. - Balyga dönensiň balyga dönmüş. Bäý, näzini çekdirýär-ow. Edil ýetişen gyz ýaly-da. Şuňa bir ýumuş býursaň, toba etdirýä-dä. Seň ýaly aşgabatly görülmänmi, diýsene?! - Goý, how, sesiňi çykarma! Edenini etsin. - Edenini etdirseň, öňem aç adamlar: «Haçan hammamdan çykarka?» diýip bulaşyp oturmaly-da. - Tiz çykar-la. Hany, onsoň serçejik bilen gowy gepleşibildiňmi? - Gepleşmän näme, men bulara belet ahyry. Däne dökseň bolany, asmanda-da bolsa, şaglap inip çokup gidýärler. - Göwneýä dämi? - Ol göwneýä, yzynda durubilseň. - Näçeräk diýýä? - Aý, Hekim ownamasana. Ysluşaý, bazara baryp mal alaňok ahyry. Ýazaýyn diýdimi ýazar, onsoň aýdanyny beräýmeli bolarsyň-da. - Gysganyp soramok-how. Berjek-le, dili bir zat geplese bolýa. - Kagyz gerek däl diýýä. Ini bir ýarym, boýy iki mertlik teke halysyndan ikisini berseň dynýa. Bir bada Hekim Hekimowiçiň ýüz reňki üýtgäp gitdi, derrew özüni tutdy-da: «Bolýar, bolýar» diýdi. Ýeser Agaýew bu ahwaly gowy synlady. - Ýöne bütin soýuza tanatjak diýýä. Zaluwat, zor ýazýa-la. Şumat şundan güýçlüsi ýok. Ýazany gül bolýa-da. – Agaýew Hekimowa baka sähel egilip, pyşyrdabrak sözledi. – Üstesine-de onuň başga bir oýny bar, göni birinjä ýeter ýaly ederin diýýä. - Şony edäýse-hä. - Pikir etme, bi gaty zordur. – Agaýew gyşaryp ýatyşyna aç garnyny sypalap goýberdi. – Bä-äý, çykmad-aý. Bu çaka çenli ýuwunmag-a däl, hamyňy çalyşybam ýetişip bordy. - Çykar-la, Hany, men görüp gaýdaýyn – Hekimow gidenden Agaýew tarelkajykdaky gara işbiliň bir gyrasyndan pyçak bilen syryp aldy-da dili bilen ýalap çalt-çalt ýuwutdy, dodaklaryny ýalaşdyrdy. «Indi şo hammamda gün dogýança ýuwunybersin». Hekimow gaýdyp geldi. - Çykmanmy? - Ýok. - Äý, içýakgyçdyr-la. - Bally, bi pul çalyşjak myş-myşy çykýa weli, çyn däldir-le. - Öz-ä şo myş-myş arada Aşgabada baramda-da gulaga degdi. - Aşgabadyň näme?! Moskwany gezip gelenlerem şeý diýýä. Çalyşýarmyka? - Bi zamanda öňünden hiç zat aýdar ýaly däl, birden çalyşsalar çalşar durarlar-da. - Bardy-geldi şeýdäýseler, ahmal galaýmagyn-how. Bankda bolsa bankda, bolmasa-da ynamdar sowdagärleriň üsti bilen çalyşgyn. - Ýak, onuň gaýgysyny etmesene, bankyň hojaýyny burnundan çekip ulaldan oglanymyz-how. Onsoňam, bilip goý, näme etselerem ilkinji urgy garamaýaga deger. Saňa-maňa indi bularyň neşderi geçmez. Semiziň ýagy çykynça, arrygyň jany çykar diýýä... – Agaýew çep ýeňini serip, özüniň sagada seredýänini mazaly görkezdi. – Şi «serçejigem» janymyzy çykararmyka diýýän. Az salymdan Serçäýew gyssanman otaga girdi. Egnine atan uzyn polotensesiniň bir ujuny süýem barmagyna çolap, gulaklaryny gazaşdyrdy. - Ýaşuly, lýogkim parom! - Sag boluň. Serçäýew hälki asyp giden ýan sumkasyna siňe bakdy-da häli açyp goýan gözüni ýapdy, beýleki bir gözünden saç guradyjysyny çykaryp toga sepledi. Ol çyg saçyny çep eli bilen ýokary-aşak seçelendirip guradyp başlanda Agaýew Hekimowa mölerip bakyp goýberdi. «Ind-ä tüýs bolaýdy». Soňra Serçäýew sumkasyndan birgeňsi krem çykaryp eline, ýüzüne emaý bilen çalyşdyrdy, aýasy bilen owkalaşdyrdy. Diňe şondan soň nahar başyna geçdi. Uly stakany püre-pürläp birküç ýola arak içensoň Serçäýew: «Men-ä indi rugsat bolsa ýatmakçy» diýdi. Ýaňy tenine aragyň ýylysy ýaýran Agaýew: «Bu nä boluş-how» diýdi. «Meniň ýatýan wagtym boldy». Özem ol bu taýda däl-de, myhmanhanada ýatmakçydygyny aýtdy. Hekim Hekimowiç elewräp ugrady. «Päheý, şunuň göwnüne degendiris-ow. Biziň bir zadymyza göwni ýetmedi öýdýän». Ahyry, Serçäýewi Aýnakölüň bir gyrasynda ýokardan gelen uly wezipeliler üçin ýörite salnan myhmanhana alyp gitdiler. O taýda Hekimow çemini tapyp sorady: Goja Serçäýewiç, bagyşlaweriň, göwnüňize degen-ä däldiris-dä? Birhili tiz turduňyz weli... - Ýok, ýok. Men wagtynda ýatmasam bolmaýa. Agaýew bilen Hekimow hoşlaşyp gaýtdylar. Öýe gelişlerine Agaýew duran ýerinden uly stakana arak guýdy-da Hekimowa bakdy. - Hekimjan, zady gaýgy etme. Şi çaka çenli ýüzümiz gara bolan däldir, indem bolmaz. Hudaý bizlikdir. – Ol aragy agzyna guýup goýberdi-de, bir pomidory hem tutuşlygyna atyp, çeýnedi. – Onda men-ä gaýtdym. Serçejigi ugradaňda Aşgabada maşynly barar ýaly et, hälki aýdanymy hem maşyna atarsyň-da. - Şony, dogrudanam soňa goýmaýyn-la. – Hekimow Bäşim Gylyjowa jaň etdi. – Alo, Bäşim, ertir ýedide ýanyma gelip git. – (- Bolýa, ýaşuly.) * * * Gylyjow eýýäm sagat altyda Hekimowyň öýüniň töwereginde iki ýana gezmeläp ýördi. Ol uzak garaşdy, ýöne şonda-da öýde yşyk ýanmady. Ahyry, sagat ýedi bolanda edil derwezäniň ýanyna baryp durdy. Girjeginem bilmedi, durjagynam. Girse – ýaşulyny ukudan oýarjak, girmese - aýdylan wagt boldy, gijä galýaň diýse, näme jogap berer?! Gylyjow howlynyň gapysyny emaý bilen itdi. «Wah, gapysam gulpsuz ekeni. Şo dagy gulply bolanlygynda, bahanajyk boljakdy-da». Gylyjow howla girip aýagynyň ujunda birki ädim ätländen «Gorkman geliber!» diýen batly ses eşidip tisginip gitdi. Ol ses çykan tarapa baksa, penjiräniň açyk gözünden jyklap duran Hekimowyň gazaply gözlerini gördi. - Salawmaleýkim, Hekim Hekimowiç! - Geldiňmi? – Hekimow daşary çykdy. - Ukudan oýaran däldirin-dä. - Uky seniň ýadyňa düşýä. Onda nät diýsene halylardan bir ýarym-iki metrlikden ikisini öýe taşla. Ýöne hersini gaty gowy dolagyn. - Bolýa, ýaşuly. - Onsoňam häzir Aýanaköldäki jaýa baryp gaýt, näme ýetmeýän bolsa elt. - Bor, ýaşuly. - Myhman gidýänçä bir aýagyň şo taýda bolsun. - Bor, ýaşuly. * * * Gylyjow gidensoň Hekimowyň özem köp eglenmän Serçäýewiň ýanyna ugrady. Hekimow baranda Serçäýew myhmanhana howlusyndaky gabaraly arçalaryň arasynda maşk edýärdi. Ol mylaýym salamlaşansoň Hekimow bilen otaga girdi, Hekimowyň yhlaslysyrap, uzak saglyk-esenlik soraşmasyna-da sabyrly jogap berdi. Birdenem, sen-men ýok, Hekimowdan: «Agaýewde näçeräk puluňyz saklanýa?» diýip sorady. Hekimowyň ýüzi gyzdy, hem gorkdy, hem gaharlandy. - Bizde pul nämişlesin?! - A meni näme maksat bilen bäri çagyrdyňyz? - Raýonymyz hakda ýazarsyňyz öýtdük. - Şeýlemi-i? Hany, onda diňläň, bakaly. Öz sesiňizi tanarsyňyz-la. – Serçäýewiň ýüzüne gahar ýaýrady, ol kiçijik magnitofonyň knopkasyny batly basdy weli öten agşam Serçäýew hammamdaka jaýda bolan gürrüňi gaýtalap ugrady: «Bally, bi pul çalyşjak myş-myş çykýa weli, çyn däldir-le». «Ýak, onuň gaýgysyny etmesene, oblbankyň hojaýyny burnundan çekip ulaldan oglanymyz-how. Onsoňam, bilip goý, näme etselerem ilkinji urgy garamaýaga deger. Saňa-maňa indi bularyň neşderi geçmez. Semiziň ýagy çykýança, arrygyň jany çykar diýýä». Hekimowyň ruhy öçdi. Ol Serçäýewe gaty ýakyn baryp, onuň sag goluny gysdy. «Bagyşla, Goja Serçäýewiç. Pohumyzy iýipdiris. Sen biz bilen deň bolma-da bagyşlaweri. Näme sowgat diýseň, tapaly, ýöne şi lentaňy gaýrat edip ýok edeweri. Biz bilen deň bolmasana». Serçäýew ulumsy ýylgyrdy. «Şu lentany näçä satyn alarsyň?» «Wah, lentany berseň, diliň geplänini bereýin. Men seni erkek dogandan ileri görýädim ahyry. Wah, dil gursun, dil. Baryny bulaşdyrdyk-da». «Bulaşan zat ýok-la, gaýta barha anyklaşýa. Ynha, seniň haram-halal ýygnan puluňy Ballylarda goýýanyň belli boldy-y. Bu bir. Şol pul arkaly arassa adamlary satyn almaga hyýallanýaň. Bu iki. Diňe şi iki faktyň özi seni partiýadan zyňmaga hem gözenegiň aňyrsyna geçirmäge ýeterlik. Näçe ýyl oturjagyň bolsa Ballynyň öýünden tapyljak puluň möçberine bagly. Hekimow halys ysgyndan gaçdy, ol indi näme diýjegini, heniz habarçyny çagyrmaly diýen karara gelmändäki ýagdaýyna neneňsi ýol bilen dolanyp geljegini bilebilmedi. Ana, şonda ol birmahallar, raýona ýaňy birinji bolan döwründe Bäşim Gylyjowy maýmyn ýaly oýnadan pursatyny ýada saldy. «Bu näme? Durmuşyň oýnumy? Ile zyňan taýagym dolanyp maňlaýyma degýärmi? Indi şunça wagt ýygnanja pullarym bir demde asmana sowrulmaly bolaýdymy? Hany, bir haýbat atjak bolaýyn. Gorkmazmyka? Ýöne bi deýýusyň gözleri däli göz. Meni birden guma garyp ötegidäýmese». - Goja Serçäýewiç, juda beýdip başa çykyberme. Senem ak guş dälsiň adamçylyk edip ylalaşsak saňa-da gowy bolar. Bolmasa-da, näme, biziňem ýata suwuň öli balygy däldigimizi bilip goý. Hudaýa şükür, pulumyzam bar, goç-goç dostumyzam bar. Sen bi posly lentaňy süýräp Aşgabada barýançaň, gabryňy gazyp goýar ýaly ederin. - Baý-bo-ow, gümpüldet bakaly, pagtabendiňi! Familiýamyň Serçäýewligine bakmagyn. Bürgütdirin. Duruber, bakaly. – Serçäýew hernäçe syr bermediksirän bolsa-da sähel ýöwsellänini onuň sesi aýan etdi. Muny Hekimow bada-bat duýdy, ýöne heniz onuň öz gorky damary hem tirpildisini kesmändi. Wah, şu mahal Hekimowa rüstemlik derkar däl-le, ol häzir bu döwüşden deňme-deň çyksa-da müňde bir razy. Şonuň üçin ol ýene töwella äheňine geçenini duýman galdy. - Goja Serçäýewiç, gel, şi gürrüňi goýbolsun edeli-le. Bir-biregiň kellesini döwüşmek nämä gerek?! Mende bar çaga sende-de bar. Berlen rysky rahatja iýeli. Sen maňa kömek et, men saňa kömek edeýin. - Ana, munyň başga gep. Ýöne Serçäýewi haýbat bilen alyp bolmajagyny bilseň ýagşy. – Serçäýew iki kassetaly magnitofonyň ýokarky gözündäki kassetany çykardy-da Hekimowyň öňüne oklap, ýumşaksy ýylgyryp goýberdi – anha, lenta. Erkek bolsaň on müňi elime ber. Bir aýdanam Moskwada, partiýanyň baş gazetinde gül ýaly makalany menden al. Hekimow lentany şobada garbap goltuk jübüsine atdy-da «Bolar, bolar» diýip howsalaly gaýtalady. - Onda maňa ulagjyk berseň gaýdaýyn. - Öz-ä birhili bold-aý. Saçagymyzyň hezzetini görmän gidibermek bomy?! - Ýene bir gezek. Men geler duraryn. Jaýdan çykjak bolanlarynda Hekimow gapyny açyp, çep eli bilen ýol görkezip «Geliň, geçiň» diýdi. Serçäýew bu herekete hezil edindi-de ekabyr ýöräp gapydan ilki çykdy. Olar daşary çykanlarynda ikiýana gezim edýän Gylyjow tiz gelip iki elläp salamlaşyp, sähel yza çekilibräk durdy. Serçäýew elleşip geçip gidiberdi. Hekimow sähel aýak çekip, eýýäm edil alkymynda gulluga taýyn duran Gylyjowa pyşyrdabrak buýruk berdi. «On müňi öýe gaty tiz getir. Biz barýançak taýýar dursun». Gylyjow batly ýöräp baryp maşyna münenden maşyn yzky tekerleri bilen topragy gozadyp öňe omzap gitdi. Yz ýanyndan Hekimow bilen Serçäýewiň münen gara maşyny hem emaý bilen ugrady. Barsalar Gylyjow eýýäm Hekim Hekimowiçleriň howlusynyň derwezesiniň giň açyp garaşyp dur. Serçäýew hernäçe ýalbar-ýakar edilse-de öýe girmän gaýtmakçy boldy. Onsoň Hekimow Gylyjowa ümledi weli, ol şobada düşünip, halylary getirip Hekimowyň maşynyna basdy. - Gardaşlar, onda bagyşlaşmaşak, soň bir arkaýynlykda dynç almaga gelersiň-dä. – Serçäýew keýpikök görnüşde ilki Gylyjowyň goluny gysdy, Hekim Hekimowiçe goluny uzadanda bolsa: «Ýaşuly, aýplaşmasy ýok. Moskwada çykýan gazetlere serediberiň. Gül ýaly ederis» diýdi. «Gaýrat et, Goja Serçäýewiç». Hekimow bir petde puly Serçäýewiň eline tutdurdy. * * * Hekim Hekimowiç myhmany ugradanyndan telefona ýapyşdy... Agaýewi gözläp oblast edaralaryna jaň etdi. Tapmady, onsoň, onuň öýüne jaň etdi. «»Geldigi maňa jaň edewersin». Hekimowyň içini it ýyrtdy. Ahyry, Agaýew öýlänler jaň etdi, olam gaty howsalalydy. - A-how, Hekim, bi Serçäýew maňa bir lenta goýup gidipdir weli... - Saňa-da goýupmy?! Äý, seniňem tapyp ýören adamyň näteňet-äý? - Hydyr diýenimiz hyrs çykaýýa. - Lentany diňlediňmi, onsoň? - Wah, diňledim-le. - Onda nät diýsene, bardy-geldi oňa-muňa aýdaýanda-da arassa bolar ýaly edeweri. - Ýak, howlugybermesene. Serçäýew öz serçäm ho-ow. Beletje serçämdir. Sen oňa ber diýenini berdiň dämi? - Hawwa-la. - Bolupdyr, Arkaýynja bolaý indi. - Sen-ho-ow, hamy giňlik etme! Bir bela ýolukdyk öýdýän. - Bela ýolukmarys. Gül bolar, gü-ül. Sen darykma. Munça-munça galmagaly göre-göre gelýäs ahyry. Hekimow bu gürrüňden kanagat tapmady. Asyl-ha özüniň gaty uzak wagtlap ynjalyp bilmejegine ol deslapdan göz ýetirdi. | |
|
√ Hakyň didary -8/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -12: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Atbaýrak: Ýylky çopan - 09.09.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -11: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -12: romanyň dowamy - 17.07.2024 |
√ Duman daganda: “Garakçylar kerwen görse begener” - 02.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -6: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -6: romanyñ dowamy - 15.09.2024 |
√ Köne mülk -8: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
√ Duman daganda: Zäher gahardan ýasalýar - 01.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |