00:47 Düşnüksiz adam / hekaýa | |
DÜŞNÜKSIZ ADAM
Hekaýalar
Annaly aýlyk alyp geldi. Ol öýe girip, heniz köwşüniň bagjygyny çözmänkä aýaly Bossan ellerini bykynyna tutup: - Neme... Aýlygyňy alan bolsaň, öňümizdäki bazar güni bazara çyk-da, bir goýun alyp gel. Soýup, huruşlyk edineli. Kellebaşaýagynam dograma ederis-de, ejeňe aýat okadarys - diýdi. * * * Daňyň alagaraňkysynda Annalyny ukudan oýaran aýaly boldy. - Gyýw, tur indi. Bazara gitmel-ä sen... Çaý içeriň diýseň-ä demläp berjek. Bolmasa-da, çaltrak äw. Ahyrbazara galarsyň. Annaly turup, geýindi. Aýaly Bossan pully düwünçegi alyp geldi. Ony lükgeligi bilen äriniň öňüne oklap: - Al, ana. Puluňy bir galdyryp gidäýme. Özüňem häzirräk bol. Sähel nemetseň, ogurladarsyň. Bazar jüwlüksiz bolmaz – diýdi. Annaly daşarda köneje “Moskwiç” maşynyny otlap bilmän gara başyna gaý bolup ýörkä aýaly oňa ýene sargyt gatyşykly akyl öwretdi: - Gyýw, goýun bir tanaýaňmy sen? Goç-soç dagyn alaýyjy bolmagyn. Goçuň eti maňa bolýan däldir. Arryk goýna-da ýapyşmagyn. Çakyr süňk bolup duran zadyň nämesini huruş edinjek? Beý diýsemem, semizinden semizini gözläp, heläk bolup ýörme... Guýrugy elek ýaly, elli kilelik goýun äkelibilseň-ä, oňa ýetesi zat ýok welin, arzan dälmikä diýýän-dä. - Gymmatdyr – diýip, Annaly maşynyň kapotyny ýapdy. - Şo-da. Gymmatmyka diýýän-dä menem. Nemedäýsene bolmasa, arrygyna-da ýapyşma, semizine-de. Soýup, huruş edinerlik mal tanarsyň -a. Ortatabyrak bir zat. Bärräk-bärräk soraşdyr-da, ylalaşyp, alyp gaýdyber. Wah, jellabyň birine duşsaň-a, ýagyrnişligiňi tüteder welin... Belki, Hudaý... Gyýw, araky telpek alşyň ýaly bolaýmasyn. Eşidýäňmi? Emma Annaly ony eşitmedi. Ol eýýäm maşynyny otlapdy. Maşynynyň bolsa gep-üýn alyşdyrmaýan erbet sesi bardy. - Bi bir söwda-da oňaranok iliňki ýaly – diýip, Annaly ugransoň, aýaly Bossan zeýrenip, mellegiň törüne ýöneldi. Ol ýerde sähel eglenip, öýe girdi-de, ýorgangala sümüldi. * * * Annaly maşynyny bazaryň sesýetim golaýynda goýdy-da, emelsizlik bilen salnan agyllaryň daşynda köwejekledi. Aýlanyp-aýlanyp, ahyry daňdanyň çigreginden ätiýäç edip: “Ýa, walla, alagaraňkyda-da bir söwda bormy?” diýdi-de, hababaýlap, maşynyň içine girdi. Girdi-de, urdy ukyny. Bir zamanlar gözüni açyp görse, ýüzüni sakgalmurta basdyran bir kişi maşynyň aýnasyny kakyp dur. - O-ow, ýaşşuly, waleýkimessalam, kireý edýäňmi? - Sagat näçe bold-aý? – diýip, Annaly gözüni owkalady. - Sagad-a dokuzdan işleýä welin, bi Peşanala taşlabilmezmiň? Birki sany goýun aldyk-da... - E-eý, men goýun almal-a, goýun. Baý-bo-ow, il eýýäm söwdasyny edip bolan ýaly-la. Annaly alňasady. Pully düwünçegini goltugyna gysdyrdy. Aljyrajak boldy. Ylgaşlap, mal bazarynyň bir çetinden girdi. Giren dessine-de köşeşdi. “Ýa-he-eý, bazar ýaňy başlanypdyr-a. Goýundan kän zat ýok.” Ol köw-söw edip uzak aýlanmady. - Haý, janawar-eý. Gör, bulary. Mal dagyn däldir – diýip, goýunly agylyň agzynda duran gaba telpekli ýaşulynyň ýanynda aýak çekdi. - Ýaşuly, goýun näden? - Goýunmy? Goýun, inim, şu diýip belli birini görkezmeseň, bahasyny aýdyp bolmaz. Annaly balagyny çermäp, agyla girdi. “Ine, şü. Aýt şuň bahasyny” diýip bir işşegi tutup görkezdi. Ýaşuly goýnuň bahasyny aýtmaga howlukmady. “Aý, inim, malyň-a gowsuny tutduň. Bolsa-da, tangyr ekeniň. Meň mallaryma tangyrlyk nämä gerek? Besbellidir-le. Elin mal şeýle bolýa-da. Guzulygyndan özüm idetdim muny...” diýen ýaly sözleri aýdyp, Annalyny agylyň içinde birki minut saklady. Iň soňunda-da goýnuň bahasyny aýdyp: “Al eliňi bärik, inim! Armany galan däldir indi şu söwdaň” diýdi. Annaly iň bolmanda söwdaň hatyrasyna-da çekeleşmezden-zat etmezden oňa elini berdi. Şeýdibem söwda etdiler. Puluny sanap alansoň, ýaşuly bir gulaç çemesi işilen ýüp bilen goýny güýlüp berdi-de: - Al, ana, göter, nesip etsin - diýdi. Annaly goýny göterip, maşynyna ýöneldi. Ol guş bazarynyň gabadyndan geçip barýarka täsin bir zada nazary kaklyşdy. Adaty däl, kiçijik bir towuk bilen horazy bazara çykarypdyrlar. Olaryň aşa owadanlygy Annalynyň garagyny gapdy. Ol goýnuny elinden düşürmän: - Bi nähili towug-aý? – diýip sorady. - Bimi? Aý, biýem towugyň bir görnüşi-dä. Impirtni towuk. Hyýalyň bolsa gel – diýip, towugyň eýesi aýtdy. Ol ýaş oglan eken. - Näçe diýýäň?.. Bahasyny soran bolýan welin, şu wagt-a arta-süýşe pulam ýok. Towugyň eýesi ýeser eken. - Eliňdäki goýny näçä aldyň? Juda alarman bolsaň, şo goýnuň bilen çalşyp goýbäris - diýip, ol tüýs Annalyň edäýjek söwdasyny teklip etdi. - Horazy bilen bilemi? - Hawa-la. - Başa-başmy? - Başa-baş! - Bäh! – diýip, Annaly kürtdürdi. Olaryň daşy eýýäm adamdan doludy. - Ýaman oňat söwda boldy. Ur eli! – diýşip, olar gygyryşdylar. - Dawaý, ur eli! – diýip, Annaly hem süründi. Ýaş oglan töwekgel eken. -“Il oňlasa, atyňy soý” diýipdirler. Al, nesip etsin! Annaly muňa az begenmedi. Söwdany şowly hasap etdi. ”Be-eý, walla, bi towuklary alsam aldym welin, bylara iými-zady nähili bermelikä? Nämejik çokýaka bular? Ýaňy soramak kellä gelmändir” diýip, ol ýolda gelýärkä iňkise gitdi. Soňam: “Özi towuk bolsa, dänepäne çokýandyr-da. Ýak, walla, menem...” diýip, özüne teselli berdi. Uzak bir ýerlerden Annalynyň maşynynyň sesi eşdilende iki sany tokarja gyzjagaz ylgaşyp köçä çykdy. Maşyny görenlerindenem: - Kakam goýun getirýä. Kakga mäje etirýä – diýip, aldygyna gygyryşdylar. Bossan ärini ýylgyryp garşy aldy. Annaly maşyndan düşen dessine: - Bossan diýýän-ä, ýak, walla, bu gün-ä ýaman birhili söwda bold-aý. Birhili-birhili boldy-da, men-ä towuk aldym oturyberdim – diýdi. - O nähili towuk? - Towuk-da. Horazly towuk. Impirtni, kiçijik, owadanja... Bolmasa goýny indiki aýlykda nemederisdä. Annaly maşynynyň bagažnigini açyp, towukdyr horazy aýalyna görkezdi... Ondan soňky bolan zatlar hemmelere-de düşnüklidir. Annaly-ha gyzlaryny ýanyna alyp, agşama çenli towugyna hem horazyna ketek ýasamak bilen meşgul boldy. Aýaly Bossan bolsa uzakly gününi hüňürdäp hem zeýrenip geçirdi. Agşam ýatjak bolanlarynda Bossan ärini ýanyndan kowdy. - Bar şo towuklaň bilen ýatyber. Şolar heleý bolar saňa. Tur, meň ýanymda bir ýatma – diýdi. Annaly aýalynyň diýenini etmän-de biljekdi. Ýöne ertire çenli iňirdi eşidip ýatmaly bolmagy mümkindi. Ol hopugyp ýerinden turdy. “Bi indi uklaýmasa, ýanyna gelip bolmaz” diýip oýlandy. Gapydan çykyp barýarka aýaly Bossan oňa ýene bir zat diýdi: - Hamana, meň ejeme aýat okatjak bolýansyň... Utananogam. Annaly towuk keteginiň ýanyna bardy-da, çommalyp oturdy. Bu jelegaýlarda bular ýaly täsin guşuň başga bir kişide ýokdugy ýadyna düşüp, bu söwdasyndan kanagat tapdy. “Bularyň özi ýumruk ýalyjak. Ýumurtgasy dagyn nähilikä? Jüýjejikler-ä hasam kiçidir. Men munuň ýumurtgasyny ýygnaýynda, jüýje çykardaýyn, köpeldeýin. Bossan-a göwnemez welin, zeleli ýok” diýip ol pikir etdi. Daşky çyranyň yşygyna çala saýgardýan bu delje towuga hem horaza seredip, ýylgyrdy. Aýaly Bossan mahaly bilen uklamady. Ol Annala teý düşünip bilmeýärdi. Fewral, 1996. Mary. K.Ataýew | |
|
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Ene keýik / hekaýa - 13.12.2024 |
√ Ynsap bizden aýrylmasyn... / hekaýa - 14.12.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |