09:15 Emeli añ howplumy we näme üçin howply? | |
EMELI AÑ HOWPLUMY WE NÄME ÜÇIN HOWPLY?
Ylym we tehnologiýa
Hawa, emeli añyñ nämeleri edip biljekdigini serimizde aýlandan soñ ýene bir sorag orta çykýar: Emeli añ näme üçin howply? Emeli añ howply ýa-da howpsuz diýip kesgitli bir zat aýdyp bolmaýar. Megerem, "Emeli añy oýlap tapan adamzat näderejede howply ýa-da howpsuz?" diýen soragy bersek, dogry bolsa gerek. Emeli añ skripti we amala aşyryljak emeli añ algorotmi öz içinde kesgitlenen çarçuwasynyñ çäginde hereket etmek mümkinçiligine eýedir. Häzirki wagtda birnäçe ýurt emeli aña zerurlyk duýýar, birnäçe tehnologiýa hem şular ýaly harby zerurlyklar netijesinde döredilipdir we onlarça ýylyñ dowamynda kämilleşdirilip, soñra ulanyşa girizilipdir. Emeli añyñ harby ulgama aralaşmagynyñ iñ esasy sebäbi hem maglumat alyş-berişi çaltlandyrmakda ýüze çykaýjak logiki we obýektiw päsgelçiliklerdir. Mysal üçin: bir harby istrebitel ses çaltlygyndaky tizlik bilen barýarka, uçarmanyñ kömegi bilen ýoluna dowam edip bilýär, edil şonuñ ýaly az wagtyñ dowamynda sesiñ tizligine ýeten bir uçaryñ hereketlerini uzak aralykdan birdemde dolandyrmak kyn düşýändigi üçin bu ýerde emeli aña mätäçlik duýulýar. Emeli añ şifrlenen logikalar we algoritmler arkaly ýokarda mysal getirilen uçary säwlik goýbermezden ulanmak mümkinçiligine eýedir. Gelejekde iñ ýakyn dostlarymyzyñ emeli añ oturdylan abzallar boljakdygyna şübhe ýok. Elbetde, dünýä döwletleriniñ bu babatda gerekli çäreleri amala aşyryp, olaryñ erbet maksatlar üçin ulanylmazlygy üçin eýýämden öñüni alyş işlerini geçirmekleri gerekdir. Emeli añyñ düýp binýady programma üpjünçiligine (программное обеспечение) esaslanýandygy üçin öñümizdäki ýyllarda programma üpjünçiliginde öñbaşçy bolan ýurtlar bu boýunça kerweniñ başyny çekmegi meýilleşdirýärler. Netijede, "emeli añ howplumy ýa howpsuz?" diýmekden ötri, "ony döredýänler näderejede howply ýa howpsuz?" diýen soragy serimizde aýlasak has dogry bolar. Elbetde, bu barada Sizem öz pikirleriñizi teswirlerde ýazyp bilersiñiz... Taýýarlan: @Gökböri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |