10:14 Duman daganda: Söz bilen işiň arasynda dag ýatyr | |
• Söz bilen işiň arasynda dag ýatyr Raýonda özüni barha beter ýigrenýändiklerini Hekimow hiç-hiç unutmaýardy. “Ýigrenýän bolsalar, garşy çykmaga taýýarlanýandyrlar” diýip, Hekimow oýlanýar. Şol sebäpli her bir adamy wezipä çekmezden ozal onuň tohum-tijini pugta derňeýärdi, beýleki adamlardan sorap-idäp görýärdi, aýratynam, täze işgär bolmaly adamyň özüne ygrarlydygyny-ygrarsyzdygyny uzak seljerýärdi. Onuň özi muňa: «Boýun damaryny owkalap görmek» diýýärdi. Raýonyň içinde şugulçy baryny gizlinje diňleýärdi. Şeýle saýlap-seçişiň bir ýanynda Bäşim Gylyjow hem bardy. Gylyjow: ”Satara haryt tükense, adam satybam gazanaryn” diýýänlerdendi. Ol diňe nyrhly wezipeleri eýelemekde dellallykdan başga-da, raýon adamlarynyň ýedi puştuna belet adam hökmünde-de Hekimowa wepadar hyzmat edýärdi. «Bäşimi özüme öwrenişdirip ýaňyşmandyryn. Göwnümiň islegini bilip dur. Edil jynyň bar-da». Bäşim Gylyjowyň bu hyzmatlaryna Hekimow hiç mahalam açyk minnetdarlyk bildirmeýärdi. «Hyzmat etmän görsün?! Wezipesinde saklanym üçin gelip ökjämi ogşar». Şeýle-de bolsa, Gylyjow Hekim Hekimowiçiň häsiýetini pugta öwrenipdi: biri hakda gizlin maglumat soranda ýa-da birini nyrhly wezipä geçirensoň muzduny alanda Hekim Hekimowiçiň şeýle keýpikök, geplemsek bolýandygyny hem-de şo mahal näme haýyş etseň jomartlyk edip bitirýändigini Gylyjow unutmaýardy. Gylyjowyň bir doganoglany Aky Ýusubowyň hiç bir işde küli tümmek tutman ýörkä, aldy-da ony göni raýkomyň oba hojalyk bölümine müdirlige belledil. Ynha, şu günki býuroda-da Gylyjowyň ýene bir doganoglany Ilaman Nepesowy partiýa hataryna dalaşgär kabul etmekçidi. Býurodan öňinçä guramaçylyk bölüminiň müdiri Geldi Gullyýew Hekimowyň kabinetine girdi. - Hekim Hekimowiç, Bäşim Gylyjowiçiň araky haýyş eden oglanyny gaty kynlyk bilen býuro çenli getirdim. Kolhozdakylaram garşy bolşan boldular. - Garşy bolar ýaly, ol oglanyň näme ýazygy barmyş? - Äý, ilçilik-dä. Içýä diýen bolýalar. Bi zamanda içmeýän bamy?! Eli egriräk diýjek boldular. Öňräk mal sanalanda fermalar bilen dilleşip, bäş-alty sany kel tokly alypmy-almanmy. Şonam diline çolaşyp otyrlar. - Adamlaryňam halys süpügi çykypdyr-ow. Bolýa, özüm seredişdirerin. Az salymdan býuronyň mejlisi başlandy. Aýdylmaly, okalmaly adaty zatlardan soň Hekimow býuro çlenleriniň ýüzüne birlaý gazaply garap goýberdi. - Ýoldaşlar, kimiň neneňsi pikiri bar? Dymyşlyk. Ilaman Nepesowyň Bäşim Gylyjowyň ýakyn garyndaşydygyny, Gylyjow bilen oýun edip bolmajakdygyny, býuro çlenleriniň ählisi bilýär. - Belki, tanaýansyňyz, öz pikiriňizi aýdarsyňyz. «Tanaýas», «Gowy oglan», «Mynasyp-la» diýen sözler çykdy. Soňra Hekimowyň özi ardynjyrap söze başlady. - Ýoldaşlar, hemmämiziň bilýän zadymyzy bir-birekden gizläp oturmalyň. Ýoldaş Nepesow arakhor adam. Partiýa alkaşlaryň jemgyýeti däl. Nepesowyň elem arassa däl. Kolhoz malyna gol gatanyny-da gizläp bolmaz. – Býuro çlenleri sähel gozganyşdylar, bir-birege köp manyly bakyşdyloar. «Bu nähili beýle bolýar-a? Nepesowy býuro süýräp getirenem-ä Hekimowyň özüdir weli, indi garşy çykmasy nämekä?» - Ýöne kolhoz partiýa guramasy Nepesowy partiýa hödürläp, ony terbiýelemegi, düzetmegi niýet etdimikä diýýän. Onsoňam Nepesowyň kyrk bäş ýaşan adamlygyny, düzelmese başga çykalga ýoklugyny unutmalyň. – Hekim Hekimowiç beýle ýanda kibtini gysyp, gözi bilen ýylmanak stoly deşäýjek bolup oturan Nepesowa gazaply garady. - Şeýle dämi, ýoldaş Nepesow? - Ynamyňyzy ödärin, Hekim Hekimowiç. - Seni Hekim Hekimowiç partiýa alanok, ony raýkomyň býurosy çözýä. Hany, onda adamlar, sese goýalyň, kim neneňsi netijä geldi? Ýene ses-üýn ýok. - Ýoldaşlar, Nepesowda partiýa sümülmek meýli bar bolaýmasyn?! Ýene ses-üýn ýok. - Onda şeýle: kim Nepesow partiýa çlenligine dalaşgär bolsun diýen adam elini götersin – Hekimow bilgeşlin elini götermän sähel eglenip töwerege garady welin, öz elini nätjeklerini bilmän oturanlara gözi düşdi. Birinji sekretar elini göterdi welin, beýlekilerem şobada el galdyrdylar. «Hä-häýt, tilkijikler» diýip, Hekim Hekimowiç içinden güldi. «Garşy – ýok. Saklanan - ýok». Şol gezekki mejlisde raýon ilatynyň ýaşaýyş-iş şertlerini barlap giden komissiýanyň tekliplerine-de garaldy. Hekimowa galsa bu meseläniň üstünden üçürdikläp böküp geçjek-le weli, kagyz ýüzündäki bellik üçin gerekdi. «Seniň ýadyňa ilat düşýä, meniň ýadyma plan düşýä. Ýylyň ahyrynda jaý gurmansyň, hammam gurmansyň diýip gaty gitse, igenip goýarlar. Pagta plany dolmasam bolsa, janymy jähenneme ibererler». - Ýoldaşlar! Şu mesele, dogrudanam, ünsden düşürildi. Häzir ýekeje kolhozda-da hammam ýok, mekdep diýdi, çaga bakjasy diýdi, keselhana diýdi şolaram ýetmeýä. Kolhozçy hojalyklarda menikli hajathana ýok diýip komissiýa bellik edipdir. Kyn zat däl-ä. Guralyň, ýoldaşlar. Tualet diýleni-hä hökman bolaýmaly. Şuny şeýdeliň: önümçilik kombinaty ýasap obalara eltsin. Kim şony almasa aýlygyny bermäň. Şeýtsek, iş düzelýär. Hemmeler goldap el göterdiler, emma bu aýdylanlaryň bäri-bärlerde ýerine ýetirilmejegini Hekim Hekimowiçem, beýlekilerem öňden bilýärdiler. Mejlis öýlänara tamamlanansoň Hekim Hekimowiç sekretar zenana «Men ýok» diýdi-de, edil öz kürsüsiniň çep ýanynda kabinetiň ähli diwaryna çüýlenen ýaldyrawuk tagtalaryň birini itip goýberdi welin, artky otagyň gizlin gapysy açyldy. Bu sekretaryň myhman garşylaýan otagydy. Haşamly garnituryň içinde dürli-dümen konýakly, arakly çüýşeler durdy. Reňkli, ullakan telewizor, tegelek stol, alty sany mähnet kürsi bardy. Ol ýene bir gapyny açdy. Hekim Hekimowiçiň hammamy, tualeti şu ýerde ýerleşýärdi. Limon reňkli uly wanna, rakowina, unitaz we öýde şolaryň reňkine reňkdeş kümüş kerpiç bilen bezelipdir. Hekim Hekimowiç gyssanman çykaryndy, wanna girip, suw gyzdyrýan gazly peji ýakyp, üstünden mylaýym suw akytdy, soň wannada boýnundan aşagyny suwa çümürip ýatdy. Bedene mylaýym ýyly ýaýrap, meýmiräp başlady. «Hudaýa şükür. Kämahal zeýrenýänem weli, beýtmeli däl-ow. Kem zadym ýok. Pul diýleni-hä ýedi arka ýeterlik ýygnadym. Gadymy paşşalaram ýaşasa bizçe ýaşandyr-da. Onsoň şunça baýlyk golumdaka, abraý bilen gaçsam näderkä? Ýo-ok. Ornuňa kimiň geljegini bilýämiň?! Bir bolgusyz geçäge-de saman peşän ýaly edip ugrasa nädersiň?! Wezipeden gideňsoň adam ogly sözüňi diňlemez. Häzirki ýagdaýda-da atsyz arza ýazyp, arkaňdan pyçak sançjak boluşyp durlar-a. Ýook, çekilmek bolmaaz. Wezipäni ykjam goramaly. Adam wezipäni bezeýär diýen bolýarlar. Ýalan sözleýärler. Wezipe adamy bezeýär. Men häzir raýon dälde tutus Merkezi Komitetiň birinjisi bolsam, maňa nähili hormat goýuljagy belli-le. Onda näme etmeli? Bir raýonda batyp galybermelimi? Men indi oňkülerçe ylgab-a bilmen. Janym çydamaýa. Ylgamasaň bolsa plan doljak gumany ýok. Obkomyň birinjisem, ýokarky ýaşulam göz öňünde tutarys diýip şo-ol wada berişleri. Ýa olaryňam wadasy raýonyň bujagaz oýnatgylaryna berýän wadalarym ýalymyka?! - Ol özi üçin täzelik açdy: diňe özüm bilýändirin öýdüp ulanýan hilesini, asyl, bireýýämden bäri onuň özüne ulanandyklaryna Hekimow gumansyz göz ýetirdi. – Wah, aklym giç geler ýaly, men uzynam-a däl. Ýagdaý şeýle bolsa, onda bir ýerlerden urup çykmasam, meni heläk ederler. Wannanyň lezzeti gaçdy. Nireden urup çykjagyna Hekimowyň akly ýetmedi. Sebäbi ähli ýollar aýlanýar-öwrülýär-de ýene obkomyň birinjisine, Merkezi Komitetiň birinjisine baryp direnýär duruberýär. «Pul bar-la weli sokmany başarmaly-da. Almajak gümany bamy?! Tans edibem alar weli, kimiň üstünden alýanyny bilmeli-dä» diýip, Hekimow geýinip durka oýlandy. Onsoň merkezdäki, obkomdaky ýakyn tanyşlaryny birme-bir göz öňünden geçirip başlady. «Entek gögeleräk görünýäler». Özüňi raýona birinjilige geçiren sekretaryň işden ir aýrylanyna ahmyr etdi. Ahyry, Agaýewiň dostlarynyň birini ýada saldy. «Serçäýew, Serçäýew, Serçäýew. Şony jürküldedip bolaýsa», «Meniň ýazanym Moskwada çykýa.» diýýädi. Iliň berýäninden köp berjek, şu mahal ile adymy ýaýratsa bolany. Meni Moskwa goldaýar diýip bilerin. Biýem bir göze çöp atmakdyr-da». Ol nahar otagyna gelip «Ak leglek» konýagyndan bir rýumka içdi-de kabinetine geçip oturdy. | |
|
√ Bäşgyzyl -23: romanyň dowamy - 08.11.2024 |
√ Duman daganda: Haram harama gider - 22.06.2024 |
√ Köne mülk -12: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Duman daganda: Ýolbars bilen towşanyň duşuşygy - 30.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -31: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Ak guwlary atmañ -3: romanyñ dowamy - 29.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -3: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Gala -3: Är garrar, ar garramaz - 11.02.2024 |
√ Köne mülk -2: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
√ Janserek -5: romanyñ dowamy - 26.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |