16:09 Duman daganda: Wezipe berilmeýär, alynýar | |
• Wezipe berilmeýär, alynýar Satyjynyň harydy kem çekendiginden, artyk pul alandygyndan alyjy närazylyk bildirende, ondan ötünç soramagyň deregine, satyjy oňa möjek garaýşy bilen bakýar we gaty ynamly äheňde: «Bar, bar! Dadyň ýeten ýerine arzyňy aýt» diýýär. Göwni ýykylan alyjy raýonda köp gapylary kaksa-da o gödege çäre gördürip bilmeýär. Onsoň ýaňky alyjy satyjynyň heşelle kakýanyny görmekden çekinip, özi utanyp gezýär. Beýle wakalar, ozaly bilen, söwdadan başlanan hem bolsa, soňky ýyllar raýonyň köp tarapyna gaty çalt ýaýrady. Halkyň aňyna, häsiýetine umumy dartgynlyk aralaşyp başlady. Halk ilkibada: «Beýle kemçilikleri ýolbaşçylar bilýän däldirler» öýdüp gezdi, soňra bolsa ýolbaşçylaryň bu babatda halkdan köp bilýändiklerine göz ýetirip başladylar. Halk biryana, halkyň egninde oturanlar başga ýana çekilişip başlady. Akylly adamlar: ”Il-güni bolmasa şalar tagtyndan düşer gider” diýen Magtymgulyny ýatlap başladylar. Soňky wagtlar: ”O gadagan, bu gadagan” diýlip, durmuşyň dürli meselelerine gadagançylyk getirildi. Onsoň, gadagançylyk bar ýerinde gytçylyk döräp başlady. Çörekden özge iýmitem barha gytalyp barýar. “Dünýäni guradyp taşladylar» diýip zeýrenýän köneldi. Bularyň ählisi jemlenip, raýonyň ilatynda närazylyk döredip ugrady. Şu raýonda doglan, önüp-ösen, ömrüni şu raýonda zähmet çekip geçiren hem-de şu raýondan örküni üzüp bilmeýän adamlar raýonyň ne hala düşüşine gynanýardylar, ýürekden howatyrlanýardylar. Sebäbi olara şu raýon gerekdi, ykbal olary şu ýere ömrylla baglap goýupdy. Onsoň dürli mazmunly, dürli maglumatly, golly-golsuz arzalar ýokary edaralaryň depesinden inip başlady. Ýöne barlaglaryň netijesini şeýle bir ussatlyk bilen ýylmaýarlar welin, kä halatda kemçiligiň üstüni açanyň özüni günäläp goýberýärdiler. Raýon ýygnaklarynda bolsa: «Raýon pajarlap ösýär» diýip batly sözleýärdiler. Ýöne şol «pajarlap ösýär» diýen sözleriň halkyň neneňsi gaharyny oýarýanlygyny, neneňsi degna degýänligini olar göz öňüne-de getirip bilmeýärdiler. Hekim Hekimowiç hem ilat öňünde, raýonyň pajarlap ösýänligi jedelsiz ýaly äheňde sözleýärdi, ýöne onuň beýlekilerden tapawudy – sözüniň ahyrynda: «Biz raýonda bar bolan käbir kemçilikleri hem anyk bilýäris we o kemçilikleriň tiz düzedilmegi hakda berk çäreler görýäris» diýýärdi. Uly zallarda gürrüldili we yzygyderli el çarpyşýardylar. Hekimow bu şowhuna aldanmaýardy, eger-de özi aýak üstünde berk durmasa, başga-başga ahwallaryň başa düşjekgini bilýärdi. «Raýonda meniň ornuma dalaş etjek bir Satlykow bar, olam orta bilimli, üstesine-de ýaşy altmyşy sermäp ýör. Oblastda bolsa diňe Ataýew meni öz wezipesinden gabanýar. Onuňam bir alajy tapylar-la». Bir gün ir bilen Serçäýew jaň etdi. - Ýaşuly, gowuçylykmydyr? - Ýaman däl. Dişiňde galan eti dili bilen aýyrjak bolýan ýaly aşaky äňini elmydama ikiýana gyýşardyp ýören Serçäýew Hekimowyň göz öňüne geldi. Raýondaky awariýalar sebäpli halk içine ýaýran gürrüňleri basmak üçin wezipeden aýrylan Tahyrowyň hem-de başga raýona wezipesi peseldilip geçirilen içeri işler bölüminiň öňki naçalnigi Meredowyň arz-şikaýat edip ýörmezligi üçin, Serçäýewiň makalasy uly goltgy boldy. «Hekimowa degip bolmaz, görýäňizmi, ony nirelerde öwüp ýazýalar?!» Hekimow Serçäýew bilen mylaýym sözleşdi, myhmançylyga çagyrdy. Serçäýew pagta ýygymy tamamlanansoň geljegini aýtdy. Aşgabada Aman Garajanyň gizlin gapysyny tapmaga giden Bäim Gylyjow hem şol gün ernini ýyrşardyp geldi. - Ýeri, nätdiň? - Bitirendiris. - Aý, ýog-a? - Ahyry ýoluny tapdym. - Wah, her zadyň öz ýoly bolmaly diýýän-ä. - Hekim Hekimowiç, meniň frontda bolanym bähbit boldy. - Açyk aýtsana. - Aşgabatdaky dostlarymyň biri meni Kör kişiňkä eltdi. Ol Kör kişi gözi barka uly işlerde işlän ekeni. Ol partiýanyň oblasr komitetiniň sekretaryka Aman Garaja komsomolda işleýän ekeni. Şonda Aman aýalyny kowýa, aýalam arz edýä. Muny partiýadan çykarjak bolup ýörkäler, şo Kör kişiniň ýoluny tapýalar-da. Ana, partiýadan çykarmak gürrüňi şobada sem bolýa. Az wagtdanam Aman Garajanyň wezipesini ulaldyp, adam edip goýberýär. Aman Garaja-da şo ýagşylygy hiç unudanok diýýä. Kör kişiniň dili bir zat geplese, kanun bolup dur diýýä. O ýaşuly meni gaty gowy garşy aldy. Durşuna gadyr bilen gymmat. Sorady, idedi, ahyry, aslymyzy tanady. «Nä hyzmat bilen geldiňiz?» diýdi. Bizem bir inimiz bar weli, şony bir oturan ýerinde uzak oturtdylar diýdik. Şony Aşgabada abraýlyja bir ýere çekmäge kömek edäýseňiz diýdik. Ýaňky Kör kişi oturdy-oturdy-da «Hany, pylan nomeri aýlap beriň» diýdi. Näçe aýlasagam jogap bermedi. Soň özüm gepleşerin diýdi. Pagta ýygymy ýeňleşmese, başga işe eli degýän däldir diýdi. Dekabr töwerekleri bir aýlanyň diýdi. - Ol-bi meseleleri ýaňzydan-a däldir. - Şu mahal-a açyk bir zat aýtmady. Ýöne: «Ýagşylygy bilýän oglanmydyr?» diýdi. Bizem aýtdyk. - Bolubilýä. Ýöne juda ýokary aýdarmyka? - Bilmedim-dä. - Ýüzden ýokarymyka? - Aý, şo ýüz töweregi barmyka diýýän. - Şo ýaşulyny berk sakla. Garşy-garşy baryp-ýatlaşyp dur. - Bor, Hekim Hekimowiç. Ýöne siz gitseňiz biz näderkäk? - Ýene bir Hekimi getirerler-dä. - Geler öz-ä. – Gylyjow köp sözleri aýtman goýdy. Ýöne onuň äheňindenem köp many alsa boljakdy. «Her gelen birinji sekretar gelşine bir öldürüp-direltýä, göwnüni tapýançaň maýmyn edýä. Balagyňa çenli satdyryp alýa. Ýaňy öwrenişende-de gitse... onsoň şu güzapçylygy ýene gaýtalamaly bolýar-da». – Onsoňam o ýaşuly bir zat diýdi: martyň bäşine Aman Garajanyň doglan günüdir diýdi. Altmyş ýaşaýamyş. - Şeýlemi?! Bä, ol-a amatly eken-ow. – Hekimow höwesek sözledi. - Onsoň Aşgabatda gaty ökde haly dokaýan bir daýza tapdym. Öňki dokan portretlerini gördüm weli, edil janly ýaly-da. Aman Garajanyň gazetde çykan suratyny görkezsem bi surat bolmaýa diýdi. Oň suraty gerek bolsa Myrat gedaý diýen bir suratçy bardyr, şony tapsaň işiň biter diýdi. Myrat gedaý diýilýän it aýagyny iýen gedaý ekeni. Gözleý-gözleý, ahyry tapdym. Olam eý diýdi, beý diýdi, soňundan-a bolýa-da diýdi. - Oňarypsyň. - Seňki ýaly portreti öňem biri buýrupdy diýdi. Aman Garaja aýal doganyny bek gowy görýä diýdi. Ikisini birleşdirip dokap beräýeli diýid. Aýal doganynyň suratyny özümiz taparys diýensoň razylaşyp gaýtdym. - Oňarypsyň, ýöne biziňkini ilki doka diýmeli ekeniň. - Ony gepleşdim. - Bolupdyr. Kasym Kulyýewiç Hekimowyň başyndan geçýän soňky wakalary aňynda çeýneý-çeýneý, ahyry belli bir netijä geldi: Hekimow aljyraňňylyga düşýär, şu mahal dyzalsa, ony kürsüsinden agdaryp bolar. Ýerine kimi goýjak? Baýryny eltip dikjek. Ýagşy, o seniň diýeniňden çykman işlärmi? Aýdanja muzduňy tapyp berermi? Mensiz hiç ýana butnap bilmez. Onuň gözüni açan – men. Onda eglenme. Işiň rowaç bolsun! Kasym köne maşynjygyny mündi-de Aýnaköle, garry ýylgynyň düýbüne bukulan maşyna baka eňdi. «Hekimow ýaly adamlar partiýanyň adyna ysnat getirýär. Kommuniste gelişmejek iş edýärler. Mysal üçin, Hekimow raýkomyň birinji sekretarydygyna bakman, ähli ogluny sünnetletdi, ýakynda agtygyny-da sünnetletdi. Şeýle dindar, köneçil adamlar kommunistleriň hatarynda durmaga mynasypmyka?» Kasym bu haty göni Moskwa ýollady. Öýüne gelip moskwaly dostuna az eli bilen hat ýazdy. «Gadyrdan dostum. Edik! Eger-de sen maňa irde-giçde kömek etmekçi bolsaň, onda şu mahal kömek etmelisiň. Meniň ýagdaýym juda ýaramaz. Men ähli wakalary jikme-jik aýdyp ýürege düşmäýin, ýöne ahyrda bir ýagdaý emele geldi: ýa raýonyň birinjisini birýana süýşürmeli, ýa-da men on ýyl alyp türmede çüýremeli. Başga ýol ýok. Edik! Gaýrat edip oglanlara duýduryşdyr: Aşgabada berkräk degsinler-de raýonyň birinjisi Hekimowy kürsüden düşürsinler, ýerine Baýry Nepesowy oturtsynlar. Baýry Nepesow synagdan geçen kadrdyr. Bize wepalylygyna galar.» Kasym bu haty Edige elin gowşurmak üçin şo-ol öňki Aşgabat – Moskwa otlusynyň on üçünji wagonynyň prowodnigine tabşyrdy. Üç-dört günden soň Edik jaň etdi. «Ähli zat gül ýaly bolar. Oglanlaryň birine jaň etdirdim». Kasymyň ýüregi joş urup başlady, dagy darka ýararlyk kuwwaty bar ýaly, hiç bir zat onuň ýoluna päsgel berip bilmejek ýaly göründi. Onsoň Kasym bir ýerde oturyp-turup karar tapmady-da çöle tutdurup gitdi. Ahyry, belent depä çykanda maşyny togtadyp, özi gelenenç etdi. Oňa häzir bu çöl depesi dünýäniň depesine döndi. «He-he-eý, dünýä! Aldyrmajak ýalydyň-la?! Maýmyn bolup oýnarsyň, maý-my-yn». Wah, şu pursat Aýbibi ýanynda bolsa. Ol gaçsa, Kasym kowsa. Jykyr-jykyr gülküsi jana dermandyr-la. Goşarjygyndan aýlap tutsa, näz bilen burulmasy bardyr. Islän wagty Aýbibini nabat kimin ezip içmek üçin, diňe şonuň üçin ähli zady taşlap Aşgabada göçüp gidäýse näder?! Güýzüň sergin şemaly Kasymyň gara saçlaryny seçelendirýär. Bu dymyşlyk, bu rahatlyk onuň gaýduwsyzlygyny gamçylap, saýgylap başlady. «Bol, bol, tiz bol!?» Üstesine-de, soňky günler ony başga bir pikir yzyna düşürýärdi: nikasyz çaga dogurýan, çagasyny taşlap gidýän, önelgesi bolmansoň çaga alasy gelýän barha artyp başlady. Moskwada bolsa çaga alýan has köp diýýärler. Olar çagalary satyn alyp, daşary ýurtlara gaty gymmada satýarmyşlar. Şu söwda gaty amatly boljaga meňzeýär. Hiç kim duýmanka etjegiňi etmeli. “Haryt söwdasy çöken bolsa, adam söwdasyna başlabermeli.” Ol çölden gaýdyşyn Aşgabatdaky dostlaryny birme-bir göz öňüne getirdi. Öz ministrine-de aýdanyny etdiribilýän Dosent, Aman Garajanyň şofýory, semizliginden ýaňa gulaklary, gözleri ete gömülen prokurorlar, il içinde seýrek görünýän Ýolbars dagy Kasymyň haýyşyny bitirmezlermi?! Elbette bitirerler. Olardan Kasymyň göwni bitin. Şoňa görä ol Ýolbarsa hiç bir gypynçsyz jaň etdi. Umumy gürrüňlerden soň şeýle bir mylaýymlyk bilen öz haýyşyny aýtdy. «Gardaş, saňa-da azar bolýas weli, senden başga ýapyşalgamyz bolmansoň, nätjek-dä. Aşgabada dolanyp barmaga wagt boldy öýdýän. - Nirede işläsiň gelýä? Oýlanşaly, aňrujy ýagdaýy bolsa bitireýin. * * * «Nämeleri bilmeýärkäm?» diýip, özüňe özüň sorag bermegiň artykmaçlyk etmejegine Baýry entek göz ýetirmeýärdi. Pagta ýygymy tamamlanyp barýan günleriniň birinde mylaýym sesli sekretar zenan Baýra jaň edip, häzir Hekim Hekimowiçiň gepleşmekçidigini duýdurdy. - Ýagşy ýigit, sag-amanjamysyň? Görünmän oňýaň-la. Sen bir işe täze geçen adam, kynçylyk duşýandyr, düşünişmezlik bolýandyr. Bu, näme, adamçylyk-da. Gel, gepleş. bize ahyrda iş düzelse bolýar. – Hekimowyň aşa mylaýymlygy, geplemäge döwtalaplygy, üstesine-de özüniň jaň etmegi Baýryny birbada howatyrlandyrdy, gepleşdigiçe ol bir ýakymlylygyň aralaşýanyny duýdy, ýöne ne sebäpdenligini welin, pikir çanagyny hernäçe agdar-düňder etse-de bilebilmedi. Hekimow Baýrynyň maşgala ýagdaýy, gün-güzerany bilen gyzyklandy, nähili jaýda ýaşaýanlygyny sorady. «Şeýlemi, onda saňa aýratyn howlyjyk tapmaly bolarys». Baýry birden-bire özi hakda bu gyzyklanmanyň sebäbini soramagy edepsizlik hasaplady. Hekim Hekimowiç Baýra şu gün kabinetden uzaga gitmezligi tabşyrdy hem-de myhman gelmeginiň mümkinligini duýdurdy. «Ýaşulularyň biri gelmekçi». Kim ýaşuly diýip durmak hem birhili. Bolýa-da. Baýry iş meselesi bilen dürli işgärleri kabul etse-de, dürli kagyzlara gol çekse-de, dürli ýerlerden gelýän telefon jaňyna jogap berse-de, öňi-soňy «Kim ýaşuly?» diýen sorag aňyndan gitmedi. «Näme üçin meniňkä gelmeli? Hekim Hekimowiçiň alada düşüp ýörmesi näme?» Öýlänara Baýrynyň aýaly jaň etdi. «Aýu, ho-ol söwda guramasynyň başlygy bar-a? Hä-ä, ana şol birküç kişi bilen geldi. Iýer-içer ýaly bir topar üýtgeşik zat getirdiler.bir adam gazan ataryp, palow bişirjek bolup käşir dograp otyr. Kim gelýä, tutumyňy beýle uludan tutupsyň-la?» Meniň-ä habarym ýok. Biri gelýämiş diýib-ä jaň etdiler». «Sen bilmeseň kimkä ol? Wi-i, onsoňam, şo Bäşim Gylyç diýýäniň iki sany uly el haly getirip myhman jaýa ýazyp goýdy. Ertir alyp gideris diýýä. Menem jaýa ýazaňyzsoň alyp gitmän, puluny bereris diýdim. «Ýok» diýýä. Bi ýörite myhman üçin diýýä. Sen şony gepleşip bersene». Baýrynyň gahary gelip başlady, ol bu bolýan zada göz ýetiribimän gaharlandy. Şobada Söwda guramasynyň başlygy Bäşim Gylyjowa jan etdi:«Ýaşuly, näme howsala düşüp ýörsüňiz?» «Ýaşulynyň tabşyrygy şeýle». «Kim gelýär diýdi?» «Ony özüňiz bilmeseňiz. Maňa – ýaşulynyň aýdany – ýokardan ýaşulylaryň biri geljek diýdi». Ahyry, gün batyberende Hekimow jaň edip myhman garşylamaga bile gitmelidigini aýtdy. Hekimowyň maşynynda bile oturyşlaryna Baýry onuň neneňsi açyk ýüzlisireýşini, neneňsi şelaýynsyraýşyny görmän durup bilmedi. Şoňa görä onuň yzyna eýermedi-de özüni mynasyp tutdy, gülmesiz söze güljek bolup özüne zor bermedi, şol bir bolşuny saklady. Adatça, Hekimow raýonyň beýleki raýon bilen çäkleşýän ýerinde, uly ýoluň boýunda «Hoş geldiňiz» diýip ýazylan ýerde uly weipeli adamlary gaşylaýardy we soňra şo ýere çenli ugradýardy. Häzir hem olar şo ýerde saklandylar. Maşyndan düşenlerinde Hekim Hekimowiç uly bir syr aýdýan ýaly Baýrynyň tirseginden tutup ýuwaşja sözledi: «Baýryjan, seniň bu zatlardan öň habaryň ýokmudy?» «Şu mahalam habarym ýok». «Zyýany ýok. Hemme zat gowuçylyk-la. Oblastdan birinji gelýär. Onuň ýeke-täk bir ogly bar-da. Onsoň siz bilen garyndaşlyk açaýsak diýýär». Baýry: «Mundan çykdy-ow» diýip oýlandy. Ellerini, kellesini her ýana hereketlendirýän, dilewar Dürli jigisini göz öňüne getirdi. Ol häzir obkomyň birinji sekretary Ata Ataýewiçe garaşyp durşuna düşnüksiz howsalalanýardy we Dürliniň maşgaladan sogrulyp gidýänligine sähelçe gamlanýardy. So-oň bir mahal, boljak işler bolandan soň, Baýrynyň ýeke özi ömür sahypalaryny, suratly albomyň sahypalaryny agdaran ýaly agdaranda ahmyrsyz oturasy geldi. Obkomyň birinji sekretary bu gezek juda gabarylýardy. Aňrybaş wezipeli ýaly, ähli zady başarýan hökmürowan ýaly, özünden ýokarda diňe Hudaý oturan ýaly. Özüni şeýle alyp baryp özgelerde-de hut şoňa ynam döredesi gelýänini Baýry şobada duýdy. Gudaçylyk gürrüňi tamam bolanda Ata Ataýewiç gaýtmakçy boldy. Şonda ol ýany bilen ýöräp gelýän Baýra garaman, göni öňe bakyp sözledi. «Sen işiňe berkje ýapyş. Barlag-derňew diýip adamlaryň elini işden sowatma. Ýagdaýa görä işlemegi başarmaly. Raýonyň beýleki ýolbaşçylary agzybir işleşip ýör ahyryn. Galanyny özümiz göz öňünde tutarys». «Bolýa, Ata Ataýewiç». «Näme diýilýänine düşünýäň dämi?» «Düşünýän, Ata Ataýewiç.” Öz başlyklaryna düşüş şofýorlar ýene raýonyň çäginde saklandylar. Indi ýoluň gyrasyndaky ýazgy «Ýoluňyz ak bolsun» diýýärdi. Olar gol gysyşyp hoşlaşdylar, şonda Ata Ataýewiç Baýrynyň goluny gysyp: «Hekim bilen agzybirje işleşiber. Hemme zat gülala-güllük bolar» diýdi. «Bolýa, Ata Ataýewiç». Baýry «bolýa» diýse-de, öz içinden: «Şu mahal «bolýa» diýerin. Ýöne susagyň sapy elime degdigi, etjegim bardyr» diýip oýlandy. «Gaty demri kesen gaýçynyň ýumşak kagyza degende küteläýmesi hem bardyr öz-ä». * * * Baýrylara obkomyň sekretarynyň gelenini, Hekim Hekimowiçiň hem onuň ýanynda bolanyny şol günüň ertesi Kasym eşitdi. Ol boş kabinetiň içinde elini dirijýoryňky ýaly öňe uzadyp, ilki sag aýagyny, soňra çepini edil ýaponlaryň sypaýy ýöreýşine meňzedip, emaý bilen öňe-yza uzadyp ýöredi. «Ýagşy-y-y». Kasym her golunda bir oturgyç tutup, ýokary galdyryp, aşak düşürdi. «Baýrynyň özi muny aýtmasa gerek. Hilegärje görünýär. Ýagşy-y-y». Kasym Baýra jaň etdi, näçe gürrüňleşse-de eşidesi gelen habaryny eşidip bilmedi. Gaýta, Baýry iş köplüginden, işleriň barha bulaşýanlygyndan zeýrendi. Kasym ony agşamlyk çaýa çagyryp, trubkany goýdy. «Köpbilmişsiräýşini. Zeýrenenem bolýa. Hiç kim bilýän däldir öýdýändir. Dur bakaly, nähili oýunlar görerkäň?!» Şondan soň Kasym: «Men Baýrynyň ilkinji ynamdar adamy bolmaly» diýip, öz öňünde şert goýdy. Özem muny hiç syr bildirmän, kem-kemden, şeýle bir sypaýylyk bilen bitirip ugrady. Indi nahara çagyrmak üçin dürli sebäpler tapylýardy, şoňa görä Kasym: «Doglan günüme bir ýylda iki gezek çagyraýmaýyn» diýip hüşgärlenýärdi. «Beýle işlerde gaty inçe ýol yzarlamasaň, sähelçe zat syryňy açarda goýar». Moskwaly Edigiň iberýän üýtgeşik sowgatlarynyň bir bölejigi Baýra, onuň aýalyna sowgat bolup düşüp başlady. Bu eli açyklyk, açyk ýüzli garşylamalar hem-de gatnaşmaga yhlaslylyk, ahyrda, ilki bilen Baýrynyň aýalynda: «Kasymlar gowy maşgala. Barsaň göwnüň açylýar» diýen pikir döretdi. Erkekde pikir döretmekde aýalyň neneňsi ähmiýetiniň barlygyny, üstesine-de, Baýrynyň öz aýalyna uly sarpa goýýanyny Kasym hiç mahal unutmaýardy. Baýry Kasym bilen ikiçäk galanlarynda gudaçylyk gürrüňiniň üstüni açdy. Elbetde, muny şundan beýläk gizläp ýörmegiň manysyzlygyna göz ýetirdimi, ýa-da Dürliniň çaltlykda durmuşa çykýanlygyny nazarda tutdumy, garaz, ençe wagtlap gizledik diýen syryny aýtdy. - Baý-ba, ana, täzelik. Gowy bolupdyr. Bagty açyk bolsun. - Olar tizlikde toý etmekçimiş, onsoň gyz göçürilende bärde-de gazanyň gulagyny gyzdyrmaly diýýärler. Kimi çagyrmaly, neneňsi nahar etmeli, gap-çanak gerek, nahar bişirmäge ökde adam gerek. Heniz bu zatlar bilen iş salyşmanymdan soň, biýem bir uly alada bolup dur. Kasym jüpüne düşen pursaty duşundan geçirmedi. Ol türkmenleriň aglabasynyň, toýunda-ýasynda yhlasly hyzmat edişine görä, özüne ýakyn adamy kesgitleýändiklerini hem-de şol hyzmatyny hiç mahal unutmaýandyklaryny ýagşy bilýärdi. Türkmeniň öýi ot alanda söndürişseň – unutmaz, çölde azaşyp, ölüm pursatynda ýatana suw berip direltseň – unutmaz, gark bolup barýarka goluňy berseň- unutmaz. Emma, öňi-soňy, toý-ýasdaky hyzmatyň aýratyn orny bar, ol aýratyn bukjada saklanýar. Şoňa görä ýürekden hyzmat etmek ilkinji orunda durýar hem-de «Ölensoň ýere duwlanman ýatany göremzok. Biziňem üstümize bir pil gum atarlar» diýýän perwaýsyzlar bu jelegaýlarda entek seýrek duşýar. Kasym şu zatlary nazarda tutdy-da, toýuň beýemçilik aladasyny tutuşlygyna öz boýnuna aldy. Onsoň nireden stol-stul aljagyny, neneňsi gap-çanak getirjegini, nahar bişirmäge şeýle ökde kişiniň barlygyny («Baý-baý, nahary süýjüdir-ow»), toýa kimleri çagyrmak hakda Baýrynyň özüniň pugta oýlanmalydygyny, ýöne azrak adam çagyrylsa, toýuň guramaçylykly geçýändigini Kasym şeýle toýlary öň ýüz gezek geçiren adamyň beletligi bilen aýtdy. Ol Baýra has ýakyn adamyň rolunda durup, ýakymly gürrüňler edip gaýtdy. «Baýry maňa içini döken kişi bolýa, ýöne gudaçylyga hut obkomyň birinjisi Hekim Hekimowiçiň gelenini aýtmadyk bolýa». Kasym özüne aýdylmadyk zatlary ýeňil biljegine guwanýardy. Ol guwanç bu gezegem ýyldyrym ýaly ýalpyldap gitdi. «Janymyz sag bolsa, Baýry jan, içiňde näçe gumalak baryny elmydama-da bileris-le». * * * Baýry kabinetinde kagyzlara güýmenip otyrka, kolhozlary barlaýan derňewçileriň biri geldi. Ol Baýry ýaňy şu wezipä geçende bir söhbetde kinaýaly-ynamsyz ýylgyran derňewçidi. Baýry ony görenden birgeňsi utandy. Öň ýolda-yzda, gyssagara duşanlarynda syr bermedigem bolsa, häzir derňewçiniň näme bilen gelenini anyk bilensoň ýöwselläp başlady. Derňewçi üşeýän ýaly, çiginlerini gysyp gelşine sessiz salamlaşdy-da çeträkki oturgyçlaryň birinde oturdy. Geplemän az salym Baýra bakdy welin, Baýry agyr dymyşlyga çydaman özi dillendi. - Ýeri, ýagdaýlar gowumydyr? - Ýagdaý gowy bolsa ýanyňa geljek däl-le. - Näme bolupdyr. - Ony özüň ýagşy bilýäň-ä. - Derňewmi?! - Wah, şo derňew-dä. Her gezek badykeş bola-bola, ahyry, senden goldaw bolaýjak ýaly boldy weli, senem bizi ýene gyjalata goýduň. - Neme-dä, ýagdaýlar üýtgänsoň, derňewi az-kem soňa goýmaly bolduk. - Baýry, men şi wezipede işe az-kem beletligim bar. Derňewi ýatyrdan adamlar derňewi ýaňadan başlanmaz ýaly edibem bilýäler. - Ýok, ýok, beýle pikir etmeli däl. Meniň özüm-ä ýüregim bilen şol derňewiň tarapynda. Onsoň köp garaşmaly bolmazmykak öýdýän. - O-ow, Baýryjan, «Görelde» kolhozy ýumrulypdyr-ow, bütinleý çüýräpdir ahyry. Şo ýagdaýdaka-da ýene ony goldaýan adamlaryň näme pikir edýänlerine aklym ýetmeýä. Ynha, görersiň, iru-giç ýokardan gowuja derňew gelse, şo kolhozdan bäş-alty adam on-on bäş ýyl alyp türmä gider. Bize-de sag bolsun aýdylmajagy belli. - Wah, düşünýän-le welin, ygtyýar diňe mende däl-dä. - Üstesine-de, million manat iýendirin diýip, asla müýnürgejek gümanlary ýok. Gaýta, gören ýerlerinde heşelle kakyp, üstüňe sürünýäler. - Az-kem sabyr edeli, bir üýtgeşiklik bolaýady. - Asyl, wezipä geçen üýtgäýýä. Derňewçi nägile halda çykyp gitdi. «Men kyn günde galdym-ow. Hekimowdan özüňi gizläp, oňa wepadarsyrap ýörseň, näbelet adamlar senden geçäýjeg-ow. Eger bu ýagdaý uzaga çekse, il gözünden düşer giderin. Ana, onsoň hakyky kyn günler başlanar. Özüňiň päkligini, Hekimowyň adamsy däldigiňi nädip subut edersiň?! Men şeýle-şeýle oýunlar etdim diýseň, kim ynanar?! Kim goldar?! «Bar, arabaňy beýleräkde tigirle!» diýerler». Labyrly oý-pikirlerden ýaňa Baýrynyň başy egildi. | |
|
√ Duman daganda: Haram harama gider - 22.06.2024 |
√ Duman daganda: Agyr hassalyklaryň biri - wezipeparazlykdyr - 22.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -6: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap - 28: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Janserek -7: romanyñ dowamy - 03.04.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -29: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -10: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Hakyň didary -2/ romanyň dowamy - 28.02.2024 |
√ Gala / roman - 08.02.2024 |
√ Hakyň didary -3/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |