16:08 Duman daganda: Wulkan oýanýar: Kim öler, kim galar?! | |
• Wulkan oýanýar: Kim öler, kim galar?!
Romanlar
Awariýanyň sebäplerine garalan býuronyň ertesi güni Hekimow ýogalan traktorçynyň öýüne baryp, soňra ýaş üstünde ýogalan zenanyň adamsyny görüp gynanç bildirip gaýtdy. «Gaýrat edeweriň. Ölüm hemme adamyňam başynda bardyr. Günäkär adamlara berk jeza-da bereris weli, nätjek-dä, oň bilen ölen gaýdyp gelmeýä-dä. Onsoňam ajal ýetende bir zat sebäp bolmaly-da». Hekimow oba adamlarynyň geçirimlidigini, köpüsiniň hudaýhondygyny göz oňünde tutup, şo duýgulary oýnady. Ol pida çekenler arz edip durmasa, ýokarlardan gep gelmejegini bilýärdi. Hekimow gaýdyşyn gowaça meýdanlaryna aýlanyp, kolhoz başlyklaryny gyssaý-gyssaý günortanyň öňüsyrasynda edara geldi. «Hekim Hekimowiç, sizi obkomyň birinjisi gözleýär». - Ata Ataýewiç, salowmaleýkim! - Waleýkim. Ýagdaýlar neneň-how, Hekim? - Siziň kömekleriňiz bilen ýagdaýymyz ýagşy-la. - Ýagşy boljagyny bilýäs-le. Sowet Soýuzynyň baş gazetinde -«Prawda-da» seni öwüp durkalar ýaman bolarmy?! Özüňi beýle öwdürip bileňsoň, seni zor gördük. - Oň ýaly däldir-le. - Ýeri, maňa bir dogryňy aýtsana. Bihabarsyraýansyň, ýöne beýle zatlary meň bilen habarlaşyp edäýmeli ekeniň. - Gelýän habarçy kän, Ata Ataýewiç. Näbileýin, sizden habarly gelýändir öýdemizsoň... - Aý, bolýa-la. Öwüleniň ýagşy. Seniň abraýyň – meniň abraýym. Soňra olar hojalyk gürrüňine geçip gitdiler. Öňi-soňy Ataýewiň owazyndaky gizlin kinäniň aýrylyp gitmänini Hekimow pugta duýdy. «Edil ary öýjügine kesek taşlanan ýaly boldy-ow». Indi şu ýagdaýda, yza ýol ýokka pursaty elden bermän ýokardakylaryň birine çeňňek ildirmelidigine Hekimow pugta göz ýetirdi. Haýdan-haý «Prawda» gazetini getirtdi. Ikinji sahypada uly harplar bilen: «Birinjä minnetdarlyk gülleri» diýlip ýazylan makalanyň soňunda Serçäýew diýen ýazgyny okady. «Hä-häýt, serçejik, neneňsi jürküldedikä?» Ol makalany bir demde okap çykdy. Göwni ýetdi: ýakymly sözler ýazylypdyr, birgeňsi meýmiredip barýar. Hekimow makalany howlukman, ine-gana okady. «Bolubilýä. Tüýs ýerine düşdi. Bi makala köp adamlaryň dilini baglasa gerek. Indi näme etmeli? Näme edilse-de tiz etmeli. “Prawda” ýaly iň uly sazetiň garşysyna gitmejekleri belli ahyry. O deýýus Serçäýewe sögünýäs weli, ol uly iş bitirene menseş. Bally Agaýewiňem göwnüne degdim-dä.” Hekimow söwda guramasynyň başlygy Gylyjowy ýanyna çagyrdy. - Saňa harby tabşyryk bar. - Näme etmeli bolsa taýýardyrys. - Ýüküňi ýetir-de Aşgabada ugra. Bäş gün bolýamyň, on gün bolýamyň oň bilen işim ýok. Ýöne şo taýdan sorap-idäp. Aman Garajanyň gapysyny açybiläýjek adam tap. Gowy gepleş. Neneňsi şerti bolsa bolýa diý. Ýöne meni şu galmagallardan sogrup alyp, öz töweregine çekse bolýa. Ministr etsin, şonuň bäri ýanyndaky wezipäni bersin – ol öz işi. - Hany bir synanyşaýyn. - Synanyşmaly däl. Ýagdaýa gaty gowy göz ýetir-how. Hökman bitiräýmeli. Gylyjow şo günüň özünde Aşgabada uçdy. | |
|
√ Ýedi müñ çakrym: Ýola taýýarlyk - 23.08.2024 |
√ Hakyň didary -4/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -29: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Gala -10: Höküm / romanyň soňy - 16.02.2024 |
√ Atbaýrak: Ýylky çopan - 09.09.2024 |
√ Dirilik suwy -21: romanyň dowamy - 21.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -16: romanyň soňy - 08.06.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Graf fon Lindenau - 09.09.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -4: romanyň dowamy - 29.05.2024 |
√ Dirilik suwy -2: romanyň dowamy - 24.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |